Ï Türkmen-türk strategiki hyzmatdaşylgynyň deňiz sepgitleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-türk strategiki hyzmatdaşylgynyň deňiz sepgitleri

view-icon 1273
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkmenbaşy şäherine ugrady, şol ýerde şu gün türkmen döwletiniň Baştutanynyň Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy göz öňünde tutuldy. Belent mertebeli myhman deňizýaka şäherine iş sapary bilen geldi.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportunda milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýere Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri geldi. Uçaryň öňünde belent mertebeli myhmany milli lybasdaky oglan we gyz duz-çörek bilen garşylaýarlar hem-de oňa gül desselerini gowşurýarlar. Iki doganlyk ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde şeýle hem türkmen Lideriniň we Türkiýäniň Premýer-ministriniň suratlary ýerleşdirilen banerler ornaşdyrylypdyr.

Uçaryň ýanyndan resmi weikliýetler kabul edilýän zala çenli düşelen haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Türkmenistanyň Prezidenti türk hökümetiniň ýolbaşçysy bilen mähirli görüşýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde şu waka mynasybetli Türkmenistanyň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanda işleýän köp sanly türk işewürleri, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.



Taraplaryň ikisiniň hem Türkiýäniň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyna özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim, şeýle hem umumy taryhy kökleri bolan iki halkyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň nyşany hökmünde baha berýändiklerini bellemelidiris.

Häzirki türkmen-türk gatnaşyklary netijeli gatnaşyklaryň kuwwatly binýadyna esaslanýar. Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary hem-de ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklary şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, köp asyrlyk taryhy gatnaşyklar, gadymdan gelýän däp-dessurlar we bilelikdäki tejribe bolsa biziň halklarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Baştutany we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri howa menziliniň binasynyň “VIP” zalyna barýarlar, şol ýerde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň myhmanyny türkmen topragynda ýene-de bir gezek mübärekläp, Türkmenistan we Türkiýe asyrlaryň jümmüşinden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarly bolmak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, işjeň we medeni gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýarlar diýip belledi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyny hem-de ähli umumy bähbitlere laýyklykda dürli ulgamlarda oňyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna, Prezident Abdulla Güle tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we Aşgabatda öz Ilçihanany açan ilkinji daşary ýurt döwleti bolandygyny ýatlatdy. Türkmenistan hem Türkiýe Respublikasynyň başlangyçlaryny hemişe goldap, onuň bilen abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.



Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durup geçip, elektroenergetika pudagyny, nebitgaz we gurluşyk ulgamlaryny, ulag-aragatnaşyk toplumyny, oba hojalygyny hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýän ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberleri ýylsaýyn artýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda entek mümkinçiliklerden doly peýdalanylmaýar. Türkmenistanyň syýahatçylygy, ulag toplumyny we port düzümini ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalary bilen baglylykda, täze mümkinçilikler açylýar.

Medeniýet ulgamynda, ynsanperwerlik gatnaşyklarynda, türkmen we türk halklarynyň taryhy hem-de arheologiki mirasynyň aýawly saklamakda hyzmatdaşlygy ösdürmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Soltan Sanjaryň kümmetini dikeltmek boýunça bilelikde amala aşyrylan taslama, şeýle hem meýilleşdirilen çäreler, şol sanda Soltan Alp Arslanyň müdimilik aram tapan ýerini gözlemek we onuň kümmetini gurmak, beýleki ýadygärlikleri dikeltmek boýunça çäreler şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.

Köp asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz birek-birege doganlyk goldawyny beripdir. Häzirki wagtda bu doganlyk gatnaşyklary we ruhy ýakynlyk ylym we bilim ulgamyndaky işjeň gatnaşyklarda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Şu ýylyň maý aýynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň Türkmenistana bolan saparynyň barşynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binasynyň düýbi tutuldy, mundan başga-da, biziň ýurdumyzda türkmen-türk mekdebi hereket edýär. Biziň talyplarymyzyň 6 müňe golaý bolsa Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde höwes bilen okap, döwrebap bilim alýarlar we zerur bolan hünärleri özleşdirýärler.


