Ï Türkmenistan dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyň gündogar ugruny berkitdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyň gündogar ugruny berkitdi

view-icon 1168
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi sapary tamamlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň jemleýji güni boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, saparyň baý mazmunly maksatnamasy Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri hem-de birnäçe möhüm duşuşyklary öz içine aldy. Şol duşuşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze basgançagyna çykarmaga taýýardygyny tassyklady. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Işewür hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň esasy meseleleriniň biri boldy. Milli Liderimiziň we türkmen hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň iri ýapon işewürliginiň wekilleri, şol sanda saparyň düýnki gününiň ahyrynda geçirilen bilelikdäki forumyň çäklerindäki duşuşyklarynyň many-mazmuny we häsiýeti munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şol meseleleri ara alyp maslahatlaşmak şu gün, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň “Nippon Keidanren” işewürler federasiýalarynyň başlygy Hiromasa Ýonekura bilen duşuşygynyň barşynda hem dowam etdi. Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem Ýaponiýada umumymilli telekeçilik birleşikleriň ýüzden gowragy (ýerli birleşikleri hasaba almanyňda) bolup, olar öz gezeginde Ýaponiýanyň “Keidanren” ykdysady federasiýany düzýärler. Diňe iri korporasiýalaryň ulgamynda kompaniýalaryň iki ýarym müňe golaýy bar. Şunda kompaniýalaryň umumy sany ençeme esse köpdür we ýüzlerçe müňe barabardyr.

Nippon Keidanren Keidanreniň we Nikeireniň (Ýaponiýanyň iş berijiler assosiasiýasy) birleşmegi netijesinde 2002-nji ýylda döredildi. Ol esasan hususy ulgamy ösdürmegiň hasabyna ýurduň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegi öz öňünde maksat edip goýýar.

Iş ertirligi görnüşinde geçirilen duşuşyk “Akasaka” köşgüniň banket zalynda boldy. Bu köşkde milli Liderimiziň Ýaponiýa sapary mahalynda bellenilen kabulhanasy ýerleşdi. Häzirki zaman işewürliginiň adaty alamatyna öwrülen nahara iri ýapon korporasiýalary bolan “ITOCHU”, “TOYO Engineering”, “Chiyoda”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Toshiba”, “Komatsu” we beýlekileriň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Jenap Hiromasa Ýonekura öz çykyşynda bu ýere ýygnananlaryň adyndan saparyň jebis tertibine garamazdan wagt tapandygy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdi. Işewürlik federasiýasynyň baştutany belent mertebeli myhmany mähirli gutlap, birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk arkaly bagly bolan kompaniýalaryň bu ýere ýygnanan wekilleri üçin türkmen Liderini ýapon topragynda kabul etmek uly hormatdyr hem-de şatlykdyr diýip aýtdy.

