Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2013-nji ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynyň başga-da birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp we gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däpleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini we eden etmişine ak ýürekden ökünip, toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek çäresiniň asylly adata öwrülendigini belledi hem-de «Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky» Permanyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi . Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilen 1166 raýatyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekýändigini aýtdy hem-de günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna bararlary ýaly ähli zerur işleri geçirmegi hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip nygtady. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy hem-de günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowyň hasabat bermegi bilen dowam etdi. Hususan-da, 2013-nji ýylyň ýedi aýynda wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň deslapky netijeleri barada habar berildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 127,4 göterime barabar boldy. Şunda bölek-satuw söwda dolanyşygynyň möçberi 15,2 göterim, lomaý söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 34,8 göterim artdy. Ministrligiň kärhanalarynda öndürilen önümleriň möçberi boýunça görkeziji 102,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmegi boýunça meýilnama 283,5 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýedi aýda söwdalaryň 89-sy geçirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bellige alnan geleşikleriň umumy bahasy 26,3 göterim ýokarlandy. Gurluşyk boýunça şertnamalaryň umumy bahasy 96,2 göterim artdy.
Bu döwürde Söwda-senagat edarasy tarapyndan halkara sergileriniň 13-si we maslahatlaryň 11-si geçirildi. Şular bilen bir hatarda, bu gurama tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek boýunça işler yzygiderli dowam edýär. Hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek işleriniň görkezijisi 107,4 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işi barada aýdylanda, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden senagat önümleri 67 göterim, oba hojalyk önümleri 52 göterim köp öndürildi. Gurluşyk işleriniň ösüş depgini 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 163 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça jemi haryt dolanyşygy 47 göterim artdy, ilata edilen hyzmatlaryň möçberi 81 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek, esasan-da, özümizde öndürilen harytlar bilen üpjün etmek, harytlaryň, hyzmatlaryň görnüşini giňeltmek we ilata edilýän hyzmatyň medeniýetini gowulandyrmak, şeýle hem söwda ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Ýurdumyzyň söwda edaralarynyň we bazarlarynyň işine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmagyň, şol sanda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz şu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda geçen ýedi aýda DIM-niň geçiren işleriniň jemleri barada, şeýle hem awgust aýynda meýilleşdirilen çäreler hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz hem-de yzygiderli ösdürýändigi bellenildi.
Hasabat döwründe daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň baştutanlarynyň biziň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen gepleşikler we duşuşyklar hem-de gazanylan ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda täze täsirli çäreler boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň we Moldowa Respublikasyna resmi saparynyň jemleri hem Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünliginiň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar. Ol saparlar däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi.
Biziň ýurdumyzyň şu ýylyň aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wise-başlyklygyna we iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji maslahatynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna şaýatlyk edýär.
Tutuşlygyna alnanda, ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistana daşary ýurtly weýiliýetleriň 379-sy geldi. Şol wagtda biziň ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 350-si daşary ýurtlarda boldy. Geçen ýedi aýda Türkmenistan ençeme gezek halkara maslahatlarynyň – dürli ugurlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga ýardam edýän maslahatlaryň, sergileriň, seminarlaryň we beýleki çäreleriň geçirilen ýeri boldy. Hasabat döwründe halkara resminmalarynyň 64-sine gol çekilendigi hem habar berildi, olar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Yzygiderli esasda geçirilýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işi hem Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de çuňlaşdyrmgy maksat edinýär. Geçen ýedi aýda geňeşmeleriň 24-si we hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 10-sy geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen gumanitar-medeni gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.