Türkmenistanda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz düşewüntli we netijeli syýahatçylyk ulgamyny döretmek babatda Türkiýäniň uly tejribesiniň bardygyny belläp, biziň ýurdumyzyň bu ugurda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Biziň ata-babalarymyz halklary ýakynlaşdyrmak üçin ýollaryň we köprüleriň gurulmagynyň mjhümdigini belläpdirler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ulgam biziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynymyzyň möhüm ugrudyr. Şu gün gurluşygyna badalga berýän täze halkara deňiz porty hem özboluşly köpri bolup durýar. Ol köp ýurtlary we halklary baglanyşdyrmaga ýardam edip, sebitiň örän ähmiýetli logistiki merkezine öwrüler.

Bu babatda ösen hem-de oňat ýola goýlan port hojalygyna eýe bolan Türkiýe deňiz ulag ulgamyny guramakda iň gowy gazanylanlary öwrenmek babatda Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Turkmenistanyň Prezidenti özüniň geçen ýylyň awgust aýynda bu dostlukly ýurda bolan saparynyň barşynda bu tejribe bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda döwlet Baştutanymyz Stambul we Izmir şäherleriniň iri portlaryna baryp gördi. Bu sapar deňiz port düzümini ösdürmek ýaly strategik ugurda Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara gatnaşyklaryna hem-de türkmen kenar ýakasynyň ykdysady – söwda, senagat, ulag, üstaryşr we syýahatçlyk kuwatyndan netijeli peýdalanmaga itergi berdi. Şondan bäri bary-ýogy bir ýyl geçdi – şu gün biz bilelikdäki meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky gezek şaýatlary bolduk.

Milli Liderimiz biziň wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlarymyzyň goldaw bermeginde açyljak ýurdumyzyň täze deňiz derwezeleriniň ägirt uly ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, ähli türk hünärmenlerini we işewürlerini türkmen ykdysadyýetiniň ösmegine goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi we nobatdaky bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi. Bu taslama köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ugur eýelär.

Özüniň jogap sözünde belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen topragynda mähirli garşylanandygy hem-de myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Abdylla Gülüň, Türkiýäniň hökümetiniň we ähli türk halkynyň salamyny gowşurdy. Türk halky türkmen halkyny özüniň uly dosty hasaplaýar.Premýer-ministr Türkmenistanyň Baştutanyny öz ýurdunda hemişe görmäge şatdygyny aýdyp, iki ýurduň we halklaryň ösýän gatnaşyklarynda dostluk we doganlyk däpleriniň mizemez bolup galýandygyny nygtady.

Rejep Taýyp Ärdogan türkmen döwletiniň okgunly ösýändigini belläp, Türkiýede biziň ýurdumyzyň her bir üstünliklerine we täze gazananlaryna begenýändiklerini aýtdy. Siziň üstünligiňiz biziň buýsanjymyzdyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de köpugurly türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekde hem netijeli we okgunly boljakdygyna, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine we kuwwatyna laýyk geljekdigine ynam bildirdi.

Taryhyň özi hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir biziň ýurtlarymyzyň halklaryna peýdaly bolman, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, durnuklylyga, howpsuzlyga we rowaçlyga ýardam edýär diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Premýer-ministr iki döwletiň halkara giňişligindäki özara gatnaşyklaryny häsiýetlendirip, Türkmenistanyň Türkiýäniň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllar üçin Birleşen milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanandygyny belläp, bu düzümiň işi bilen baglanyşykly ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdi.

Biz Türkmenistanyň uly geljeginiň hem-de ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys we türk kompaniýalarynyň milli maksatnamalary hem-de iri durmuş-ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyna buýsanýarys diýip, Rejep Taýyp Ärdogan sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň hökümetiniň baştutany Türkmenistanyň Prezidentine türk kompaniýalaryny goldaýandygy we olara ynam bildirýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri öz ýurdunyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, türk tarapy dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de innawasion tehnologiýalary ilerletmäge ýardam etmäge taýýardyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasyny taryhy taslama diýip atlandyrmak bolar, çünki onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurtlarymyzy özara gatnaşyklaryň täze derejesine çykaryp, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlarynyň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň artmagyna ýardam eder.

