Ï Türkmenistan-Täjigistan: dostlukly ýurtlaryň halklarynyň bähbitleri üçin hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Täjigistan: dostlukly ýurtlaryň halklarynyň bähbitleri üçin hyzmatdaşlyk

view-icon 1024
Şu gün Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň “Arçman” şypahanasynyň Medeniýet öýünde syýahatçylyk we şypahana işini ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-täjik maslahaty boldy. Maslahaty guraýjylar bolup Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti çykyş etdiler.

Maslahatyň işe başlamagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar şu ýerde, giň eýwanda ýaýbaňlanan sergi bilen tanyşdylar, olaryň hatarynda iri lukmançylyk merkezleriniň we edaralarynyň türkmen hem-de täjik ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, iki dostlukly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de syýahatçylyk industriýasynyň köp sanly işgärleri bar. Onuň ekspozisiýasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem döwürleýin metbugat neşirleriniň sahypalarynda çap edilen, olara bagyşlanan makalalar bar. Bu ýerde bejeriş häsiýetli palçygyň, suwuň we dürli balneologiki önümleriň eksponatlary goýlupdyr, munuň özi ýurdumyzyň şypahanalaryny ösdürmegiň ägirt uly mümkinçiligini we geljegini görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berdi.

Türkmen-täjik maslahaty milli ykdysadyýetiň syýahçylyk we sanatoriýa-şypahana dynç alyş ugrunyň depginli ösýän pudagynda häzirki zaman standartlarynyň ornuny we ony ornaşdyrmagyň ähmiýetini açyp görkezer.

Häzirki wagtda dürli maslahatlaryň diňe bir türkmen paýtagtynda däl, eýsem Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda hem geçirilýändigi guwançlydyr, munuň özi şol maslahatlaryň hünärmenler üçin örän özüne çekiji we gyzykly bolmagyny üpjün edýär hem-de myhmanlaryň biziň ýurdumyz hakyndaky düşünjelerini ep-esli giňeldýär.

Türkmenistanda bilelikdäki maslahatyň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletini ösdürmekde bu ulgamyň ileri tutulýandygyny görkezýär. “Milletimiziň saglygy-ýurdumyzyň esasy baýlygydyr, onuň gülläp ösmeginiň düýp esasydyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme gezek nygtap geçmek bilen bu sözlere aýratyn, häzirki zaman türkmen döwletiniň ösüşiniň ähli barşy bilen berkidilen manyny berýär, sebäbi milli Liderimiz üçin halkymyzyň saglygy syýasy derejedir, milli howpsuzlygymyzyň we durmuş taýdan abadançylygymyzyň strategiki, ilkinji nobatdaky şertidir.

Ýakynda biziň ýurdumyza gelen täjik tarapyndan maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň gerimine göz ýetirip bildiler. Düýn myhmanlar şol sanda özboluşly bejeriş güýjüne eýe bolan çeşmäniň başynda gurlan suw bilen bejeriş şypahanasyna baryp gördüler. Halk içinde bu çeşmeler “Ýyly suw” diýlip atlandyrylýar.

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşen çeşmeleriň mineral suwlarynyň bejeriş häsiýeti baryp 1974-nji ýyldan bäri bellidir. Şol suwlaryň ýerleşýän çuňlygy iki müň metrden gowrakdyr. Şypahananyň düzümine bäş guýy girýär. 46 gradus temperaturada atylyp çykýan kükürtli-wodorodly mineral suwlarynyň kömegi bilen bu ýerde dürli keseller, şol sanda daýanç-hereket ediş synasynyň, periferiki nerw we endokrin ulgamlarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly keseller bejerilýär. Bu ýerde bar bolan çeşmeleriň ikisi ýodly we bromly mineral suwuny berýär, ol aşgazan-içege ulgamynyň, öt haltasynyň, bagryň keselleri, aşgazan aşagyndaky mäziň sowuklamagy, sowuklama keselleri bejerilende täsirliligini görkezdi.

