Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesiniň Bereket-Etrek böleginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesiniň Bereket-Etrek böleginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

view-icon 1452
Türkmenistanyň Prezidenti “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesiniň Bereket-Etrek böleginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň barşynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän we sebitde hem-de tutuş Ýewraziýa yklymynda özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen bu iri möçberli taslama ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine gulluk eder.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 11-nji maýynda bu halkara demir ýolunyň türkmen-gazagystan bölegi ulanmaga tabşyrylandygyny bellemek gerek. Bu şanly waka mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezident Nursultan Nazarbaýýew gatnaşdy. Bu taslama Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn hem-de Orta Gündogara ýükleri gatnatmak üçin oňaýly we tygşytly ugry üpjün etmäge gönükdirilip, täze üstaşyr-ulag geçelgesiniň döredilmegi müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpe ýolunyň dkieldilýändigini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan bu gadymy ugruň, täze taryhy eýýamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilen taslamanyň başyny başlaýjy bolup durýar.


Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary “Demirgazyk-Günorta” polat ýolunuň Bereket-Etrek böleginiň ugrunda ýerleşen Däneata demirýol menziliniň ýanyndaky ýörite meýdançada gonýar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde demir ýoluň gurluşygy, onuň depginleri we ýerine ýetirilýän işleriň hili bilen jikme-jik tanyşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Demirgazyk-Günorta polat ýolunuň Bereket-Etrek böleginiň kartasy, şeýle hem degişli düzümleriň işlenip taýýarlanylan taslamalary görkezildi.

Olaryň hatarynda demir ýol menzilleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary bar. Bu desgalar Bereket-Etrek böleginiň demir ýol menzillerinde bina ediler. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Däneata, Döwletýar, Bugdaýly, Balguýy, Madaw, Akjadepe stansiýalaynda guruljak demir ýol menzilleriniň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna Etrekde gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň birnäçesiniň taslamalary hödürlenildi. Bu künjekde demir ýolçular üçin gulluk jaýlary gurlar. Ol ýerde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 20-ä golaýy,demir ýol menziliniň jaýy we beýleki desgalaryň birnäçesi bina ediler. Şeýle hem bu ýerde gündogar binagärlik äheňinde özboluşly derweze bina ediler. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna jemi 115 köprüniň taslamalary görkezildi. Olaryň 17-si has iri köprülerdir. Köprüleri gurmak esasan Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň garamagyndaky gurluşyk edaralaryna ynanyldy.

Tutuşlygyna alnanda Bereket-Etrek demir ýolunuň ugrunda demir ýol stansiýalarynyň 8-siniň jaýlary ýerleşdiriler. Etrek stansiýasynda 50 ýolagça niýetlenen menzilden başga-da, teplowozlara we wagonlara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin aýlanýan deponyň, ýükleýiş-düşüriş meýdançasynyň, gümrükhananyň edara binasynyň, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş, serhet gulluklarynyň we beýlekileriň edara binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde şeýle hem energiýa üpjünçilik, aragatnaşyk we beýleki ulgamlary öz içine alýan häzirki zaman inžener-tehniki düzümler dörediler.


Türkmenistanyň Prezidenti taslamalar bilen içgin tanşyp, olara degişli anyk bellikleriň we maslahatlaryň brnäçesini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, demir ýol düzümleriniň ähli desgalary bu ugur boýunça ähli bildirilýän ölçeglere hem-de halkara standartlaryna laýyk gelýän iň häzirki zaman abzallar bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Demir ýol menzillerinde ýolagçylaryň rahatlygy hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz binagärlik pikirleriniň amala aşyrylmagy we täze jaýlaryň we desgalaryň içerki bezegi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, bu ýerde iň öňdebaryjy bezegçilik we inžener-tehniki işläp taýýarlamalar milli binagärligiň we bezegçileriň iň oňat däpleri bilen utgaşdyrylyp, giňden ulanylmalydyr diýip belledi.

