Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda welaýatlarda alnyp barylýan işler, pagta ýygymyna görülýän taýýarlygyň ýagdaýy, tehnikalaryň bu jogapkärli möwsüme birkemsiz taýýarlanyşy, gowaçalaryň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler, sebitlerdäki möhüm desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy, howanyň yssy günlerinde ýangyn howpsuzlygyna garşy görülýän çäreler, mekdepleri täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de ýyladyş ulgamlaryny we enjamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän zerur çäreler bilen baglanyşykly meseleler bilen içgin gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler we sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hususan-da, häkim pagta ýygymynda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk ýagdaýy, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň barşy, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanan çäreleriň meýilnamasy barada habar berdi. Şeýle hem ol pagta ýygymyna taýýarlygyň çäklerinde harmanhanalaryň taýýarlanýandygyny, pagta ýygyjy kombaýnlaryň, awtoulaglaryň, traktorlaryň we tirkeg gurallarynyň taýýarlyk hataryna çykarylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hem maglumat berdi.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, sebitde gurluşygy alnyp barylýan we gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň hil derejesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz häkime bu işleri agrotehniki kadalara laýyk alyp barmak, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň zyýankeşlerine garşy göreş çärelerini göwnejaý ýola goýmak, welaýatda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem okuw ýylyna taýýarlyk işlerini ýokary derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow häzirki döwürde sebitde durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri, şeýle hem ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häzirki döwürde pagta ýygýan kombaýnlaryň eýýäm ýaryndan gowragy, pagta daşaýjy awtoulaglaryň, traktorlaryň we tirkeg gurallarynyň taýýarlyk hataryna çykarylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, häkim welaýat boýunça mekdepleriň 16-synda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilendigini, galanlarynda bolsa bu çäreleriň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny, şeýle hem çagalar bagynyň 8-siniň düýpli abatlanandygyny habar berdi. Täze okuw ýyly mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň 3-siniň ulanmaga beriljekdigini, şeýle hem sebitiň çäklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň 8-siniň açyljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň zerurdygyny bellemek bilen, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depgininiň güýçlendirilmegine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz olaryň ýokary hiliniň üpjün edilişine we bellenen möhletde gurlup gutarylmagyna gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze okuw ýylyna taýýarlyk, şeýle hem şu ýyl Daşoguzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda bar bolan pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-synyň, harmanhanalaryň 44-siniň we 1469 pagta kabul edýän meýdançalaryň möwsüme doly taýýar edilendigini habar berdi. Hususan-da, häkim welaýatda umumybilim berýän orta mekdepleriniň 512-siniň, iki sany mekdep-internatynyň, 100-e golaý çagalar baglarynyň hereket edýändigini aýtmak bilen, häzirki döwürde olarda abatlaýyş işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň sazlaşykly häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem möwsümde işlediljek tehnikalaryň guratlyk derejesine, welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine berk gözegçilik etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk ministrligi bilen bilelikde welaýatyň meýdanlarynda zyýankeşlere garşy göreş çäreleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy we şu işler bilen bir hatarda, täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görülmelidigini belledi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz hasabatyny welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, pagta ýygymyna taýýarlyk çäreleri hem-de sebitde gurluşygy alnyp barylan desgalaryň ýagdaýy we okuw ýylyna taýýarlyk işleri baradaky hasabatdan başlady. Hususan-da, häkim häzirki döwürde welaýatda 48 harmanhananyň, 627 awtoulaglaryň, 750 traktoryň, 961 tirkeg gurallarynyň taýýar edilendigini habar berdi. Şeýle hem pagta ýygyjy kombaýnlaryň 48-siniň, taýýarlyk hatarynda goýlandygyny, galanlarynyň hem abatlaýyş işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny, Türkmenabatda gurulýan elewatoryň iň soňky sazlaşýyş işlerine girişilendigini, şeýle hem “Bagt köşgüniň” gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny aýtdy. Häkim şu işler bilen bir hatarda, sebitde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we ýyladyş ulgamlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynda wajyp möwsüm bolan pagta ýygymyna taýýarlykly girişmegiň we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýyny seljermek, olary abatlamak we bildirilýän talaplara laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň, şeýle hem sebitde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatda desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna, täze gurulýan desgalary ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan döwlet baýramlaryna gabatlap ulanmaga bermegiň tertibine, şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Göni aragatnaşykdy geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara ideg etmegiň çäklerinde, olaryň ujuny çyrpmak çäreleriniň geçirilişi, şeýle hem pagta ýygyjy kombaýnlaryň taýýarlygy, ýangyna garşy maksatnamalaýyn göreş çäreleri barada hasabat berdi. Başgaça aýdanyňda, 165 müň gektarda gowaçanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Şu günler gowaçalary goşmaça iýmitlendirmek, suwarmak, hatarara bejergesini geçirmek we ujuny çyrpmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen hasyly zaýasyz we öz wagtynda ýygnamak üçin kombaýnlaryň 146-syndan 80-si möwsüme taýýarlandy. Ýygym möwsümine gatnaşýanlar üçin zerur zähmet we durmuş şertlerini döretmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Mary etrabynda gurulýan elewatoryň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny, welaýatda umumybilim berýän orta mekdepleriň 360-sy we mekdep-internatlarynyň 3-si bolup, olaryň hemmesinde abatlaýyş işleriniň geçirilendigini, okuw ýyly mynasybetli üç sany täze mekdebiň açylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, mekdeplerde 6 ýaşlylar üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, gowaçalara ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny, olaryň zyýan berijilerine garşy göreş çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmalydygyny, şeýle hem sebitiň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýyna ünsi çekip, döwdet Baştutanymyz bu mesele boýunça buýrujylaryň we potratçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirip, her bir desganyň gurluşygynda işleriň alnyp barlyşyny düýpli seljermegi, täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini we depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmegi häkimden talap etdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara rowaçlyk, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, sebitleriň durmuş düzüminiň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.