Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

view-icon 790
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Bu türkmen döwletiniň Baştutanynyň Moldowa Respublikasyna ilkinji saparydyr, şoňa görä-de, türkmen-moldowa dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, olary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyna we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarmak jähetinden bu sapara aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň öňüsyrasynda Kişinýowda ýurdumyzyň bu ýere bir gün öň gelen hökümet agzalarynyň birnäçesiniň we olaryň moldowaly kärdeşleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy. Türkmen döwletiniň Lideriniň saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda, türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary we bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy.

Üç ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Kişinýow şäheriniň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň öňünde haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylamak üçin howa menziline Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň hut özi geldi. Ol türkmen Liderini uçaryň ýanynda mähirli garşylady.

Türkmen döwletiniň Baştutanyna duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy.

Bu ýerde, howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy boldy.

Iki döwletiň Baştutanlaryna Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda raport berýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nikolae Timofti ýörite bellenen ýere barýarlar. Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Prezident Nikolae Timofti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Moldowa Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, türkmen Lideri moldowaly kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra iki döwletiň Baştutanlary Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişini kabul edýärler. Esgerler dabaraly ýöräp geçýärler.

Iki döwletiň Baştutanlary bilelikde howa menzilinden Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna ugraýarlar.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda kabulhananyň eýwanynda Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra iki döwletiň Baştutanlary VIP zala barýarlar, şol ýerde olaryň ikiçäk duşuşygy boldy.

Prezident Nikolae Timofti belent mertebeli türkmen myhmanyny Moldowa topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasyna şu resmi saparyna döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Moldowa Respublikasynyň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we giňeltmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady. Prezident Nikolae Timoftiniň belleýşi ýaly, Moldowada Türkmenistanyň giň möçberli özgertmeler ýolunda gazanan üstünlikleri ruhubelentlik bilen kabul edilýär. Şol özgertmeler bolsa döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Moldowa Respublikasynyň Baştutany özüniň türkmen kärdeşini Kişinýowda kabul edýändigine örän şatdygyny nygtap, şu gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk esasy goýjakdygyna, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy we mähirli garşylanandygy üçin Prezident Nikolae Timoftä minnetdarlyk bildirip, bu saparyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna hem-de uly kuwwata eýe bolan türkmen – moldowa hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Türkmen Lideri iki ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, söwda-ykdysady we medeni – ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny geljekde-de çuňlaşdyrmaga çalyşýandygyny belläp, munuň üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti bular barada aýdyp, dürli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, giňden tejribe alyşmagyň, şeýle hem geňeşmeleri, işewürler maslahatlaryny, Medeniýet günlerini we beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi türkmen-moldowa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kuwwatly itergi berer, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Moldowa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, ýokary derejedäki şu gepleşikleriň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny berkitmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Özara düşünişmek we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nikolae Timofti Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň Döwlet kabulhanasyna tarap ugradylar. Bu ýerde giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen – moldowa gepleşikleri geçirildi.

Prezident Nikolae Timofti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny moldowa topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, şu gezekki gepleşikleriň hyzmatdaşlyk etmek boýunça toplanan oňyn tejribäniň baýlaşdyrylmagy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze hilli we baý mazmunly bolmagy üçin oňaýly mümkinçilik döredendigini belledi.

Dostlukly ýurduň baştutany Moldowa Respublikasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürmegine uly ähmiýet berýändigini aýdyp, soňky ýyllarda döwletara gepleşiginiň sazlaşykly ösdürilmegine täzeden badalga berlendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, moldowa tarapynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagy we ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklandy. Prezident Nikolae Timofti söwda-ykdysady ugry, energetikany, ulag-aragatnaşyk ulgamyny, oba senagat toplumyny türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, hyzmatdaşlygyň şu we beýleki ugurlary boýunça bar bolan mümkinçiliklerinden oýlanyşykly peýdalanylmalydygyny nygtady.

