Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 775
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, döwlet durmuşynyň gündelik meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, berkarar Watanymyzda her ýylyň 21-nji iýulynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenip geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlary barada durup geçdi.

Baş kanunymyzda – Konstitusiýamyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýlip bellenýär. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, onuň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şu wezipelerden ugur alyp, biz raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça köp işleri amala aşyrýarys. Ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris. Bu edaralaryň hatarynda paýtagymyzda gurlan Saglyk şäherçesini, welaýatlardaky «Ene mähri» merkezlerini, saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini, köp sanly döwrebap hassahanalary we Saglyk öýlerini görkezmek bolar. Bu saglygy goraýyş edaralary häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzda derman senagaty hem giň gerim bilen ösdürilýär. Türkmen topragynyň dürli ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän häzirki zaman kärhanalary gurulýar. Nesip bolsa, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli hem döwrüň ösen talaplaryna laýyk gurlan Stomotologiýa merkezini hem-de Infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris. Şeýle hem, Okuw-ylmy merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň düýbüni tutarys. Bu edaralaryň keselleri anyklamaga we bejermäge, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi. Ynsan saglygyny goramakda keselleriň öňüni almagyň uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda şypahanalar, sagaldyş we saglygy dikeldiş merkezleri, sport toplumlary, stadionlar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Alnyp barylýan giň gerimli bu işler ýurdumyzda käbir howply ýokanç keselleri düýbünden ýok etmäge, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga, umuman, ynsan saglygyny we jemgyýetiň sagdynlygyny düýpli berkitmäge ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ony öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykarmakda edilen işleriň birnäçesi halkara guramalary tarapyndan ykrar edildi we güwanamalara mynasyp boldy. Halkymyzyň «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen pähiminden ugur alyp, biz raýatlarymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda geljekde hem yzygiderli alada ederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň ählisini Garaşsyz we Bitarap döwletimizde giňden we dabaraly bellenip geçilýän baýram – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara we mähriban halkymyza berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärlerine bolsa, alyp barýan örän jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol özüniň gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň 7-9-njy awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Belgorod şäherinde IV Türkmen-russiýa ykdysady maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu forum GDA döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň biridir. Maslahatyň maksady Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň işewürleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmekden we täze bazarlary açmakdan, iki döwletiň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelliligini ýokarlandyrmakda amatly şertleriň döredilmegine ýardam etmekden ybaratdyr. Duşuşyga Türkmenistanyň we Belgorod oblastynyň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, işewürler gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we biziň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, köpugurly gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin iki ýurduň ähli mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Bu maslahat iki ýurduň hünärmenlerine biri-biriniň işi bilen ýakyndan tanyşmaga, hususan-da, Russiýa tarapyna Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde gazanylýan üstünlikler we ileri tutulýan ugurlar bilen, türkmen tarapyna bolsa Belgorod oblastynyň ykdysady ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň başga-da birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda bizde oňyn tejribe toplanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we foruma taýýarlyk görmegiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini jikme-jik seljermegi tabşyrdy.

Türkmen-russiýa ykdysady maslahatyň netijeleri biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň senagatynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga russiýaly kompaniýalaryň türkmen bazarynda işlemek babatdaky gyzyklanmasyny artdyrmaga hem-de maýa goýum işini güýçlendirmäge ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanda we Russiýada amala aşyrylýan ykdysady we maýa goýum maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara ykdysady gepleşikler iki ýurduň kärhanalarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewür çäräni guramak boýunça tabşyryklary berip, ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda milli ykdysadyýetimiziň gazanýan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge ýardam etjek sergileriň we ykdysady forumlaryň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan geçirilýän işler barada aýtmak bilen, 24-25-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikaksyna boljak resmi sapary bilen bagly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şonda munuň türkmen döwletiniň Baştutanynyň Moldowa Respublikasyna ilkinji saparydygy hem-de iki ýurduň we halklaryň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, bu sapara aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Saparyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-moldowa gepleşikleri geçiriler, şolaryň netijesi boýunça döwletara hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlaryň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugruna ygrarly bolmak bilen, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän deňhukukly we netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin elmydama açykdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary derejede geçiriljek türkmen-moldowa gepleşikleriniň möhüm ähmiýetlidigini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze, bar bolan mümkinçiliklere we häzirki döwürdäki ýagdaýlara laýyk gelýän täze derejä ýetirmek üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine gönükdirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, söwda-ykdysady ugur boýunça özara peýdaly türkmen-moldowa hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de däbe öwrülen we döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gumanitar-medeni aragatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň Moldowa Respublikasyna resmi saparyna taýýarlyk görülmegine degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem maliýe-ykdysady ulgamy kämilleşdirmegiň, öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmagyň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, maliýe hasabatlaryň we auditiň halkara standartlarynyň ýörelgelerine laýyk gelýän, buhgalterçilik hasaba alnyşyň we auditiň milli ulgamyna doly geçmek boýunça işler alnyp barylýar.

