Şu gün Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň Ataýap obasynda 365 orunlyk täze sport mekdebi dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyryldy. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap sport desgalarynyň yzygiderli döredilýän giň ulgamynyň üstüni ýetiren nobatdaky ýöriteleşdirilen köp ugurly bu desga ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi.
Desganyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk ruhunda türgenleriň we çeper höwesjeňler toparlarynyň çykyşlary guraldy. Has tapawutlanan gurluşukçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe- sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary üstünlikler sportunyň ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna göterildi. Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda sport hereketiniň ýeten görlüp - - eşidilmedik ýokary derejesiniň netijeleri hökmünde türkmen türgenleriniň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda hem-de XXVII Bütindünýä talyplar uniwersiýadasynda ýakynda eden üstünlikli çykyşlaryny aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar.
Täze sport mekdebinde ruhy taýdan baý we beden taýdan berk ýaşlary terbiýelemek, olary sportuň dürli görnüşleri hem-de bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek üçin hemme şertler döredilipdir.
Mekdepde sportuň woleýbol, basketbol, tennis, gandbol, boks, gündogaryň başa - baş söweşleri, dzýudo, sagaldyş gimnastikasy we beýlekiler bilen meşgullanmak üçin niýetlenen giň zallaryň üçüsi bar. Esasy zalda tomaşaçy orunlary ýerleşdirilip, onda sportuň ol ýa-da beýleki görnüşleri boýunça türgenleşikleri hem-de ýaryşlary geçirip bolýar. Şeýle hem eminleriň, türgenleşdirijileriň otaglary, lukmançylyk nokady, desganyň durmuş üpjünçiligine degişli bolan özbaşdak ulgamlar göz öňünde tutulypdyr. Onuň abadanlaşdyrylan töwereginde şeýle hem açyk sport meýdançalary, şol sanda ýörite örtükli futbol meýdançasy we ylgaw ýodajygy gurlupdyr. Ozal şeýle mekdep etrabyň dolandyryş merkezinde hem açyldy.
Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty has-da ösdürmäge, şol sanda onuň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Daşoguz welaýatynda sport desgalarynyň gurluşygynyň depginleriniň barha ýokarlanýandygyny nygtadylar. Ulanmaga tabşyrylan şeýle desgalaryň eýýäm yzysüre şu günler Köneürgenç we Görogly etraplarynda, S.Türkmenbaşy hem-de S.A.Nyýazow adyndaky we beýleki etraplarda bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadionlary bolan täze sport desgalary hem-de ýöriteleşdirilen sport mekdepleri bina edilýär.