Şeýle hem Moldowa Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda gumanitar-medeni gatnaşyklary ösdürmegiň wajyp ähmiýetlidigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tekliplerini goldady.

Prezident Nikolae Timofti gepleşikleriň netijeli häsiýetlidigini we şu gün baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhümdigini belläp, däbe öwrülen türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň geljekde-de dostlukly iki ýurduň bähbitleri üçin üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň moldowaly kärdeşine Moldowa Respublikasyna resmi sapara çagyrandygy hem-de bilelikde netijeli işlemäge göwnejaý şertleriň döredilendigi üçin, minnetdarlyk bildirip, şu ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň oňyn we netijeli häsiýete eýedigini nygtady.

Ählumumy ösüşiň örän möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň ýakyndygyny biziň Prezident Nikolae Timofti bilen geçiren duşuşygymyzyň tassyklandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ilkinji nobatda, biz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gyşarnyksyz berkitmegiň we saklamagyň, bu ugurda halkara we sebit derejesinde giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk - de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyna ynanýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi.

Häzirki döwürde harby-syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, azyk we beýleki ugurlarda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly düýpli meseleleriň birnäçesini çözmekde täze, häzirki zaman usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygy barada hem Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň garaýyşlary birdir. Bu ugurlar özara baglydyr. Şoňa görä-de, olar toplumlaýyn, ulgamlaýyn, hemmetaraplaýyn çemeleşmegi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, taraplaryň halkara guramalarynyň çäklerinde dünýädäki geosyýasy we ykdysady ulgamy kämilleşdirmäge gönükdirilen netijeli teklipleri we başlangyçlary goldamak boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky başlangyjyny Moldowanyň Birleşen Milletler Guramasynda goldap, şu ýylyň maý aýynda bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýasynyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş edendigi üçin moldowa tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu meseleler boýunça häzirki döwürde giň gerimli halkara gepleşikleri geçirilýär. Biziň ýurtlarymyz bu gepleşiklere öz tekliplerini öňe sürmek bilen has işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, biz Moldowa energiýa serişdelerini ibermegiň geljekki ugurlary baradaky, Ýewraziýa giňişliginde giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak boýunça garaýyşlarymyzy goldap, çykyş edýän möhüm hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde garaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biz alyp barýan hyzmatdaşlygymyzda häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine – halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň dolanyşygyna garşy netijeli göreşmek meselelerine uly üns berýäris. Bu wehimlere garşy diňe ähli döwletleriň halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, bilelikdäki tagallalary arkaly netijeli göreşip boljakdygy barada biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary birdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz, umuman, türkmen - moldowa syýasy gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini bellemek bilen, taraplaryň ähli meselelerde diýen ýaly özara düşünişýändigini, häzirki döwürde iki ýurduň gatnaşyklarynyň hakyky dostluk, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanmak bilen belledi.

Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, ony ösdürmek üçin ýeterlik derejede köp mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Statistiki maglumatlardan görnüşine görä, haryt dolanyşygynyň ösüş depgini entek biziň umumy mümkinçiliklerimize laýyk gelmeýär. Alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmaga, geljegi uly bolan anyk işleri we taslamalary öňe sürmek bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge girişmek üçin wagt gelip ýetdi diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hususan-da, biz oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat, agaç işläp taýýarlamak ýaly pudaklarda siziň ýurduňyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bilýäris. Biz Moldowa bilen ykdysadyýetiň bu pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň, hyzmatdaşlygyň beýleki anyk görnüşlerini ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen - moldowa hökümetara toparyny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, türkmen Lideri iki ýurduň telekeçilik düzüm birlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramak bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi teklip etdi. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň geografiýa taýdan ýerleşmeginiň aýratynlyklary iki döwlete Ýewraziýa kontinentinde ulag geçelgelerini ösdürmekde uly orny eýelemäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Günorta we Gündogar Ýewropa döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary işjeň alyp barýar.