Türkmenistan durmuş –ykdysady ösüşiniň ähli mümkinçiliklerini işjeň durmuşa geçirip, ägirt uly tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik pudaklaryny ösdürmegi höweslendirip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň ünsüni özüne çekýär, olar Siziň ýurduňyza şol işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin iň täze işläp taýýarlamalaryny, toplan tejribesini we bilimlerini hödürlemäge taýýardyr diýip Hiromata Ýonekura sözüni dowam etdi. Ol häzirki duşuşygyň şeýle özara gatnaşyklaryň çäklerini giňeltjekdigine, ony täze tapgyra çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Iri ýapon korporasiýalarynyň baştutanlarynyň bu abraýly birleşiginiň ýolbaşçysy ýapon işewürleriniň Türkmenistanda bolup geçýän ykdysady özgertmelere uly gyzyklanma bilen üns berip , Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de telekeçileriň artýan toparynyň hasabyna içerki maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin has amatly şertleri we netijeli, çeýe gurallary döretmek babatda alyp barýan işlerini we täzeçillik ädimlerini goldaýar diýip belledi. Ozaly bilen daşary ýurt maýadarlary we işewürleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge döwletiň berýän goldawy netijesinde Türkmenistan ýapon işewür toparlarynyň ünsini özüne çekýär. Olar geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge hem-de täze belelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ymtylýarlar diýip, Hiromasa Ýonekura aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşine kanagatlanma bildirdi we biziň ýurdumyzyň şol hyzmatdaşlygyň kuwwatyny doly amala aşyrmaga, ýapon işewürliginiň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna gatnaşmagyny we ýapon maýasynyň geljegi uly türkmen bazaryny özleşdirmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz döwrebaplaşdyryjy özgertmeleriň, ileri tutulýan ugurlaryň, Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň usullarynyň hem-de kepilendirmeleriniň, eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň düýp mazmunyny beýan edip, biziň döwletimiziň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda alyp barýan işleriniň has netijeli bolmagy üçin ähli tagallalary edýändigini we geljekde hem etjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berdi, şol ýerde hem ýapon kompaniýalary işleýär. Şunda bu ulgamda gury ýerde we deňizde täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek bilen strategik häsiýetdäki has ýakyndan hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Lebap welaýatynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gaz känini işläp taýýarlamak bu ugurda üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň mysallarynyň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ähli serişdelerini we senagat kuwwatyny senagatlaşdyrmaga çekmek hakynda söz açyp, ýapon işewürlerine özboluşly Garabogaz aýlagynyň baý känlerini netijeli peýdalanmak boýunça meýilnamalar hakynda hem gürrüň berdi, şol känleriň gorlary dünýä hem-de dikeldilýän derejelere degişlidir, munuň özi bu ýerde täze himiki we derman önümçilikleriniň birnäçesini ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen topragy ägirt uly tebigy baýlyklara eýedir, olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylmagy sebitleriň sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüş syýasatyny ýöretmäge mümkinçilik berýär, olaryň her biriniň senagat taýdan ösüşde özboluşlylygy bardyr. Milli Liderimiz öz çykyşynda welaýatlaryň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm taraplaryny belläp, sebitleýin maksatnamalaryň esasy ugurlaryna gysgaça häsiýetnama berdi.

Hususyýetçilik we telekeçiler synpynyň kemala getirilmegine hem-de olar bilen döwletiň arkalaşykly hereket etmegine bazar ulgamynyň düzümlerini kämilleşdirmekde uly ähmiýet berilýär. Ykdysady we durmuş ösüşinde, döwletara gatnaşyklaryny, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde işewürler bileleşiginiň kesgitleýji orny barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda hem milli ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde ýurdumyzyň telekeçiligi ösdürmekde täze döwrüň başlanýandygyny belledi. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde kiçi we orta telekeçiligiň paýy artýar, hususy telekeçiler özleri üçin täze bolan bazaryň, şol sanda daşary ýurt bazarynyň düzümlerini özleşdirýärler, mahlasy, ykdysady işleri giňden alyp barýarlar. Bularyň hemmesi döwletiň gös-göni goldaw bermeginde amala aşyrylýar, munuň üçin amatly hukuk we beýleki şertler döredilýär. Şeýle ugurlaryň biri bolan gurluşyk ulgamynda telekeçiligiň eýeleýän orny ýylsaýyn artýar. Birnäçe ýylyň içinde türkmen telekeçileri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň müňlerçesini gurdular. Döwlet hem öz gezeginde kiçi we orta işewürligiň wekilleriniň milli maksatnamalary we iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagyny höweslendirýär. Aşgabat şäherini gurmagyň 13-nji tapgyryny hususy gurluşyk kompaniýalaryna ynanmak çözgüdi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gurluşyk işleri paýtagtymyzyň iri etraplarynyň birinde amala aşyrylýar, bu ýerde onuň täze dolandyryş, işewür we medeni merkezi kemala gelýär.

Birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Bu ýaş gurama eýýäm milli işewürligi ösdürmegiň kerwenbaşysy bolup, jemgyýetçilik birleşigi hökmünde öz netijeliligini görkezdi. Şol bir wagtyň özünde ol hökümetiň ygtybarly we ygtyýarly hyzmatdaşyna, döwlet çözgütlerini kabul etmekde onuň geňeşçisine öwrüldi. Geçen ýyl Telekeçileriň partiýasynyň döredilmegi bilen türkmen işewürleriniň syýasy ygtyýarlyklary hem giňeldi. Şeýlelikde, olar döwlet syýasatyny işläp düzmäge, öz başlangyçlaryny we tekliplerini öňe sürmäge mümkinçilik aldylar.