Şeýle hem medeniýet we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy bellenildi. Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň gurulmagy hem muňa kuwwatly itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýede şeýle ýokary okuw mekdebini döretmek barada pikir aýdyldy. Türkiýe Türkmenistany ygtybarly strategiki hyzmatdaş, gadyrdan dost we dogan hasaplaýar, munuň özi türkmen – türk hyzmatdaşlygynyň yzygiderli, açyk we özara ynanyşmak häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär diýip, Premýer-ministr nygtady.

Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana gelipg örmäge we deňiz portunyň düýbüni tutmaga gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-türk dostlugynyň mundan beýläk-de ogunly ösjekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri özara gatnaşyklaryň has wajyp ugurlaryna, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamda, şol sanda energetika we ulag pudaklarynda, maýa goýumlaryny giňeltmekde, bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine degip geçdiler.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine kanagatlanma bildirildi we geljekde olaryň giňeldiljekdigine ynam bildirildi. Söhbetdeşler nobatdaky gezek Türkmenistanyň we Türkiýäniň gatnaşyklarynyň esasynda iki halkyň taryhy kökleriniň we ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygynyň durýandygyny bellediler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň bilelikdäki awtomobil kerweni howa menzilinden çykyp, täze düzümleýin desganyň – Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň düýbüniň tutulýan ýerine ugrady.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde hakyky ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň hökümetiniň ýolbaşçysy Rejep Taýyp Ärdogan şol ýere barýarlar. Milli lybasdaky gyzlar belent mertebeli myhmanlara gül desselerinig owşurýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda ýurdumyzyň minsitrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Hemmeler ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Türkmen-türk dostlugy barada aýdym ýaňlanýar. Döredijilik toparyna gatnaşyjylar joşgunly aýdym-saz we tans kompozisiýasyny ýerine ýetirýärler.

Mähirli garşylandyklary üçin ýygnananlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň Premýer-ministri geljekki portuň çäginde dikilen ýörite çadyra tarap ugraýarlar.

Çadyryň ýanynda şu gün gurluşygyna badalga berilýän Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň makedi ýerleşdirilipdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýegeleýew işlenip taýýarlanan taslama barada hasabat berdi. Ol “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny hem-de Türkmen Deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasynyň” çäklerinde durmuşa geçirilýän taslama barada umumy maglumatlary hem-de tehniki häsiýetnamalary hödürledi.

Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň taslamasynda parom, ýolagçy we konteýner terminallaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Topluma umumy ýükler porty, Guýma ýükler porty, şeýle hem Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody girer. Köpugurly portuň umumy meýdany 1 million 200 müň inedördül metrden gowrak bolar, onuň deňizde dolduryljak umumy meýdany bolsa 5 million kub metrden geçer. Priçal desgalarynyň çylşyrymly gurluşyk işleriniň barşynda şonça möçberdäki suwasty topragy çykarylar.

Priçalyň umumy uzynlygy 3 müň 607 metre barabardyr. Priçal gidrotehniki desgalardan başga-da, kenarýaka düzüminiň köp sanly desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Ol özüne ulag üpjünçiligini hem birleşdirer. Şol desgalaryň hatarynda umumy uzynlygy 2 200 metre barabar estakada aýrytly awtomobil ýollary we umumy uzynlygy 5300 metre deň bolan demir ýollary bar.

Taslamany işläp taýýarlamak we amala aşyrmak üçin halkara bäsleşigi yglan edildi. Oňa bu ulgamda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýedisi gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça “Gap Inşaat” türk kompaniýasy ýeňiji hem-de desganyň baş potratçysy diýlip ykrar edildi.

