Ï Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň ösüşindäki taryhy waka
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň ösüşindäki taryhy waka

view-icon 1150
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegi telekeçilere ynandy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyryna degişli taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyry şäheriň günorta-günbatar künjegini öz içine alar. Onuň çäklerinde täze edara ediş-işewürlik we medeni merkeziň kemala gelýän ýeri bolan Oguzhan köçesiniň ösüşi göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, täze taslamalar ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigini, onuň ilatynyň sanynyň artýandygyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de adamlaryň oňaýly ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli toplumlaýyn şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bildirilýän ýokary talaplara we häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýär.

Şunuň ýaly giň möçberli maksatnamanyň netijesinde paýtagtymyzyň keşbi düýpli özgerdi, bu ýerde ýaşaýyş jaýlaryň giden toplumy guruldy, müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän oňaýly öýlere göçüp bardylar. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluklaryň depgini barha ýokarlanýar. Aşgabatda diňe aýry-aýry jaýlar däl-de, eýsem tutuş ýaşaýyş jaý toplumlary, ugrunda ýüzlerçe maşgalalaryň jaý toýlaryny toýlaýan beýik binalar emele gelen şaýollary gurulýar. Munuň özi Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaşaýyş jaý syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň ýaly giň möçberli özgertmeleriň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde amala aşyrylýandygyny we halkymyzyň şäherlerde bolşy ýaly, obalarda hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän durmuş ülňüleri bilen üpjün edilýändigini bellemeli.

Häzirki döwürde bina edilýän desgalar dürli maksatly hem-de ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän derejede ygtybarly bolmak bilen bir hatarda, özüniň owadanlygy, göze gelüwliligi hem-de paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik gözelligi bilen sazlaşýandygy bilen tapawutlanýar. Aşgabadyň binalarynyň köpüsi, hakykatdan-da, täsindir. Dünýäde iň iri ýapyk görnüşli aýlaw çarhy bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezini bu babatda mysal getirmek bolar. Paýtagtymyzyň bu ajaýyp binasy “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinden we Oguzhan suw çüwdürimler toplumyndan soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Halkara binagärlik baýraklaryna we diplomlaryna mynasyp bolan desgalaryň hatarynda Bagt köşgi hem-de Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň binalary bar.

Munuň özi daşary ýurtly myhmanlarda özüniň kaşaňlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen uly täsir galdyrýan hem-de dünýäde köpsanly ak mermere beslenen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň taslamalary durmuş we beýleki maksatly täze desgalar toplumynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Şu gün säher bilen hormatly Prezidentimiz Oguzhan köçesine geldi. Bu ýerde şäheriň ösdürilmegine degişli täze taslamalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörite taýýarlanylan meýdançada milli Liderimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümine girýän ýerli gurlyşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän binalary aýdyň äşgär edýän maketler we taslamalar toplumy hödürlendi. Döwlet Baştutanymyzy taslamalar bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew tanyşdyrdy.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň taslamalaryna laýyklykda, Oguzhan köçesiniň ugrunda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we edara ediş binalarynyň täze toplumyny bina etmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan ak mermere beslenen, ähli amatlyklary özünde jemleýän belent ýaşaýyş jaýlarynyň, edara ediş binalarynyň we dürli maksatly desgalaryň täze toplumy emele geler. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň umumy bahasy 1 milliard 410 million manada golaý bolar.

Şäheriň bu künjeginde Türkmenistanyň Daşyr işler minitsrliginiň, Döwlet haryt-çyg mal biržasynyň, “Türkmenistan” döwlet täçirçilik bankynyň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Medeniýet ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, nebatgaz, oba hojalyk toplumlarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary esasnyda 12 gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler buýurmasy boýunça hem ýaşaýyş jaýy gurlar. Olaryň hemmesiniň ýerasty awtoduralgalary bolar. Taslamalary taýýarlaýjylar jaýlarda adamlaryň wagtlarynyň gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, şol sanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli amatly şertleri göz öňünde tutupdyrlar. Şeýle hem binanyň ýanaşyk ýerlerindäki gök zolaklarda çagalar we sport meýdançalary, köpçülikleýin çäreleri guramak üçin telärler enjamlaşdyrylar.

Şeýle hem bu ýerde her biri 600 orunlyk umumybilim beräýn mekdepleriň ikisi we 160 orunlyk iki sany çagalar baglary bina ediler. Olarda körpe nesilleriň döwrebap terbiýelenmekleri, bilim hem-de döreditjilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler dörediler.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň meýilnamasynda bu künjekde ýaşaýanlara hyzmat etmäge niýetlenen Saglyk öýi bina ediler. Onda ilaty halkara ülňülerine laýyk derejedäki ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýlar. Saglyk öýünde maşgala lukmanlary, hünärmenler, “Tiz kömek” gullugy üçin bölümler, maslahat beriş otaglary, şeýle hem anyklaýyş, hirurgiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, dikeldiş-sagaldyş we barlaghana otaglary hereket eder.