Wise-premýeriň hasabatyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakyn wagtda bu ýurda bellenilen iş saparyna taýýarlyk görmek hakynda hem habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem giň oňyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny gyşarnyksyz durmuşa geçirjekdigini, döwletara derejesinde hem, sebitleýin we halkara derejesinde hem netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasyna öňde boljak iş saparyna degişli meseläniň üstünde durup geçmek bilen, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny birleşdirýän we häzirki wagtda mynasyp dowam edýän köpasyrlyk taryhy we ruhy - medeni aragatnaşyklar döwletara gatnaşyklarynyň ygtybarly esasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, ähli möhüm ugurlarda, şol sanda, strategiki ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli häsiýetini belledi, şol ulgamda eýýäm gaz geçirijilerini gurmak boýunça birnäçe möhüm taslamalar durmuşa geçirildi, şol gaz geçirijileri boýunça türkmen “mawy ýangyjy” Eýrana iberilýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklar hem geljegi uly bolup durýar, munuň özi iki goňşy ýurduň geografiki taýdan ýerleşişi bilen ýüze çykandyr. Bu babatda transmilli “Demirgazyk–Günorta” demir ýoluny gurmak boýunça bilelikdäki taslamanyň amala aşyrylmagy aýdyň mysal bolup biler. Ol halkara-üstaşyr ulag ýolunyň ykdysady nukdaýnazaryndan başga-da, özboluşly sebitleýin we yklym ähmiýetli dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara türkmen-eýran gatnaşyklarynyň okgunly, artýan depgini hakynda söz açyp, bu ugurda bar bolan uly mümkinçilikleriň has doly durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda we Eýranda iki ýurduň haryt öndürijileriniň sergileriniň we bilelikdäki işewür maslahatlaryň guralmagyna gönüden-göni ýardam edýär diýip belledi. Şunda häzirki zaman anyk ýagdaýlary we mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň täsirli usuly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.
Elbetde, medeni-gumanitar babatda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy, barha pugtalanýan iki ýurduň arasyndaky ylmy hem-de medeni gatnaşyklar, şeýle hem bilelikdäki döredijilik maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmegiň iş tejribesi munuň tassyklanmasy bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti bu aýdylanlary umumylaşdyrmak bilen, abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli ösdürilýän we dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň iň oňat däplerinde, uzak möhletli, özara peýdaly we bireg-biregiň bähbitlerine sarpa goýmak ýörelgelerinde guralýan türkmen-eýran döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de giňediljekdigine ynam bildirdi.
Bu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýere Eýran Yslam Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra şu ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň deslapky jemleri hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwri ýokary makroykdysady görkezijiler we jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bilen häsiýetlendirilýär. Mysal üçin, 2013-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda deslapky maglumatlara laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgini 109,7 göterime barabar boldy. Jemi öndürilen önümleriň ösüşi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 112,8 göterim derejesinde üpjün edildi. Hakykatda, ähli pudaklarda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Şu ýylyň 7 aýynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 2012-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 119,7 göterime barabar boldy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi boýunça görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 107,9 göterime barabar boldy. Bu görkezijileriň jemi içerki önüme gatnaşygy artdy we 45,2 göterime ýetdi.
Wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşy hakynda çykyş edip, ýedi aýdaky deslapky maglumatlar boýunça özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19 göterim ýokarlandy diýip belledi. Hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň 86-synda gurluşyk işleri tamamlandy, munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 2,3 esse köpdür.
Döwlet Baştutanymyzyň orunbasary Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, onuň girdeji böleginiň 118,7 göterim derejesinde, çykdajy böleginiň bolsa 95,8 göterim derejesinde ýerine ýetirilendigini habar berdi. Iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2012-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda ortaça aýlyk iş haky 10,7 göterim artdy.