Bu resminamada göz öňünde tutulan esasy çäreleriň hatarynda standartlary döwlet diline terjime etmek wezipesi hem bar. Halkara tejribesine laýyklykda, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna her ýyl üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigini durulýandygyny nazara almak bilen, geljekde olary öz wagtynda döwlet diline terjime etmek we hukuk taýdan ykrar etmek zerur bolup durýar. Bu işleri geçirmek üçin Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary gaznasynyň arasynda 2011-nji ýylyň iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň çäginde awtorlyk hukuklaryny almak baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak barada goşmaça şertnamany baglaşmak möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli buhgalterçilik hasabatyny we auditi bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna, şeýle hem halkara standartlaryna laýyk getirmegiň dünýä bazarlaryna çykmakda möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy, daşary ýurtlar, kompaniýalar we maýadarlar bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň guramalarynyň we edaralarynyň maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek diňe bir dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny giňden çekmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda milli standartlara esasy ornuň degişlidigini nygtap, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary gaznasy bilen, goşmaça şertnama gol çekmäge ygtyýar berdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk – hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça gündelik işleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna we Mejlisiň bäşinji çagyrylyş deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hökümetiň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda, türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam berýän täze kanunçylyk resminamalaryny taýýarlamak boýunça pudak edaralary bilen bilelikde işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy bellenildi.

Häzirki wagtda birnäçe kodeksler we kanunçylyk taslamalary taýýarlanylýar. Käbir hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek we olara goşmaçalary girizmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryna laýyklykda ministrlikler we pudak edaralar bilen bilelikde, kazyýet ulgamyny, aýratyn-da arbitraž kazyýet önümçiligi ulgamyny özgertmek, bu ugurda halkara konwensiýalaryny ulanmak, şonuň ýaly-da neşekeşlige garşy göreşmek boýunça has berk düzgünleri göz öňünde tutmak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmegine kanun taýdan ýardam bermek bilen bagly meseleler babatda işler alnyp barylýar.

Parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçilmegine kanunçylyk taýdan goldaw berilmegine degişli mesele barada durup geçip, Mejlisiň komitetlerinde bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary, hususy bölege goldaw bermek, daşary ýurt maýa goýumlary we eýeçilik babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljermeleriň geçirilendigini hem-de häzirki wagtda şu meseleler boýunça Ministrler Kabineti bilen bilelikde degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Mejlisiň Başlygy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işiň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de kanun çykaryjylyk boýunça milli tejribäni we halkara hukugyna degişli ählumumy kadalary göz öňünde tutmak arkaly amala aşyrylýandygyny we munuň türkmen döwletiniň dünýäde hukuk babatdaky giňişlige üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýändigini belledi. Häzirki wagtda Mejlisiň nobatdaky maslahatynda kabul edilen täze kanunçylyk resminamalarynyň, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalarynyň düzgünlerini we ähmiýetini düşündirmek üçin deputatlar ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli işleri alyp barýarlar.

Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyş deputatlarynyň şu ýylyň dekabrynda geçiriljek saýlawlarynyň guramaçylykly geçirilmegine degişli mesele barada durup geçip, häzirki wagtda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary hakyndaky kanunçylygy düşündirmek we beýleki guramaçylyk çäreler bilen bagly işiň başlanandygyny aýtdy.

Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek ugrundaky işi barada aýdyp, bu işiň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany we ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz maglumaty diňläp, milli kanunçylygy döwriň talaplaryny, täze taryhy eýýamdaky ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny ilatyň giň gatlaklaryna ýetirmegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň Türkmenistanyň döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, durmuşyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň ileri tutulmagyny üpjün etmek ugrundaky syýasaty amala aşyrmagy bilen baglylykda möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna yzygiderli geçmegine kanunçylyk taýdan goldaw bermek bilen bagly meselä ünsi çekip, Mejlisiň şu ugurdaky işini güýçlendirmegi maslahat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň bäşinji çagyrylyş deputatlarynyň geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görülmegi barada durup geçip, bu çärä degişli guramaçylyk meseleleriniň ählisiniň göwnejaý çözülmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz parlamente mynasyp adamlaryň saýlanmagy üçin täze çagyrylyş deputatlarynyň saýlawlarynyň bäsleşik esasynda we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümleriniň işi, gurluşyk pudagyndaky taslamalary amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” hem-de “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň gurluşyk, energetika pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýeti ösdürmekde gurluşyk ulgamynyň ileri tutulýan häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzda binalary we desgalary gurmakda ýokary depginleriň saklanmagynyň hem-de bulary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek bilen bagly bolan köpsanly düzümlere degişli taslamalary amala aşyrmagyň has möhüm ähmiýetlidigini aýdyp, göz öňünde tutulan işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilmelidigini belläp, bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýygnalan galla hasyly kabul ediş bölümlerinden elewatorlara daşalýar. Şeýle hem gowaçalara ideg etmek işleri, hatarara bejergisi, suwarmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri, şeýle hem güýzlük däne ekiljek ýerlerde taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Merkezi Garagumda “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasyny döretmek hakyndaky kararyň we “Aşgabat atçylyk sport toplumynda okuw merkeziniň binasyny we ýapyk maneži gurmak hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Toplumda türgenlere at çapmak, marafon çärelerini geçirmek, päsgelçiliklerden bökmek ýaly ýaryşlara taýýarlamaga ähli mümkinçilikler bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny tassyklan we bu ugurda iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Biziň ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde we Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda we beýleki iri halkara forumlarynda öňe süren işjeň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny saklamak, sebitiň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak babatda öňe sürlen teklipler bar.

Biziň ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, ajaýyp tebigy gözelliklerini gorap saklamak işinde döwlet goraghanalaryna möhüm orun degişlidir. Dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum çölüniň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamlaryny we tebigy baýlyklaryny gorap saklamak maksady bilen “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasyny döretmek boýunça giň möçberli täze taslama hut şu maksatlara gulluk etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we degişli karara gol çekdi.

Türkmenistanyň tebigy gözelliklerini mundan beýläk-de öwrenmegiň we ony dünýä ýüzünde wagyz etmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz munuň diňe bir ekologiýa taýdan däl, eýsem, biziň ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda okuw merkeziniň binasyny we ýapyk maneži gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünden geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz milli buýsanjymyz bolan gadymy tohumdaky ahalteke bedewlerini gorap saklamak hem-de köpeltmek boýunça hödürlenen bu teklibiň derwaýysdygyny nygtady. Biz mundan beýläk-de atçylyk boýunça alnyp barylýan işleriň, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu babatda degişli düzümiň döredilmegine, ýurdumyzyň atşynaslyk ulgamynyň halkara pudaklaýyn senagatyna goşulmagyna aýratyn ähmiýet bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Degişli karara gol çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz ony ýerine ýteirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, okuw merkeziniň Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw binýady hökmünde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny, ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuna gyzyklanmanyň artdyrylmagyna, halkymyzyň milli buýsanjy bolan şöhratly ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere gowaçalara ideg etmek, güýzki bugdaý ekişine tehnikalary we ýokary hilli tohumlary taýýarlamak, şeýle hem elewatorlarda bugdaýyň degişli derejede saklanmagy üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş edip, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler, şeýle hem Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIС) wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça toplanan tejribäni hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň sazlaşykly depginlerini, milli ykdysadyýeti senagat taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň, döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýlaşdyrmagyň ugur edinilmegi bilen baglylykda, geljekde döreýän köpugurly mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çaltlandyrylan depginde ösdürmek barada pikir alşyldy.

