Ï Ýaşaýyş - durmuşyň sazlaşygy döredijilikli zähmetde we sagdyn dynç alyşdadyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşaýyş - durmuşyň sazlaşygy döredijilikli zähmetde we sagdyn dynç alyşdadyr

view-icon 985
Şu ýörelgä eýermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň türkmen kenarynda--“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda özüniň gysga möhletlik dynç alşyny dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda deňiz syýahatçylyk zolagyny döretmek barada 2007-nji ýylda başyny başlan taslamasy Türkmenistany ösdürmegiň strategiýasynda möhüm orun eýeleýär we “Döwlet -- adam üçindir!” diýen şygara doly laýyk gelýär. Arassa deňiz suwy, hoştap howasy, mineral çeşmeleri we bejeriş palçyklary bilen meşhur bolan Hazar deňziniň türkmen kenary dynç alyş we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin örän amatlydyr. Hut Awaza türkmen ykdysadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam edip, ýurdumyzyň syýahatçylygynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmen döwletiniň taryhynda deňi-taýy bolmadyk bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa, türkmen halkynyň bähbidine ägirt uly tebigy hem-de serişdeler kuwwatyndan doly peýdalanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşlarynda nygtaýşy ýaly, bu taslama şeýle zolaklary döretmek babatda özünde dünýä tejribesini jemlemelidir we şunda häzirki bazar şertlerinde hojalygy netijeli ýöretmegiň we dolandyrmagyň türkmen nusgasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutmalydyr.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy we deňziň kenaryndaky 16 kilometrlik zolakda köpsanly myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň peýda bolmagy üçin döwletimiz ABŞ-nyň milliardlarça dollaryny goýberdi. Bu ýerde her bir desganyň gurluşygy öňdebaryjy inženerçilik – tehniki pikiriň we şähergurluşygynyň iň soňky gazananlaryna esaslanandyr.

Türkmenbaşy şäherinde we onuň eteginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň – bu ýerde işleýän kompaniýalar we maýadarlar üçin ýeňillikli wiza, gümrük hem-de salgyt ýagdaýy bolan aýratyn ykdysady giňişligiň döredilmegi Hazaryň kenarynyň “syýahatçylyk merjenine” öwrülmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy dynç alyş we syýahatçylyk ulgamyna kuwwatly maýa goýumlarynyň çekilmeginiň hasabyna ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga düýbünden täzeçe çemeleşilmegine itergi berdi. Özüniň möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu innowasion – maýa goýum taslamasy işewürler hem-de jemgyýetçilik – syýasy toparlaryň arasynda ägirt uly gyzyklanma döredip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da uly ähmiýete eýe boldy. Ol türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrdy.

Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş-bejeriş merkezleriniň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, kottej şäherjikleriniň tutuş toplumy peýda boldy. Olaryň her biri özboluşly binagärlik ugry hem-de täsin bezeg çözgütleri bilen tapawutlanýar. Şol binalarda häzirki zaman ýörelgeleri hem-de milli däpler sazlaşýar. Bu ýerde restoranlar we kafeler, kinokonsert we maslahatlar zallary, suwa düşülýän howuzlar, fitnes-merkezler, çagalaryň oýun meýdançalary we sport meýdançalary, tennis kortlary, şeýle hem awtomobil duralgalary we beýlekiler dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Myhmanhanalaryň ählisinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen sagaldyş merkezleri bar.

Uzynlygy 7 kilometre barabar bolan gämi ýüzýän derýa Awazanyň ajaýyplyklarynyň biridir. Onuň kenarlarynda amatly restoranlar we kafeler ýerleşýär. Özüne medeni-dynç alyş merkezlerini birleşdirýän dynç alyş ulgamy hem okgunly ösdürilýär. Şol bir wagtyň özünde degişli inženerçilik-tehniki düzümi döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Hazar deňziniň kenarynyň bu täsin künjeginiň aýratynlyklary barada aýdylanda, häzirki wagtda onuň türkmenistanlylaryň höwes bilen dynç alýan, halkara ähmiýetli forumlaryň, işewür gepleşikleriň we ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek möhümdir. Munuň üçin Awazada ähli zerur şertler döredildi.

Şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, şeýle hem beýleki düzüm birlikleriniň buýurmasy boýunça gurlan täze desgalaryň ençemesiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy bu uly ähmiýetli we giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Täze ajaýyp kottejler toplumlary, myhmanhanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, ýahta-kluby Hazaryň kenarynda öňden bar bolan kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň üstüni ýetirip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelýän raýatlarymyz hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin gapylaryny giňden açdylar.

Umuman, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan we häzirki wagtda gurulýan desgalar ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösýändiginiň hem-de türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäkleriniň ep-esli giňelendigini nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylara bu ýerde ähli zerur gulluklary bolan täze etraby döretmek baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Ýakyn geljekde Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dünýä derejesindäki dynç alyş merkezleriniň we myhmanhanalarynyň ýene-de ençemesi peýda bolar. Bu ýerde doly möçberli dynç alyş we güýmenje düzümi dörediler, şol sanda kinoteatrlar, akwaparklar, sport klublary, kempingler, dürli attraksionlar gurlar. Merkezi Aziýanyň “deňiz derwezesiniň” binagärlik keşbi düýpli özgerer: Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda täze owadan we döwrebap şäher peýda bolar. Onda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, medeni we söwda merkezleri gurlar, köpsanly suw çüwdürimleri, gür bagly seýilgähler hem-de seýilbaglar dörediler.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlarymyzyň abadançylygy barada edýän taýsyz tagallalarynyň, ata Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr.

... Häzir, tomusky dynç alyş möwsüminde bu ajaýyp künjege örän köp adam ýygnanypdyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden türkmenistanlylaryň müňlerçesi gojaman Hazaryň kenaryna gelipdir. Bu ýerde arassa çägeli suwa düşülýän ýerler, jana şypaly howa we deňziň mylaýym suwy diňe bir oňat dynç almaga däl, eýsem, saglygyňy berkitmäge hem mümkinçilik berýär. Tebigatyň özi Türkmenistanyň günbataryndaky bu gözel künjek barada alada edip, ony maşgala bolup dynç almak, wagtyňy hoş geçirmek hem-de saglygyňy berkitmek üçin ajaýyp ýere öwrüpdir.

Agşamlaryna bolsa bu jenneti künjek dürli reňkli yşyklar bilen öwşün atýar, ähli ýerde aýdym-sazyň owazy ýaňlanýar. Amfiteatryň öňündäki meýdançada bolsa “tans edýän” suw çüwdürimleri aýratyn gözellik döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça gurlan seýilgäh toplumynyň dürli reňkde öwşün atýan suw çüwdürimleri milli sazlaryň owazlary bilen özboluşly sazlaşyk döredýär.

Şu tomus günlerinde hökümet Baştutanynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary hem özleriniň gysga wagtlyk dynç alşyny Awazada geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 21-31-nji iýul aralygynda ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryna dynç alşyň yglan edilýändigini habar berdi. Şol dynç alyş günlerini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Arçman, Ýylysuw, Mollagara we beýleki şypahanalarda geçirip boljakdygy mälim edildi.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanly, şol sanda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi üçin gündelik durmuş kadasyna öwrülýär. Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, yzygiderli geçirilýän türgenleşikler adamlarda zähmetsöýerlik, tutanýerlilik we maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, wise-premýerler, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Mejlisiň deputatlary dynç alan mahalynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara hem gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolmak bilen, möhüm döwlet işlerini işjeň dynç almak bilen utgaşdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 24-25-nji iýulynda Moldowa Respublikasynda resmi saparda bolmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şonda geçirilen netijeli gepleşikler, şeýle hem saparyň barşynda gol çekilen resminamalar gürrüňsiz, özara bähbitli türkmen-moldowa hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ýardam eder. Bu ýagdaý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerini ähli zatdan ilerde tutýanlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, däbe öwrülen gün tertibine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz her gün irden bedenterbiýe bilen meşgullanýar. Ine, milli Liderimiziň gysga möhletlik dynç alyş günleri hem şeýle boldy.

...Ir säherden milli Liderimiz özüniň endigine görä, nobatdaky dynç alyş gününi Hazaryň gözel kenarynyň ugry bilen sport welosipedinde gezelenç etmekden başlady. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak indi biziň watandaşlarymyz üçin kada öwrülýär. Çünki sport bilen meşgullanmak diňe beden taýdan berkligi kepillendirmek bilen çäklenmän, eýsem, saglygyň we umumy ýagdaýyň gowulanmagyna getirýär. Sport–saglygyň we abadançylygyň girewidir.

