Ï “Çandybil”- ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşyň ýeňijisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Çandybil”- ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşyň ýeňijisi

view-icon 1036
Şu gün Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň Kubogyny almak ugrunda ýetgenjekleriň arasynda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi belli boldy. Bu ýaryş Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlandy. Final duşuşygynda Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň futbol boýunça sport mekdebiniň “Çandybil” topary Lebap welaýatynyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Indi ikinji gezek guralýan bu ýaryşlar köpugurly “Aşgabat” sport toplumynyň stadionynda geçirildi. Geçen ýyl dostlukly ýurduň Ilçihanasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara diňe paýtagtymyzyň toparlary gatnaşan bolsa, bu gezek ýer eýelerinden hem-de lebaply futbolçylardan başga-da, baş baýrak ugrunda Ahal we Mary welaýatlarynyň wekilleri hem bäsleşdiler.


Ýaryşlara jemi alty topar gatnaşyp, olar iki topara bölündi. Bäsleşigiň tertibine laýyklykda, diňe toparda birinji ýeri eýelän futbolçylar finala çykmaga mümkinçilik alýardylar. Ikinji ýeri eýelän toparlar bolsa üçünji orun ugrunda güýç synanyşdylar.

Aýgytlaýjy duşuşyk örän çekeleşikli boldy. Lebabyň oýunçylary hasaby açdylar, ýöne duşugygyň birinji ýarymynyň ahyrynda “Çandybiliň” futbolçylary hasaby deňlemegi başardylar. Ýeňiş pökgüsi bolsa oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 10 minut galanda geçirildi.

Şeýlelikde, Aşgabat şäher sport komitetiniň futbol sport mekdebiniň topary Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň Kubogyny indi ikinji gezek eýeläp, bu hormatly baýragyň ýeke-täk eýesi bolmagynda galýar.


Baýraklary gowşurmak dabarasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi An Mýong Su gutlag söz bilen çykyş edip, Türkmenistanda futboluň sportuň iň meşhur görnüşi bolmak bilen, täze dostlary, aýratyn hem ýetginjekleriň arasynda täze dostlary tapmak üçin oňat mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Ine, bu ýaryşlar hem Aşgabatda welaýatlaryň birnäçesiniň wekillerini jemledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegiň netijesinde Türkmenistanda sport okgunly ösýär.

Bäsleşigi guraýjylar has tapawutlanan türgenler üçin hem ýörite baýraklary döretdiler. Şeýlelikde, “Çandybil” toparynyň oýunçysy S.Mahtumow ýaryşyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Hut şu topardan S.Haýdarow (iň gowy derwezeban), D.Igdirow (iň gowy goragçy) we M.Nurmedow (iň gowy ýarym goragçy) hem baýraklara mynasyp boldular. Lebap welaýatynyň toparynyň oýunçysy S.Myradow bolsa iň gowy hüjümçi diýlip ykrar edildi.

Ýeňijilere we baýrakly oýunlara mynasyp bolanlara baýraklar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.