Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Myhman Türkmenistanyň Baştutany bilen salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mukaddes Oraza aýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidentini biziň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli we bu baýramçylyga gabatlanan saglyk ulgamynyň täze desgalarynyň açylmagy bilen gutlap, Ahmet Çalyk türkmen Liderine täze Stomatologiýa merkeziniň hem-de infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak hormatynyň miýesser edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Olaryň gurluşygyny onuň ýolbaşçylyk edýän türk kompaniýasy amala aşyrdy.
Milli Liderimiz türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglar we saglygy goraýyş ulgamynyň täze, häzirki zaman desgalaryny gurmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ähli daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyk üçin hemişe açykdygyny, kompaniýalara bildirilýän talabyň gurluşyk işleriniň birkemsiz hili we olary ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berk berjaý edilmegi bolup durýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda işewür beýleki taslamalaryň dowam edýändigi we birnäçe täze desgalarda alnyp barylýan işler hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berip, döwlet Baştutanyny “Çalyk Holding” kompaniýasynyň baş potratçy bolup durýan ähli desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletinde ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyp, biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene-de tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem Türkmenistan bilen ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly boljakdygyna türkmen döwletiniň Baştutanyny ynandyrdy.