Häzir Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary üstünlikler sportunyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” şygary astynda ýaryşlary geçirmek baradaky başlangyjy hem uly ähmiýete eýedir. Şol ýaryşlara mekdep okuwçylary we talyplar, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, dürli pudaklaryň işgärleri, ähli welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary işjeň gatnaşýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen mejlisinde gol çeken “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakyndaky” Kararynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellemelidiris. Ol sportuň bu meşhur görnüşleriniň biriniň yzygiderli ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosport bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüligini çekmäge hyzmat eder.

Milli Liderimiz döwlet işlerinden boş wagtlary sportuň suwdaky görnüşleri bilen hem meşgullanýar. Şu dynç alyş günleriniň birini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňizde suw motosiklini sürmek bilen başlady.

Häzir Türkmenistanda sportuň ençeme görnüşi, şol sanda Türkmenistan üçin adaty bolmadyk awtomobil, hokkeý, figuralaýyn typmak, sportuň suwdaky görnüşleri işjeň ösdürilýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze sport desgalary ýakyn geljekde bu ýerde sportuň suwdaky dürli görnüşleri, şol sanda baýdarkada we kanoede küreklemek, suw lyžalary hem-de windserfing boýunça gyzykly ýaryşlary guramaga mümkinçilik berer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman sport-sagaldyş desgalaryny gurmaga, ösen syýahatçylyk ulgamyny döretmäge, bu ulgamda bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa serişdeleri goýberilýär. Giň möçberli milli maksatnamalaryň, şol sanda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde eýýäm sport desgalarynyň—halkara ülňülerine laýyk gelýän stadionlaryň, atçylyk-sport toplumlarynyň, bedenterbiýe – sagaldyş merkezleriniň ençemesi ulanmaga berildi we häzirki wagtda hem şu maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Täze gurulýan bilim we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynda häzirki zaman trenažorlar bilen üpjün edilen sport zallary, basketbol we woleýbol oýnamak üçin meýdançalar, suwda ýüzülýän howuzlar we beýleki desgalar bar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz iş wagtyny hem-de gysga wagtlaýyn dynç alyş döwrüni mümkin boldugyça netijeli peýdalanmagyň tarapdary bolup durýar. Ozaldan adata öwrülişi ýaly, milli Liderimiz boş wagtlaryny köplenç ylmy gözleglere, düýpli işleri hem-de edebi eserleri ýazmaga, kitap okamaga bagyşlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti dynç alyşda bolmak bilen, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň nobatdaky jildiniň üstünde işlemegini dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary döwletleriň birnäçe ylmy-gözleg merkezleriniň professory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň, şol sanda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” işiniň we türkmen tebigatynyň bejerijilik häsiýetine bagyşlanan beýleki işleriniň dünýäniň köp dillerine terjime edilendigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň galamynyň astyndan çykan her bir kitap diňe bir türkmenistanlylarda däl, eýsem-de, daşary ýurtly okyjylarda hem uly gyzyklanma we giň jemgyýetçilik seslenmesini döredýär. Ylmy häsiýetinden başga-da, bu kitap köp maglumatlary özünde jemleýär hem-de köp sanly okyjylara türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň bir bölegine ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär.

Nobatdaky jildiň üstünde işlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti köpsanly çeşmeler bilen örän uly üns bilen tanyşdy. Munuň özi täze ylmy işiň esasyna öwrüldi.

Bu gün bolsa hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň kenary boýunça guran welosipedli gezelenjine döwlet Baştutanymyzyň agtygy hem goşuldy. Ýolugruna milli Liderimiz agtygyna ajaýyp suwa düşülýän ýerleri, arassa we dury suwy, ýakymly howasy, deňiz ösümliklerine we jandarlaryna baý bolan Hazar deňziniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bu ýerde jemlenen ajaýyplyklar Hazaryň kenaryndaky jenneti mekanyň jana ýakymly tebigatyndan we gözelliginden lezzet almaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýeriň tebigy aýratynlygy hakynda gürrüň bermek bilen, deňiz howasynyň hem adamyň saglygy üçin edil bedenterbiýe we sport bilen meşgullanan ýaly örän peýdalydygyny belledi.