Häzir telekeçilik köp babatda milli ykdysadyýetde bäsdeşligi saklamaga ýardam edýär, jemgyýetçilik gurluşynyň durmuş daýanjyny döredýär, onuň bazar şertlerine geçmegine ýardam edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde telekeçiligiň uly orun eýeleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň derejesini, maýa goýum serişdelerini artdyrmak üçin iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň we peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Bu babatda ýapon iri işewürligi nusga alarlyk bolup, ol uly bolmadyk hususy kompaniýalaryň birleşmegi netijesinde emele geldi hem-de ýapon, şeýle hem dünýä ykdysadyýetine wekilçilik edýär.

Işewür we ynanyşyp pikir alyşmak ýagdaýynda geçen ertirlik naharyň barşynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarynda, himiýa senagatynda, ulag, oba we suw hojalyklarynda, özara gyzyklanma döredýän beýleki möhüm ugurlarda köp ýyllyk hyzatdaşlygy giňeltmegiň geljegi we ugurlary hakynda pikir alşyldy.

Söhbetdeşlik bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň jemini jemlemek we ony çuňlaşdyrmak boýunça ýollary we usullary ara alyp maslahatlaşmak, bilelikdäki taslamalar üçin täze teklipleri we özüne çekiji teklipleri hödürlemek hem-de önümçilikleri guramak, özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşmak hakynda boldy.

Mysal üçin, ylmy köp sarp edýän önümleriň dünýä liderleriniň biri bolan “Toshiba” korporasiýasynyň ýolbaşçylaryna wekilçilik edýän jenap Norio Sasaki kompaniýanyň täze ýokary tehnologiki işläp taýýarlamalaryna, şol sanda lukmançylyk tehnikasy we enjamlary ugruna ünsi çekdi. Teklip saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga keselleri anyklamagyň dünýä derejesinde gazananlarynyň we ylmy - tehniki täzelikleriň sepgidinde uglamlaýyn häsiýeti bermäge degişlidir.

“Simitomo” söwda senagat korporasiýasynyň baş geňeşçisi jenap Motoýuki Oka maýa goýumlary we önümçiligiň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda gatnaşyklary giňeltmek boýunça toplumlaýyn pikirleriň birnäçesini öňe sürdi. Onuň pikirine görä, olaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň tehnologik hyzmatdaşlygynda düýpli öňegidişlik bolup biler.

Hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesini bellän hem-de hususan-da, Türkmenistanda giňden tanalýan kysymdaky tehnika hyzmat ediş merkezleriniň ulgamyny giňeltmäge, hünärmenleri okatmaga we başgalara degişli birnäçe teklipleri öňe süren “Komatsu” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň wekili Masahiru Sakane hem Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdy.

“Komatsu” tehnikasyny biziň ýurdumyzyň täze gurulýan iri desgalarynyň ählisinde görmek bolýar, onuň kömegi blilen köp sanly halk hojalygy üçin ähmiýetli desgalar gurulýar. Şeýle strategik desgalaryň hatarynda Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy bar. Bu özboluşly gidrotehniki taslama barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem ýapon işewürlerine gürrüň berip, söhbetdeşlikge meliorasiýa hem-de ýerleriň şorlamagyna garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri gozgady, degişli öňdebaryjy tehnologiýalara Türkmenistanda isleg bildirilýändigini belledi.

Umuman alnanda, duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehnologiki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Diňe bir ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki takyk enjamlary, iň täze elektron serişdeleri we maksatnamalaýyn ulgamlary satyn almak däl-de, eýsem, bilelikdäki amaly barlaglary guramak, iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän tehnologik, inženerçilik taýdan işläp taýýarlamalara ylmy taýdan goşulyşmak hakynda hem gürrüň boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň gelen umumy pikirine görä, şeýle hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça işjeňleşdirilmeginde oňyn netijesini berer.

Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň tejribesini, hususan-da, işewürligi guramak we dolandyrmak, ýokary düşewüntli önümçilikleri döretmek, hünärli işgärleri taýýarlamak mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Sport ulgamy hem gozgaldy. Bu ugurda eýýam üstünlikli gatnaşyklar ýola goýuldy. Mysal üçin, ýapon kompaniýalarynyň ýardam bermeginde başa-baş söweşiň ýapon görnüşlerinde ýöriteleşýän türkmen türgenleriniň tälim alyş tapgyrlary guraldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça boljak Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly hem bu meseläniň möhümligi artýar. Ýakyn günlerde bolsa Tokionyň 2020-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri boşljakdygy mälim boldy. Şeýle iri halkara çärelerini guramaga işewürligiň ýardam etmegi biziň ýurtlarymyzyň arasynda tejribe alyşmak üçin ýene-de bir ugurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň işewürler federasiýalarynyň başlygy hoşlaşanlarynda, döwletiň ileri tutulýan ugurlarynda hem-de iki dostlukly halklaryň bähbidine gabat gelýän hyzmatdaşlygyň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Tokio şäheriniň Halkara sergiler merkezine baryp görmek türkmen döwletiniň Baştutanynyň Ýaponiýa saparynyň şu gününiň maksatnamasynyň bölümleriniň biri boldy, şol ýerde şu gün “JATA Travel Showcase 2013” halkara sergisi açyldy. Türkmenistan hem şu ýerde öz ekspozisiýasy bilen ilkinji gezek tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Halkara sergi merkeziniň günbatar girelgesiniň öňünde saklanýar, şol ýerde biziň ýurdumyzyň hökümet wekilýetiniň agzalary milli Liderimiziň gelmegine garaşýarlar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “JATA 2013” halkara syýahatçylyk sergisiniň guramaçylyk komitetiniň başlygy jenap Kotaro Kogi we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (ÝUNWTO) Baş sekretary jenap Taleb Rifai mähirli garşylýarar. Olar türkmen donlaryny we ak telpekleri geýipdirler. Munuň özi Türkmenistana örän mähirli we dostlukly garaýşyň, onuň Liderine ägirt uly hormat goýmagyň aýdyň beýanydyr.

Jenap Kogi döwlet Baştutanymyzy hormatly myhman hökmünde sergä baryp görmäge çagyrýar, munuň özi gürrüňsiz suratda aýratyn waka bolup, “JATA-nyň” ýylýazgysyna girer.

Halkara syýahatçylyk sergisiniň ýolbaşçysynyň we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretarynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidenti sergi zalyna geçýär. Ýol ugrunda Kotaro Kogi türkmen Liderine Tokionyň ençeme ajaýyp ýerleriniň biri bolan sergi merkezi, “JATA” sergisiniň taryhy, her ýyl geçirilýän bu maslahatyň maksatlary we wezipeleri, häzirki çäräniň aýratynlyklary hakynda gürrüň berýär.

Tokionyň Halkara sergi merkezi, ýagny Tokio Big Sight 230 müň inedördül metrdäki ägirt uly toplumdyr, onda 11,5 milliona golaý adam ýerleşip biler. Ägirt uly bina aýnadan we titan panellerinden gurlupdyr. Binanyň içinde sergileri geçirmek üçin alty sany uly zal we aýna üçekli galereýa zaly bar, olar elektron enjamlar bilen dolandyrylýar, bu bolsa yşyklandyryş ölçeglerini üýtgedip durmaga mümkinçilik berýär. Merkezdäki ähli jaýlar häzirki zaman enjamlary, iň täze audiowizual gurluşlar, terjime etmegiň intellektual ulgamlary we beýleki häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýer dünýäniň ähli ýurtlaryndan köp sanly syýahatçylary özüne çekýär, sebäbi bu ýerde tanyşdyryş çäreleri, dabaralar we başga çäreler bilen ugurdaş iri işewür we medeni çäreler geçirilýär.

Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy bolan JATA we Syýahatçylyk boýunça bütindünýä kongresi tarapyndan guralýan her ýylky syýahatçylyk sergisi Berlindäki ITW we Londondaky WTM bilen bir hatarda, has iri we meşhur syýahatçylyk sergileriniň biridir. Sergi ilkinji gezek 1977-nji ýylda geçirildi we şondan bäri her gezek ýüz müňden gowrak adam oňa baryp görýär, olaryň takmynan üçden biri syýahatçylyk işewürliginiň hünärmenleridir. “JATA Travel Showcase 2013” syýahatçylykda täze mümkinçilikleri ösdürmek üçin netijeli halkara esasyny döretmegiň umumy ugruna tabyndyr, munuň özi däp bolan sergileri guramakda täzeligi hem kesgitledi.