Tutuşlygyna alnanda, ýedi aýda gazanylan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş ykdysady ösüşiniň maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli şertleriň bardygyna şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýokary makroykdysady görkezijileriň we milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdebaryjy özgertmeleriň netijesi bolup durýanydygyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we ähli pudaklarda önümçiligiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz maliýe serişdeleriniň peýdalanyşynyň möçberini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ykdysady strategiýanyň möhüm taraplary bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu barada anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürimegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeler hakynda söz açyp, Türkmenistanyň Prezidenti bu ortaça möhletli strategiýanyň milli ykdysadyýetimizi çalt ösdürmegi, maýa goýum işjeňligini artdyrmagy, durmuş taýdan goraglylygy ýokarlandyrmagy we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagy üpjün etjekdigini belledi. Bu babatda milli Liderimiz ähli meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmak barada wise-premýere görkezme berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 7 aýyndaky işiniň jemleri barada habar berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň 7 aýynyň dowamynda pudaklaýyn edaralar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde birnäçe kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň maslahatlarynyň üçüsinde kanunçylyk resminamalarynyň 50-si, şol sanda kanunlaryň 26-sy hem-de kararlaryň 24-si kabul edildi, ozal kabul edilen kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. Häzirki wagtda iri kanunçylyk namalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Häkimlikler bilen bilelikde ýurdumyzyň geňeşlikleriniň, etraplarynyň we şäherleriniň çäklerini üýtgetmek bilen baglylykda, iri şäherçeleri döretmek barada degişli resminamalary taýýarlamak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de kabul etmek boýunça işleriň geçirilendigi bellenildi.
Deputatlar ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de saýlawçylary bilen gatnaşykda bolup, durmuş meselelerini çözmäge ýakyndan ýardam edýärler.
Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň döwletimiziň durmuş – ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, deputatlaryň ünsüni parlamentiň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň 5-nji çagyrylyşynyň dekabrda boljak saýlawlary barada durup geçip, saýlawlaryň demokratik hem-de aç-açanlyk ýagdaýynda geçirilmeginiň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek babatda Mejlisiň işini işjeňleşdirmäge ünsi çekip, kanunçylyk resminamalaryny ilata düşündirmekde habar beriş serişdeleriniň, aýratynda-da, milli telewideniýäniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak barada aýdyp geçdi. Bu möhüm meseleler gepleşiklerde döredijilik çemeleşmeleri bilen tapawutlanmalydyr, raýatlarymyz üçin gyzykly bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şu ýylyň 7 aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hasabat berdi.
Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň jemi möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,2 göterim boldy.
Energetika ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-iýul aýylarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini geçen ýylyň şol döwründäki görkezijiler bilen deňeşdirilende 107,1 göterim boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça bu döwürde ösüş depgini 135,2 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini geçen ýyl bilen deňeşdirilende 127,1 göterime deň boldy.
Aşgabat şäheri boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetiri len işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 138,2 göterime barabar boldy.
Wise-premýer şeýle hem paýly gurluşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk pudagynyň önümçilik görkezijileriniň oňyn ösüşini belläp, Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň ýokary depginleriniň gurluşygyň depginlerini, gurluşyk serişdeleriniň çykarylyşynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyny, iň ýokary talaplara hem-de döwrebap ülňülere laýyk ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iň täze tehnologiýalary has giňden peýdalanmak, ýokary netijeli enjamlary we tehnikalary, umuman, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri öňde goýdy.
Döwlet Baştutanymyz “Paýly gurluşyk babatda ygtyýarlyk berlen edarany kesgitlemek hakyndaky” karara gol çekip, bina edilýän desgalaryň buýrujylarynyň we potratçylarynyň ählisine degişli bolan üýtgewsiz talaba – alnyp barylýan işleriň hökmany suratda bellenen möhletinde ýerine ýetirilmelidigine we hiliň iň ýokary ülňülerine laýyk gelmelidigine ýene-de bir gezek wise-premýeriň ünsüni çekdi. Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda gazanylan esasy ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň, umumy möçberleriniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,4 göterim artdy. Hususan-da, ösüş depgini Oba hojalyk ministrligi boýunça 117,1 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 100,6 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,1 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 109 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 130,4 göterime barabar boldy.
