Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

view-icon 815
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň asylly endigine eýerip, bütin dünýä şöhraty dolan türkmen bedewleri bilen didarlaşmak üçin Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz özüniň işiniň köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmaga, ahalteke bedewleri bilen didarlaşmaga wagt tapýar. Ine, bu günki dynç güni hem şeýle boldy. Behişdi bedewelere aýratyn söýgi bilen garaýan milli Liderimiz uçganaklap duran bedewiň jylawyndan tutup, çapuw ýodasynda gezim etdi. Seýkin basyp, peýwagtyna ýöriş edýän bedewiň keşbinde aýratyn buýsanç bar. Bu görnüşleri synlanyňda, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň, toý-baýramlaryň bezegi bolan ahalteke bedewleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sarpasynyň has-da belende göterilýändigine göz ýetirýärsiň.

Ynsan gylykly bedewler türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, olar adamlaryň ýakyn hemrasyna öwrülipdirler. Ahalteke bedewleriniň duýgurlygy, çeýeligi, olaryň owadanlygy türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň yhlasly hem-de irginsiz zähmetleriniň netijesi bolup, türkmen atlary dünýä ýüzünde iň bir sarpalanýan we uly gadyr goýulýan bedewlere öwrüldiler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen atşynaslarynyň gadymy däpleri has-da ösdürilip, kämilleşdirilip, ýurdumyzda atçylyk ulgamynyň, şeýle hem atçylyk sportunyň ösdürilmegini şertlendirdi.

Gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurdumyzda atçylyk sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, şeýle hem bedewleriň göwnejaý ideg edilmegi hem-de atşynaslaryň netijeli zähmeti üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Milli Liderimiz atly gezelenjinden soň, bu ýerdäki iş otagynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan ylmy eseriniň üstünde işlemegini dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky giňden meşhur bolan “Ahalteke bedewi -- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly kitaplaryň awtorydyr. Olar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine elýeterli boldy we atçylyk ulgamy bilen gyzyklanýan alym-ippologlar üçin gymmatly ylmy çeşmelere öwrüldiler.

Döwlet Baştutanymyz atçylyk ulgamy boýunça taryhy çeşmeleri, ylmy eserleri we beýleki maglumatlary çuňňur öwrenip, ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze eserini dowam etdi. Milli Liderimiziň galamynyň astyndan çykjak täze eser adamzat ösüşiniň hazynasyna türkmen halkynyň goşan milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamyny döretmäge hyzmat eder.