Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Toşiba Medikal Sistemz” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Toşiba Medikal Sistemz” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 781
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Toşiba Medikal Sistemz” korporasiýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory jenap Satosi Sunakawany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, iri halkara konserniniň ýokary ykdysady ösüş depginini görkezýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan berk gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä belli “Toşiba” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Ýaponiýanyň iri işewürligi tarapyndan biziň ýurdumyza uly gyzyklanma bildirilýändigine şatdygyny belledi. Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa boljak sapary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu sapar däp bolan dostluk we oňyn döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlar. Şol gatnaşyklar bolsa iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ulgamynda ýöriteleşdirilen bu kompaniýa özüniň ägirt uly tejribesini, iň täze tehnologiýalaryny hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryny şu hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirmäge taýýardyr.

Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümlerimiziň hiline biz doly jogap berýäris. “Toshiba” özüniň taryhynyň dowamynda adamlar üçin amatlylygyň täze standartlaryny döredýär, jemgyýetiň saglygy we rowaçlygy barada alada edýär diýip, jenap Satosi Sunakawa nygtady we kompaniýanyň esasy ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna doly laýyk gelýändigini belledi.

Milli Liderimiz ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekiji bolan türkmen bazaryndaky ornuny mundan beýläk-de giňeltmek we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge özleriniň goşantlaryny goşmak meýillerini makullamak bilen kabul edip, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga, aýratyn hem daşary ýurt maýalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalarynyň çekilmegi zerur bolan ulgamlarda hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur kompaniýanyň tehnikalarynyň Diýarymyzda giňden mälimdigini belläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli meýilnamalaryny we ilatyň saglygyny goramak baradaky döwlet maksatnamalaryny nazara almak bilen, türkmen tarapynyň däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary tehnologiýaly enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny ibermekden başlap, işgärleri okatmaga we olaryň hünärini ýokarlandyrmaga, hyzmat ediş gullugynyň giň ulgamyny ýola goýmaga çenli işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pursatdan peýdalanyp, “Toşiba Medikal Sistemz” korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy şanly sene—“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygy bilen gutlady we gymmat bahaly sowgady -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ýapon diline terjime edilen neşirini gowşurdy.

Jenap Satosi Sunakawa korporasiýanyň kuwwatyny we Türkmenistanyň uzaklary nazarlaýan meýilnamalaryny nazara almak bilen uly geljege eýe bolan hyzmatdaşlyga döredijilikli çemeleşilýändigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.