Soňra “Gap Inşaat” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyga söz berilýär. Ol türkmen-türk gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýe bolan taslamanyň – Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň potratçysy bolmak babatda öz kompaniýasyna bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür Türkmenistanyň Baştutanyny ähli şertnamalaýyn borçnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetiriljekdigine we iki ýurduň netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüljek bu möhüm desganyň gurluşygynyň hiliniň ýokary derejede boljakdygyna ynandyrdyr.

Dabarada şeýle hem “Inros Lackner AG” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasynyň wekili çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu kompaniýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny toplumlaýyn gurmagyň maksatlaýyn (konseptual) taslamasyny işläp taýýarlamak we gurluşyk işlerine gözegçilik etmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek ynanyldy. Germaniýaly maslahatçynyň belleýşi ýaly, Halkara deňiz polrty ýaly şeýle logistiki merkeziň döredilmegi döwletiň ykdysady taýdan ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýär. Kompaniýa bilidiren ynamy uçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ol taslama boýunça işleri birkemsiz ýerine etirmegiň kompaniýanyň hünärmenleri üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz habary uly gyzyklanma bilen diňläp, çykyş edenlerden deňiz portunyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri, ony netijeli işletmegiň guramaçylyk tehniki çäreleri, port hojalygynyň tehniki üpjünçiligi we işiniň aýratynlygy, ony dolandyrmagyň ulgamlary barada jikme-jik sorady. Milli Liderimiz ähli sowallara hünärmenleriň doly jogabyny aldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan çadyra barýarlar.

Milli Liderimizi we belent mertebeli myhmany, şu şanly waka gatnaşýanlaryň ählisini mübärekleýän diktoryň sesi eşidilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin Türkiýe Respublikasynyň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip we ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, milli Liderimiz: “Biz şu gün hakykatdan-da taryhy waka gatnaşýarys. Biz bu ýerde, Türkmenbaşy şäherinde türk doganlarymyz bilen bilelikde giň gerimli ulag taslamalarynyň birini durmuşa geçirmäge – täze halkara deňiz portuny gurmaga başlaýarys” diýip belledi.

Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň çäkleri dünýäniň iň uly bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýän «Gündogar–Günbatar» ugry boýunça tebigy ulag gatnaw geçelgesidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hazar deňziniň boýunda gurlup başlanýan täze deňiz porty häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyny emele getirýän, örän möhüm ähmiýetli çatryk bolar. Bu çatryk Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarar, uzak möhleti nazara alýan sebitara gatnaşyklaryna örän güýçli itergi berer. Şeýle hem, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň amatlylygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açar.

Iň öňdebaryjy tehnikalar bilen enjamlaşdyryljak bu häzirki zaman deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň sebitiniň döwletlerine çykmak üçin doly amatly şertleri döreder. Bu bolsa, örän uly möçberli ýükleriň daşalýan aralygyny hem-de möhletini ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Aslyýetinde, gürrüň Merkezi Aziýany, Hazar deňziniň sebitiniň döwletlerini, geljekde Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna çykmagy nazara alyp, Zakawkazýe hem-de Gara deňziň sebiti bilen birleşdirýän täze geoykdysady giňişligini döretmek hakynda barýar. Biziň taslamamyz Hytaý, Hindistan, Päkistan, Aziýa–Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly örän uly ykdysady merkezlere çykmagy nazara alyp, geljekde ulag üpjünçilik ulgamyny günorta we gündogar ugurlary boýunça giňeltmegi hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa, ählumumy geoykdysadyýetde düýpgöter täzeçe pikirlenmegiň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiki mümkinçiliklerini görmegiň mysaly bolmak bilen, hyzmatdaşlyk etmegiň has giň gerimli görnüşiniň döredilmegini aňladýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiziň belleýli ýaly, bu taslamanyň diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylandygy bilen çäklenmeýändigini bellemek isleýärin. Türkmenbaşydaky täze halkara deňiz porty geosyýasata hem düýpli täsirini ýetirer. Täze portuň işe başlamagy bilen, ol ulag ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölekleriniň biri bolup, sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer. Şonuň ýaly-da, uç-gyraksyz Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň esasy şertleriniň biri bolmaga, kontinentdäki syýasy gatnaşyklaryň bütin ulgamynyň durnuklylygyny artdyrmaga ukyply bolar.