Serginiň çäklerinde Halkara syýahatçylyk maslahaty geçiriler, onda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara işewürlik duşuşygy geçiriler. Bu ýerde ýurtlaryň we sebitleriň 150-den gowragy öz syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezýär, diwarlyklaryň hatarynda Türkmenistanyň sergisi ajaýyp milli nyşany hem-de özboluşly öwüşgüni bilen tapawutlanýar.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyza türkmen milli lybasyndaky ýapon gyzlary gül gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “JATA” guramaçylyk komitetiniň başlygy jenap Kotaro Kogi we BMG-niň Bütinüdýnä syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçysy jenap Taleb Rifai bilen bilelikde, biziň ýurdumyzyň milli ekspozisiýasy bilen tanşyp başlaýarlar. Bu ýerde milli Liderimiz ýanyndaky ýolbaşçylary Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen hut özi tanyşdyrdy.

Biziň ekspozisiýamyz mowzuk taýdan birnäçe bölüme bölünýär. Olaryň ilkinjisi ýurduň ajaýyp nyşany – ahalteke bedewlerine bagyşlanandyr. Hut şu bölüm ekspozisiýany açýar, çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şöhratly “behişdi bedewler” özlerine mynasyp belentlige galyp, oňyn maksatlaryň hem-de ýurduň belent galkynyşlarynyň beýanyna we şonuň bilen birlikde-de, täze döwrüň gujurly ruhunyň, maksada okgunlylygynyň nyşanyna öwrüldi.

Bu ýerde türkmen bedewleri, olaryň ajaýyp syn-sypatlary we toý bezegine niýetlenen gadymy şaý-sep toplumlary baradaky fotopanno, kitap we döwürleýin neşirler hödürlenipdir. Öz ýanyndakylary – türkmen sergisiniň myhmanlaryny ahalteke bedewleriniň türkmenleriň taryhynda tutýan orny bilen tanyşdyryp, milli Liderimiz atlaryň bu saýlama tohumlaryna bütin dünýäde artýan gyzyklanmanyň at üstündäki – medeni we aň-bilim ähmiýetli syýahatçylygy höweslendirmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Türkmenistanyň syýahatçylyk kartasy görnükli orny eýeleýär. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary, onuň ugrunda ýerleşen gadymy türkmen şäherleri we umuman, Garagumuň töwereklerinde gülläp ösen, ajaýyp durmuşa şaýatlyk eden belli taryhy ýadygärlikler barada düşünje berýär. Bu kartanyň ýanynda durup, döwlet Baştutanymyz ýanyndakylara Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanda täze görnüşde dikeldilýändigi barada gürrüň berdi. Öňki asyrlarda bolşy ýaly, ol medeniýetleriň çatrygy, ýurtlary we halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär.

Hut şu konseptual ugur Türkmenistanda syýahatçylyk senagatyny ösdürmegiň esasyny düzýär. Häzirki wagtda ýurtda syýahatçylyk -myhmanhana düzümini giňeltmek, oňa täze desgalary we çäkleri barha köp çekmek boýunça ägirt uly işler ýaýbaňlandyrylandyr. Bu bolsa biziň myhmanlarymyza halkymyzyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam eder.

Jahankeşdelerde Türkmenistanyň häzirki zaman paýtagty – ak mermerli owadan Aşgabat hem uly gyzyklanma döredýär. Onuň gözellikleri we binagärlik ajaýyplyklary halkara ykrarnama eýe bolýar. Aşgabada bagyşlanan bölümde paýtagtyň desgalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigine şaýatlyk edýän sertifikatlar görkezilýär.

Türkmenistanda syýahatçylygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene biri täsin tebigy gözelliklerdir. Şeýle tebigy toplumlaryň biri dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine öňden bäri meşhur, ýakynda bolsa milli Liderimiziň başlangyjy netijesinde halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde ösmäge täze badalga alan Köýtendagdyr. Ol ýurtda iň belent daglaryň, iň uzyn ýerasty gowaklaryň, adaty bolmadyk geologik ýadygärlikleriniň we beýleki üýtgeşik ýerleriň sebitidir. Olaryň arasynda gadymdan bäri özüne köpsanly alymlary we biziň ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly syýahatçylygy söýüjileri hem özüne çekýän dinozawrlaryň aýak yzlary bilen meşhur bolan ýer bar.