Şoňa görä-de, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň üstünden utgaşdyrylan ulag geçelgelerini ýola goýmak bilen bagly mesele has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biziň ýurdumyz Moldowa Respublikasyna geljegi uly bolan hyzmatdaşymyz hökmünde garaýar we şoňa görä-de, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikde işlemäge taýýardyr.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda alnyp barylýan gumanitar hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, taraplaryň medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklary berkitmek, has möhüm ähmiýetli gumanitar gatnaşyklary ösdürmek üçin döwrüň ruhundan we adamlaryň hakyky isleglerinden ugur alyp, ähli zerur şertleri döretmek barada ylalaşandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hünärmenleri taýýarlamak, ylmy barlaglary geçirmek we talyplary özara alyşmak üçin bar bolan mümkinçilikleri giňden ulanmak boýunça iki ýurduň ylmy edaralarynyň we okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem möhüm ähmiýete eýedir diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp, türkmen – moldowa hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryna degişli ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň ähmiýetini nygtady. Bu meseleleriň çözülmegi biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge ýardam eder diýip, bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz şu gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygyny nygtady. Gazanylan ylalaşyklar biziň aramyzda emele gelen özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini tassyklaýar. Şeýle hem, türkmen-moldowa gatnaşyklaryna ysnyşykly we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmek häsiýetini bermek üçin biziň ähli zerur işleri geçirmek isleýändigimizi ýene-de bir gezek görkezýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň ähli ilatyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etmek bilen, ýurduň ýolbaşçylaryna, Prezident Nikolae Timoftä iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek işine uly goşant goşýandyklary üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Moldowa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly islendik wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamala gol çekmek dabarasy boldy.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Yewropa goşulyşmak ministrliginiň arasynda 2013-2014-nj i ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Girdejiler we emläk üçin iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de salgyt tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti Bilelikdäki türkmen-moldowa maglumatyna gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Nikolae Timofti geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, bularyň türkmen-moldowa hyzmatdaşlygyna degişli wajyp meseleleri hemmetwaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem indiki bilelikdäki taslamalary we hereketleri kesgitlemäge oňaýly mümkinçilik döredendigini belledi. Moldowanyň lideri soňky döwürde ýokary derejedäki döwletara gepleşiginiň has-da işjeňleşendigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasyna bu birinji saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berjekdigine hem-de türkmen-ioldowa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Nikolae Timofti sözüni dowam edip, şu günki netijeli we birek-birege ynamly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdapýyna we geljekki mümkinçiliklerine degişli garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Moldowa Respublikasynyň baştutany häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak arkaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň möhümdigi barada ylalaşylandygyny aýdyp, şu gün gol çekilen we türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birnjçesini özünde jemleýän resminamalaryň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Soňra Prezident Nikolae Timofti taraplaryň ykdysadyýet we söwda, energetika, oba senagat toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna içgin üns bermek barada ylalaşandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde medeni gatnaşyklary, bilim, ylym, syýahatçylyk we sport boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly, gös-göni gumanitar gatnaşyklaryň has-da işjeň ösdürilmelidigi barada ylalaşyldy. Moldowa Respublikasynyň Baştutany Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-moldowa toparynyň işine badalga bermek barada ylalaşylandygyny hem-de şeýle toparyň iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli mehanizmi bolup durýandygyny aýtdy.

Prezidenti Nikolae Timofti gürrüňini dowam edip, medeni gatnaşyklar bilen baglylykda, iki ýurduň degişli edaralarynyň 2014-2015-nji ýyllarda Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini hem-de Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiliklerini öwrenjekdigini aýtdy.