Taslamany amala aşyrmagyň örän möhüm geosyýasy tarapy bolsa, ulag ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýörelgesini iş ýüzünde durmuşa geçirmekden, bu ugurlaryň ulgamyna köp sanly döwletleri we iri sebitleri goşmakdan ybaratdyr. Bu bolsa, öz nobatynda, döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna iş ýüzünde ýardam berer.

Bu taslamanyň halkara we sebit guramalarynyň derejesinde hyzmatdaşlygy berkitmekde hem geljeginiň uludygy äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze deňiz portunyň gurulmagynyň, soňra bolsa ulanmaga berilmeginiň iri halkara guramalarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy ep-esli giňeltjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, sebit Ýewraziýanyň günorta böleginde strategiki taýdan durnuklylygyň giň gerimli ulgamynda ygtybarly ugur hasap edilýär. Bu taslamanyň maksatlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň uzak möhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, biz bu ugurda açylýan mümkinçilikleri doly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu abraýly guramalary özara ysnyşykly işlemäge çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu taslamanyň gönüden-göni biziň döwletlerimiz üçin hem uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň we Türkiýäniň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Kuwwatly serişde we senagat mümkinçiliklerine eýe bolan iki dostlukly döwlet parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça syýasaty alyp barýarlar. Şonuň netijesinde ynanyşmak we özara peýdaly ýörelgeler esasynda beýleki ýurtlaryň gatnaşmagy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ýola goýulýar. Bularyň ählisi türkmen-türk özara gatnaşyklaryny bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň barşynda köp taraply we köp ugurly durnukly halkara hyzmatdaşlygyna öwürýär.

Täze port Türkmenistanyň we Türkiýäniň ykdysady taýdan öňe gitmegine, senagat hem-de ulag ulgamlaryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşmaça kuwwatly itergi berer. Şeýle hem, iri möçberli maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder. Geçirilýän bu işler, öz gezeginde, adamlaryň bähbidine hyzmat eder, olaryň hal-ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmaga hemaýat berer. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu taslamanyň biziň halklarymyzyň düýpli bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda biziň türk doganlarymyz bilen bilelikde işlemegiň köp oňyn tejribesiniň toplanandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, ýüzlerçe türk firmalary we kompaniýalary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzda köp sanly ykdysady taslamalary durmuşa geçirdiler we geçirýärler. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň maliýe möçberleri onlarça milliard amerikan dollary bilen ölçelýär. Häzirki wagtda türk kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energetika, senagat, ulaglar we kommunikasiýalar ýaly strategiki pudaklarynda alnyp barylýan işlere gatnaşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, beýleki pudaklarda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça biziň ýurtlarymyzyň geljegi uly bolan mümkinçilikleri bar. “Hususan-da, şu gün bu ýerde – Hazar deňziniň türkmen kenarynda bolmak bilen, türk firmalarynyň we hünärmenleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ýokary depginler bilen ösdürmäge gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek isleýärin. Biz türk hyzmatdaşlarymyz bilen myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barýarys. Bulardan başga-da, Türkiýäniň halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän syýahatçylyk ulgamyny, şol sanda oňat hilli hyzmatlar ulgamyny döretmekde toplan tejribesini peýdalanmagy hem göz öňünde tutýarys. Şunuň bilen baglylykda, biz ýakyn geljekde Türkiýäniň syýahatçylyk bilen meşgullanýan işewürleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýäris” diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu günki günüň esasy wakasyna gaýdyp gelmek bilen, biziň dostlukly ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň taryhyna bu gün altyn harplar bilen ýazylar diýip belledi. Biz şu möhüm we giň gerimli taslamany bilelikde amala aşyryp başlaýandygymyza buýsanmaga haklydyrys. Şeýle derejedäki taslamany diňe doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen bagly bolan, bilelikdäki maksatlaryna anyk düşünýän, uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görýän syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly we geljegine ynamly barýan döwletler amala aşyrmaga ukyplydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistan bilen Türkiýe hut şeýle döwletlerdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz portunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlugyň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň, biziň halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogana söz berilýär.

