Şu gun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, welaýat häkimleriniň orunbasarlarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibini yglan etmek bilen, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara söz berdi. Ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzyň bilim ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häkim hasabatyň başynda aşgabatly mekdep okuwçylarynyň müňlerçesiniň Gökderedäki, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky we beýleki ýerlerdäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde bolanldyklaryny habar berdi. Häzirki döwürde paýtagtymyzda 137 orta mekdebiň, 158 çagalar baglarynyň hereket edýändigi, orta mekdeplerde we mekdep-internatlarynda 10374 okuwçynyň okaýandygy habar berildi. Täze okuw ýylynda Aşgabadyň mekdepleriniň 1-nji synplaryna 6 ýaşlylaryň 12346-synyň we 7 ýaşlylaryň 9959-synyň kabul ediljekdigi bellenildi. 1-nji synp okuwçylaryny netbuklar bilen üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Häkimiň habar berşi ýaly, täze okuw ýylynda paýtagtymyzyň etraplarynda häzirki zaman multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepleriň 10-dan gowragynyň açylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Hususan-da, Köpetdan etrabynda 5, Bagtyýarlyk etrabynda 3, Berkararlyk etrabynda 1, Abadan etrabynda 2, Ruhabat etrabynda hem 2 täze orta mekdepleri gapylaryny giňden açar. Köşi ýaşaýyş toplumynda bolsa 160 orunlyk täze çagalar bagy gurlup ulanmaga berler. Bar bolan mekdeplerde we çagalar baglarynda abatlaýyş işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Olary 20-nji awgusta çenli doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Orta mekdepleri we mekdebe çeni çagalar edaralaryny ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. 1-nji awgustdan başlap Aşgabatda mekdep bazarlary guraldy, ähli zerur esbaplar bilen üpjün edilen bazarlar 5-nji sentýabra çenli hereket eder. Paýtagtymyzda olaryň 9-sy işleýär. Täze okuw ýylynda okuwçylaryň hemmesi zerur okuw gollanmalary bilen doly üpjün ediler.
Bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek we olar baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň aýlyk haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permany munuň aýdyň subutnamasdyyr.
Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň möhüm ugrunyň milli bilim ulgamyny ýokary halkara ülňülerine çykarmakdan, ýaş nesilleriň täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyk gelýän bilim almagy üçin ähli zerur şertleri döretmekden ybaratdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzdaky mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerde alnyp barylýan täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine berk gözegçilik etmegi taşbyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow täze okuw ýlyyna taýýarlyk işleri, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynda umumybilim berýän mekdepleriň 150-si, 146 mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary we mekdep-internaty hereket edýär. Häzirki döwürde olarda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl sebitiň mekdepleriniň 1-nji synplaryna 6 ýaşly çagalaryň 8415-si, 7 ýaşlylaryň bolsa 7256-sy kabul ediler. Şu ýylyň täze okuw ýylyna çenli ýene-de täze orta mekdepleriniň 3-siniň we täze çagalar baglarynyň gurluşygyny tamamlamak meýlleşdirilýär.
Şeýle hem häkim tomusky dynç alyş möwsüminde sagaldyş dynç alyş merkezlerinde we mekdep meýdançalarynda welaýatyň çagalarynyň müňlerçesiniň dynç alandy, olar üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň mundan beýläk-de oňyn ösüşiniň, milletiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň we olaryň doly durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolan bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine, umumy orta bilimi okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçilmegini nazara almak bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bellenen ähli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine çynlakaý we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häkime welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýat bilim ulgamyny özgertmek, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli sebitlerde häzirki zaman mekdepleri we çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegine we olara ýokary hilli bilim berilmegine, ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamyna geçilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häkim welaýatda hereket edýän 213 orta mekdeplerde täze okuw ýylynda 1-nji synplara 6 ýaşlylaryň 13524-si, 7 ýaşlylaryň bolsa 10773-siniň kabul ediljekdigini belledi. Şeýle hem täze okuw ýylynda Baharly etrabynyň Garagan obasynda 620 orunlyk we Babadaýhan şäherçesinde 250 orunlyk orta mekdebiň, Tejen şäherinde we Altyn asyr şäherçesinde her biri 350 orunlyk sport mekdepleriniň gurlup ulanmaga beriljekdigi, sebitiň mekdeplerinde abatlaýyş işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy habar berildi.