Toplumlaýyn bejerişe howa bilen bejermek, balneofizioterapiýa bilen bir hatarda türkmen topragynda ösüp ýetişýän, Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki işinde ýazylyp beýan edilen dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen refleks we fitoterapiýa usullary ulanylýar. Şular ýaly usullar diňe dünýäniň iň gowy sagaldyş edaralarynda ulanylýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, sanatoriýa-şypahana bejerişiniň we dynç alşyň Türkmenistanda döredilýän düýpli täze ulgamy ilatyň netijeli sagalmagynyň umumy düzüminiň bir bölegi bolmak bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň iň oňat tejribesini özünde jemleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen şypahanalary şol sanda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýurdumyzyň bejeriş serişdeleriniň eksport gymmatyny ýokarlandyrmak bilen dünýä derejesine çykýar, olaryň köpüsi hünärmenleriň umumy pikirine görä özboluşlydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-melhemler mekany” atly ylmy işi hem köpçülikleýin sanatoriýa-şypahana bejerişiň we sagaldyşyň ulgamyny ösdürmek, türkmen şypahanalaryny täze hilde gaýtadan dikeltmek, ilatymyzyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak meselesine we beýleki möhüm meselelere bagyşlandy.

Habarlaryň uly bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanatoriýa-şypahana dynç alyş ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan anyk üstünliklere degişli boldy.

Türkmenistanyň şypahanalarynyň häzirki zaman ulgamyny ösdürmek hakyndaky çykyşlar bir-biriniň üstüni ýetirip hem-de uly möçberli maglumatlary üpjün edip, tanyşdyryş äheňinde ýaňlandy.

Baýramalynyň böwrek sanatoriýasy düýpli durky täzelenenden soň has-da meşhurlyga eýe boldy. Murgap derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän bu bejeriş edarasy Merkezi Aziýada we Ýewropada şu ugurda howa bilen bejerýän ýeke-täk şypahana bolup durýar.

Lebap welaýatynda ajaýyp sagaldyş edarasy bolan 250 orunlyk “Farap” sanatoriýasy guruldy, şol ýerde müşderileri halkara standartlarynyň derejesinde bejermek we olaryň dynç alşy üçin ajaýyp şertler döredildi.

Güntabar welaýatda düýpli abatlanandan soň ýene-de bir özboluşly Mollagara şypahanasy işleýär, ony köplenç halatda meşhur Jansyz deňiz bilen deňeşdirýärler.

Elbetde, bütin dünýäde meşhur bolan özboluşly sagaldyş edarasy Aşgabatdan 130 kilometrlikde, Köpetdagyň dag eteklerinde ajaýyp künjekde ýerleşýär, şol ýerde bolsa häzirki maslahat geçirilýär. Arçmanyň jana şypa beriji suwy hakyndaky rowaýat gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Şypahananyň özi 100 ýyla golaý mundan öň esaslandyryldy we şondan bäri ýerli ýaşaýjylaryň arasynda hem, ýakyndaky we uzakdaky daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň arasynda hem uly meşhurlyga eýedir. Onuň mineral suwy bu sagaldyş edarasynyň esasy bejeriş şerti bolup durýar, onuň düzüminde himiki elementleriň 24-si ýüze çykaryldy. Suwda kükürtli wodorodyň düzüminiň derejesi Arçman suwuny bejeriş häsiýetindäki agyz suwunyň hataryna degişli etmäge mümkinçilik berýär. Arçmanyň aşgary pes ýyly mineral suwunyň artykmaçlygy şundan ybaratdyr, ony içmek üçin hem, balneologiki amallary geçirmek üçin hem peýdalanmak mümkindir.

Suwdan başga hem bejeriş häsiýetindäki howasy bu şypahananyň möhüm bejeriş şertleriniň biri bolup durýar. Dag eteginiň iona baý howasy adam bedenine amatly täsir edýär.

Mahlasy, bu ýerdäki ähli ýagdaýlar, ýagny ajaýyp suw we arassa dag howasy we elbetde, lukmanlarynyň ýokary hünär taýýarlygy näsaglaryň çalt gutulmagyna ýardam edýär. Eger “Arçman” şypahanasynyň kükürtli-wodorodly mineral suwy göni çeşmeden peýdalanylýan dünýäde ýeke-täk suw bolup durýandygy barada aýdylsa, şu şypahananyň aýbraýynyň näderejede ýokarydygy äşgär bolýar.