Bularyň bary bu ýerde diňe bir halkara syýahatçylygyny guramaga däl, eýsem, Zeminiň iň täsin ýerleriniň biri hökmünde tebigatyň milli seýilgähini döretmäge hem esas berýär.

Hazar deňziniň kenarýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň geljegi hem daşary ýurtly syýahatçylygy guraýjylaryň, maýadarlaryň we işewürleriň aýratyn ünsüni çekýär. Dynç alşyň döredilýän halkara merkezi anyk meýilnamalara, toplumlaýyn çärelere, durmuş ugurlaryna we döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyna esaslanan Türkmenistanyň syýahatçylyk strategiýasynyň uzakmöhletleýin maksatlarynyň beýanyna öwrüldi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky gürrüňiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bolan saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we söhbetdeşlikleriň barşynda birnäçe gezek gozgalandygyny bellemek gerek. “JATA” halkara sergisiniň giňeldilen işewürlik meýdançasynda ýurduň döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalaryna bu ugurlar boýunça öz tekliplerini beýan etmäge, Türkmenistanyň syýahatçylyk senagatynyň dünýä jahankeşdelik we dynç alyş düzümine ýakynlaşmaga ýardam edýän täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Türkmen pawilýonynda iň görnükli we esasy orny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, şol sanda ýapon diline terjime edilen işleri, şeýle hem beýleki ajaýyp neşirleri, fotoalbom, türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň sowgatlyk ýygyndylary we beýlekiler tutýar. Serginiň işiniň ilkinji pursatlaryndan köp bölegi esasan ýerli ýaşaýjylar bolan sergini synlaýjylaryň esasy ünsüni “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” diýen kitap çekdi. Türkmen pawilýonynyň kitap ýygyndylarynyň köpüsi onuň myhmanlary üçin ýadygärlik sowgatlara öwrüldi. Olaryň Türkmenistan barada ýakyndan tanyşmaga islegleri has-da artdy.

Bu ýere ýörite gelen myhmanlar hem boldy. Olaryň hatarynda öňki ýyllarda Ýaponiýanyň ilçisi hökmünde Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetiren, biziň ýurdumyzyň hoşniýetli dosty we türkmen medeniýetiniň muşdagy jenap Ýasuo Saýto hem bar. Ol türkmen dilini öwrenip we köp däplerimiziň düýp manysyna düşünip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen salamlaşmak we Türkmenistan bilen duşuşmagyň şatlygyny ýene-de bir gezek başdan geçirmek üçin türkmen milli lybasyna beslendi.

...Serginiň özüne çekiji bölegini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen türkmen topragyndaky meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleriň şekili bolan fotopanno, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki güni hakynda monitorlarda görkezýän we aýdyň gürrüň berýän wideofilmler, häzirki zaman syýahatçylyk pudagyna bagyşlanylan köpsanly maglumat berýän neşirler we kitapçalar dowam edýär.

Hut şu gün Internetiň giňişligine ilkinji gezek çykan täze milli web-çeşme hem myhmanlaryň ünsüni çekdi. Diýmek, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrjak “Syýahat” saýtynyň görkezilmegi ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy üçin şanly gün boldy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçysynyň we halkara syýahatçylyk sergisiniň direktorynyň oňa ilkinji tomaşa edenler bolmagy onuň oňat başlangyjyny beýan edýär.

Saýt görkezilen monitoryň ýanynda milli däp-dessurlarymyzyň we urp-adatlarymyzyň, çeperçilik senediniň ähli baýlyklaryny hödürlän ajaýyp öwüşginli etnografiki sergi ýaýbaňlandy. Muzeý gaznalarynda ajaýyp zergärçilik bezegleriniň täsin toplumy, owadanlygy bilen haýran galdyrýan türkmen halylary, gelşikli zenan lybaslary türkmen bezegçileri tarapyndan ajaýyp el nagyşlaryny peýdalanmak bilen halk döredijiligi äheňleri boýunça döredilen modalar, köpdürli sowgatlyk önümler, şeýle hem suratlaryň kinniwanja galereýasy onuň düzüm bölegini düzdi. Şol suratlarda türkmen halkynyň durmuşy we däp bolan ýaşaýşy we onuň milli gymmatlyklary beýan edildi. Bereketli türkmen topragynyň nygmatlary bolan süýji gawunlar, üzümler bu ajaýyp serginiň üstüni ýetirdi. Myhmanlar milli tagamlardan hem dadyp gördüler.

