Şu gün türkmen türgenleriniň bir topary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinden gaýdyp geldi. Şol ýerde 6-17-njy iýul aralygynda ХХVII Bütindünýä uniwersiadasy geçirildi. Biziň türgenlerimiz şeýle wekilçilikli sport ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşyp, 14 medal – 2 altyn, 3 kümüş we 9 bürünç medal gazanmagy başardylar. Şu gün ýaryşda ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerine hormat-sarpa goýmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu dabara Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Türgenlerimize hormat-sarpa goýmak dabarasy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde başlandy. Şol ýerde türkmen türgenlerini halypalary, talyplar, ýaş türgenler, uniwersiadada ýeňiş gazanan we baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň dostlary, şeýle hem ata-eneleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Türkmen talyplarynyň wekiliýeti Milli sport we syýahatçylyk institutynyň öňündäki giň meýdançada dabaraly garşylandy, olar üçin meşhur artistlerimiziň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly maksatnama taýýarlanyldy. Aýdym-sazlaryň arasynda sport ussatlarymyzyň öňünde ýurdumyzyň sportunyň geljekki “ýyldyzlary” – çeper we sport gimnastikasynyň, akrobatikanyň, söweş sungatynyň we sportuň beýleki görnüşleriniň ýaşajyk ussatlary çykyş etdiler.
Soňra Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynyň ýeňijileri we baýrakly orunlara eýe bolan türgenler Milli sport we syýahatçylyk institutyň mejlisler zalynda çagyrylýar. Şol ýerde olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Buýrugyna laýyklykda pul baýraklary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme okaldy. Hut Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sport hereketi okgunly ösüşe eýe boldy. Türkmen türgenleriniň Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynda gazanan üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Ýygnananlar öz çykyşlarynda sport ulgamynyň ösdürilýändigi, şeýle hem ýaş türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsiniň ýokary netijeler sporty bilen meşgullanmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bu dünýä möçberindäki sport ýaryşynda biziň türgenlerimiziň gazanan üstünliklerini ýatlap geçeliň. Bütindünýä uniwesiýadasyna 162 ýurtdan 10 müňe golaý türgen gatnaşdy. Şeýle uly derejeli ýaryşda biziň türgenlerimiziň okgunly badalga alandygy hemmeleri haýran galdyrdy: uniwersiadanyň ilkinji gününde türkmenistanlylar guşakly göreş boýunça ýaryşda 6 medala – 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan halkara derejeli sport ussady Ýagşymyrat Annamyradow biziň toparymyza ilkinji ýeňşi getirdi. Ol 62 kilograma çenli agramda üstünlikli çykyş edip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Onuň halkara ýaryşlarynda ozal gazanan netijelerini nazara almak bilen (Ýagşymyrat guşakly göreş boýunça dünýäniň iki gezek, şol sanda häzirki çempiony), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybynyň altyn medal eýelejekdigini öňünden aýtmak bolýardy.
Sportuň şu görnüşinde Gylyç Jumaýew (82 kilogramda) we Seýdi Batyrow (90 kilogramda) ikinji orna, Begenç Ýagmyrow (68 kilogram agramda, Hoşgeldi Hanaýew (100 kilogramda) we Myrat Jumaýew (100 kilogramdan ýokary agramda) bürünç medallara eýe boldular.
Bütindünýä uniwesiadasynda guşakly göreş boýunça erkekleriň arasynda 7 agramlyk derejede güýç synanyşyldy, olaryň altysynda türkmenistanlylar şowly çykyş etdiler. Munuň özi tötänden däldir, çünki guşakly göreş sportuň türkmenlerde gadymdan bäri dowam edip gelýän görnüşleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, biziň pälwanlarymyzyň halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelemeginiň kanunalaýyk ýagdaýdygyny bellemelidiris.
Munuň şeýledigini biziň zenan pälwanlarymyz hem tassykladylar. Olar bäş agramda derejede çykyş etdiler. Biziň zenanlarymyz olaryň üçüsinde medallara mynasyp boldular. Olaryň biriniň altyn medaldygyny bellemek bolsa örän ýakymlydyr. Uniwersiadanyň ikinji gününde ikinji ýeňşe ildeşimiz Gülbadam Babamuratowa (52 kilogramda) mynayp boldy.
Gülbadamyň guşakly göreş boýunça halkara ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, onuň üstünliginiň hem kanunalaýyk ýagdaýdygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň üçin pälwan gyzyň sport äleminde gazanan üstünlikleriniň käbirini ýatlap geçmek ýeterlikdir. Ol dzýudo boýunça 2012-nji ýylda Ýewropanyň açyk Kubogynyň eýesidir, sambo boýunça häzirki dünýä çempionydyr.
