Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini açyp, onuň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howspuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň barşy, şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek, milli howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen öz gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 7 aýda ýerine ýetirilen işler, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň işlerini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň döwrebap gullugy we göwnejaý durmuşy üçin ähli amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we Watanymyzyň mukaddes çäklerininiň ygtybarlylygyny we eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa söz berildi. Ol şu ýylyň 7 aýda ýerine ýetirilen işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we prokuratura edaralarynyň döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň berjaý edilişi boýunça gözegçiligiň netijeleri barada hasabat berdi Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginde ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler hem-de 7 aýynda ýerine ýetirilen işler hakynda içeri işler ministri I.Mulikowyň hasabaty diňlenildi.
Soňra ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna kazyýet ulgamynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işler, öňdebaryjy dünýä tejribesini we ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýörelgelerini ileri tutýan türkmen halkynyň köp asyrlyk däplerini nazara almak bilen, kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew öz gezeginde döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde hereket edýän kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ony häzirki taryhy eýamyň we umumy kabul edilen halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat döwründe alnyp barylýan işler, ýükleriň gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek we gadagan edilen harytlaryň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzda hukuk goraýjy edaralar, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň düzümleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döwlet ähmiýetli wezipe bolan neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, neşekeşligiň öňüni almak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, öňde durýan wezipeleriň anyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna hem-de Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işiniň talabalaýyk guralmagyna, olaryň şahsy düzümlerinde terbiýeçilik çäreleriniň ýokarlandyrylmagyna we harby gullukçylaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen harby hem-de hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilişine toplumlaýyn çemeleşilmelidigini belledi.
Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahat we asuda durmuşyň üpjün edilmegini, kanunyň berjaý edilmegini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ynamly barýan ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň baş kepili hökmünde çykyş edýän has amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň döredilmegini görkezdi.
Harby edaralarynyň işgärleriniň öňünde örän möhüm we jogapkärçilikli wezipeleriň goýlandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz öz mukaddes harby borçlaryny berjaý etmek bilen, olaryň Garaşsyz, Bitarap döwlet bolan Türkmenistanyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändigini hemişe ýatda saklamalydygyny belledi. Milli goşunymyzyň öňünde durýan örän möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, döwlet Bştutanymyz ýaş esgerleriň harby taýýarlygy boýunça işleri mundan beýläk hem guramaçylykly alyp barmagy, şeýle hem Watanymyzyň goragçylarynyň gulluk etmekleri, doly bahaly durmuşy we dynç alşy üçin zerur şertleri döretmäge uly üns bermegi tabşyrdy.
Ýurdumyzda kanunçylygyň hem-de hukuk tertibiniň berjaý edilişine gönüden-göni jogap berýän düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz ygtybarly hem-de ýokary hünärli hünärmenleri saýlap almak meselelerine mundan beýläk hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Olaryň öz üstüne ýüklenen wezipeleriň aýratyn möhümdigine düşünmek bilen, bu edaralaryň hatary örän arassa, halal, kanunyň ýörelgelerine ygrarly, hemmetaraplaýyn bilimli adamlar bilen ýetirilmelidir.
Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biziň ýurdumyza barha artýan gyzyklanmany belläp, döwlet Baştutanymyz gümrük we migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi. Muňa bolsa Türkmenistana gelip-gidýän daşary ýurtly myhmanlaryň ýylsaýyn artýan möçberi hem şaýatlyk edýär, olaryň işine köp babatda ýurdumyzyň abraýy, bütin dünýäden bolan syýahatçylar we işewür hyzmatdaşlar üçin onuň özüne çekijiligi bagly bolup burýar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, türkmen topragynda parahatçylygyň we durnuklylygyň, halkymyzyň asudalygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine gönüden-göni hyzmat edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna örän möhüm we jogapkärli işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.