Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

view-icon 765
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Huan Karlos I Santýago-de-Kompostela şäheriniň golaýynda demir ýol heläkçiliginiň bolup geçmegi we onuň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany şeýle hem gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.