Ï Woleýbolyň weteranlarynyň çempionaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Woleýbolyň weteranlarynyň çempionaty

view-icon 926
Türkmenbaşy şäherinde sportuň baýry türgenleriniň arasynda woleýbol boýunça çempionat geçirildi. Adaty ýaryş Türkmenistanyň Sport boýunça döwlet komiteti we Türkmenistanyň woleýbol boýunça federasiýasy tarapyndan sport öýünde gurnaldy. Bu çempionata ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan dokuz sany topar gatnaşdy.

Ýaryşa gatnaşyjylar iki bölümde toparda etdiler. 40-50 ýaş aralygynda Balkan welaýatynyň topary ilkinjileriň hatarynda boldy. Mary welaýatynyň woleýbolçylary ikinji orna, aşgabatly türgenler bolsa üçünji orna mynasyp boldular. 50 ýaşdan ýokary toparda birinji orna Aşgabadyň topary mynasyp bolsy. Ikinji orny Mary we Lebap welaýatynyň woleýbolçylary paýlaşdylar.

Ýapylyş dabarasynda ýeňijilere medallar we göçme kuboklar hem-de Türkmenistanyň Sport boýunça döwlet komiteti we Türkmenistanyň woleýbol boýunça federasiýasy tarapyndan diplomlar gowşuryldy.