Şonda ýangyç-energetika toplumy, hususan-da, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda polietileni, polipropileni, motor ýagyny, natriniň sulfatyny, ýuwujy sintetiki serişdeleri, karbamidi öndürmek boýunça täze, döwrebap zawodlary, şeýle hem ýylda kuwwatlylygy 500 müň tonna önüme barabar bolan kükürt kislotasyny işläp çykarmak boýunça bölümi gurmagyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýanyň maliýe-işewürlik toparlarynyň wekilleri geljegine uly umyt baglanýan we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, şol taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Şonda degişli şertnamalaryň toplumyny taýýarlamak barada ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň energetika syýasatynyň ilkinji nobatda ýurdumyzyň nebitgaz serişdelerine baý gorlarynyň netijeli ulanylmagyna gönükdirilendigini hem-de munuň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berilmegine gönükdirilendigini belledi. Şu ugurda ilkinji nobatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek boýunça daşary ýurtly işewür toparlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, nebitgaz serişdeleriniň işlenip çykarylýan we gaýtadan işlenýän möçberlerini hemde öndürilýän nebithimiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak bilen baglylykda, ilkinji nobatda durýan meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen ýangyjyny dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köp ugurly ulgamyny döretmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ähmiýetli jähedi bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýagdaý hökmünde ählumumy energetika howpsuzlygyň täze binýadynyň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de amala aşyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Soňry Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orwnbasary B.Italmazow çykyş edip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň senagat toplumyna degişli kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalar we önümçilikler innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerli mineral – çig mal serişdelerini we magdanlary rejeli peýdalanmak arkaly, senagat toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak esasynda döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Wise-premýer Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geýirilen giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, “Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň 2014-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň şu maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara toparyny döretmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýakyn geljekde senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, gaýtadan işleýän önümçilikleriň kesgitlenmegine, kärhanalaryň esasy gaznalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, daşarky bazarlaryň öwrenilmegine, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň önümlerini ýerlemek üçin bäsdeşligiň döredilmegine gönükdirilendigini nagtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşynda hil taýdan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna ýardam berjekdigine, şol özgertmeleriň ykdysadyýetde netijeli ulanylmagyna esaslanýan yzygiderli ösüşiň gazanylmagyna, Türkmenistanyň ösüşiniň täze derejesine çykmagyna getirjekdigini belledi. Milli Liderimiz “Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň 2014-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, wise-premýere ba babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa şu ýylyň ikinji ýarymynda halkara sergilerini, ýarmarkalaryny, ylmy maslahatlaryny we festiwallaryny hem-de baýramçylyk çärelerini geçirmegiň tertibi barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe metbugat-neşir işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, neşir edilýän kitap önümleriniň we gazet-žurnallaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany tassyklap, şu ýylyň ikinji ýarymynda geçiriljek dabaralaryň, şol sanda halkara derejesindäki çäreleriň möhüm ähmiýetlidigini belledi hem-de bularyň ählisiniň watançylyk we ahlak ýörelgelerine esaslanmalydygyny, ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanyp, milli baýramçylyk medeniýetiniň gazananlarynyň we şu ugra degişli innowasiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmalydygyny tabşyrdy.

Ýurdumyzyň neşir işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudagyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere pudagyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamalary, döwletimiziň durmuş syýasatyny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada aýtmak bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri” diýen hormatly derejäni bermek hakyndaky” Permanyň taslamasyny hödürledi.

Şeýle hem wise-premýer “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömürimiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 2013-nji ýylyň 1-njy - 30-njy sentýabry aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Hereket howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde ýollarda howpsuz hereket we beýleki aň-bilim, öňüni alyş hem-de wagyz-nesihat boýunça sapaklary guramak, tele we radio ýaýlymlarda ýorite gepleşikleri taýýarlamak, metbugat sahypalarynda makalalary çap etmek çäreleriniň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp milletimiziň saglygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we oňa mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berler diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony kämilleşdirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işlerine yzygiderli üns beriljekdigini aýtdy. Milli Liderimiz wise-premýere özüniň köp ýyllyk halal zähmeti bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine mynasyp goşant goşan işgärlere “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri” diýen hormatly ady bermek mynasybetli guralýan çäreleri dabaraly geçirilmegini guramagy tabşyrdy.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge bagyşlanan çäreleri geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutaynymyz Türkmenistanyň döwlet durmuş syýasatynyň möhüm bölegi bolan bu meseleleriň çözgüdine örän jogapkärli hem-de çynlakaý çemeleşýändigini belledi. Ýol gurluşygyna degişli ähli desgalar we taslamalar şu wezipeleri nazara almak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle-de bolsa adamlaryň, aýratyn-da çagalaryň we ýetginjekleriň ýol hereketine bolan düşünjelerini ýokarlandyrmak derwaýysdyr, olar howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegine çynlakaý çemeleşmek ruhunda terbiýelenmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ähli degişli çäreleriň guramaçylyk meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyryp, döwlet Baştutanymyz durmuş ähmiýetli çäreleriň we ýol-ulag hadysalaryň öňüni almaga gönükdirilen beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmelidigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ulag-aragatnaşyk ulgamynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Lebap welaýatynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, şol sanda Türkmenistan –Owganystan--Täjigistan halkara demir ýolunyň “Atamyrat--Ymamnazar” bölegini gurmak boýunça geçirilýän işler bilen ýerinde tanyşmak üçin 14-15-nji iýulda şu welaýata bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmekde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň möhüm ähmiýetini belläp, ulag kärhanalarynyň sazlaşykly we netijeli işlemegini üpjün etmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, şeýle hem telekommunikasiýalar ulgamyny mundan beýläk-de dörwebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň Lebap welaýatyna iş saparynyň netijeleri barada durup geçip, halkara demir ýolunyň ähmiýetini nygtady. Bu ýol Aziýa sebitinde köp şahaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm orun eýelär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu demir ýoluň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşýanlara berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.