Mundan başga-da, paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň taslamalaryna laýyklykda, bu künjekde söwda we hyzmatlar ulgamynyň degişli düzümleri, Söwda-dynç alyş merkezi, 200 orunlyk, birinji gaty dükanly, üç derejeli awtoduralgalar hem-de ulag ýollary gurlar.

Şeýle hem şäheriň bu künjeginde edara ediş maksatly birnäçe desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň, “Türkmenhowaýollary” döwet milli gullugynyň, ätiýaçlandyryş guramasynyň, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, ýurdumyzyň Baş prokuraturasynyň, Milli howpsuzlyk minirtsliginiň, Içeri işler minitrsliginiň, Ýokary kazyýetiň etrap bölümleriniň edara ediş binalary bar. Şäheriň bu künjeginde “Aşgabathyzmat” önümçilik birleşiginiň “Owadan” hyzmatlar öýüniň täze binasyny gurmak meýilleşdirilýär.

Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hemmesiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagy bu çäräniň häsiýetli aýratynlygydyr. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji taagyryndaky desgalaryň potratçylarynyň hatarynda “Gujurly inžener”, “Rysgally zähmet”, “Aga gurluşyk”, “Polat gurluşyk”, “Gümmez gurluşyk”, “Dürli ýaz”, “Nusaý ýollary”, “Berk gala”, “Baýly gurluşyk”, “Myradym”, “Çeper gurluşyk”, “Ösüş gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Nur zaman”, “Ojar Aziýa”, “Berk gala gurluşyk” hususy kärhanlary we “Ajayýp bina”, “Çyzgy”, “Muhammet Balkan”, “Dowamat”, “Berk ýol” hojalyk jemgyýetleri bar.

Hut şonuň üçinem bu günki geçirilen çäräni ýurdumyzyň telekeçileriniň ýyl ýazgysyndaky taryhy waka diýip atlandyrmak bolar.

Munuň özi milli ykdysadyýetimizde hususy ulgamyň ornunyň ýokarlanýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiziň uly goldawy, şol sanda maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak ulgamy, soňky bäş ýylyň dowamynda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen hukuk binyadý, telekeçileriň işewür gatnaşyklaryna, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk etmäge döwlet tarapyndan edilýän goldaw ýurdumyzyň telekeçiliginiň işjeň ösdürilmegini şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň martynda döredilen hem-de häzirki döwürde öz hatarlarynda hususy telekeçiligiň wekilleriniň 4,5 müňden gowragyny birleşdirýän we Türkmenistanyň oňyn ykdysady özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegine netijeli goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi iri jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.

Bir söz bilen aýdylanda, täze taryhy döwür telekeçilik işiniň hakykatdan dikeldilýän, onuň netijeli ösdürilmegi, telekeçileriň mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli şertleriň döredilýän eýýamy boldy. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly innowasion önümçiligi, tutuşlygyna alnanda bolsa kiçi we orta telekeçiligiň diňe bir milli däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň wezipelerini nazara almak bilen, düzümleýin özgerdilmegini ugur edinýändigini belledi.

Hususy kompaniýalaryň şähergurluşyk toplumyna, şeýle hem milli maksatnamasyna giňdeň çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususy gurluşyk kompaniýalaryna ägirt uly döwlet buýurmalary ynanylýar. Olaryň köpüsi 2013-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maksat diňe bir gurmak däl, eýsem, ýokary hilli, asrylary nazarlaýan we iň ýokary halkara ülňülerine daýanýan gurluşyklary bina etmekdir. Döwlet Baştutanymyz pudaklaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni hemişe şu wezipelere çekýär we potratçylardan hem-de gyzyklanma bildirýän pudaklardan bu şertleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini talap edýär. Häzirki döwürde ýerli gurluşyk kompaniýalar daşary ýurtly firmalar bilen mynasyp bäsleşik edýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň gurluşygyny alyp barýar. Her hepdede diýen ýaly hususy gurluşyk kärhanalary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlaryny, mekdeplerini, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary gurup ulanmaga berýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlary ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde birnäçe desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şeýle hem olara durmuş maksatly möhüm desgalaryň gurluşygy, häzirki zaman önümçilik toplumlarynyň döredilmegi yzygiderli ynanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly oba ýerlerinde hususy kompaniýalar ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berýän Karary ýurdumyzyň telekeçileriniň bu ulgamdaky işiniň ýokary netijelere eýe bolmagyny şertlendirdi.

