Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 704
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, ilkinji nobatda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler, ýerleri güýzlük däne ekişine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ulgamda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görmegiň, hususan-da, möwsümde işlediljek tehnikalaryň guratlyk derejesiniň talaba laýyk bolmagynyň, ýerleri sürmek, tekizlemek we gurplandyrmak bilen baglanyşykly işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmagyň häzirki döwrüň baş talabydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan durmuş maksatly desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde sebitde durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymyna we güýzlük däne ekişine taýýarlyk işleri, şeýle hem ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany welaýatda durmuşa geçirmegiň barşy barada aýtdy.

Milli Liderimiz öňde boljak wajyp oba hojalyk möwsümlerine taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilimegine ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişine bellenilen möhletlerde girişmegiň, her gektardan alynýan hasylyň mukdaryny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtamak bilen, bu işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz häkimden ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi babatda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew özüniň çykyşyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatdan başlady. Häkim pagta ýygymynda, güýzlük däne ekişinde işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesi barada aýtmak bilen, bu derwaýys möwsümleriň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ekiljek tohumlaryň seçilip alynmagyna, möwsüme ýerleriň agrotehniki talaplara laýyk derejede taýýarlanmagyna örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, welaýatda ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ozal berlen tabşyryga laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary bilen bilelikde sebitiň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy we ony ýerine ýetirmegiň wezipelerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol oba Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatyň senagat düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna taýýarlykly girişmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady we munuň üçin ähli çäreleri geçirmegi häkimden talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz gowaçalara ideg etmek bilen baglanyşykly çärelere ünsi çekip, gowaça bejergisi bilen baglanyşykly ähli işleriň agrotehniki talaplara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýerleri tekizlemek, gurplandyrmak, şüdügär sürümini geçirmek hem-de ýokary hasyl berýän tohumy seçip almak ýaly çärelere örän jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz oba Milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu gyzgalaňly günlerde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk işleri, bu işlerde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, gowaçalaryň hatarara bejergisine, iýmitlendirilişine we beýleki agrotehniki çärelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde şüdügär sürümini geçirmek, ýerleri gurplandyrmak, ýokary hilli tohumy seçip almak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumlaýyn esasda çözülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz oba Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda gowaçalara ideg edilişi, ýerleri güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlamak işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabat atçylyk sport toplumynda Okuw merkezini we ýapyk maneži gurmagyň taslamasy, 100 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny we 600 baş tohum ata niýetlenen toplumy gurmak üçin teklip edilýän ýer böleginiň çyzgylary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, pudak üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Dünýäde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr we baýlygydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwletimiz mundan beýläk hem atçylyk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmek üçin hemme şertleri we mümkinçilikleri döreder, ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmaga, olaryň tohumlarynyň arassalygyny goramaga, pudagyň maddy –enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berer diýip, hormatly Pezidentimiz belledi.

Täze desgalar üçin teklip edilýän ýer bölekleriniň hödürlenen çyzgylaryna düýpli düzedişleriň birnäçesini girizip we teklipleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk tabşyryklar berdi. Prezident maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgertmek boýunça iri möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijelerini berýär diýip, milli Liderimiz atşynaslar üçin bina ediljek ýaşaýyş jaýlarynyň aňrybaş taslamalar boýunça gurulmalydygyny aýratyn nygtady.

Geljekki hasylyň düýbüniň mäkäm tutulýan şu gyzgalaňly günlerinde möwsümleýin meýdan işleriniň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy möwsümini hem-de güýzlük bugdaý ekişini guramak meselelerine öz wagtynda we oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy. Bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk wezipeleri kesgitläp, milli Liderimiz daýhan hojalyklaryny doly möçberde we ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ýaly meseläniň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowy çagyrdy. Wise-premýer özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň senagatyna degişli edara-kärhanalaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynda, şeýle hem pudaklaýyn maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksadynda toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän senagat toplumynyň edara-kärhanalarynda meýilnama boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer Oguzhan köçesi boýunça durmuş we beýleki maksatly täze desgalaryň iri toplumynyň gurulmagy göz öňünde tutulýan Aşgabat şäherini gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi, şeýle hem gurluşyk taslamalarynyň birnäçesini, şol sanda A.Nyýazow köçesinde täze söwda merkezini gurmagyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy gurmagyň 13-nji nobatdakysynda guruljak täze desgalaryň hödürlenen taslamalary we çyzgylary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleri bilen jikme-jik tanşyp, geljekki täze gurluşyklar barada birnäçe anyk bellikleri we maslahatlary aýtdy. Bu babatda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara garamagyndaky desgalary gurmaga, töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmaga we şu meseleler bilen baglanyşykly ähli çözgütlere toplumlaýyn, utgaşykly çemeleşmäge degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz A.Nyýazow köçesinde söwda merkezini gurmak boýunça toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmäge aýratyn üns berip, şunda paýtagtymyzda alnyp barylýan täze gurluşyklaryň ählisinde iň ýokary talaplara, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan laýyk gelýän ýokary hilli, häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyny aýratyn belledi.

