Ï Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmen türgenlerine täze mümkinçilikler açylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmen türgenlerine täze mümkinçilikler açylýar

view-icon 887
Şu gün Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek meselelerine bagyşlanylan iki günlük seminar-maslahaty tamamlandy. Onuň işine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň tälimçileri, belli türgenler, şeýle hem Russiýanyň welosiped sporty boýunça meşhur “Katýuşa” toparynyň wekilleri gatnaşdylar. Welosiped sporty boýunça halkara federasiýasynyň ýakynda Italiýanyň Toskan şäherinde geçirilen Kongresinde Türkmenistanyň Welosiped sporty boýunça milli merkeziniň bu abraýly halkara sport guramasynyň agzalygyny kabul edilmegi bilen baglanyşykly çäreler ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meselesi boldy.

Seminar-maslahatyň barşynda şeýle hem türkmen welosiped sporty ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, biziň milli ýygyndy toparymyzyň halkara derejesindäki iri ýaryşlara gatnaşmagyna degişli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.