Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýetip gelýän uly baýramy—ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim özüniň çykyşyny welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň Watan harmanyna 5 müň tonnadan gowrak pagtany tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habardan başlady. Häkim ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, oňaýly durmuşy we dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilýändigini, oba hojalyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa ýerden alynýan hasylyň ýokarlanýandygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine obasenagat toplumynyň ösdürilmegine degişli meselelere içgin üns berýändigi üçin welaýatyň ähli ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanyň pagtaçylarynyň ajaýyp zähmet üstünligi baradaky hoş habary kanagatlanma bilen diňläp, geljekde-de döwlet tarapyndan daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine içgin üns beriljekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günbatar welaýatyň zähmetsöýer pagtaçylaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda pagta taýýarlamak baradaky borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň edermen «ak altyn» ussatlary ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinji bolup, arzyly pellehana ýetdiler diýip aýtdy. Gazanylan bu üstünlik welaýatyň oba hojalyk işgärleri üçin uly abraýdyr. Milli Liderimiz bu sepgide ýetilmegi welaýatyň kärendeçileriniň, mülkdarlarynyň, mehanizatorlarynyň, umuman, ähli oba hojalyk işgärleriniň agzybir we yhlasly çeken zähmetiniň netijesidir diýip belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti bäş müň tonnadan gowrak «ak altynyň» Watan harmanyna tabşyrylyp, gazanylan bu üstünlikde welaýatyň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiz döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada uly alada edýändigini belläp, şunda esasy maksadyň ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmakdan, ylmyň we agrotehnikanyň iň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyryp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe balkanly daýhanlaryň pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýändigini aýtdy. Milli Liderimiz çekýän asylly zähmetiňiz netijesinde, ata-babalarymyzyň kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerden bol hasyl almakda toplanan baý tejribäniň, ylmyň, agrotehnikanyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, oba hojalygynda gazanylýan üstünlikleriň hemmämizi guwandyrýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz balkanly pagtaçylary «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde gazanylan uly zähmet üstünligi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, welaýatyň oba hojalygyny, şol sanda pagtaçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahat Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabat bermegi bilen dowam etdirildi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da, sebitiň oba hojalyk toplumynda ýerine ýetirilýän işler, şeýle hem güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri, welaýatyň täze merkezini gurmak bilen baglylykda ýer bölekleriniň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli oba hojalyk işlerini -- güýzlük bugdaýyň ekişini we pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, welaýatyň Tejen etrabynda (häkimi O.Amandurdyýew), Baharly etrabynda (häkimi M.Porhanow) we Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) bugdaýyň ekişiniň guramaçylyk derejesiniň pesdigini belledi hem-de bu etraplarda işleriň barşyny seljermegi we güýzlük bugdaýy ekmegiň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende welaýatda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini belläp, bu işleriň Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew) we Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) guramaçylyk taýdan has-da gowşak guralandygyny aýtdy we welaýatyň häkiminden pagta ýygymyny talabalaýyk guramak boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi. Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýer bölekleri boýunça hödürlenen taslamalaryň üstünde işlemegi tabşyryp, olar taýýarlanylanda, seçilip alnan ýeriň aýratynlyklaryny we täze desgalaryň binagärlik keşbini sazlaşykly utgaşdyrmak ýaly jähede üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Ol özüniň hasabatyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem häkim sebitde güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek, welaýatyň senagat düzümini ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny we kabul edilen maksatnamanyň netijeli durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz möhüm ähmiýetli möwsümleýiin oba hojalyk işleriniň guralyşyna degişli meseleler barada durup geçmek bilen, Boldumsaz etrabynda (häkimi G.Ataýew) we Gurbansoltan eje adyndaky etrapda (häkimi O.Muhaýew) bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini aýtdy hem-de welaýatyň häkiminden şu ugurda alnyp barylýan işleri seljermegi we ekişi talabalaýyk geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň alnyp barlyşyna ünsi çekip, Köneürgenç etrabynda (häkimi A.Abdyrahymow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini belläp, bu ýagdaýy düzetmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da. hormatly Prezidentimiz häkime welaýatda Ýaşulularyň maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegi bilen baglynyşykly meselelere örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.
Wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da, welaýatyň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, sebitiň senagat düzümini pugtalandyrmak, esasan-da, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, sebitiň Birata etrabynda (häkimi A.Baýramguliýew) we Hojambaz etrabynda (häkimi M.Hemraýew) bugdaý ekişiniň depgininiň örän pesdigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz Halaç etrabynda (häkimi A.Jomartow), Hojambaz etrabynda (häkimi M.Hemraýew) we Atamyrat etrabynda (häkimi D.Beşimow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkiminden bu işleri seljermegi hem-de bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete bolan şanly seneleri mynasyp garşylamaga taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatda ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän çäreleriň depginlerini ýokarlandyrmak we olaryň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini bellemek bilen, Mary etrabynda (häkimi I.Kullaýew) we Altyn sähra etrabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow) bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini belledi we bu işlerden netije çykarmagy welaýatyň häkiminden talap etdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň Mary etrabynda (häkimi I.Kullaýew), Altyn sähra ertabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow) we Murgap etrabynda (häkimi T.Myratlyýew) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýdyp, onuň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Gurban baýramyna we Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaralary guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçysy Gurban baýramy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyga bagyşlanyp geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan we milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän öňde boljak şanly senelere taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülmegine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini we munuň üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň netijelerini jemläp, onuň gün tertibine goşulan meseleleriň möhümdigini we oýlanyşykly, toplumlaýyn çözülmegini talap edýändigini ýene-de bir gezek belldei.
Maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlary, şeýle hem ähli watandaşlarymyzy milli däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize laýyklykda giňden bellenýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mukaddes Gurban baýramy taryhy-medeni mirasymyzy beýan edýän, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak ýaly asylly ýörelgeleri, dost-doganlygy ündeýän ajaýyp baýramdyr diýip aýtdy. Müňýyllyklardan gözbaş alyp, milli däp-dessurlarymyz esasynda baýlaşdyrylýan mukaddes baýram Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Gurban baýramynyň merdana halkymyzyň durmuşynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Mukaddes Gurban baýramy adamlary hemişe parahat, asuda we agzybir ýaşamaga çagyrýar. Bu mübärek baýramyň bellenýän günlerinde adamlar bereketli saçaklaryň başynda duşuşyp, ýagşy umyt-arzuwlary, doga-dilegleri edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Gurban baýramy günlerinde berjek sadakalaryňyz, mähriban halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti maslahata gatnaşanlary we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny bu mukaddes baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, olaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuşy tüýs ýürekden arzuw etdi.