Moldowanyň Lideri öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, şu gepleşikleriň gazanylan ylalaşyklaryň ählisiniň amala aşyrylmagyna degerli ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikleriň oňyn häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň hem bähbitlerine laýyk gelýän ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň pugta eýerýändikleri bellenip geçildi. Şeýle hem, türkmen-moldowa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň bardygy bellendi. Biz parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Ýewropa sebitlerinde ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň hem çalyşýandygyny tassykladyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine hyzmat edýändigi bellenildi. Taraplar bu ugurda ikitaraplaýyn derejede hem, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, şeýle hem beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary saklamak baradaky teklip goldanyldy. Gepleşikleriň dowamynda halkara howpsuzlygyny üpjün etmekde ýüze çykýan täze wehimlere we howplara garşy, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde tagallalarymyzy birleşdirmek barada ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz taraplaryň söwda-ykdysady we ylmy -tehniki hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerini ösdürmek, iki ýurduň arasyndaky göni ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermek we olary hemmetaraplaýyn goldamak barada ylalaşandygyny belläp, Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-moldowa hökümetara toparynyň işiniň bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi bolmalydygyny nygtady.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Türkmenistan we Moldowa Respublikasy Hazar deňziniň we Gara deňziniň sebitleriniň üsti bilen Aziýadan Ýewropa barýan ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmagyň zerurdygy barada bir pikire geldiler.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda gumanitar meseleleri möhüm orny eýeledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar medeniýet, ylym, bilim, syýahatçylyk we sport ulgamlary boýunça gatnaşyklary berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şeýle hem, iki ýurduň halklaryny bu ugurda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri guramak we geçirmek barada ylalaşdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gepleşikleriň netijeleri boýunça söwda- ykdysady we medeni ulgamlarda iki ýurduň alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýän birnäçe resminamalara gol çekilendigini belläp, geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirdi. Gazanylan netijeler Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýär diýip hasap edýäris hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynanýarys diýip, milli Liderimiz habar beriş serişdelerine eden ýüzlenmesiniň soňunda aýtdy.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Ýuriýe Lýanke bilen duşuşdy. Duşuşyk Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň döwlet kabulhanasynda geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Moldowanyň Hökümetiniň baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazan ýokary derejedäki türkmen–moldowa gepleşikleriniň üstünlikli geçendigi bilen gutlady. Şunda Premýer-ministr Ýuriýe Lýanke öz ýurdunyň dostlukly Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny aýratyn nygtady. Türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň gadymy taryhy köklere eýedigi hem-de häzirki döwürde bu gatnaşyklary ösdürmek üçin ep-esli tejribe toplanandygy we oňaýly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýokary derejede geçirilen türkmen-moldowa duşuşygynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Onuň barşynda uzakmöhletli geljek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ýollary kesgitlenildi hem-de dürli ugurlar boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri döwletara syýasy gepleşigiň netijeli häsiýete eýedigini belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de türkmen-moldowa hyzmatdaşlygyny iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýän derejä çalt çykarmagyň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek boýunça işleriň dowam etdirilmegini, Hökümet derejesinde yzygiderli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, hususy telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparynyň işine aýratyn orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ugur alnandygyny, oňa innowasion häsiýet berlendigini nygtap, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebit we gazhimiýa pudaklarynda, dokma önümlerini öndürmekde, gurluşyk materiallary senagatynda türkmen-moldowa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Biziň ýurdumyzda Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamany nazara almak bilen, syýahatçylyk ulgamynda hem oňat mümkinçilikler açylýar.