Bu ýerde bolmak meniň üçin uly hormat-sarpadyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň, tutuş sebitiň durmuşynda hakyky taryhy waka bolup geçýär. Premýer-ministr Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gülüň mähirli salamyny gowşuryp, türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli gutlady. Bu desga sebitiň ähli ýurtlarynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmäge täze kuwwatly itergi berer.

Premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdogan bu möhüm desganyň gurluşygynyň türk kompaniýasyna ynanylandygyny kanagatlanmak bilen belläp, türk hyzmatdaşlarynyň özlerine bildirilien ynamy abraý bilen ödejekdigine hem-de türkmen-türk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we üstünlikli ösdürmäge täze goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda doganlyk Türkmenistanda ägirt uly oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi Türkmenistana dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girmäge mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyna buýsanmaga haklydyrys. Şol hyzmatdaşlyk bolsa özara bähbitli doganlyk gatnaşyklarynyň nusgasyna öwrüldi.

Şunuň bilen bir hatarda şu günki düýbi tutulýan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, umuman dünýä derejesindäki gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn diýip, Türkiýäniň Premýer-ministri aýtdy. Bu deňiz portunyň Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa täze ugurlaryň açylmagyny şertlendirer, şeýlelikde, halkara derejeli gatnaşyklaryň möhüm çatrygyna öwrüler. Biz Bosfor bogazynda suwasty geçelgäniň gurluşygyny tamamlaýarys, nesip bolsa, ony Türkiýe Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga bereris. Men öz gezegimde hormatly doganymy - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýäniň bu möhüm desgasynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrýaryn diýip, Rejep Taýyp Ärdogan aýtdy.

Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, Türkmenistanyň soňky ýyllarda ulag ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjam ýola goýulmagynda Türkmenistanyň wajyp orun eýeländigini bellemelidiris diýip, Premýer-ministr nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň Premýer-ministri üçin wideofilm görkezilýär. Onda kompýuter grafikasynyň kömegi bilen ýakyn geljekde tutuş port toplumynyň nähili boljakdygy şöhlelendirilýär. Aýry-aýry şekillerde portuň ähli terminallarynyň işi aýdyň görkezilýär. Bu port diňe bir ýurdumyzyň ulag ulgamynyň däl, eýsem tutuş milli ykdysadyýetiň ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolar.

Soňra ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdogana nesillere ýüzlenme ýerleşdirilen ýörite gutujygy getirýärler. Milli Liderimiz we Premýer-ministr ýüzlenmä gol çekýärler hem-de ony kapsulanyň içine salyp, deňiz portunyň düýbüniň tutuljak ýerine tarap ugraýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan betonyň ilkinji susaklaryny atyp, täze gurluşyga simwoliki badalga berýärler.

Täze deňiz portunyň tehniki taraplary barada aýdylanda bolsa, ol ýük daşamagyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin zerur bolan iň häzirki zaman programma-enjamlaýyn toplumlar bilen üpjün ediler. Uçastoklaryň we enjamlaryň önjeýli işlemegi, giriş we çykyşlaryň gözegçiligi, ýükleme we boşatma boýunça maglumatlaryň elektroniki we göni ýaýlym tertibinde gözegçiligi utgaşdyrylyp dolandyrylar.

Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak we goramak maksady bilen, her bir terminalda biologiki arassalaýjy desgalar bina ediler. Taslama “Ýaşyl Port” (Green port) standartlaryna laýyklykda işlenilip düzüldi.

Portuň gurluşygy bilen birlikde, onuň işgärleriniň taýýarlamak we operatorlary okatmak boýunça uly işler geçiriler. Olar Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda okadylar.