Häzirki döwürde welaýatda çagalar baglarynyň 100-si bolup, olarda körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşi we döwrebap terbiýesi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi aýdyldy. Tomusky dynç alyş möwsümini guramagyň meseleleri barada hasabat bermek bilen, häkim şu ýyl mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalarda 12720, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde bolsa 1 müň 800 okuwçynyň dynç alandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze okuw ýylyna, şol sanda mekdebe ilkinji gezek gadam basýan 1-nji synp okuwçylarynyň ýokary derejede kabul edilmegine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Ýaş nesilleriň bilim we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň Türkmenistanyň döwlet syýsatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we bu babatda Ahal welaýatynyň häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe söz berildi. Ol welaýatda bilim ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde sebitde umumybilim berýän mekdepleriň 516-sy, şol sanda mekdep-internatlarynyň 4-si, 101 sany çagalar bagy hereket edýär.
Hasabatyň çäklerinde orta mekdeplerinde we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda ýeňil abatlaýyş işleriniň tamamlanandygy aýdyldy. Orta mekdepleriň 49-synda we çagalar baglarynyň 7-sinde alnyp barylýan düýpli abatlaýyş işlerini 15-nji awgusta çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar diýip, häkim habar berdi.
Welaýat häkiminiň belleýşi ýaly, şu ýylky 1-nji synp okuwçylaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Täze okuw ýylynda olaryň sany 41242 bolar. Şol sanda 23582 6 ýaşly çagalar 1-nji synpa kabul ediler. 1-nji synp okuwçylary üçin netbuklaryň 25560-sy satyn alyndy. Olar häzirki döwürde ýörite okuw maksatnamalary bilen üpjün edilýär. Netbuklary satyn almak işi dowam edýär. 6 ýaşly 1-nji synp okuwçylary bilen işlejek mugallymlar okatmagyň usullary boýunça ýörite okuw geçdiler.
Mundan başga-da, häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatyň Köneürgenç etrabynda 250 orunlyk, Akdepe etrabynda 422 orunlyk we Gubadag etrabynda 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň açyljakdygyny, olaryň hemmesiniň häzirki zaman multimediýa enjamlary, ýörite sport zallary we meýdançalar bilen üpjün edilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, okuw ulgamyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň meselelerine ünsi çekmek bilen, welaýatyň çäklerinde bolşy ýaly, onuň daşynda hem mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça ýörite çäreleriň guralmagynyň, şeýle hem olaryň degişli edebiýatlar we Internet-serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Mugallymlar we terbiýeçiler okatmagyň täze usullaryny ele almalydyrlar hem-de olar dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, ýaşlara bilim-terbiýe bermekde milli ýörelgeleri nazara almak bilen, täze oňyn usullary işläp taýýarlamalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl 1-nji synpda okajak 6 ýaşly çagalara bilm berlişine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz çagalaryň mekdep durmuşyna işjeň goşulmagy üçin ähli ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmek barada ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek babatda degerli işleriň alnyp barylmandygyny belledi. Bu işe gözegçiligi gowşadandygy, welaýatyň bazarlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmändigi üçin döwlet Baştutanymyz Daşoguz welýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew tutuş ýurdumyz boýunça bilim ulgamyny özgertmek babatda ýaýbaňlandyrylan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemek bilen, öňde durýan täze wezipelere laýyklykda, olaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk guralýandygyny, ýaş nesilleri okatmagyň we olara terbiýe bermegiň usullarynyň kämilleşdirilýändigini, hünärmenleriň taýýarlyk işleriniň ýokarlanýandygyny habar berdi. Hususan-da, häkim sebitiň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen köp ugurly işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki güne çenli welaýatda bar bolan 234 çagalar baglarynda, 365 orta mekdeplerde, şol sanda 3 sany mekdep-internatynda düýpli abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny aýtdy. Täze okuw ýylyna çenli umumybilim berýän mekdepleriň kitaphanalarynyň okuw we okuw usuly gollanmalary, degişli enjamlar bilen üpjün ediler. Onuň habar berşi ýaly, Farap we Serdarabat etraplarynda 640 orunlyk döwrebap orta mekdepleriň täze binasy gurlup ulanmaga berler.
Şu ýyl 6 ýaşda 1-nji synpa okuwa kabul ediljek çagalary okatmak boýunça zerur şertleri üpjün etmegiň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, häkim şu okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýänleriň umumy sanynyň 44784 bolup, olaryň 24946-synyň 6 ýaşlylardygy belledi. Häzirki döwürde olar üçin niýetlenen synp otaglary enjamlaşdyryldy, okuw sagatlary bilen baglanyşykly meseleler çözüldi, olary okatmaly mugallymlar degişli hünär taýýarlygyny geçdi diýip, häkim habar berdi.