Paýtagtymyzda hususy gurluşyk kompaniýalaryň güýji bilen Döredijilik şäherçesi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik toplumy, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň edara binasy, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň günorta künjeginde 17,5 gektary bolan ýerde iri söwda-dynç alyş merkeziniň, Işewürlik merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, köp derejeli ulag duralgalarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy” söwda merkezini we şäher dynç alyş seýilgähini döwrebaplaşdyrmak işleri güýçli depginde dowam edýär.

Bu ýerde goýlan täze desgalaryň taslamalary bilen jikme-jik tanşyp, hormatly Prezidentimiz olara birnäçe anyk bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna gurluşygy ynanylan desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy we gurluşyk, şol sanda desgalaryň ähli zerur serişdeler üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmek babatda birnäçe tabşyryklar berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulag ýollarynyň gurluşygyna aýratyn ünsi çekip, olaryň dünýäniň ýokary ülňülerine laýyk gelmelidigini we bu ugur boýunça öňdebaryjy gazananylanlary we innowasion tehnologiýalary nazara almak arkaly gurulmalydygyny belledi. Gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz täze desgalarda häzirki zaman binagärlik gazananlary bilen öňdebaryjy milli ýörelgeleriň sazlaşygyny tapmalydygyny aýtdy. Guruljak täze binalar ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi bilen utgaşmalydyr diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz ähli gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda ýokary hilli häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyny, olaryň ekologiýa we medeni dünýägaraýşy boýunça iň ýokary talaplara laýyk gelmelidigini belledi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine biz mundan beýläk-de aýratn ähmiýet bereris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamanyň baş şertiniň innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we bu ulgam boýunça dünýä tejribeleriniň ornaşdyrylmagyndan ybaratdygyny aýtdy.

Durmuşa geçirilýän çäreleriň hemmesi Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylmagynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki çäräniň ähmiýeti barada çykyş etdi, şu gün Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda uly işlere badalga beriljek şanly sene, şeýlelikde, ägirt uly gurluşyk taslamasyny - ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatda 13-nji tapgyrda guruljak desgalary ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine gurmak üçin berýäris diýip belledi.. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine şeýle uly ynamyň bildirilmegi ýöne ýere däldir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyn telekeçileriniň ähli ugurlarda özleriniň ykrar edilmegini gazanmak üçin, ähli ulgamlarda maksada okgunly we netijeli işleri alyp barýandyklaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, örän gysga wagtyň - bary-ýogy bäş ýylyň içinde telekeçilerimiz dine bir ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda däl, eýsem jemgyýetimiziň ösüşiniň hilini kesgitleýän täsirli güýç hökmünde döwletimizin syýasy durmuşynda hem özlerini ykrar etdirmegi başardylar.

Mundan birnäçe ýyl ozal hem biz ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösmeginiň strategik ugurlarynyň hatarynda hususy pudagy ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini emele getirmegiň inöhüm bölegi hökmünde kesgitläpdik diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz telekeçileriň 2008-nji ýylyň mart aýynda geçirilen ilkinji sergisi ýurdumyzyň işewürleriniň şol döwürde örän uly, ýöne entek doly ulanylmaýan mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyň görkezendigini, şeýlelikde, şol döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilendigini belledi.

