Ï Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalar ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalar ulanmaga berildi

view-icon 795
Şu gün Türkmengala etrabynyň dolandyryş merkezinde durmuş maksatly möhüm desganyň – 360 orunlyk sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasynyň arasynda ýeňil atletika, sambo, dzýudo, çeper gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaş ýigitleriň we gyzlaryň görkezme çykyşlary boldy. Täze binany gurmak boýunça tabşyrygy üstünlikli berjaý eden ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň has-da tapawutlanan hünärmenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylanlary joşgun bilen wasp etdiler.

Däp bolşy ýaly, uly baýramçylyga mahsus ýagdaýda geçirilen dabara welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, sport barada kuwwatly binýady döretmek ugrunda içgin alada edýändigini bellediler. Ýaş türgenleriň döwlet Baştutanymyza "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" üstünlikli amala aşyrylymagynyň çäklerinde soňky ýyllarda Murgap jülgesiniň oba ýerlerinde gurlan desgalaryň toplumynyň üstüni ýetiren täze sport mekdebiniň bina edilendigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şäherçäniň täze binalaryň hasabyna keşbi täzelenýän ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýän täze mekdep sport bilen meşgullanmagy halaýanlar üçin bedenterbiýäni ösdürmek we ýaşlaryň sport ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça ýene-de bir döwrebap merkeze öwrüler.

Bu mekdepde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň zallar, türgenleşik geçirilýän, mini-futbol, woleýbol, basketbol, gandbol, küşt-şaşka oýunlaryny geçirmek üçitn niýetlenen zallar bar. Şeýle hem sportuň suwda oýnalýan görnüşleri boýunça türgenleri taýýarlamak üçin şertler döredildi hem-de bu ýerde tomaşaçylar üçin niýetlenen münberler we suwa düşülýän howuz bar. Tälimçileriň düzümi, eminler üçin niýetlenen otaglar, lukmançylyk nokady, suwa düşülýän ýerler döwrebap gurluşyk materiallaryny ulanmak arkaly timarlandy.

Binanyň daş-töwereginde bagy-bossanlyga bürelen we abadanlaşdyrylan ýerde sport meýdançalary bar hem-de şunda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikler döredildi.

* * *

Şu gün Gubadag etrabynyň dolandyryş merkezinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda gurlan 160 orunlyk täze çagalar bagy ulanmaga berildi.

Çagalaryň hem-de çeper höwesjeňleriň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň has tapawutlanan hünärmenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu ýerde ýygnanan welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça giň gerimli özgertmeleriň bilim ulgamynyň ähli düzümleriniň, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň özgerdilmegine hem-de olaryň dünýä derejesine ýetirilmegine, ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi üçin ähli şertleriň döredilmegine ýardam berendigini bellediler.

Täze binanyň umumy meýdany 2 gektardan gowrakdyr. Özara birleşýän iki gatly toplumlaryň dördüsinden ybarat bolan bina dürli ýaşdaky çagalaryň toparlarynyň 7-si üçin niýetlenendir. Tälim bermek we çagalaryň döredijiligi üçin amatly mebel we zerur esbaplar bilen üpjün edilen jaýlardan başga-da, ýatylýan otaglar hem bar. Täze binada lingafon we kompýuter otaglary, dürli, şol sanda milli saz gurallarynyň toplumyny özünde jemleýän aýdym- saz zaly bar. Çagalaryň türgenleşmegi üçin niýetlenen sport zalynda dürli esbaplar goýlupdyr. Şeýle hem binada başga-da birnäçe otaglar bar.

Sport meýdançalary, oýun oýnalýan ýerler bilen birlikde çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäginde açyk howada dynç almak we oýun oýnamak üçin niýetlenen telärleriň 7-siniň, tomsuna suwa düşülýän ýeriň we beýlekileriň bolmagy çagalara intellektual bilim bermek, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürilmegine we çagalaryň saglygynyň goralmagyna aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Bu ýerde gurlan lukmançylyk nokadyndaky otaglaryň sanyny göz öňünde tutup aýdanyňda, ony saglygy goraýyş ulgamynyň kiçeňräk edarasy bilen deňeşdirmek bolar. Täze çagalar bagyny elektrik energiýasy, suw we ýylylyk bilen ygtybarly üpjün edýän özbaşdak ulgamlar bar. Şeýle hem bu ýerde tehniki maksatly zerur desgalaryň toplumy ýerleşip, olaryň arasynda döwrebap durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhana, geýim ýuwulýan ýer bar.

Şäherçäniň merkezinde gurlan mekdebe çenli täze edara bu ýerde döredilýän döwrebap binagärlik toplumynyň bir bölegine öwrüldi. Şu toplumda eýýäm gurlan we häzirki wagtda bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi bar. Şolaryň arasyndan 1,5 müň orunlyk stadionly uly sport toplumyny, sport mekdebini, Medeniýet öýüni we beýlekileri görkezmek bolar.