Şeýle hem häkim sebitde mekdep bazarlarynyň işini talabalaýyk guramak boýunça ähli zerur çäreleriň görlendigini, olarda okuw ýyly üçin gerek bolan okuw esbaplarynyň üpjün edilendigini belledi.
Sebitiň bilim edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meýilnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz häkime bu işler bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiň ünsüni ilatyň sanynyň artýandygyny we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde işjeň ornaşdyrylýan täze durmuş ýörelgelerini nazara almak bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygynyň anyk meýilnamasynyň düzülmelidigine çekdi.
12 ýyllyk okuw ulgamyna geçmegiň meseleleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häkime şunuň bilen baglanyşykly ýüze çykýan wezipelerde bilim edaralaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow bilim ulgamyny özgertmek boýunça welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ol häzirki güne çenli sebitde 378 umumybilim berýän orta mekdebiň bardygyny olarda okuwçylaryň 228 254-siniň bilim-terbiýe alýandygyny habar berdi.
Täze okuw ýylynda okuwçylaryň 44945-si 1-nji synplara kabul ediler, olaryň 25744-si 6 ýaşlylardyr, sebitiň mekdebe çenli çaşalar edaralarynyň 153-sinde 30 müňe golaý çaga terbiýelenilýär diýip, häkim aýtdy.
Umumybilim berýän orta mekdeplerde okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, mekdepleri zerur enjamlar, okuw we usuly gollanmalary bilen üpjün etmek boýunça zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Häkimiň habar berşi ýaly, şu ýyl 1-nji synp okuwçylary üçin netbuklaryň 44 müň 945-si , mekdeplere interaktiw tagtalaryň 2 müňüsi satyn alyndy, şeýle hem olar zerur mebeller, barlaghana enjamlary, okuw gollanmalary bilen doly üpjün edildi.
Şeýle hem häkim sebitiň ähli bilim edaralarynda ýeňil abatlaýyş işleriniň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny, 3 sany täze umumybilim berýän mekdepleriň okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli açylmagynyň meýilleşdirilendigini habar berdi. Şol gün Sakarçäge etrabynda 900 orunlyk, Mary etrabynda 700 orunlyk, Baýramaly etrabynda bolsa 740 orunlyk mekdepleriň açylyş dabaralary guralar. Şeýle hem Serhetabat etrabynda 70 orunlyk täze çagalar bagy ulanmaga berler.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi barada aýtmak bilen, häkim şu möwsümde welaýatyň çagalarynyň 2205-si Awazanyň, Gökderäniň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şeýle-de welaýat merkezindäki dynç alyş merkezlerinde we mekdepleriň ýanynda hereket edýän çagalar meýdançalarynda dynç alandyklaryny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 6 ýaşly çagalary okatmak üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de ähli 1-nji synp okuwçylary üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkimden täze mekdepleriň we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň gurluşygy we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi, ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri nazara almak bilen, işleriň döwrüň talabyna laýyk guralmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada ançk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, terbiýeçileriň we umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça maksada laýyk işleriň alnyp barylmalydyna, olaryň zerur okuw we usuly gollanmalar bilen üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa söz berildi. Ol “Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi hem-de täze okuw ýylynda umumy 12 ýyllyk orta bilime geçmäge degişli meseleler barada hasabat berdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerine laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman mekdepler we mekdep ýaşyna çenli edaralar, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar. Täze okuw kitaplaryny taýýarlamaga, innowasion tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýyndan mugallymlaryň zähmet haklary 10 göterim, 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýene-de 10 göterim ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, ministr hormatly Prezidentimize ýaş nesil we bilim ulgamynyň işgärleri barada ýadawsyz alada edýändigi üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň mart aýynda gol çeken “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky” Permanyna hem-de “Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakyndaky” Kararynaa laýyklykda geçirilýän işler barada aýdyp, G.Mämmedowa görkezilen slaýdlar arkaly şol işiň her tapgyry barada jikme-jik durup geçdi.
Mysal üçin, häzirki wagtda ýurdumyzda 1760 sany orta mekdep we 892 sany çagalar bagy hereket edýär. Orta mekdepleriň 12 ýyllyk okuw möhletine geçmegi bilen bagly, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi maglumatyna laýyklykda, 2013-2014-nji okuw ýylynda 1-nji synplara jemi 193 244 çaga, şol sanda 6 ýaşly çagalaryň 108 557-si, 7 ýaşly çagalaryň 84 687-si geler we orta okuw mekdeplerinde 967 492 okuwçylnyň okamagyna garaşylýar.
Degişlilikde, mekdeplerde işleýän mugallymlaryň sany artar we goşmaça iş birligi dörär. Bu orunlara ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini şu ýylda tamamlan uçurymlar kabul ediler.
Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuw meýilnamasyna täze okuw dersleri—ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, moderlirleme we grafika ýaly dersler girizildi.
6 ýaşly 1-nji synplarda okadylýan 9 ders boýunça 1-nji sentýabrdan ulanyljak jemi 15 görnüşli okuw kitaplary çap etmäge taýýarlanyldy, olaryň eýýäm 14 görnüşi, şeýle hem 10 görnüşli iş depderleri doly neşir edildi. Mundan başga-da, täze okuw ýylynyň ikinji ýarymyndan ulanylmaly iki görnüşli okuw kitabynyň, 4 görnüşli iş depderleriniň golýazmalary çapa iberildi. Çagalar baglary üçin iki görnüşli okuw gollanmasy neşir edildi. Mekdep ýolbaşçylary we mugallymlar bilen 12 ýyllyk umumy orta bilimiň okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary boýunça amaly-usuly okuwlar, seminar-maslahatlar, usuly taýýarlyk okuwlary guraldy.
Häzirki güne çenli orta mekdepleriň 226-synda hem-de çagalar baglarynyň 148-sinde düýpli we bölekleýin bejeriş işleri tamamlandy. Orta mekdepleriň 1431-sinde we çagalar baglarynyň 587-sinde abatlaýyş işleri geçirildi. Galanlarynda bolsa bu işler 15-nji awgusta çenli doly tamamlanar. Täze okuw ýylynyň başyna çenli ýene-de jemi 6924 orunlyk 13 sany orta mekdepleriň we 250 orunlyk iki sany çagalar bagynyň açylmagyna garaşylýar.
Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralaryny multimediýa, lingafon we barlaghana enjamlary bilen üpjün etmek işi dowam edýär. Mundan başga-da, 1-nji synp okuwçylary üçin ýeterlik netbuk kompýuterleri gelip gowşar. Bu kompýuterlerde işlejek okuwçylaryň gözýetimini giňeltmek maksady bilen, ýörite programmalar taýýarlanyldy we olara okadylýan dersler, köçe-ýol hereketi boýunça maglumatlar, Türkmenistanyň kartasy hem-de beýleki bilim maglumatlary girizildi. Hasabatlary jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanarly baha berdi. Bu ugurda oňat netijeler gazanmak üçin öňümizde örän uly wezipeler durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, okuw dersleriniň birnäçesi daşary ýurt dillerinde okadylýan milli mekdebiň taslamasyny işläp taýýarlamaly we durmuşa geçirmeli. Okuw-görkezme esbaplaryny, okuw wideo we audiomateriallaryny, elektron okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlaýan ýörite merkezi döretmeli.
Häzirki zaman okuw ulgamynda we ýaş nesli terbiýelemekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlarynyň möhüm ornunyň bardygyny göz öňünde tutup, mugallymçylyk orta hünär mekdeplerinde okuwyň möhletini 3 ýyla çenli uzaltmaly diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi
Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça açylan fakultetleriň oňyn iş tejribesini nazara alyp, hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz orta mekdepleriň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýat baş bilim müdirlikleriniň ýanynda mugallymlaryň hünärini kämilleşdiriş okuwlarynyň açylmalydygyny belledi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň binýadynda Ulag toplumynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetini, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binýadynda Oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetini, beýleki degişli ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda bolsa inženerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça fakultetleri açmak barada görkezme berdi.
Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň barha giňelýändigini nazara alyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Türkmen döwlet nebit we gaz institutynda Halkara hyzmatdaşlygy bölümlerini açmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz tehnologiýa merkeziniň gurulýandygyny göz öňünde tutup, ýokary okuw mekdepleriniň işgärleriniň we talyplaryň bu ylmy-barlag edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, bu işe ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň giňden çekilmeginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň ylmy - barlag institutlarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Netijede, ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan talyplaryň üç dili oňat bilmeklerini gazanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagy üçin tölegli esasda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, dünýä bilim ulgamyna işjeň goşulmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynda işgärleri taýýarlamagyň iki basgançakly (bakalawrlyk we magistratura) ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyryp başlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň örän möhüm ugry hökmünde kesgitlendi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek, şol sanda gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar, bu ugurda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak we işlere ýolbaşçylyk etmek üçin, Ministrler Kabinetinden başlap, aýry-aýry kärhanalar we guramalar derejesinde zerur dolandyryş ulgamyny yzygiderli döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gök-miwe, et-süýt we balyk önümlerini, çörek-köke, süýji we unaş önümlerini öndürýän pudaklarda, jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda we dokma senagatynda işlejek, dürli ugurlarda zähmet çekjek ussat hünärmenleri, inžener-tehnologlary taýýarlamak wezipesiniň durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýerler S.Toýlyýewe, B.Italmazowa, Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, dürli hünärler boýunça inžener-tehnologlary taýýarlaýan bir ýa-da iki sany ýokary okuw mekdebini döretmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy we bu okuw mekdeplerini döretmek boýunça taslamalary taýýarlamak hem-de olaryň ýerleşjek ýerini kesgitlemek we binalaryny gurmagyň taslamalaryny düzmek boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň Halkara uniwersitetler bileleşigine kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtmak bilen, mejlise gatnaşyjylary bu institutyň ýokary okuw mekdepleriniň abraýly halkara guramasyna kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we «Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesini bermek hakyndaky» Permana hem-de «Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň meseleleri hakyndaky» karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki bir meselä geçmek bilen, häzirki döwürde döwletimiz milli medeniýetimizi ösdürmäge uly möçberde serişde goýberýär, medeniýet ulgamynyň ösmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Milli medeniýetimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak halkymyzyň örän baý taryhy we medeni mirasy türkmen medeniýetini we sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze, ägirt uly mümkinçilikleri döredýär diýip belledi.
Şunuň bilen birlikde, Medeniýet ministrligi, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, gynansak-da, milli medeniýetimizi ösdürmegiň meseleleri bilen entek az gyzyklanýarlar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýerlerde köplenç medeniýeti ösdürmek bilen bagly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ideologiýany durmuşa geçirmegiň usullaryna entek anyk düşünmeýärler, bu ulgamyň işgärleriniň köpüsiniň häzir hem köne düşünjelere eýerýänldiklerini nygtady. Şonuň üçin hem, ýerlerde daşyna uly haýat aýlanan, medeni maksatly desgalary bolmadyk seýilgähleri, seýilgählerde bolsa, köne ýadygärlikleri görmek bolýar. Ähli zadyň talaba laýyk guralmaly ýeri bolan paýtagtymyzda hem, «Aşgabat» kino-konsert toplumyndan başlap, aýry-aýry medeni merkezler ýaramaz ulanylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki döwürde biziň täze taryhymyz ýurdumyzyň medeniýeti ösdürmek boýunça syýasatyny kesgitleýär, şoňa görä-de medeniýet ulgamynda taryhy, durmuş tejribesini, medeni-ruhy tejribäni, milli mirasymyzy ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşiniň wezipeleri bilen döredijikli utgaşdyrýan täze durmuş filosofiýasyny döretmek ileri tutulýan ugur bolmalydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz demokratik, hukuk döwletimiziň ideologiýa we ahlak esaslarynyň kemala gelmegi, jemgyýetiň döredijilik we aň-bilim ukyplarynyň ösdürilmegi medeniýet ulgamynda bar bolan mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagyna baglydygyny belledi.
Bu ýerde gürrüň ýaş nesli kemala getirmek we terbiýelemek barada barýar diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda diňe bir medeniýet ulgamy däl, eýsem, jemgyýet we ykdysadyýet hem ýaş nesle daýanmalydyr, sebäbi, Türkmenistan ruhy gymmatlyklara, şahsyýetiň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmaga eýerýän, halkara ulgamyna işjeň goşulmagy we ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän demokratik döwletdir diýip nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işleriniň talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin medeniýet ministri G.Mämmedowa käýinç yglan etdi.
Şeýle hem wise-premýer B.Nurmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýörite topar döredip, ýurdumyzyň ähli seýilgäheleriniň we adamlaryň dynç alýan ýerleriniň ýagdaýyny seljermek we bu ugurda edilen işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen gawunynyň güni bilen gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, dünýä belli meşhur türkmen gawunlarynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýän daýhanlara bolsa ýurdymyzda azyk bolçylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýän asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Şeýle hem her ýylyň 11-nji awgustynda ýurdumyzda Serhetçiler gününiň bellenip geçilýändigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goraýan, Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk edýän edermen serhetçilerimizi Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 21 ýyllygy we Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredilen we degişli çözgütler kabul edilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz oňa gatnayşyjlara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.