24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moldowa Respublikasyna ilkinji resmi sapary başlanýar. Bu sapar dostlukly döwletiň baştutany Nikolae Timoftiniň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji iýulda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Kişinýowda boljak ýokary derejedäki türkmen-moldowa gepleşikleriniň möhümdigini nygtamak bilen, olaryň döwletara gatnaşyklaryny özara bähbitlere gabat gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly esasy goýmaga hyzmat etmelidigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň açylmagy bilen bir hatarda döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Ýokary derejedäki duşuşyklardan başga-da, Moldowanyň Hökümetinde we Parlamentinde geçiriljek gepleşikleri hem öz içine alýan iki günlük sapar däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, oňa milli bähbitlere bolşy ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynyň hem möhüm meselelerine gabat gelýän uzakmöhletleýinlik we netijelilik häsiýetini bermäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.