Baý mazmunly we owadan sergiden, türkmen myhmansöýerliginiň iň oňat däplerinde hoşniýetli kabul etmekden başga hem biziň ýurdumyzyň pawilýony sergi meýdanynda iň uly pawilýonlaryň biridir. Ol Ýaponiýany hasaplamazdan, ABŞ-dan soň halkara sergisinde çägi boýunça ikinji orny eýeleýär. Ýaponiýa bolsa forumyň eýesiniň hukuklarynda köpsanly aýry-aýry diwarlyklary hödürledi.

“JATA” sergisiniň ýolbaşçysy jenap Kotaro Kogi türkmen sergisini gözden geçirmek tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentini ýapon prefekturalarynyň sergisine baryp görmäge çagyrdy.

Sergide Türkmenistandan Ýaponiýa çenli gezelenç etmek birnäçe minuty alýar. Ýöne bu çägiň adatdan daşary gürlügini nazara almak bilen, ol örän dürli ýurtlar, geografiki we tebigy zolaklar boýunça syýahat etmäge çalymdaşdyr. Her bir eksponent öz ýurdunyň häsiýetli aýratynlygyny has aýdyň hem-de gysga görnüşde beýan etmäge synanyşýar. Sebäbi häzirki wagtda syýahatçyny dünýäde hiç ýerde bolmadyk zady görmek özüne çekýär.

Ýaponiýanyň syýahatçylygy aýratyn uly söhbet etmäge mynasypdyr. Ol Gündogaryň akyl ýetirip bolmajak syrlary bilen syýahatçylary hemişe özüne çekip gelipdi. Häzirki zaman Ýaponiýasy sekiz raýona we 47 prefektura bölünýär. Nara, Okinawa we Fukusima prefekturalarynyň diwarlyklary döwlet Baştutanymyza görkezildi.

“JATA” guramaçylyk komitetiniň baştutany we Bütindüýnä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary sergi bilen gysgaça tanyşlyk tamamlanandan soň, türkmen Liderini merkeziň gündogar çykalgasyna tarap ugradýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti mazmunly söhbetdeşlik we sergi bilen tanyşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, olar bilen mähirli hoşlaşýar, olara hünär işinde uly üstünlikleri arzuw edýär hem-de syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirýär.

Döwlet Baştutanymyz özüne garaşýan awtoulaga münüp, wakanyň bolýan ýerinden Tokio şäheriniň “Haneda” halkara howa menziline ugrady. Şol ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary türkmen paýtagtyna tarap ugur aldy.

Şu gün agşam hormatly Prezidentimiziň uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

***

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa resmi sapary tamamlandy. Bu saparyň türkmen Lideriniň ýapon ýolbaşçylary bilen gepleşikleriniň barşynda gazanylan anyk ylalaşyklarda öz beýanyny tapan jemleri, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür toparlary bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri, saparyň çäklerinde bolan çäreleriň oňyn ýagdaýy türkmen - ýapon hyzmatdaşlygyny gürrüňsiz hil taýdan täze derejä çykardy.

Munuň şeýledigine saparyň barşynda geçirilen ähli duşuşyklaryň many-mazmunynyň umumy görnüşdäki konseptual beýanamalar däl-de, eýsem, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň, şeýle hem tutuş Aziýa sebitiniň ösmegine ýardam edýän anyk teklipleriň we ädimleriň bolandygy şaýatlyk edýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde kemal tapan täze depgin, umuman alanyňda, dostlukly iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk –isleginden we öňdengörüjiliginden, tejribä, ösen işewürlige, tebigy, aň-düşünje we önümçilik-zähmet serişdelerine, bilelikdäki iri taslamalara maýa goýmak üçin döredilen amatly şertlere esaslanýan ykdysady kuwwatdan ybaratdyr.

Bu sapar iri ýapon işewürliginiň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga uly gyzyklanmasyny we taýýarlygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu bolsa biziň ýurdumyza halkara abraýy we ösüşiniň geljegi uly bolan ygtybarly, durnukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.