Şu gün Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kabulhanasynda Türkiýe Pespublikasynyň daşary işler ministri jenap Ahmet Dawutogluny kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip we mukaddes Oraza baýramy bilen gutlap, myhman döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň mähirli salamyny hem-de abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Ahmet Dawutoglunynyň belleýşi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär we biziň ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň ýolunda gazanýan üstünlikleri uly ruhubelentlik bilen kabul edilýär.
Hoşniýetlit sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň ýolaşçy düzümine özüniň salamyny we arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň Türkiýe bilen soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň halklarynyň mizemez dostluk we köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şunda, özara peýdaly gatnaşyklary ähli ugurlar-- söwda-ykdysady we energetika pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy türkmen-türk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu jähetden ylym, bilim we medeni ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň hem-de giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi hem-de onuň iki doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyny şertlendirýändigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ylym-bilim we medeni gatnaşyklar, iki ýurduň hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça tejribe alyşmak kuwwatly itergä eýe boldy.
Hormatly Prezidenitimiz we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri duşuşugyň ahyrynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň hem-de halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.