Ýurdumyzyň welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hem maglumat berildi. Hususan-da, wise-premýer ýerleri güýzlük däne ekişine taýýarlamak, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýan ideg işleri barada habar berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “2014-nji ýylda Türkmenistanda ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi. Bu karara laýyklykda, ýurdumyzda 860 müň gektara güýzlük bugdaý ekip, 1 million 600 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde pagta ýygymyny we güýzlik däne ekişi möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň ýolbaşçysyna bu ugurda ähli bellenen meýilnamalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde pudagyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly häzirki zaman tehnikalarynyň ýüzlerçesini özünde jemleýän tehniki parkynyň ähli kuwwatlyklaryny doly güýjünde ulanlmalydygyny belledi. Şunlukda, tehnikalaryň hemmesiniň gurat ýagdaýda bolmalydygyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz olaryň bökdençsiz işledilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Ýokarda agzalan karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere tohumlyk bugdaýyň hiline degişli meseleleriň berk gözegçilikde saklanmagy, her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryň giňden ornaşdyrylmagy, tutuşlygyna alnanda bolsa güýzlük däne ekişiniň guramaçylykly geçirilmegi boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Hojamuhammedowa söz berildi. Ol “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýylyň ýedi aýynda 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça ösüşiň gazanylandygy, nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini öndürmegiň möçberleriniň artandygy, şol sanda awtoulag benzinleriniň, tehniki çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ýokarlanandygy bellenildi. Şunda gözleg we täze ulanyş guýularyny burawlamaga ilkinji derejede üns berildi. Buraw işleriniň ösüş depginleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 124,6 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ýangyç--energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, energetika ugurlaryny we beýleki desgalary gurmak, şeýle hem nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda öňdebaryjy tejribä, tehniki we tehnologiýa mümkinçiliklerine eýe bolan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.
Öz gezeginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem «Türkmenabatdaky himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän sehi gurmak hakyndaky» kararyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygy barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 137,8 göterime barabar boldy. Sementiň önümçiligi boýunça 181,3 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 128,9 göterim, diwar materiallarynyň öndürilişi boýunça 123,4 göterim, gurnama demir-beton önümleriniň önümçiligi boýunça 122,5 göterim ösüş gazanyldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi boýunça ösüş 107,3 göterim, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 109,2 göterim boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan karary hödürläp, wise-premýer öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda kärhanalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, kuwwaty ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmek boýunça täze önümçilik desgasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, kükürt kislotasy oba hojalygy üçin zerur bolan fosfor döküniniň önümçiliginde esasy çig mal bolup durýar. Täze sehde öňdebaryjy dünýä öndürijilerinden bolan döwrebap enjamlar oturdylar.
Wise-premýeriň ynandyryşy ýaly, ýurdumyzyň senagat toplumynyň ähli düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin hemme zerur boaln çäreler görler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň we umuman,ýurdumyzyň yzygiderli ösüşinde senagat ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şunda milli Liderimiz bu ulgamyň pudaklarynyň netijeliligini we sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wezipeleriň çözülmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere senagat ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere, innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, pudak edaralarynyň işiniň zerur derejede guralmagyna, ähli ugurlar boýunça önümçiligiň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge degişli bolan birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenabatdaky himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän sehi gurmak hakyndaky» karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilmegine degişli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Soňra şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilen işler baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa çykyş etdi, ol kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň birnäçesiniň durkuny täzelemek we olary gurmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler, neşirýat gullugynyň we habar beriş serişdeleriniň işi hakynda hasabat berdi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň medeniýetiniň artýan mümkinçiliklerini görkezen aýdyň