Halkara parom we ýolagçy porty 193 müň 800 inedördül metr meýdanda ýerleşer. Bir wagtyň özünde onuň priçalyna gämileriň birnäçesi gelip biler. Ol ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat etmäge niýetlenendir. Terminalda 400 ýolagça hyzmat edip biljek ýolagçy terminal binasy onuň özboluşly binagärlik desgasyna öwrüler. Bu ýerde şeýle hem myhmanhananyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Portdaky gümrük, pasport barlagy we beýleki zerur bolan işler “Terminal işletme ulgamy” arkaly üpjün ediler. Bu ýerde 200 adam işlär.

Ortaça ýyllyk önjeýligi ortaça 400 müň TEU (TEU şertli standart konteýneri aňladýar) konteýner ugratma kuwwatlylygy bolan konteýner terminaly 232 müň 600 inedördül metr meýdanda ýerleşer. Bu strategiki desga Türkmenistanyň sebitiň eksport-import logistiki ulgamyna mynasyp goşandy bolar. Halkara standartlaryna laýyk gelýän bu desga howa ýollarynyň, gara ýollaryň we demir ýollarynyň ýük daşamak ulgamyny deňiz ýollary bilen utgaşdyrar.

Konteýner terminalynyň uzynlygy 515 metre barabardyr. Munuň özi bir wagtyň özünde gämileriň birnäçesinde ýük ýüklemek we düşürmek işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şunda şol gämileriň umumy ýük göterijiliginiň 5 müň tonna barabardygyny bellemelidiris.

Portda ýükleri işläp geçmek üçin iň täze enjamlar, ýük göteriji ulag tehnikalary bolar. Mysal üçin, konteýner terminalynda her biri sagatda 25 TEU boşatma kuwwatlykly 4 sany STS (gämiden –kenara –gämä) krany işlediler. Ýeri gelende aýtsak, kranlaryň her biri 300 konteýnerli bir gämini 12 sagatda boşadyp ýüklemäge ukyplydyr.

Terminalda aýratyn Baş paýlaýyş merkezi (CFS—Container Freight Station) gurlar. Onuň esasy wezipesi bölek ýükleri birikdirmekden ybaratdyr. Desganyň geçirijilik ukyby günde 50 TEU barabardyr. Konteýner terminalynda jemi 250 adamyň işledilmegi göz öňünde tutulýar. Gözegçiligiň hemra ulgamy arkaly üpjün ediljek konteýner terminalynyň CTQI (Container Terminal Qulity Indicator—konteýner terminallarynyň hiliniň indikatory) standartlaryna laýyklykda taslamalaşdyryldy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda konteýnerleriň dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigini bellemelidiris. Munuň özi konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyny şertlendirdi. CTQI-nyň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň şu görnüşinde hile gözegçilik etmegiň bitewi ulgamyny döretmäge mümkinçilik berdi.

Terminallaryň iň ulusy, ýagny, umumy ýükler terminaly 340 müň inedördül metr meýdanda ýerleşer. Onuň kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna ýüke barabardyr. Bu terminal gurluşyk demiri, polat, tokaý materiallary, maşynlar, enjamlar hem-de uly agramly ýükler ýaly umumy ýükleri düşürmek, ýüklemek, ýerleşdirmek we ugratmak üçin niýetlenendir.

Umumy ýükler terminalynyň uzynlygy 752 metre barabardyr. Bu ýerde bir wagtyň özünde umumy ýük göterijiligi 5 müň tonna barabar bolan 5 sany gäminiň ýüküniň ýüklenilmegini we düşürilmegini üpjün edip bolar. Bu işleri amala aşyrmak üçin RMS kysymly rels kranlarynyň 6-sy we MNS kysymly ykjam port kranlarynyň 4-si niýetlenendir. Olar bir günüň dowamynda 12 müň tonna ýüküň ýüklenilmegini, düşürilmegini we ugradylmagyny üpjün ederler. Bu ýerde hem iş orunlarynyň 200-siniň dörediljekdigini bellemelidiris.