Premýer – ministr Ýuriýe Lýanke Moldowanyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we öz ösüşinde haýran galdyryjy üstünlikler gazanýan Türkmenistan bilen köpugurly uzakmöhletli gatnaşyklary ösdürmäge meýillidigini tassyklap, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunda Türkmenistanda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň we işewürlik hyzmatdaşlygy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi örän wajyp ähmiýete eýedir. Premýer-ministr Ýuriýe Lýanke moldowa tarapynyň Türkmenistanyň birgiden pudaklaryň toplumynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky tekliplerine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz we Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň Baştutany ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, sebitleýin hem-de yklymara ähmiýetli täze üstaşyr – ulag geçelgelerini döretmek babatda bu ulgamlaryň uly ähmiýete eýedigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Ýuriýe Lýanke türkmen döwletiniň Baştutanynyň sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde häzirki zaman halkara ulag düzümini döretmek baradaky başlangyçlarynyň örän wajypdygyny we zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Ýuriýe Lýankeniň arasynda geçirilen gepleşiklere gatnaşan resmi wekiliýetiň düzüminde Gagauziýanyň baştutany (Başkan) Mihail Formuzalyň hem bolandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Gagauziýa (ýa-da Gagauz ýeri) Moldowanyň günortasynda ýerleşip, özbaşdak Awtonomiýa çägi bolan düzümdir. Onuň ilatynyň aglaba bölegi gagauzlardyr. Gagauziýanyň wekilleri indi birnäçe ýylyň dowamynyda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bolup durýarlar. Gagauzlar özleriniň etniki gelip çykyşy we dili boýunça türki halklaryň oguz toparyna degişlidir.

Gepleşikleriň barşynda Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň baştutany Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasyndaky medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini goldamak bilen, etniki taýdan ýakyn bolan türkmen halky bilen aragatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä jogap bermek bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň dünýäniň dürli halklary, şol sanda çäklerinde uzak ýyllaryň dowamynda dostlukly gagauz halky ýaşaýan Molodowa Respublikasynyň köp milletli ilaty bilen pugta medeni – gumanitar gatnaşyklary ýola goýmak bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideri Moldowa Respublikasynyň awtonomiýa çäkli düzümi bolup durýan Gagauziýa bilen ýakyn medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem üstünlikli we okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany Beýik Ştefanyň ýadygärligine tarap ugrady, şol ýerde ýadygärlige gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. XV asyryň ikinji ýarymynda – XVI asyryň başynda hökümdarlyk eden, öz topragynyň garaşsyzlygy ugrunda göreşen Moldowanyň ajaýyp hökümdaryna dikeldilen bu ýadygärlik Kişinýowyň köne seýilgähleriniň biri bolan “Ştefan çel Mare” seýilgähinde ýerleşýär.

Dabaraly ýagdaýda, harby orkestriň ýerine ýetirmeginde sazyň owazynyň astynda hormatly Prezidentimiz ýadygärlige gül goýup, Moldowanyň milli gahrymanlaryny hatyralaýar.

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ştefan çel Mare” seýilgähinden ugraýar.

Şol gün Moldowa Respublikasynyň Premýer – ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna günortanlyk nahar berdi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Igor Korman bilen duşuşygy boldy. Moldowanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy ýurduň Hökümetiniň Döwlet kabulhanasynyň eýwanynda belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy hormatly Prezidentimizi “Gyrmyzy” zalyna çagyrýar.