Häzirki döwürde türkmen ykdysadyýetiniň hususy pudagy bazar ykdysadyýetiniň esasy pudagy hökmünde hereket edýär. Biz ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde olaryň durmuşa geçirip biljek wezipelerini goýduk. Ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmanda, 2020-nji ýyla çenli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly däl pudagynyň öndürýän önümlerinin ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberiniň 70 göterimine barabar bolmalydygy baradaky wezipäni olaryň öňünde goýduk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermegiň kanunçylyk binýadynyň döredilmegi ýurdumyzda telekeçiligiň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär diýip bellmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kanunçylyk binýadynda telekeçilere dürli salgyt - karz ýeňilliklerini, guramaçylyk-tehniki kömegi bermek we başga-da köp ýeňillikleriň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Hususy kärhanalar, hususy telekeçiler, daýhan birleşikleri we oba hojalyk önümlerini öndürýän kärendeçiler tarapyndan hödürlenen taslamalara ýeňillikli karzlary bermegiň tertibi hakyndaky düzgünnamanyň tassyklanmagy bu ugurda möhüm ädim boldy diýip, mill Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzda telekeçiligiň erkin ösmegi üçin esasy şertleriň birine öwriilendigini, şol kadalaşdyryjy nama laýyklykda «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň» işlenip taýýarlanandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu maksatnamalaýyn resminamalarda ýurdumyzyň telekeçilik pudagynyň öňiinde durýan ýakyn we has uzak geljek üçin niýetlenen anyk we aýdyň maksatlar görkezilýär, şeýle hem, bu resminamalarda döwletiň we hususy pudagyň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine gönükdirilen anyk çäreler göz öňünde tutulandyr, häzirki döwürde bolsa ýurdumyzyň kompaniýalarynyň maýa goýum işiniň höweslendirilmegini şertlendirýän hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de täze kanunlary işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň ösüşiniň pudaklar boýunça ugurlarynyň giňeldilýändigini, telekeçiligiň üpjünçilik ulgamlarynyň kämilleşdirilýändigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda türkmen telekeçileriniň güýji bilen ýurdumyzda ilkinji hususy gazet bolan «Rysgal» gazeti döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 2011-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda biziň ählimiz telekeçileriň güýji bilen gurlan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik toplumynyň we «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyn binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl diňe bir telekeçileriň däl, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň dürli gatlaklarynyň bähbitlerini goraýan Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilendigini, onuň Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri aýdyň görkezýän taryhy waka öwrülendigini belläp, häzirki döwürde bu partiýanyň agzalarynyň sany barha artýandygyny aýtdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününden bäri geçen ýyllaryň ýurdumyzyň hususy telekeçilik pudagynyn güýçli depginler bilen ösen, ýokary göterilen döwri bolandygyny bellemek gerek, häzirki döwürde telekeçilik pudagy eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan ösüşini kesgitleýän güýje öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly däl pudagynyn wekilleri ýurdumyzyň öran bay tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça zerur bolan önümçilikleri döretmekde ýeterlik tejribe topladylar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz olaryň gurluşyk pudagynda we gurluşyk materiallaryny öndürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşýändiklerini aýtdy we turkmen telekeçileriniň is alyp barýan ugurlarynyň sanawynda ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürmek, ulag pudagy, söwda we hyzmatlar ulgamy, maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, materiallary we harytlary dolandyrmak ýaly ugurlaryň esasy orun eýeleýändigini nygtady. Telekeçiler oba hojalygy, dokma we himiýa pudaklary ýaly milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda barha köp is alyp barýarlar.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ýerli çig maly ulanmak arkaly öndürilýän azyk önümleri bilen bazarlary doldurmak ýaly döwlet ähmiýetli wezipeleri çözmäge hem telekeçiler işjeň gatnaşýarlar, häzir olar azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmegi ýola goýdular. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň halkara ugry hem çalt depginler bilen ösdürilýär, telekeçiler daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň ýeten derejelerini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýeňillikli karzlaryň goýberilmegi we döwlet tarapyndan gin goldawyň berilmegi netijesinde, soňky ýyllarda hususy pudakda iri önttmçilik desgalarynyň we kärhanalaryň gurlup, ulanmaga berilendigini aýtdy we telekeçileriň öz gazanan serişdelerini önümçiligi ösdürmek üçin maýa hökmünde goýýandyklaryny, häzirki zaman enjamlaryny satyn alýandyklaryny we hereket edýän kärhanalaryň täze bölümlerini gurýandyklaryny, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň talaplaryny çalt duýmagy başarýandyklaryny, täze pudaklarda öz güýçlerini synap görýändiklerini nygtady. Häzirki döwürde hususy kärhanalarda önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyn telekeçiler paýtagtymyzda köp sanly binalary we desgalary gurmak boýunça şeýle uly möçberli potratçylyk işlerini ilkinji gezek almagy hususy pudagyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy ýygnananlar tarapyndan üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen birnäçe gezek onuň arasy kesildi.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda döwrebap binalary we desgalary gurmak hakyndaky» karara gol çekdi.

Milli Liderimiz hususy ulgamyň wekilleriniň paýtagtymyzda gurluşygy ynanylan möhüm desgalary gurmak boýunça öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine, döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikleri netijeli peýdalanjakdyklaryna, özlerine bildirilen ynamy ödejekdiklerine ynam bildirdi we olara ýurdumyzyň nurana geljegini alamatlandyrýan täze gurluşyklarda uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew öz gezeginde milli Liderimize hususy telekeçiligiň, telekeçilik başlangyçlarynyň ösdürilmegine uly hemaýat we netijeli goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwlet Baştutanymyzyň özlerine bildiren ynamyny ödemek hem-de öňlerinde durýan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýç gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara işlerinde hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.