Ýaşaýyş jalarynyň gurluşygy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, olarda ýaşaýjylar üçin aňrybaş şertler döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemlemek bilen, ähli gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmalydygyny hem-de desgalaryň öz wagtynda ulanylaga berilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýoluň Etrek bekedinde goňşy Eýran tarapdan Türkmenistanyň çägine girýän ugrundaky derwezäniň gurluşygy babatda degişli tabşyryklary berdi. Ol türkmen-gazagystan serhedindäki Serhetýaka demir ýol menzilinde bina edilen derweze ýaly özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Bereket şäherini we Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän Etrek etrap merkezini birleşdirjek demir ýol böleginiň umumy uzynlygynyň gapdal we goşmaça ýollary hem hasaba almak bilen 325 kilometre deň boljakdygyny bellemek gerek. (Şol sanda göni ýoluň uzynlygy 256,5 kilometr bolar). Garagumyň üsti bilen Gazagystanyň sähralaryndan geçip, Eýranyň demirgazygyndaky daglyk Gülüstan welaýatyna çenli baryp ýetjek bu demir ýolunyň umumy uzynlygy 900 kilometre ýeter. Onuň iň uzyn bölegi, 700 kilometre golaý uzynlykdaky demir ýol Türkmenistanyň çäklerinden geçer. Türkmen demir ýol gurluşykçylary gysga döwrüň içinde Bereket stansiýasyndan Gyzylgaýa ilatly ýeriň üsti bilen Gazagystanyň serhetlerine, ýagny serhetýaka stansiýasynyň ýerleşýän ýerine çenli uzaýan 444 kilometr bolan demir ýoly gurdular. Bellenilişi ýaly, Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň türkmen-gazagystan bölegi geçen ýylyň maýynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Häzirki wagtda türkmen demir ýolçulary onuň günorta ugry boýunça gurluşygyny güýçli depginlerde alyp barýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleri tarapyndan Bereket stansiýasyndan başlaýan demir ýoluň 95-nji kilometrinde relsleri goýmak, şeýle hem 95-nji we 110-njy kilometrleriň aralygyndaky bölekde toprak-çagyl düşemek işlerini alyp barýarlar. Şunuň bilen bir hatarda demir ýoluň Bereket-Etrek bölegindäki demir ýol stansiýasylarynyň jaýlarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak baradaky başlangyç bilen çykyş edip, onuň gurluşygyny halkara standartlaryna laýyklykdaky ýokary hil derejesinde amala aşyrýandygyny nygtamak gerek. Şunda otlularyň ýokary tizlikdäki hereketine niýetlenen şpallaryň täze görnüşlerini taýýarlamak, şeýle hem ýokary berklikdäki nurbatlary hem-de saklaýjy enjamlary, relsleriň aşagyna goýulýan “ýassyklary” we beýlekileri öndürmek meselesinde nou-hau we öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ulanylýar. Ekologiýanyň kadalalaryny hasaba almak bilen alnyp barylýan iň häzirki zaman tehnikasy we enjamlary herekete girizildi. Bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde Türkmenistan abraýly halkara bilermenleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň taslamalar bilen tanyşlygy tamamlanandan soňra milli Liderimiz demir ýol gurluşykçylary bilen söhbetdeş boldy, olar hormatly Prezidentimizi mähirli garşyladylar. Gyzykly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Bereket-Etrek demir ýoluny gurmak boýunça işleriň barşy, şeýle hem gurluşykçylaryň zähmet we durmuş şertleri, olaryň iş-aladalary bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz bu demir ýol ugrunyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, häzirki döwrüň sebit we halkara ulag düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüljek transmilli Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň ägirt uly ähmiýetini belledi. Häzirki döwrüň tejribesiniň hem-de durnukly ösüşiň ählumumy maksatlarynyň tassyk edişi ýaly, örän möhüm ähmiýete eýe olan bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi gürrüňsiz ýagdaýdaky ykdysady bähbitlerden başga-da, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky deňhukukly oňyn halkara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Merkezi Aziýanyň çäkleri dünýäniň örän iri bazarlaryna çykmagy üpjün etjek “Demirgazyk-Günorta” we Gündogar-Günbatar” ugurlaryndan geçýän tebigy ulag geçelgesidir. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýoly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlary üçin amatly şertleri açýar hem-de şol sanda ýük ulaglarynyň gatnawlary boýunça wagty tygşytlamak nukdaý nazaryndan hem örän amatly şertleri üpjün eder.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, transmilli demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, täze iş ýerlerini döretmäge mümkinçilik berer diýip belledi. Bularyň ählisi adamlaryň abadançylygynyň, durmuş derejesiniň ösmegine ýardam eder. Bu bolsa diňe bir üç goňşy ýurtlaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, tutuş sebitiň ýurlarynyň abançylygyna hem oňyn täsir eder. Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň türkmen-gazagystan böleginiň ulanylmaga girizilmegi bilen üstaşyr gatnawlaryň möçberleri 8 esse artdy.

Öndürijilikli zähmet çekýän pudagyň işgärleriniň oňaýly dynç almaklary bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, demirýol gurluşykçylary häzirki döwürde olaryň ygtyýarynda häzirki zaman enjamlarynyň, tehnikalaryň we beýleki serişdeleriň bardygyny bellediler hem-de munuň özi işiň depginini ýokarlandyrmaga we olaryň ýokary hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar. Şeýle hem demir ýolçular bu möhüm taslamanyň öz wagtynda hem-de üstünlikli amala aşyrylymagy üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz demir ýol gurluşykçylarynyň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bu desgada işleýän ýol gurluşykçylaryna sowgatlary gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz bu günki çärä gatnaşýan degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, olardan işiň guramaçylygy, utgaşdyrylmagy hem-de onuň barşy we hili, tehnikalaryň, serişdeleriň, enjamlaryň bökdençsiz üpjün edilmegi, demir ýol menzilleriniň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şunlykda, milli Liderimiz Demirgazyk-Günorta ulag ýolunuň möhüm bölegi bolup durýan Bereket-Etrek demir ýolunuň we onuň ugrunda bina edilýän düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň ählumumy ykdysady ösüş şertlerinde sebitiň ulgamyna üstünlikli goşulmagyna gönükdirilen häzirki zaman yklamüsti üstaşyr-ulag ulgamynyň kemala getirilmeginde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunuň möhüm ähmiýete eýedigini ýene bir ýola belledi. Bu strategik polat ýoly geosyýasy nukdaý nazaryndan hem möhüm ýagdaýdyr. Sebitde hem-de onuň daşlarynda umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge, yklymara dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda durnuklylygy üpjün etmäge ukyply düzümdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly esasda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirer.

Iş saparynyň jemini jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de Aşgabada ugrady.