Uniwersiadanyň bürünç medallaryna Ruşana Nurjawowa (58 kilogramda) we Gülnar Haýytbaýewa (63 kilogramda) mynasyp boldular.
Netijede, Bütindünýä uniwersiadasynda guşakly göreş boýunça bäsleşikde çykyş eden türgenlerimiziň 12-sinden 9-sy Watanymyza medallar bilen gaýdyp geldi. Munuň özi örän ýokary netijedir. Pälwanlarymyzyň görkezen bu netijesi Uniwersiadanyň wakalaryny şöhlelendiren köpsanly žurnalistleriň arasynda hem uly seslenme döretdi. Mysal üçin, “Westnik uniwersiady” atly gündelik gazetde “Türkmenistan: ilkinji synanyşykdan ýeňiş” diýen makala çap edildi. Şol makalada “hut türkmen türgenleri guşakly göreşde russiýalylaryň esasy bäsdeşleriniň biridir” diýlip bellenilýär.
Biziň türgenlerimiziň guşakly göreş boýunça üstünlikli çykyşlary Uniwersiadanyň üçünji gününde hem dowam etdi. Şonda Agamyrat Orazsähedow (70 kilogramda) we Döwran Ýaýlymow (80 kilogramda) türkmen göreşine örän meňzeş bolan tatar milli “koreşi” boýunça degişlilikde, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Murgap jülgesiniň wekilleriniň guşakly göreşiň pälwanlary hökmünde halkara sport giňişligine ilkinji gezek çykandygyny bellemelidiris – şu ýaryşa çenli olar grek-rim göreşi bilen meşgullanýardylar.
Türkmen türgenleri sambo göreşi boýunça bäsleşikde ýene-de üç bürünç medal gazandylar. Nursoltan Aşyrowa (72 kilogram agramda), Gülbadam Babamuratowa (52 kilogram agramda ) we Gülnar Haýytbaýewa (64 kilogram agramda) tapawutlandylar. Özi-de, bu baýraklar Gülbadamyň we Gülnaryň Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynda eýe bolan medallarynyň ikinjisidir. Şol medallar bolsa türkmen zenan pälwanlarynyň ýeňşe bolan erk-islegi, yhlasy we tutanýerliligi netijesinde gazanyldy.
Gülnar tutluşygyň iň soňky sekuntlarynda aýgytly emel geçirip, bürünç medal ugrundaky bäsleşikde üstün çykmagy başardy. Munuň özi bäsleşigiň iň soňky pursatlaryna çenli göreşmelidigini hem-de öz üstünligiňe bolan ynamyňdan el çekmeli däldigini görkezdi.
Gülbadam bolsa ilkinji duşuşykda şikes alsa-da, göreşmegini dowam etdi we hormat münberine çykmagy başardy. Şeýle medallar türgenler üçin örän gymmatlydyr, çünki şeýle baýraklar sportda ähli kynçylyklary ýeňip geçip, ýeňiş gazanyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hut milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde sport hereketi biziň ýurdumyzda öň görlüp, eşidilmedik derejede okgunly ösüşe eýe boldy. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň ýüzlerçe müňüsi iň häzirki zaman sport toplumlarynda we sport mekdeplerinde sport bilen meşgullanýarlar. Türkmenistanyň ähli şäherlerinde biziň ýurdumyza mahsus bolmadyk sportuň görnüşleri, mysal üçin, hokkeý we buzda typmak boýunça merkezler açylýar. Biziň buzda typyjylarymyz we hokkeýçilerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp başladylar. Birnäçe “Gyşky” köşkleriň işjeň hereket etmegi netijesinde ýakyn geljekde sportuň gyşky görnüşleriniň beýleki ugurlary boýunça sport merkezlerini açmak meýilleşdirilýär.
Uniwersiadanyň dünýä derejesindäki ýaryşdygyny nazara alsaň, biziň ýygyndy toparymyzyň Kazandaky ýaryşa gatnaşmagyny, ilkinji nobatda, sport tejribesini toplamak hökmünde garamak bolar. Şol tejribe olara beýleki halkara derejesindäki ýaryşlarda gerek bolar. Şeýle ýaryşlar bolsa entek öňdedir. Şeýlelikde, biziň türgenlerimiziň özleriniň ýokary netijeleri we üstünlikleri bilen türkmen janköýerleriniň müňlerçesini begendirjekdigini ynamly aýtmak bolar.