Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 706
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy tarapyndan paýtagtymyzda gurulýan Kongresler merkeziniň, şeýle hem 3 müň orunlyk teatr we konsert merkeziniň binasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow, wise-premýer Ş.Durdylyýew, şeýle hem “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary–onuň başlygy - baş direktory Oliwýe-Mari Rasin we beýlekiler garşyladylar.

“Buig” kompaniýasynyň baştutany geçirilýän işler hakynda Türkmenistanyň Prezidentine jikme-jik hasabat berip, biziň ýurdumyz bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge kompaniýanyň ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.


Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdan belliklerini we tekliplerini nazara almak bilen fransuz hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan, “Buig” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýan we gurmak meýilleşdirilen desgalaryň birnäçesiniň taslamalary, çyzgylary döwlet Baştutanymyza hödürlendi. Olaryň hatarynda Kongresler merkeziniň, 3 müň orunlyk teatr we konsert merkeziniň, bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynyň, asma ýoluň we dag-lyža binýadynyň, Çandybil şaýoluny ösdürmegiň hem-de “Arçabil” seýilgähini, Aşgabat şäheriniň merkezini abadanlaşdyrmagyň, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köp ugurly seýilgähi gurmagyň taslamalary bar.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar we meýilnamalar bilen jikme-jik tanşyp, desgalaryň binagärlik keşbine, innnowasion tehnologiýalaryň ulanylyşyna degişli birnäçe anyk bellikleri we teklipleri aýtdy. Şunda döwlet Baştutanymyz häzirki zaman binagärlik we inžener-tehniki pikiriň hem-de milli binagärligiň iň oňat däpleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy paýtagtymyzyň täze binagärlik toplumlarynyň tapawutly aýratynlygy bolmalydyr diýip belledi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly desga bolan Kongresler merkeziniň, şeýle hem teatr we konsert merkeziniň tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berip, bu babatda diňe bir iri resmi çäreleri we işewür duşuşyklary geçirmek üçin däl, eýsem, döredijilik hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilmelidir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, binalaryň dünýä derejesinde köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin iň häzirki zaman enjamlar, ses ulgamlary we innowasion işläp taýýarlamalar bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz desgalaryň köpugurlydygyny nazara alyp, bu ýerde tehniki howpsuzlyk ulgamlarynyň sazlaşykly işini ýola goýmagyň hem-de adamlar üçin iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän amatly şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

“Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynyň täze binasynyň gurluşygyna degişli taslamalar hakynda döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, hödürlenen taslama boýunça birnäçe anyk bellikleri aýtdy.

Milli Liderimiz asma ýoluň we birnäçe desgalary, şol sanda emeli gar örtügini we dag-lyža ýollaryny, welosipedleri kärendä berýän nokady, beketleri, gözegçilik meýdançalaryny, kafeni hem-de beýleki düzümleýin desgalary özünde jemleýän üsti ýapyk lyža toplumynyň taslamasyna ünsi çekip, olar gurulýan mahaly adamlaryň amatly dynç almagy, hyzmat etmegiň ýokary hili üçin has oňaýly şertleri döretmek hakynda alada etmegiň zerurdygyny belledi.

Bu toplum ýurdumyzyň syýahatçylyk düzümini yzygiderli ösdürmäge ýardam edip, syýahatçylaryň, sportuň gyşky görnüşini söýýänleriň arasynda meşhur bolmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Adamlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, ýokary üstünlikler gazanylýan sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleriň ählisi, şeýle hem ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak maksady bilen ýurdumyzda görülýän beýleki çäreler ahyr netijede adamlaryň saglygyny pugtalandyrmaga hem-de ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, şäher seýilgählerini döretmegiň we olaryň durkuny täzelemegiň, şeýle hem paýtagtymyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary bilen tanşyp, şolar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu desgalaryň tehniki tarapyna aýratyn üns berip, bu işe innowasion tehnologiýalary giňden çekmek barada görkezme berdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Aşgabat sebitiň “binagärlik dürdänesi” diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr, ony häzirki wagtda ajaýyp köşkler, binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlary bezeýär. Seýilgäh bezegi ulgamynda innowasiýalar hem bu derejäni tassyklamalydyr we şonuň üçin hem şäheriň, onuň köçeleriniň seýilgäh zolaklaryny bezemek aýratyn möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly seýilgähiň taslamasy bilen tanşyp, hödürlenen taslama birnäçe düýpli goşmaçalary girizdi, ol boş wagtyny işjeň we oýlanyşykly geçirmegiň köpsanly desgalaryny, şol sanda akwabulwary, delfinariýany, dürli attraksionlary, täsin seýilgäh zolaklaryny hem-de restoranlary we beýleki düzümleýin desgalary özünde jemleýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti gönüden-göni desganyň gurulýan ýerinde alnyp barylýan işleriň barşy we onuň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşmak üçin paýtagtymyzyň günorta böleginde gurulýan bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynyň binasyna tarap ugrady. Mälim bolşy ýaly, binagärlik keşbi özboluşly bolan bu bina degişli myhmanhana düzümlerinden başga hem iki sany banket zalyny, ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin zaly we 600 orunlyk maslahatlary geçirmek üçin zaly özünde jemleýär. Ýakyn wagtlarda täze myhmanhana günsaýyn gözelleşýän türkmen paýtagtynyň kaşaň myhmanhana toplumlarynyň hataryny dolduryp, onuň jemgyýetçilik we işewürlik merkezi hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp ýerleriniň biri bolar.

Fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Oliwýe-Mari Rasin Türkmenistanyň Prezidentine “Buige” ynanylan bu möhüm desgada işleriň alnyp barlyşy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz myhmanhananyň binasyyň öňündäki meýdançada gurluşygy güýçli depginde dowam edýän desganyň umumy görnüşi we geljegi, onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak boýunça bu ýerde ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtynyň özboluşly binagärlik bezegine öwrüljek bu desganyň derejesine aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze bina milli binagärligimiziň iň oňat däpleri bilen sazlaşykly utgaşyp, häzirki zaman bezegi bilen tapawutlanmalydyr, köpugurly bolmalydyr hem-de tehniki üpjünçiligi boýunça iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýyldyz” myhmanhanasynyň içine girdi. Myhmanhananyň birinji gatynda döwlet Baştutanymyz gurluşyk serişdeleri we myhmanhananyň otaglaryny bezemekde ulanylýan materiallar bilen tanyşdy. Milli Liderimiz binanyň içini bezemäge, timarlaýyş serişdeleriniň nusgalaryna, bezeg serişdelerine aýratyn üns berip, işleriň hiliniň ýokary ülňülerini gyşarnyksyz berjaý etmek bilen bir hatarda, desganyň daşky timarlanylyşynyň, şeýle hem onuň içki otaglarynyň bezeginiň we timarlanylyşynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi, şolarda iň öňdebaryjy çözgütler, häzirki zaman bezeg usullary ulanylmlydyr hem-de ajaýyp milli öwüşgin we ýokary estetiki gymmaty öz beýanyny tapmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz binanyň ulanyş häsiýetnamalary, tehniki taýdan üpjünçiligi, şol sanda elektrik üpjünçilik, howany tämizleýiş ulgamlary bilen gyzyklanyp, iň häzirki zaman tehniki enjamlaryň peýdalanylmagynyň we paýtagtymyzyň myhmanlary hem-de bu ýerde ýokary derejedäki çäreleri geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz myhmanhananyň binasynyň 16-njy gatyna çykdy, bu ýerden ak mermere örtülen Aşgabadyň ajaýyp keşbi, onuň täze desgalarynyň, häzirki zaman şaýollarynyň we ýollarynyň, seýilgähleriniň gözel keşbi açylýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtynyň depginli ösýändigini, onuň ilatynyň artýandygyny, çäkleriniň giňelýändigini belläp, aşgabatlylaryň durmuşynyň ýokary ülňülerini hem-de tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegi üpjün etjek şähergurluşyk syýasatynyň durmuşa geçirilişine degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, baş şäherimiz bolsa gözümiziň alnynda dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk desgasynda alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ähli binalaryň depginli ösýän ak mermere bürelen Aşgabadyň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmalydygyny ýene-de bir gezek nygtap, kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we hünärmenlerine işde üstünlikler arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň gurluşyk desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşmagyny dowam edip, paýtagtymyzyň merkezinde gurulýan Türkmenistanyň Hökümetiniň binasyna geldi. Bu desganyň gurluşygyny Fransiýanyň belli “WINCI Construction Grands Projets” kompaniýasy alyp barýar.

Bu ýerde milli Liderimizi “WINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň ýolbaşçylary – onuň prezidenti we baş direktory jenap Alen Bonno we beýlekiler garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerde bu binanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary depginlerde amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki zaman binagärlik, bezeg we inžener-tehniki ýörelgeleri hem-de türkmen halkynyň milli binagärlik däplerini özünde jemleýär. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän desgalar üçin möhüm talap bolup durýar.

Fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bu möhüm desgada alnyp barylýan işleriň barşy hakynda jikme-jik hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň binasy bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde görkezilýän taslamalara syn etdi.

Häzirki döwrüň döwrebap binalar toplumyny özünde jemleýän bu gurluşykda alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar we ol paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň binagärlik keşbi bilen utgaşyp barýar. Häzirki zaman binanyň eýwanynda gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe desgalaryň taslamalarynyň, gurluşykda ulanylýan materiallaryň, şeýle hem binalaryň içki we daşky bezegine degişli timarlaýyş serişdeleriň nusgalary goýlupdyr.

Hormatly Prezidentimiz binanyň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylmagy teklip edilýän serişdeleriň görnüşleri we taslamalar bilen tanşyp, olarda häzirki zaman bezeg alamatlary bilen milli däplerimiziň sazlaşykly utgaşmalydygyny aýtdy. Munuň özi türkmen şähergurluşyk mekdebiniň esasy ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu kaşaň bina Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmeleriniň, onuň döredijilik mazmunynyň we ruhunyň belentligini äşgär etmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň bezeg aýratynlyklary we onda ulanylýan timarlaýyş serişdeleri bilen gyzyklanyp, bu ýerde peýdalanylýan gurluşyk serişdeleriniň nusgalaryny gözden geçirdi we döwrebap binanyň otaglarynyň bezeginiň milli öwüşgine eýe bolmalydygyny ýene bir ýola belledi.

Paýtagtymyzyň merkezi künjeginde bina bolan we şäheriň binagärlik keşbi bilen sazlaşygy emele getirýän desganyň aýratyn derejesine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň arasynda lyža sporty bilen meşgullanmak üçin niýetlenen toplumyň, asma ýoluň we dag-lyža toplumynyň, suw çüwdürimler seýilgähiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň binasynyň, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň baş binasynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň we D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň taslamalary bar.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar we meýilnamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi hem-de taslamalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejä getirimek maksaldy bilen, olaryň üstünde işlemelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz taslamalaryň durmuşa geçirilişinde innowasion tehnologiýalaryň we binagärlik babatda öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ulanylmalydygyny, desgalaryň niýetlenen maksady we binagärlik bezegi babatda birnäçe bellikleri, teklipleri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy meýilleşdirilýän ähli desgalaryň, hususan-da, asma ýoluň çekilen mahaly onuň ähli ygtybarly düzümler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň ulgamy, yşyklandyryjylar, töweregi synlamak üçin synlaýyş meýdançasy we beýleki ugurdaş desgalar bilen häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede üpjün edilmelidigini aýtdy. Asma ýol gurlan mahaly lyža sporty bilen meşgullanmak mümkinçiligi, ýagny, dagdan lyžaly ýörite typylýan ýeriň enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu künjekde gurulýan desgalar toplumynda lyža sporty bilen bolşy ýaly, sportuň beýleki degişli görnüşleri bilen ýylyň bütin dowamynda meşgullanmak we dürli bäsleşikleri guramak, asma ýoluň hyzmatyndan peýdalanmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda meýilleşdirilen bu uly möçberli işleriň, şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmegiň, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, biziň ýurdumyzda gurulýan dürli binalaryň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini bellemek bilen, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işleriň üstünlikli berjaý edilmelidigini nygtady.

Aşgabadyň merkezinde gurulmagy göz öňünde tutulýan paýtagt seýilgähi baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz toplumda adamlaryň oňaýly dynç alyp bilmekleri we wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz seýilgähde körpeler üçin hem dürli görnüşi oýun merkezleriniň göz öňünde tutulmalydygyny, onuň çäginiň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny, seýilgähiň yşyklandyryjylarynyň, ýodalarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini, iň esasy bolsa, bu ýerde oturdyljak bag nahallarynyň ylmy esasda öwrenilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda olary üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de desgalary öz wagtynda gurmak üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Bu işlerde hil derejesiniň baş talap bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz desgalaryň gurluşygynda ýokary hiliň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Öz nobatynda, “WINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk aýtdylar. Olar fransuz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyp, kompaniýanyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň ahyrynda şu gün barlyp görlen gurluşyk desgalary we garalan taslamalar boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi hem-de bu ýere ýygnananlara işde üstünlikler arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.