Duşuşygyň barşynda häzirki döwürde türkmen-moldowa gatnaşyklaryny ösdürmegiň, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biir hökmünde parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm wezipeleri barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Moldowanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekläp, türkmen Lideri bilen duşuşyga örän şatdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde haýran galdyryjy üstünliklere we ýokary halkara abraýyna eýe boldy. Jenap Igor Korman Türkmenistanyň Prezidentiniň bu saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belläp, şu gün Kişinýowda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-moldowa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Moldowanyň parlamentiniň baştutany döwletara gepleşiginiň ýokary derejä eýedigini belläp, Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň iri halkara gupramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň esasy düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Şonda biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy arkaly berkidilen hem-de türkmen döwletiniň döredijilikli syýasatynyň özenini düzüp, tutuş dünýäde giňden ykrar edilen we oňlanýan hemişelik bitaraplyk derejesiniň özboluşlydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Moldowa Respublikasynyň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşe degişli şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýandygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda jenap Igor Korman Türkmenistanyň Prezidentini Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň düzümi bilen tanyşdyrdy. Parlament ýurduň ýokary wekilçilikli we kanunçykaryjy edarasy bolmak bilen, 101 deputatdan ybaratdyr. Moldowa parlamentiniň Baştutany şeýle hem dört ýyl möhlet bilen saýlanylýan deputatlaryň esasy ygtaýyrlyklaryny hem-de kanunçykaryjylyk işini häsiýetlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem kanunçykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik institutlaryny kämilleşdirmegiň ýoly bilen öňe barýar. Bu işde biz ýurdumyz üçin möhüm bolan ähli ugurlary demokratik ýol bilen yzygiderli ösdürmäge, häzirki zaman hukuk döwletiniň esaslaryny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň örän möhüm tarapy – ozaly bilen bazar ykdysadyýetini durmuş ulgamy bilen utgaşykly ösdürmek, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, adamyň döredijilik we işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmek bilen aýrylmaz baglydyr. Ýurdumyzda 2012-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň maksadymyz we alyp barýan işlerimiz adam hukuklary boýunça umumy kabul edilen garaýyşlara laýyk gelýär diýip aýtdy. Aýry-aýry raýatlaryň hukuklary we azatlyklary baradaky düşünjäniň döwletiň ösüşiniň derejesi bilen aýrylmaz bagly bolmagy bu garaýyşlaryň esasynda durýar. Şeýle hem, döwletiň ykdysadyýetiniň, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýagdaýy halkyň ýaşaýyş derejesi bilen aýrylmaz baglydyr. Bu meselede biz häzirki döwrüň durmuş hakykatyna, adamlaryň zerurlyklaryna laýyklykda kanun çykarmak binýadyny hemmetaraplaýyn özgertmäge, Parlamentimiziň işini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda, aýratyn-da, soňky ýyllarda köp işleriň edilendigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşde tassyklanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Konstitusiýada täze taryhy şertler we geljekde öňde duran wezipeler göz öňünde tutuldy. Konstitusiýa laýyklykda Mejlisiň ygtyýarlyklary ep-esli giňeldildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygyny we duşuşyga gatnaşýan we dürli partiýalara wekilçilik edýän moldowaly parlamentarileri Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we işi bilen tanyşdyrdy. Türkmen Parlamentiniň işi döwletliligiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuş - ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda demokratik özgertmeler, şol sanda halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralaryny döretmek işi umumy ykrar edilen halkara hukuk ýörelgelerine, Milletler Bileleşiginiň ýokary gymmatlyklaryna we milli däplerimize doly laýyklykda alnyp barylýar. Köp partiýalylyk, dürli garaýyşlara, söz azatlygyna tarap tapgyrma-tapgyr hereket etmek biziň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri ösdürmegiň ugurlarynyň biridir. Geçen ýyl ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanun kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanda erkin we garaşsyz metbugatyň işini ýola goýmakda möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisine saýlawlaryň boljakdygyny habar berdi. Bu saýlawlar ilkinji gezek birden köp syýasy partiýalaryň gatnaşmagynda geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň dalaşgärleri saýlawlara öz maksatnamalary bilen barýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Dünýä ölçeglerine we içerki talaplara laýyk gelýän, hakyky öňdebaryjy kanunçylyk binýadyny döretmek güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman döwletini gurmak üçin düýpli esas bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu işde halkara tejribesini öwrenmegiň, hemmetaraplaýyn özleşdirmegiň we ony milli aýratynlyklara laýyklykda ulanmagyň örän möhümdigini nygtap, türkmen we moldowa parlamentarileriniň arasynda kanunçykaryjylyk işi babatda tejribe alyşmak işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde parlamentara derejesindäki gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini nygtap, şu günki duşuşygyň bu ugurda ilkinji täsirli ädim bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we Moldowanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, iki ýurduň we halklaryň dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy hoşlaşanlarynda, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Moldowa Respublikasynyň Prezidenti agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri mähirli hoşlaşdylar. Iki ýurduň Liderleri döwletara türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň netijelerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň we Moldowanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.