Ï Ýene bir medal gazanyldy!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýene bir medal gazanyldy!

view-icon 946
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada ilkinji gezek çykyş edýän Türkmenistanyň toparynyň gazananlarynyň üsti on ikinji medal bilen ýetirildi. Bürünç medaly sambo boýunça şu gün badalga alan ýaryşlarda Nursoltan Aşyrowa gazandy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň harby talyby bu üstünlige 72 kilogram agrama çenli derejede çykyş eden 11 türgeniň arasynda eýe boldy.


N.Aşyrowa ilkinji duşuşygynda Elzat Abylasan Gyzyndan /Gyrgyzystan/-- 6:0 hasabynda üstün çykdy. Ikinji duşuşygynda Žanar Kusanowadan /Russiýa/--1:3 hasabynda ýeňildi. Üçünji duşuşygynda bolsa Angelika Wareladan /Wenesuela/ üstün çykmagy başardy we bürünç medala eýe boldy.

Sambo göreşi sportuň goşmaça görnüşi hökmünde Uniwersiadanyň maksatnamasyna ilkinji gezek goşuldy. Sportuň şu görnüşi boýunça ýaryşlara 44 ýurtdan jemi 270 türgen gatnaşýar. Sport ugruna ýöriteleşdirilmedik ýokary okuw mekdebiniň talyby Nursoltan Aşyrowanyň Zeminiň iň güýçli göreşijilerine mynasyp bäsdeş bolup eden üstünlikli çykyşy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi we sportda ýokary gazanylanlar ulgamynda alyp barýan syýasatynyň netijeliligine nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.

Kazandaky Bütindünýä talyp oýunlary dowam edýär.