Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat atçylyk sport toplumynda okuw merkeziniň binasynyň we ýapyk manežiň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Täze desgalarda türgenlere atçylyk sportunyň at çapmak, marafon ýaryşlaryna gatnaşmak, päsgelçilikden bökmek ýaly görnüşleri boýunça okuw-taýýarlyk çäreleri öwrediler. Munuň üçin bolsa binalarda zerur bolan ähli amatly şertler üpjün ediler.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen mejlisinde bu desgalaryň gurluşygyna badalga berýän resminamalara gol çekip, Aşgabat atçylyk sport toplumynda okuw merkeziniň we ýapyk manežiň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda degişli resminama gol çekip, okuw merkeziniň Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw binýady hökmünde peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny, ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuna gyzyklanmanyň ösdürilmegine, halkymyzyň guwanjyna öwrülen şöhratly ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam etmelidigine aýratyn ünsi çekdi.
Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we türkmen atçylyk sportunyň dünýä derejesine çykmagyny üpjün etmek hem-de milli atşynaslarymyzyň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmek häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz mejlisiň başynda aýtdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegini üpjün etjek degişli düzümiň döredilmegine, atşynaslyk ugrunyň halkara pudaklaýyn ulgamyna goşulmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda okuw merkeziniň we ýapyk manežiň gurluşygyna badalga bermek dabarasy hakyky baýramçylyk çärelerine utgaşyp gitdi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen milli atşynaslar, Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň düzümleriniň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşuly atşynaslar, seýisler, çapyksuwarlar hem-de ahalteke bedewleriniň köpsanly janköýerleri, höwesek ýaşlar bu dabara gatnaşdylar.
Bu ýerde uly dabaralara mahsus bolan özboluşly we ruhubelent ýagdaý dowam etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap binalarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen çärede milli däp-dessurlarymyzyň köp öwüşginliligi, taryhy geçmişimiz bilen häzirki döwrüň sazlaşygy öz beýanyny tapdy.
Dabarada çykyş edenler soňky ýyllarda ýurdumyzda atçylyk sport ulgamynyň barha ösdürilýändigini, “behişdi bedewlerimiziň” dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler we Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyrýan bedew badynyň mundan beýläk-de dowamat bolmagyny arzuw etdiler hem-de munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Milli Liderimiz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we şöhratly pederlerimizden miras galan ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň dünýä çykaran gaýtalanmajak sungatydyr diýip, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäniň ähli bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke atlarymyz halkymyzyň göz-guwanjy we köňül buýsanjy bolup durýar.
Tomaşaly toýlaryň baş bezegi, ýyndamlykda, wepadarlykda şöhrat gazanan türkmen atlary ata-babalarymyzyň yhlasyndan, ýiti zehininden kemal bolup, türkmen halkynyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende göterilmegini şertlendirdiler. Halkymyz mukaddeslik derejesine göterilen bedewlerimize hormat goýmak bilen, olary ýokary derejede seýisläpdirler we altyn-kümüşe besläpdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ajaýyp ahalteke bedewleriniň şöhratyny belende götermek, türkmen atşynaslarynyň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda bolşy ýaly, bütin dünýäde ahalteke atçylygyny ösdürmek işine goşan ägirt uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentligine saýlandy. Biziň ýurdumyzda her ýylda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli onuň mejlisi geçirilýär.
Ýurdumyzda her ýylda Bedew baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan atşynaslaryň, alym-ippologlaryň gatnaşmagy türkmen bedewlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Ahalteke bedewlerini we milli at üstündäki oýunlaryny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmekde uly orun eýeleýän “Galkynyş” milli at oýunlary topary ýurdumyzyň çäklerinden daşynda hem üstünlkli çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezýärler.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramynyň şanyna guralan halypa çapyksuwarlar toparynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar atly bedewde ýaryşyň birinji baýragyna mynasyp bolandygyny we şol bäsleşige goýlan serişdäniň “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hasabyna geçirilendigini bellemeli.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilen baýrakly çapyşykdan düşen serişdäniň bir bölegi Aşgabatdaky atçylyk sport toplumynda okuw merkezini we ýapyk maneži gurmak üçin gönükdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hasabyna geçiren serişdesiniň galan bölegi bolsa ýurdumyzyň welaýatlaryndaky atçylyk sport toplumlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ulanyljakdygy baradaky habar ýurdumyzda atçylyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Täze desgalar “Ösüş gurluşyk” ýerli hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina ediler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häzirkii zaman binalary bolan täze desganyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar soňky ýyllarda türkmen atşynaslygyny ösdürmek, onuň dünýä derejesine çykmagyny üpjüni etmek, kämil atşynaslary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini nygtadylar.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly geçirilen çäre hakyky baýramçylyk dabarasyna öwrüldi.