wakalaryň birnäçesine beslenendigi bellenildi. Dürli halkara festiwallarynyň we maslahatlarynyň geçirilmegi, ýurdumyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem köpsanly döredijilik çärelerine türkmen medeniýet işgärleriniň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Wise-premýer 2013-nji ýylyň awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Zehinli çagalaryň “Awaza—dostluk mekany” atly IV Halkara festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, şu ýylyň awgustynda durmuşa geçirmek bellenilen medeni çäreler we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi hakynda hem hasabat berdi. Onuň maksatnamasy çagalaryň intellektual ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen täsirli çäreleriň birnäçesini özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde-de milli medeniýetimizi we sungatymyz ösdürmek, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak meselelerine çynlakaý üns berjekdigini nygtap, milli medeniýetimiziň ägrt uly we özboluşly gatlaklaryny—türkmen halkynyň urp-adatlaryny we däp-dessurlaryny ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýetini belledi. Müňýyllyklaryň dowamynda biziň milli medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we adatlarymyzyň, nesilden-nesile geçip gelýän biziň halkymyzyň durmuş kadalarynyň durnukly ulgamy emele geldi. Bu däpleriň we durmuş gatnaşyklarynyň gözbaşlary halkymyzyň ruhy flosofiýasynda we giň dünýägaraýşynda jemleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Bu gymmatlyklar ýokary bilimli, ruhy we fiziki taýdan sagdyn şahsyýeti terbiýelemäge, ýokary derejede demokratiki türkmen jemgyýetini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, B.Nurmyradowa, S.Toýlyýewe ýüzlenmek bilen müňýyllyklaryň dowamynda biziň milli medeni gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlaryň, adatlaryň, halkymyzyň durmuşynyň kabul edilen kadalarynyň we düzgünleriniň durnukly ulgamynyň emele gelendigini aýtdy. Olar nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Bu asylly däp-dessurlar, durmuş kadalary halkymyzyň ruhy filosofiýasyndan we giň dünýägaraýşyndan gözbaş alýar. Bu gymmatlyklar aň-düşünjeli we ruhy taýdan ösen, sagdyn şahsyýeti terbiýelemäge, ýokary derejede demokratik türkmen jemgyýetini döretmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, biz medeniýetimizi ösdürmäge, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga aýratyn üns berýäris. Mundan beýläk-de medeniýetimizi ösdürmäge uly ähmiýet bereris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alymlardan, 5-nji ýyl talyplardan ybarat ýörite toparlary döredip, taryhy maglumatlary, halkymyzyň däp-dessurlaryny, adatlaryny öwrenmek we toplamak üçin welaýatlara ibermek maksadalaýyk bolar diýip aýtdy. Häzirki döwrüň milli däp-dessurlarymyza edýän täsiri bizde aýratyn gyzyklanma döredýär. Häzir köp däp-dessurlarymyz täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, has kämilleşdirildi. Köp adamlaryň häzirki zamanyň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan, halkara ölçegleri esasynda enjamlaşdyrylan jaýlarda, öýlerde ýaşaýandyklaryny, mellek alyp, döwrebap jaýlary gurýandyklaryny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz belledi. Täze jaýyň satyn alynmagy ýa-da gurulmagy mynasybetli geçirilýän, gadymdan däp bolup gelýän toý dabaralary hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, döwrüň ruhuna laýyklykda geçirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuşynyň gowulyga tarap özgerendigine ýene-de köpsanly mysallary getirip boljakdygyny belledi hem-de biz milli däp-dessurlarymyzy, adatlarymyzy, gadymdan gelýän gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenip, gorap saklap, medeniýetimizi aýawly saklamak üçin geljekki nesillerimize miras goýmalydyrys diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zehinli çagalaryň "Awaza-dostluk-mekany" atly Halkara festiwalynyň geçirilmegine degişli meseläniň üstünde durup geçmek bilen, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we dünýäniň dürli halklarynyň netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik hem-de intellektual ukyplaryny ösdürmäge ýardam etjek festiwalyň uly ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz bu işiň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýtmak bilen, meýilleşdirilen medeni çäreleriniň maksatnamasynyň hemmesini ýokary guramaçynyk derejesinde geçirmek hakynda görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz awgust aýynda bellenilýän baýramçylyklara, milli senenamamyzyň şanly wakalaryna bagyşlanylan çäreleriň milli öwüşginde geçirimegi barada hem wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Bilim ministrligi boýunça orta bilim mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş merkezleriniň birnäçesi ulanmaga berildi, birnäçe ýokary okuw mekdepleriň we Saglygy goraýyş we derman senagaty desgalarynyň täze binalarynyň gurluşygy dowam edýär.
Hasabatda ýurdumyzyň ýokary we orta mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan okuw we ylmy edebiýatlaryny taýýarlamaga uly üns berilýändigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň 169–sy neşir etmäge taýýarlanyldy. Olaryň 82-si eýýäm neşir edildi.
Gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanda halkara ylmy maslahatlarynyň we sergileriniň üçüsi geçirildi.
Türkmen okuwçylary halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde hem-de olimpiadalarda üstünlikli çykyş etdiler. Şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerinde 125 medala eýe boldular.
Türkmen türgenleriniň dünýä ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri hem guwandyryjydyr. Hasabat döwründe türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 94-sine gatnaşyp, medallaryň 205-sini gazandylar.
Mundan başga-da, häzirki wagtda ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň dowam edýändigi habar berildi. Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 6100 talyp, orta okuw hünärment mekdeplerine bolsa 6522 talyp kabul ediler.
Wise-premýer çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň dynç alşy baradaky mesele barada hem hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde iki tapgyrda jemi 85 müňden gowrak çaga dynç aldy.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky futbol boýunça şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Halkara ýaryşy barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim, ýaşlary terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamyndaky meseleleriň hemişe döwletimiziň we jemgyýetimiziň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda boljakdygyny nygtap, olaryň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdiriljekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmekde häzirki zaman bilim ulgamyna uly ornuň berilýändigini belläp, milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky futbol ýaryşynyň geçirilmegi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, baş baýrak ugrundaky ýaryşlara gatnaşýan toparlaryň sanynyň ýylba-ýyldan köpelýändigini belledi. Munuň özi bu halkara ýaryşynyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, bu halkara ýaryşynyň örän ýokary derejede geçirilmelidigini nygtap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra gözegçilik edýän ulag wa aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda geçirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen hökmüet Baştutanynyň orunbasary A.Ýegeleýew çykyş etdi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, tutuşlygyna alnanda, ulag--aragatnaşyk pudagy boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgini 108,2 göterime barabar boldy.
Hususan-da, ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda ösüş depgini geçen ýylyň ýedi aýynyň derejesine görä, degişlilikde Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça 121,5 göterime we 103, 4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 103,8 göterime we 102, 6 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 100,4 göterime we 133,3 göterime; “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 109 göterime we 104,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe ýurdumyzda telefon nokatlaryny gurnamak işinde ösüş depgini 189,5 göterim boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda önümçilik görkezijileriniň oňyn ösüş depginini belläp, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda geçirilýän tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň netijesi bolandygyny nygtady. Döwletimiz geljekde-de howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglaryny ösdürmek meselelerine uly üns berer diýip, mili Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýük daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem ilata hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmagy belledi. Telekommunikasiýalar babatda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin iň öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary has giňden peýdalanmak hem-de Internet serişdelerini has netijeli ulanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etmek bilen, tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösýär, jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokarlanýar we 7 aýyň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hemmesi diýen ýaly ýokary görkezijilere eýe boldy diýip belledi.
Şunuň bilen birlikde, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça entek talaba laýyk iş alyp barmaýarlar, ýaramaz işleýärler diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şoňa görä-de, käbir kärhanalarda ösüş depgininiň pese düşýändiginiň duýulýandygyny aýtdy. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowa ýüzlenip, oňa öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalaryndaky ýagdaýy gysga wagtyň içinde öwrenmegi we olaryň işini hemmetaraplaýyn seljermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa oba hojalygynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişini gowy öwrenmegi tabşyrdy. Pudakda öňe gidişlik bar, ýöne aýry-aýry ugurlarda işleriň depginini has-da güýçlendirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýylyň ikinji ýarymy üçin ähli ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeler anyk kesgitlendi. Milli Liderimiz hemmeleri gowy dynç alanlaryndan soňra, indi yhlas we tutanýerlilik bilen işlemäge çagyrdy.
Şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalan we ençeme degişli resminamalara gol çekilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda uly baýram golaýlap gelýär diýip belledi hem-de «Oraza baýramyny bellemek hakyndaky» Permana gol çekdi. Bu Permana laýyklykda, türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramynyň bellenýän güni – 8-nji awgust iş güni däl diýlip yglan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.