Tebigatyň bejeriş mümkinçiliklerini lukmançylyk maksatlary bilen peýdalanmak meselesi çykyşylaryň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň fitoterapiýa babatda bar bolan baý tejribesi täjik alymlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Maslahatyň maksatnamasy syýahatçylyk işewürligini ýöretmegiň dürli taraplaryny gurşap almak bilen çykyşlaryň tapgyryny, hususan-da, menežment, işewür gatnaşyklaryň psihologiýasy we milli ýörelgeleriň aýratynlyklary we başgalar ýaly meseleleri özünde jemleýär. Şeýle hem habarlarda Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmek býounça strategiýany durmuşa geçirmegiň täze tapgyry häsiýetlendirildi. Bu babatda alnyp barylýan işleriň iň möhüm ugurlary görkezildi. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň çägini we köpdürlüligini giňeltmekdir, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdyr, bu pudak üçin hünärli hünärmenleri taýýarlamakdyr, netijeli maglumat beriş-mahabatlandyryş işini we netijeli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakdyr.

Täjik tarapynyň wekilleriniň çykyşy hyzmatdaşlyk meselesiniň dowamy boldy, şolarda esasy ýagdaýlaryň: gaýtalanmajak tebigy landşaftlaryň, etnografiki-medeni özboluşlylygyň, dünýä derejesindäki ähmiýetli taryhy gymmatlyklaryň barlygynyň we bu ulgamda durmuş hem-de ykdysady bähbitleriň, jemgyýetiň ruhy islegleriniň sazlaşygynda guralýan netijeli döwlet syýasatynyň mysalynda syýahatçylygyň täze ugruna degişli taglym açylyp görkezildi.

Çykyş edenleriň bir agyzdan belleýşi ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň özüne çekiji syýahatçylyk abraýyny kemala getirmekde uly orun degişlidir, onuň maksatnamasy Hazaryň kenar ýakasynda bejeriş-terapewtiki bölümler bilen myhmanhanalaryň onlarçasyny, çagalar sagaldyş merkezlerini gurmagy göz öňünde tutýar.

Bu deňiz sagaldyş zolagynyň meşhurlygy Türkmenistana gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda barha artýar, bu ýerde munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleri we degişli düzümler giňelýär. Türkmenistanlylar üçin bolsa "Awaza" altyn öwüşginli çägeli suwa düşülýän ýerleri, tämiz howasy we arassa deňzi bilen öňräkden bäri höwes bilen dynç alynýan ýer boldy.

Şunuň bilen baglylykda maslahatyň häzirki işiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän sanatoriýa-şypahana desgalaryny pasportlaşdyrmagyň möhümdigi nygtalyp geçildi, munuň özi ýurdumyzyň özüne çekiji syýahatçylyk abraýyny döretmäge, Türkmenistanyň jahankeşdelik we syýahatçylyk industriýasynyň dünýä ulgamyna has doly goşulmagyna ýardam eder.

Şeýlelikde, türkmen Lideriniň hut özüniň howandarlyk etmegi netijesinde syýahatçylyk industriýasy halkara hyzmatdaşlygy we maýa goýum taýdan özara gatnaşyklary etmek üçin uly mümkinçilikleri açmak bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň birine öwrülýär.

Türkmen-täjik maslahatynyň işiniň barşynda syýahatçylyk we şypahana işiniň ösüşini we mümkinçiliklerini şekillendiren wideorolikler görkezildi.

Maslahatyň tamamlaýjy bölegi interaktiw görnüşde geçdi, türkmen wekiliýetiniň wekilleri täjik wekilleriniň gyzyklanýan ähli sowallaryna jogap berdiler, şondan soň bilelikdäki tagallalary jemlemegiň ugurlaryny agtarmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak ýaýbaňlandy.

Syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň iş tejribesinden has nusga alarlykly mysallara hem garaldy we bu tejribäni Türkmenistanda ulanmagyň mümkinçilikleri seljerildi. Iň oňat işläp taýýarlamalary alyşmagyň we iş ýüzünde anyk işler bilen üpjün etmäge meýliň esasynda örän köp ugurly hyzmatdaşlyga oňa gatnaşyjylaryň taýýardygynyň tassyklanmagy maslahatyň esasy jemi boldy.