Milli Liderimiz dynç alyş günlerinde agtyklary bilen duşuşmaga we söhbetdeş bolmaga hem wagt tapýar. Olar milli Liderimiziň göreldesine eýerýärler we boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge çalyşýarlar. Mysal üçin, olar boş wagtynda saz çalmak, surat çekmek, kitap okamak bilen meşgullanýarlar. Dürli ugurlar boýunça gymmatly maglumatlary özünde jemleýän birnäçe kitaplaryň awtory bolan döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen söhbetdeş bolanda olara maslahat berişi ýaly, agtyklaryna-da köp okamagy, ylymlar dünýäsine çuňňur aralamaşmagy ündeýär. Eser okamak bilen, siz ondan kän peýdaly zatlary, şol sanda geljekde durmuşa geçirip biljek gyzykly pikirleriňizi susup alyp bilersiňiz diýip nygtady. Agtyklary öz gezeginde, atalaryna gazanan üstünlikleri—okan kitaplary hakynda gürrüň berýärler, goşgy okaýarlar, çeken suratlaryny görkezýärler hem-de fortepýanoda täze öwrenen sazlaryny çalýarlar.

Döwlet Baştutanymyz özüniň boş wagtynda bagda işlemek, agaçlara we ýaş nahallara ideg etmek bilen hem meşgullanýar. Köp halatlarda bu işde milli Liderimize döwlet Baştutanymyzyň agtygy hem goşulýar. Bu gün hem şeýle boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen dürli agaç nahallary oturdylan baga tarap ugrady.

Milli Liderimiz bagda iş başynda agtygy bilen söhbetdeş bolup, biziň ata – babalarymyzyň agaç nahallaryny oturtmagy, bag ýetişdirmegi sogaply iş hasaplandyklaryny gürrüň berdi. Bagyň gülläp ösmegi üçin bolsa oňa yzygiderli ideg etmek zerur bolup durýar.

Yssy howa şertlerinde ýaşan türkmen halky asyrlaryň dowamynda mähriban topragymyzy gülläp ösýän baga öwürmegi arzuw edipdir. Biziň ata-babalarymyz bu arzuwy hasyl etmek üçin gür baglyklary döredipdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bag ekmek babatda yzygiderli durmuşa geçirýän maksatnamasyna laýyklykda her ýyl agaç nahallarynyň millionlarçasy oturdylýar. Biziň ýurdumyz ajaýyp baglaryň, täsin seýilgähleriň we tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Munuň özi gadymy we müdimi juwan türkmen topragynyň yzygiderli ösýändigini we täzelenýändigini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, nesil terbiýesinde zähmet örän uly ähmiýete eýedir. Bu asylly ýörelge ýaşlaryň watansöýüjilik, mähriban topraga yhlasyňy siňdirmek ýaly endikleriniň ösdürilmegini şertlendirýär.

Milli Liderimiz dynç alyş günleriniň birinde agtygy bilen balyk tutdy. Balyk tutulýan ýere barýarka döwlet Baştutanymyz agtygyna gadymdan bäri balygyň Hazaryň esasy baýlyklarynyň biri hasaplanýandygyny, balyk awlamagyň bolsa türkmenleriň däbe öwrülen işi bolandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz çeňňegi suwa oklap, Hazar deňzinde duş gelýän balyklaryň dürli görnüşleri barada gürrüň berdi. Özi-de, şol balyklaryň köp bölegi gelip çykyşy boýunça süýji suwda ýaşan balyklardyr. Bu balyklaryň ählisi Ortaýer deňziniň jandarlarynyň wekilleridir. Olar Hazaryň gaty bir şor bolmadyk suwunda ýaşamak üçin şertleri tapypdyr.

Bir söz bilen aýdylanda, döwlet Baştutanymyzyň gysga wagtlyk dynç alşy mazmun taýdan baý boldy. Şol günler diňe işjeň dynç almak bilen däl-de, eýsem, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garamak we olary çözmek bilen uly ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda nygtaýşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklary “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen şygarda jemlenendir.