Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 729
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty şeçirildi. Onuň barşynda birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy. Maslahata ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldylar.

Deputatlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň gün tertibine girizilen kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda milli parlamentiň deputatlary bilen bolan duşuşygynda öňe süren maksatnamalaýyn ýörelgelerini nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň jähedinde amala aşyryldy. Milli Liderimiziň öňe sürýän hukuk özgertmeleriniň baş maksady Türkmenistanyň Konstitusiýasynda yglan edilen we adamlaryň, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanunyň rüstemligini ugur edinýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekden, kanunçylyk namalarynyň umumy ykrar edilen halkara-hukuk esaslaryna we kadalaryna laýyklykda täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Şu jähetden Mejlisiň kanun çykaryjylyk işine, türkmen halkynyň taryhy taýdan döreden demokratik gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaparyny nazara almak bilen milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň toplumlaýyn kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak ýurdumyzyň esasy Kanunynyň düzgünnamasynyň talaplaryna, şeýle hem umumy kabul edilen ýörelgelere we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär.

Ara alnyp maslahatlaşmaga hödürlenen esasy kanunçylyk taslamalarynyň hatarynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Deputatlar bu kanuny işläp taýýarlanlarynda milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň esasynda kanunçylygyň mundan beýläk-de ynsanyň bähbidine gönükdirilmegi hakyndaky konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny ugur edinýän maksatnamasyna salgylandylar.

Şahsyýetiň, adamlaryň we raýatlaryň hukugynyň hem-de asatlyklarynyň, raýatlaryň saglygynyň goraglylygy, ilatyň arassaçylygynyň we kesellere durnuklylygynyň üpjün edilmegi, jemgyýetçilik ahlagyň, daşky gurşawyň goraglylygy, döwlet häkimiýetliligini amala aşyrmagyň ýola goýlan düzgüni, jemgyýetçilik tertibi we jemgyýetçilik howpsuzlygy, hususyýetçilik, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň ykdysady bähbitleriniň administratiw hukuk bozulmalardan ykdysady taýdan goraglylygy bu kanunçylyk namasynyň baş wezipesi bolup durýar

Bu gezekki maslahatyň möhüm meseleleriniň ýene biri Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty hakynda boldy. Mälim bolşy ýaly, umumy döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolmak bilen, ol ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky wezipeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň raýat nukdaýnazaryndan örän jogapkärli, syýasy taýdan sowatly, hakyky watansöýüji, täzeçe pikirlenip bilýän, beden taýdan sagdyn we belent ruhly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemekden we olary Türkmenistanyň mynasyp raýatlary edip ýetişdirmekden ybaratdygyny nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň deputatlary “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlapdyrlar. Ol öňde goýlan maksatlara ýetilmegini şertlendirmäge gönükdirilendir. Täze kanun taslamasynda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri, ýaş raýatlaryň durmuş ulgamynyň ösüşini we ýaşlaryň mümkinçilikleriniň döwletimiziň bähbidine durmuşa geçirilmegini kepillendirýän ýörelgeleri we ugurlary, durmuş-ykdysady, hukuk we guramaçylyk şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr.

“Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň şu günki sereden ýene-de bir möhüm hukuk resminamalarynyň biri boldy. Onuň düzgünleri gaz bazarynyň netijeli hereket etmegi, gaz üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň ygtybarly we howpsuz ulanylyşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu kanununyň kabul edilmegi ilatyň durmuşynyň ykdysady şertlerini gowulandyrmak, tehngiki ösüşi üpjün etmek we Türkmenistanyň senagat hem-de ekologiýa howpsuzlygyny nazara almak bilen, ykdysady taýdan ösmegi üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, gaz pudagynyň ösdürilmegine döwlet goldawynyň zerurlygyny şertlendirdi. Şu ulgamdaky döwlet syýasaty görkezilen kanuna laýyklykda, gazyň gorlarynyň netijeli peýdalanylmagyna döwlet kadalaşdyryş ulgamy esasynda durmuşa geçirilýär. Ol Türkmenistanyň eksport boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ykdysady bähditlerini goramak, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýaşaýyş we jemagat hojalyklaryny, senagat kärhanalaryny we beýlekig guramalary gazlaşdyrmak boýunça milli maksatnamany kemala getirmegiň we ony durmuşa geçirmegiň, gazy motor ýangyjy we himiýa senagaty üçin serişde hökmünde giňden peýdalanmak üçin şertleri döretmegiň, ýurdumyzda gaz çykarmagyň ygtybarly serişde binýadyny hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmak zerurlygyndan gelip çykýar.

Milli parlamentiň deptutlarynyň belleýşi ýaly, kanunçylyk namanyň kabul edilmegi, gaz pudagyny we gaz üpjünçilik ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyna, gazlaşdyrmak boýunça milli maksatnama Türkmenistanda gazy çykarmagyň we ony ýerlemegiň sazlaşygyny kemala getirmegiň hem-de tassyk etmegiň tertibine laýyklykda, gaz pudagynda we gaz üpjünçiliginde bir bitewi döwlet syýasatynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy adam bolup durýar diýlip ykrar edildi we raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmak milli syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda häzirki döwürde biziň ýurdumyzda giň möçberli we toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň kemala getirilmegi bilen bir hatarda onuň kanunçylyk binýady döredilýär we kämilleşdirilýär.

Deputatlaryň garamagyna hödürlenen “Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy soňky ýyllarda bu ulgamda kabul edilen birnäçe kanunçylyk namalaryň üstüni ýetirdi. Ol adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de bu kanun ilatyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilendir. Ol transplantasiýa ulgamynda ýüze çykýan ähli gatnaşyklara degişlidir. Şunlukda döwletimiz donor we resipiýent hakyndaky maglumatyň goraglylygyny kepillendirýär hem-de raýatlaryň saglygyna zeper ýetirilendigi üçin jogapkärçiligi belleýär.

Milli parlamentiň deputatlarynyň garamagyna hödürlenen birnäçe möhüm resminamalaryň we taslamalaryň hatarynda “Diplomatik gulluk hakynda” we “Diplomatik derejeler hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar. Kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgelerine we Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp baryldy. Bellenilişi ýaly, täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň ýokarlanmagyny, milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, halkara we döwletara gatnaşyklarynda milli bähbitleriň ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilmegini şertlendirer.

Şeýle hem deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýteiriş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary, şeýle hem “Girdejiler we maýa goýum üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Litwa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy hödürlendi.

Maslahatyň jemleri boýunça deputatlar Türkmenistanyň milli bähbitlerini we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen işlenilip taýýarlanylan täze kanunçylyk taslamalaryny goldadylar we biragyzdan kabul etdiler. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň ýigrimi birinji maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalary ýurdumyzyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirmek bilen türkmen döwletiniň uzakmöhleti nazarlaýan rowaç geljegini üpjün eder.