Portuň düzümine ýene-de bir terminal – guýma ýükler terminaly girer. Onuň taslamada göz öňünde tutulýan kuwwatlylygy ýylda ortaça 3 million tonna barabardyr. Ol 100 müň inedördül metr meýdanda ýerleşer. Bu terminal dürli çig mal materiallaryny, nebithimiýa önümlerini, klinker, demir magdany, sement, boksit, alýuminiý, kömür, iým, dökün, şeýle hem däne, şeker, duz we beýleki ýükleri düşürmek, ýüklemek, erleşdirmek we ugratmak üçin ulanylar.

Guýma ýükler terminalynyň uzynlygy 680 metre barabar bolup, ol bir wagtyň özünde 5 müň tonna dedweýt agyrlykly 4 sany gämä hyzmat etmäge mümkinçilik berer.

100 adamyň işlemegi meýilleşdirilýän terminalda umumy meýdany 38 müň inedördül metr bolan açyk ammar, sygdyryjylygy 60 müň kub metre deň bolan däne bunkerleri hem-de sygdyryjylygy 15 müň kub metre barabar bolan guýma ýükler bunkeri bolar.

Toplumda milli ykdysadyýetimiz üçin düýbünden täze kärhananyň boljakdygyny hem bellemek ýakymlydyr. Bu kärhana gämigurluşyk we abatlaýyş zawodydyr. Onuň işe girizilmegi, sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň agyr senagaty pudagynyň we ýurdumyzyň gämi gurluşyk ulgamynyň kemala gelýändigini alamatlandyrar.

Bu desga 143 müň inedördül metr meýdanda ýerleşer. Zawodyň taslama kuwwaty ýylda 20 müň tonna polady işläp geçmäge niýetlenendir. Şunda halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiki enjamlar we awtomatlaşdyrylan ulgamlar ulanylar.

Bu ýokary tehnologiýaly kärhana dürli görnüşli gämileri, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri, nebit we gaz platformalaryny (özi galýan –jack Up platformalary) we beýlekileri gurmak boýunça doly möçberli işleri amala aşyrar. Önümçilik ulgamlarynyň häzirki zaman programma üpjünçiligi zawodda her ýylda dürli görnüşli we gabaraly gämileriň 4-6-synyň (uzynlygy 160 metre çenli we ýük göterijiligi 7 müň tonna) gurulmagyna, şeýle hem 20-30 gäminiň abatlanylmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, geljekki zawod türkmen deňiz flotunyň kemala gelmegine täze itergi berer we onuň döwrebaplaşdyrmagyny üpjün eder.

Zawod doly kuwwatynda işledilende, bu ýerde 600 adamyň işlemegi meýilleşdirilýär. Desga taslanylan mahaly, geljekde onuň kuwwatyny artdyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy. Munuň özi işgärleriň sanynyň 3 müň 600 adama çenli artdyrylmagyny talap edýär.

Zawod IACS –International Association Classification Societes (JSHA-Jemgyýetçilik Synplandyrmasynyň Halkara Assosiasiýasy) halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda taslanyldy. JSHA-nyň esasy maksady deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda standartlary we kadalary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Dünýäniň söwda flotunyň tonnažynyň 90 göterimden gowragy JSHA-nyň agzalarynyň toparyna degişlidir.

Deňiz portunyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdylar we bu ýerden ugradylar.

Şondan köp wagt geçmänkä döwlet Baştutanymyzyň we belent mertebeli myhmanyň bilelikdäki awtomobil kerweni “Ýelken” ýahta-klubuna barýar. Bu klub şu ýylyň tomsunda deňiz şypahanasynyň düzümini ýene-de bir kaşaň kottejler toplumy hem-de gämi duralgalary bilen ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri deňziň kenary boýunça gezelenç edýärler. Şol ýerden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ajaýyp görnüş açylýar. Ol özüniň täsin we özboluşly binagärlik toplumy bilen dünýä derejesinde ajaýyp dynç alyş merkezine öwrülýär. Soňra türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan belent mertebeli myhmanyň hormatyna “Ýelken” kottejler toplumynyň restoranynda resmi agşamlyk nahary berildi.

Türkmenistana şu iş saparyny tamamlap, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportundan ugrady.

Şu günüň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi.