Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda dowam edýän XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada Türkmenistanyň toparynyň gazananlarynyň üsti ýene-de bürünç medallaryň ikisi bilen ýetirildi. Şu gün bu medallary Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Gülbadam Babamuratowa (52 kilograma çenli agram derejesinde) we bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymy Gülnar Haýytbaýewa (64 kilograma çenli) gazandylar.
Bu agram derejeleriniň her biri boýunça ýaryşa 14 türgen gatnaşdy.
Dünýäniň häzirki çempiony Gülbadam Babamuratowa ilkinji duşuşygynda Aleksandra Nakowodan (Bolgariýa) uly tapawut - 4:0 hasabynda üstün çykdy. Örän dartgynly bolan ikinji duşuşygynda, gynansak-da, biziň watandaşymyz ýer eýesi – Anna Haritonowadan (Russiýa) – 0:2 hasabynda ýeňildi. Emma çärýek final duşuşygynyň öň ýanynda Gülbadam ýeňiş gazanmagy ýüregine düwdi we netijede ýaponiýaly güýçli garşydaşy Çiho Takadadan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Bu üstünlik G.Babamuratowa goşmaça güýç berdi we üçünji orun üçin göreşde Sose Balasanýandan (Ermenistan) rüstem gelip, 9:0 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandy.
Dünýäniň wise-çempiony Gülnar Haýytbaýewa hem öz duşuşygyny üstünlikli başlap, eýýäm ilkinji duşuşygynda Ýaýza Himenes Lopesi (Ispaniýa) uly hasap – 8:0 bilen ýeňdi. Soňra ol çärýek final duşuşygynda Anna Badalýandan (Ermenistan) – 4:0 hasabynda üstün çykdy. Emma jemleýji duşuşyga çykmak ugrundaky göreşinde ol gazanylan utuklar boýunça Alisa Hester Şlesingerden asgyn geldi we bürünç medal üçin göreşmeli boldy.
3-nji orun ugrunda Anastasiýa Şewçenko (Ukraina) bilen geçirilen duşuşyk biziň samboçymyza ýeňil düşmedi. Göreşiň bütin dowamynda diýen ýaly Gülnar öz garşydaşyndan has erjel göründi we eýýäm tiz wagtda 2:0 hasaby bilen öňe saýlanmagy başardy. Emma duşuşygyň tamamlanmagyna bary-ýogy 12 sekund galanda, ukrain türgeni hasaby deňläp bildi – 2:2. Duşuşygyň tamamlanmagyna dört sekund galanda, eminler haýalýagallygy üçin ukrain samboçysyna duýduryş berdiler. Pursatdan peýdalanyp, G.Haýytbaýewa hüjüme girişdi we eminler ýeňşi biziň watandaşymyza degişli etdiler.
Kazandaky Bütindünýä tomusky Uniwersiadada ilkinji gezek çykyş edýän Türkmenistanyň toparynyň gazananlarynyň sany 14 medala ýetdi. Ozal altyn medallaryň ikisini, üç kümüş we alty bürünç medallary guşakly göreş boýunça ussatlarymyz gazandylar. Düýn habar berlişi ýaly, sambo boýunça ýaryşlaryň birinji gününde biziň Watanymyz üçin bürünç medalynyň ýene birini 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Nursoltan Aşyrowa gazandy.
Kazandaky Bütindünýä Uniwersiada dowam edýär.