Innowasion ösüş we uzakmöhletleýin geljegi nazarlamak, sazlaşyklylyk we amatlylyk, adamlaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmek—ine, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki ähli şäherlerinde we ilatly ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy üns berilmeli zerur çelgiler şulardan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Öz nobatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işler, bu ýerde gurulýan desgalaryň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol döwlet Baştutanymyzy Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow köçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň 12-nji nobatdakysyny gurmak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyrdy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki edaralary gurmak meselelerine täze, häzirki zaman çemeleşmelerini işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtap, gurulýan we gurulmaga taýýarlyk görülýän desgalaryň binagärlerine hem-de taslamasyny düzüjilere bildirilýän esasy talap olaryň ygtybarlylygy hem-de maksadalaýyklygy bilen bir hatarda, binagärlik keşbiniň özboluşlylygy bolup durýandygyny belledi.

Mekdepleri we çagalar bagyny gurmak Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň möhüm tarapy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek babatda her bir ýagdaýy, şol sanda ähli zerur inžener-tehniki düzümleri we hususan-da, energiýa üpjünçiliginiň we hyzmatlaryň ygtybarly ulgamyny döretmek barada eserdeň oýlanyşmak, şeýle hem bellenilen arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňky ýyllarda barha gözelleşýän Aşgabadyň adamlaryň ýaşamagy üçin dünýäniň iň amatly şäherleriniň biri bolmalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyny yzygiderli üns merkezinde saklamagy hem-de gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi çagyryp, döwlet durmuş syýasatyny hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmak babatda bellenilen meýilnamalaryň ilerleýşi hakynda habary diňledi. Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi.

Ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda geçirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna gabat gelmeginiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynyň her birini, şol sanda sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini okgunly ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli amala aşyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz milletiň saglygynyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýdyp, döwletimiz geljekde hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge we kämilleşdirmäge hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu baýramçylygy ýokary ruhubelentlik derejesinde guramak bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy çagyrdy. Ol Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de onuň çäklerinde amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, toplumyň düzümleriniň işlerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent talaplaryna kybap ýagdaýda döwrebap guramak bilen bagly amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýangyç - energetika toplumynyň wajyp ornuny nygtap, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we senagat kuwwatyny artdyrmagyň pudagyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdelerini dolandyrmagyň esaslaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň täze düzüminiň öňünde gaz we nebit geçirijileriň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze nebitgaz geçirijilerini gurmak, täze känleri açmak we özleşdirmek boýunça örän möhüm wezipeleriň durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu möhüm toplumda işleri talaba laýyk guramagy üpjün etmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B.Öwezowyň hasabatyny diňledi. Ministr geçirilýän işler hem-de pudagyň işini has-da kämilleşdirmek we onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň esasynda ykdysadyýeti düýpli özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, Aragatnaşyk ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipeleriň wajypdygyny belledi. Bu işde aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowyň bank edaralarynda işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda beren hasabatyny diňledi. Merkezi bankyň ýolbaşçysy “Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler barada hem habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Merkezi bankyň işiniň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi. Çünki ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynyň durnukly hereket etmegi we ösüşi, şeýle hem halkara bazarynda eýeleýän ornunyň berkemegi onuň netijeli işlemegine hem-de iş usullarynyň dogry seçilip alynmagyna bagly bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini bellemek bilen, ozal berlen karz pullaryň maksatlaýyn ulanylyşyna, şeýle hem olaryň döwlet býujetine öz wagtynda gaýtarylmagyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz maliýe serişdeleriniň netijeli paýlanyşyny üpjün etmek, Merkezi bankyň garamagyndaky edaralarda maliýe-düzüm düzgün-nyzamyny berjaý etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine hem garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, eziz Watanymyzy has-da ösdürmegiň hem-de onuň halkara abraýyny artdyrmagyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.