Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň täze binalarynyň hem-de kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň açylmagy mynasybetli dabaralar boldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 22 ýyllygyna bagyşlanyp açylan täze binalar baýramçylyk wakalaryna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly seneleriň öň ýanynda täze ähmiýetli desgalaryň ulanmaga berilmegi indi däbe öwrülip, türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlanan gurluşyklaryň geriminde öz beýanyny tapýar. Şu günki dabaralaryň hem Gurban baýramynyň birinji güni bilen gabat gelmegi özboluşly many-mazmuna eýe bolup, türkmen halkynyň köpasyrlyk däpleriniň häzirki mazmunynyň baýlaşmagynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Aşgabat şäheriniň günorta böleginde bina edilen täze belent binalar bu ýerde häzirki zaman işewür we medeni merkeziň kemala gelmegini dowam edip, ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik gözelligini has-da artdyrdy. Onuň keşbi bolsa soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň owadan we döwrebap şaýollarynyň biri bolan Arçabil şaýoly şol özgerişlikleriň beýanyna öwrülýär.
Iki ýyl mundan öň bu ýerde Daşary işler, Bilim, Aragatnaşyk ministrlikleriniň, oba hojalyk we gurluşyk toplumlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki edaralaryň toplumynyň täze binalary ulanmaga berildi. Bu dolandyryş “ulgamyny” şu gün açylýan desgalar dowam etdi.
Täze döwrüň tehnikasy bilen üpjün edilen ajaýyp binalara göçüp baranlaryň hatarynda Demir ýol ulaglary ministrliginiň, ykdysady toplumyň ministrlikleriniň, Adalat ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, senagat toplumynyň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň binalary bar.
Arçabil şaýolunda hakyky baýramçylyk ýagdaýy duýulýar. Onuň ugrunda abadanlaşdyrylan gök zolak bilen gurşalan ak mermerli täze binalar belende galdy. Dabara mynasybetli bu ýere hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, habar beriş serişdeleriniň, paýtagtymyzyň giň jemgyýetçiliginiň wekilleri, okuwçy ýaşlar ýygnandylar.
Hemme zat dabaraly çäräniň başlanmagyna taýýar edildi. Täze açylýan binalaryň sanawynda ilkinji bolup Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň täze belent binasy gelýär.
Bu ýere gelen milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar uly joşgun bilen mähirli garşylaýarlar.
Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Ýola goýlan asylly däbe görä, din wekilleri we hormatly ýaşulular Milli Liderimize duz-çörek hödür-kerem edýärler. Olar Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini dileg edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Bu ýerde bolan söhbetdeşlikde olar döwlet Baştutanymyza eziz Watanymyzyň abadançylygy barada edýän ýadawsyz aladasy we alyp barýan oňyn syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol syýasatyň maksady bolsa türkmen halkynyň bagtly durmuşydyr. Milli Liderimiz öz gezeginde döwletimiziň bu meselä hemişe uly üns berjekdigini belläp, biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň hem onuň çözülmegine gönükdirilendigini aýtdy. Bu maksatnama türkmenistanlylaryň durmuşynyň hil taýdan täze, ýokary standartlaryny üpjün etmäge, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şetleri döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary öz döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyr. Çagalar topary ýaş demir ýolçularyň tansyny ýerine ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz joşgunly çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, binanyň baş girelgesine barýar we toý bagyny kesýär. Umumy el çarpyşmalar astynda asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar. Milli Liderimiz binanyň içine girýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde uly orun eýeleýän demir ýol pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýr. Bu ulgamda häzir biziň ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ony häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda dolandyrmagy kämilleşdirmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Edaranyň ähli bölümleriniň we düzümleriniň işini utgaşdyrmagy gowulandyrmak üçin täze tehniki, interaktiw we multimediýa enjamlary bilen üpjünçiligi hasaba almak bilen, içinde ähli şertler döredilen täze dolandyryş binasy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Dürli beýiklikdäki bloklardan ybarat 15 gatly binanyň binagärlik keşbi ünsüňi özüne çekýär. Ol täze bina okgunly hereketiň depginini çaýýar. Beýikligi 82,5 metre ýetýän esasy binanyň umumy meýdany 19 müň 680 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde işlejek hünärmenleriň we işgärleriň 270-si üçin iş orunlary ýokary amatlylyk derejesinde gürlupdyr. Täze binanyň 4,5 gektardan gowrak ýanaşyk ýerinde tehniki desgalar ýerleşdirilip, giň seýilgäh zolagy abadanlaşdyryldy. Esasy girelýäniň öňündäki meýdança suw çüwdürimler toplumy bezeg berýär.
Binanyň ýerzemin gatlagynda gözegçilik-geçiriş bölümi, teklipleri we arzalary kabul ediş bölümi, garaž, dispetçerçilik nokady, operatorlaryň iş otagy we beýleki ýörite otaglar ýerleşdirildi. Binanyň birinji gatynda muzeý bolup, onuň gymmatlyklary Türkmenistanyň demir ýol pudagynyň taryhy barada gürrüň berýär. Bu ýerde şeýle hem gelýänler üçin garaşylýan zallar, işgärler üçin 100 orunlyk naharhana, arhiw we öz çaphanasy, kompýuter otaglary we beýlekiler bar. Ikinji gatda—pudaklaýyn forumlary, maslahatlary geçirmek üçin häzirki zaman şertleri bolan 250 orunlyk maslahatlar zaly, okalga zaly we elektron kartotekasy bolan kitaphana guruldy. Bu gatda şeýle hem raýat desgalar bölümi, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasy üçin otag ýerleşýär, fitnes-zal we lukmançylyk bölümi göz öňünde tutulypdyr.
Üçünji we dördünji gatlarda ykdysadyýet we maliýe, suw hojalygy bölümleri ýerleşdirildi. Olar pudak boýunça maglumatlaryň elektron binýadyna, demir ýol ulgamynyň ähli desgalary, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki halk hojalyk desgalary baradaky maglumatlara eýe bolan häzirki zaman kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Binanyň bäşinji gatynda maglumat-kompýuter merkezleri we internede elýeterli bolan ýük daşamalar bölüminiň hünärmenleriniň iş otaglary gurlupdyr. Şol gatdan ýokarda elektrik üpjünçilik we aragatnaşyk, ýol hojalygy bölümleri ýerleşip, olar hem täze aragatnaşyk ulgamlary, maglumatlaryň elektron binýatlary bilen üpjün edilipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik desganyň aýratynlyklary bilen tanşanda onuň üpjünçiligine we inžener-tehniki abzallaşdyrylmagyna aýratyn üns berip, otaglar gurlanda innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň esasy wezipesi binalaryň ygtybarlylygyny üpjün etmek we adamlar üçin has amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy guramaçylyk usullaryny ornaşdyrmagyň esasynda olaryň zähmet öndürijiligi üçin oňaýly şertleri döretmek bolup durýar diýip belleýär.
Döwlet Baştutanymyz ministrligiň 7-nji gatyna çykyp, Merkezleşdirilen dispetçerçilik bölümine baryp gördi. Onuň işi hakynda ýaş hünärmenler jikme-jik gürrüň berdi. Bu gatda lokomotiw we wagon hojalyklary, ýolagçy gatnatmalar bölümleri ýerleşýär.
Bu ýerde ýurdumyzyň demir ýol hojalygynyň stansiýalary we razýezdleri hakynda maglumatlar kompýuter monitorlarynda peýda bolýar. Bu ýerden bir wagtyň özünde ýolagçy we ýük daşaýan otlularyň hereketine gözegçilik etmek bolýar, olary kabul etmek we ugratmak, bu işlere operatiw ýolbaşçylyk etmek, düzümdäki wagonlaryň sany, ýükleriň görnüşi, olaryň eltilmeli nokady, demir ýollaryň ulanyş ýagdaýy we beýlekiler barada maglumat almak bolýar.
Dispetçerçilik gözegçiligiň bu kompýuter ulgamynyň tehniki-ykdysady netijeliligi tutuş demir ýol pudagynyň düşewüntliligini artdyrmaga, şeýle hem demir ýollarda bökdençsiz işiň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ýolagçylaryň we ýükleriň daşalmagyny has takyk çaklamaga we meýilleşdirmäge, tehniki bölümleriň özara gatnaşyklaryny gowulandyrmaga uly täsiri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýük akymlarynyň, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň seljermesinde bu ulgamyň mümkinçilikleri, olaryň daşalyşy, düzümi we möçberleri bilen gyzyklandy hem-de belli bir aralykdan dolandyrmagyň we dispetçer gözegçiliginiň täze tehnologiýalarynyň ulanylyşy bilen jikme-jik gyzyklandy.
Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz ýurdumyzyň demir ýol hojalygyny dolandyrmagy guramakda iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy usullary öwrenmegiň möhümdigini belledi, şeýle hem pudagyň işgärleriniň hünär derejesini we ygtyýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini görkezdi we tejribä ornaşdyrylýan işleriň täze görnüşlerini has-da kämilleşdirmek barada tabşyryk berdi.
Ähli demirýolçularyň adyndan döwlet Baştutanymyza olaryň göwnejaý işlemegi üçin mynasyp şertleriň döredilmegi hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda we Gurban baýramynyň birinji gününde şeýle ajaýyp binanyň açylyp ulanmaga berilmegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.
Binanyň beýleki gatlarynda hereket howpsuzlygy, daşary ykdysady aragatnaşyklar, marketing we beýleki bölümler ýerleşdirildi, selektor maslahatlar zaly bolup, onda halkara maslahatlaryny we seminarlaryny geçirmek üçin hem şertler döredildi. 14-nji gatda ýerleşdirilen özboluşly dynç alyş zolagy hem-de Köpetdagyň gözel künjeginde paýtagtymyzyň ajaýyp görnüşi açylýan we tropiki ösümlikleri öz içine alýan “Gyş bagy” ähli gulluk we ugurdaş düzüme ajaýyp goşmaça boldy.
Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýolbaşçylaryny we işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda dünýä gazananlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň iň gowy tejribesine daýanmak bilen, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de täze binada alyp barjak işlerinde hemmelere üstünlik arzuw etdi.
Ministrligiň ýolbaşçylary we işgärleri hemmetaraplaýyn aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan özgertmeleri we taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň hatyrasyna tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz binanyň birinji gatyna düşüp, binadan çykmazdan öň Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde, şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanda demir ýollaryny ösdürmegiň taryhy muzeýine ünsi çekip, olaryň gymmatlyklarynda pudak bilen gös-göni bagly bolan soňky ýyllaryň möhüm wakalary öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Arçabil şaýolunyň ugrunda ykdysady toplumyň ministrlikleri üçin bina edilen topluma bardy. Bu toplumTürkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň binalaryny özünde jemledi.
Bu ministrlikleriň ilkinji ikisi toplumyň 18 gatly “ganatlarynda”, üçünjisi 11 gatly blokda ýerleşdiler. Binanyň umumy meýdany 38 müň 740 inedördül metre deňdir. Ol 70 metre golaý belentlige galyp, özboluşly binagärligi bilen uly täsir galdyrýar.
Täze toplumyň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy ykdysady edaralaryň işgärleri, baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar garşylaýar. Türkmenistanyň Prezidentine gül desseleri gowşurylýar. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde artistler çykyş edýärler.
Soňra milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesýär we toplumyň içine girýär.
Toplumyň ajaýyp zaly öz bezelişi, häzirki zaman dizaýny we köne türkmen nagyşlarynyň utgaşmagynda uly täsir galdyrýar. Ony merkezinde milli nagyşlaryň we Oguzhanyň sekizburç ýyldyzynyň şekilleri salnan aýna gümmez jemleýär. Zalyň oýlanyşykly gurnalan yşyklary mermer sütünleriň altynsow jähegini we mermer poluň gözelligini äşgär edýär. Zalyň diwarlaryny türkmen suratkeşleriniň suratlary bezeýär.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerden liftde ikinji gata, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň binasyna çykýar. Bu ýerde düzümiň işgärleri üçin döredilen şertler bilen tanyşýar.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň binasynda işgärleriň 120-si üçin iş otaglarynyň 50-den gowragy göz öňünde tutulypdyr. Ähli otaglar döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylypdyr we innowasion ulgamlar bilen birleşdirilipdir. Bu ýerde, şu gün açylan beýleki täze desgalarda bolşy ýaly, hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin örän gowy şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň, onuň strategik wezipeleriniň, ozaly bilen zähmet, iş bilen üpjünçilik, durmuş goraglylygy, durmuş derejesi we girdejiler babatda wezipeleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagy hut şolara baglydyr.
Zähmet gory we iş bilen üpjünçilik müdirligi bu edaranyň esasy düzümleriniň biri bolup, onuň işiniň esasy ugurlary bilen döwlet Baştutanymyzy bu müdirligiň ýolbaşçysy tanyşdyrdy.
Bu müdirligiň esasy wezipesi ilaty iş bilen üpjün etmek, raýatlary durmuş taýdan goramak, raýatlaryň zähmet çekmäge, zähmet bazaryny kadalaşdyrmaga bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatynyň giň gerimli durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty Türkmenistanyň Esasy Kanunynda kepillendirilişi ýaly, özüniň hünärine we başarnygyna görä işe ýerleşmäge mümkinçilik tapýar. Her bir adam işiň görnüşini ýa-da iş hünärini saýlap almaga, howpsuz zähmet çekmäge, mynasyp sylaglanmaga hukugy bardyr. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wezipesi şol hukuklaryň amala aşyrylmagyny we olara hormat goýulmagyny üpjün etmek, üstünlikli işe ýerleşmäge ýardam etmek bolup durýar.
Durmuş-ykdysady görkeziji hökmünde zähmet bazary – bu çylşyrymly we sazlaşykly hadysa bolup, ol ýurdumyzyň makroykdysady ösüşi, şeýle hem işgäriň özüniň hereketleri bilen baglydyr. Adamlar kanagatlanma we abadançylyk getirýän işleri gözleýärler. Munuň üçin bolsa biziň ýurdumyzda ägirt uly mümkinçilikler bar.
Soňky ýyllardaky hasabatlara görä, iş gözleýänleriň sany birsydyrgyn azalýar. Işe ýerleşýänleriň paýy bolsa ýokarlanýar, iş bilen meşgullanýanlaryň paýynyň ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynda artmagy, şunuň ýaly-da, iş hakynyň depginli ösüşi oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasatyň oňyn netijelere eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzir zähmet bazary ösüşiň derejesini hem-de bazardaky güýçleriň: döwletiň, telekeçileriň we zähmetkeşleriň arasyndaky bähbitleriň gazanylan deňagramlylygyny şöhlelendirýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, işgärleriň zähmetini netijeli peýdalanmak we işçi güýjüniň hilini ösdürmek ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň hökmany şerti we jemi içerki önümiň artyşynyň, pudaklaryň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagynyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Monitoring ulgamyny kämilleşdirmek we zähmet bazaryny çaklamak ykdysadyýeti işgärler bilen üpjün etmek meselelerini çözmekde möhüm wezipeleriň biridir.
Halkara ülňülerine laýyk gelýän bu gözel ymaratda aragatnaşygyň optiki- süýümli torunyň birikdirilmegi, bütin ýurdumyz boýunça iş gözleýän her bir raýat, şeýle hem kärhanalar tarapyndan berilýän boş iş orunlary baradaky maglumalaryň elektron görnüşinde jemlenilmegi Müdirligiň halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işini has netijeli alyp barmaga ýardam berer.
Ministrligiň ähli işgärleriniň adyndan olaryň biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we durmuş taýdan ösüşinde täze belentliklere ýetmegiň hatyrasyna mynasyp zähmet çekjekdikleri barada ynandyrmalar beýan edildi.
Bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde ilatyň iş bilen üpjünçiligine häzirki zaman nazaryýetleri we çemeleşmeleri öwrenmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli derejelerde durmuş goraglylygynyň mazmunyny we wezipelerini has-da kämilleşdirmegiň, onuň belli bir ugurlylygyny hem-de zähmet bazarynda hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz bu ýerden ugranda täze jaýa göçüp gelenleri bu şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, olara üstünlikli işlemegi arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Gazna müdirligine baryp gördi we täze şertlerde onuň işleriniň guralyşy bilen tanyşdy.
Gazna müdirliginiň ýöriteleşdirilen jaýy her günki hasaplaşyklaryň düzgüninde Merkezi bank we welaýat birlikleri bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin maksatnamalar bilen üpjün edilen kompýuterleriň iň soňky nusgalary bilen enjamlaşdyryldy. Optiki – süýümli aragatnaşygyň we täze hasaplaşyklar tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy degişli tassyklaýyş resminamalaryny bermek bilen býujet arkaly sarp edijileriň hasaplaşyk – töleg amallaryny öz wagtynda we onuň ýerine ýetirmegi üpjün etmäge mümkinçilik berer. Has oňaýly garaşylýan zallar hem müşderler üçin niýetlenendir.
Döwlet Baştutanymyza Maliýe ministrliginiň esasy düzümleriniň biri bolan Gazna müdirliginiň işi hakynda býujet amallary bölüminiň başlygy habar berdi.
Bu edaranyň esasy wezipesi döwletimiziň maliýe serişdelerini dolandyrmagy üpjün etmekden, Döwlet býujetini ýerine ýetirmekden we býujetden maliýeleşdirýän guramalaryň we edaralaryň býujet serişdelerini belli bir maksat bilen peýdalanyşygyna gözegçilik etmekden ybaratdyr. Gazna müdirligi býujet arkaly sarp edijiler bilen hasaplaşyk amallaryny geçirýär, iş haklarynyň, döwlet maddy kömek pullarynyň, talyp haklarynyň we başgalaryň öz wagtynda tölenilmegi boýunça işi amala aşyrýar.
Maliýe ministrligi milli maliýe ulgamyny has ösen we ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň derejesine çykarmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýýan maksatlaryna eýerip, toplumlaýyn we yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Optiki-süýümli kommunikasiýalaryň esasynda Gazna müdirliginiň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirlikleriniň, etraplaryň we şäherleriň maliýe bölümleriniň bir bitewi ulgama birleşdirilmegi elektron hökümeti döretmek bilen bagly çäreleriň biri boldy.
Munuň özi dürli derejelerde Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmaga, pul serişdeleriniň öz wagtynda we doly gelip gowuşmagyny, rejeli we netijeli peýdalanylmagyny barlamaga ýardam eder. Şunuň ýaly maliýe gözegçiligi ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda işleriň ýagdaýyna baha bermäge, býujet arkaly göz öňünde tutulan ähli çäreleriň bökdençsiz maliýeleşdirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Munuň özi, ikinji nobatda, durmuş ulgamyna degişlidir, oňa Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75 göterimden gowragy gönükdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazar şertlerinde býujet usulynyň ykdysady ýagdaýlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň, durmuş, syýasy, önümçilik, ykdysady wezipeleri çözmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtap, onuň durmuş ugruny ösdürmekde, ylmy-tehniki ösüşiň depginlerini çaltlandyrmakda, innowasion işleri işjeňleşdirmekde tutýan ornuna ünsi çekdi. Şunda milli Liderimiz maliýe gözegçiliginiň ulgamyny kämilleşdirmekde iň oňat dünýä işläp taýýarlamalaryny ulanmagyň has möhümdigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz 13-nji gata çykdy, şonuň derejesinde bu binany Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň binasy bilen birleşdirýän galareýa görnüşli asma geçelge ýerleşýär.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň binalarynyň her biri hünärmenleriň iki ýüzden gowragynyň işlemegi üçin niýetlenilendir. Olar üçin degişlilikde has oňaýly abadanlaşdyrylan iş otaglarynyň 108-si we 107-si döredildi. Olaryň hemmesi anyk wagt düzgüninde Türkmenistanyň Merkezi banky, ministrlikleriň sebitleýin düzümleri bilen aragatnaşygy saklamaga mümkinçilik berýän kompýuter merkezleri hem-de ulgamlary, optiki – süýümli aragatnaşyk bilen üpjün edilendir.
Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň işgärleri üçin iň oňat dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary öndürijilikli işlemek üçin amatly şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir tassyklanmasydyr.
Milli LIderimiz dälizden geçende ýakyn geljekde bu ýerleriň täze keşbe eýe boljakdygyny we bu ýerde gurulýan desgalaryň şäheriň binagärlik toplumyna özboluşly bezeg berjekdigini belledi. Bu ýerden şäheriň keşbi we Köpetdagyň dag eteginiň ajaýyp görnüşi açylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak müdirliginiň iş otaglarynyň birine baryp görýär, müdirligiň hünärmeni bu bölümiň iş hakynda gürrüň berýär. Bellenip geçilişi ýaly, gozgalmaýan emlägiň desgalaryny we beýleki emlägi satmak boýunça söwdalary guramak hem-de geçirmek bu müdirligiň wezipesine girýär.
Döwlet Baştutanymyz elektron söwdalaryny guramagyň we alyp barmagyň ýörelgeleri bilen jikme-jik tanyşýar, olary başy başlanan döwlet emlägini hususylaşdyrmak işi bilen baglylykda hem giňden ulanmak göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda “Türkmenistanda 2013-2016-njy ýyllarda kärhanalary we döwlet eýeçiliginiň desgalaryny hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy, onda döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmagyň esasy wezipeleri, ugurlary, usullary we tertibi, degişli guramaçylyk çäreleri we ýerine ýetirmegiň möhletleri kesgitlenildi. Onyň durmuşa geçirmegiň barşynda senagatyň dürli pudaklarynyň, gurluşyk ulgamynyň, ulagyň, aragatnaşygyň we başgalaryň döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetleriniň ösen düzümlerini döretmek meýilleşdirilýär. Bu maksatnamanyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde, ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmagynda, hususy telekeçiligiň ösüşinde möhüm çäre boldy, munuň özi öz nobatynda türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna örän amatly täsir eder.
Elektron söwda meýdançalarynyň auksionlaryň işiň tejribesine ornaşdyrylmagy häzirki zaman tehnologiki çözgüt hökmünde ilkinji nobatda emlägi hususylaşdyrmaga gatnaşyjylaryň özara gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmäge, açyk we netijeli bäsleşik ýagdaýyny döretmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyza auksion satuwynyň mysalynda guralan elektron söwdalaryň barşy görkezildi. Olar halkara standartlaryna laýyklykda Internet-aragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriler.
Şeýlelikde, söwdalary alypbaryjy satmaga çykarylan desganyň esasy görkezijileri, ýerleşýän ýeri we umumy häsiýetnamalary barada gysgaça maglumatlary getirdi hem-de söwdanyň başlanýangyny yglan etdi. Bu maglumatlar monitorlarda peýda bolýar, olarda söwdalara gatnaşyjylaryň, ýagny emlägi satyn almaga resmi taýdan bellenen dalaşgärleriň görýän çäreleri hem beýan edilýär. Şertnamanyň nyrhy hakyndaky her bir teklip elektron ulgamy arkaly bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, has ýokary nyrhy teklip eden gatnaşyjy auksionyň ýeňijisi diýlip ykrar edilýär. Eger anyk wagt düzgüninde söwdalaryň barşynda iň soňky synanyşyklarda belli bir teklipler bolmasa, söwdany alyp, baryjy belli bir wagty belleýär. Eger şu wagtyň içinde täze teklipler gelip gowuşmasa, has ýokary nyrhy teklip eden gatnaşyjy ýeňiji diýlip yglan edilýär.
Satylan desganyň bahasy doly tölenenden soň we elektron görnüşinde zerur amallar geçirilenden soň, onuň täze eýesine Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan “Emläge eýeçilik hukugy hakyndaky” güwanama berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron söwdalary geçirmegiň käbir taraplary, olara gatnaşlyjylary hasaba almagyň, satmak üçin desgalary kesgitlemegiň, şertlnamalar boýunça tölegleri amala aşyrmagyň usullary bilen gyzyklanyp hem-de jikme-jik jogaplary alyp, söwda işiniň bu geljegi uly hem-de ösýän ugruny şular ýaly täze usullary gündelik iş tejribesine ornaşdyryp hem-de elektron görnüşinde, şol sanda halkara görnüşinde söwdalary geçirmegiň tertibini kämillşedirip, mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz binanyň 1-nji gatyna düşüp, 500 orunlyk uly mejlisler zalyna baryp görýär. Maslahatlary, simpoziumlary, seminarlary, iş maslahatlaryny geçirmek üçin niýetlenen bu zal häzirki zaman tehniki serişdeler, plazmaly telewizorlar, auksion ulgamy, şol sanda sinhron terjime etmek üçin kabinalaryň 6-sy, şeýle hem amatly ýumşak oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Jaýy bezemekde däp bolan nagyşlar, şol sanda bäş sany milli haly gölleri hem ulanylypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow otagy gözden geçirip, ýerlerde, her bir derejede we pudagyň her bir böleginde döwrebap tehnologiýalary ilerletmegiň başyny başlamak bilen, dolandyryş işinde täze tehniki serişdeleri işjeň ulanmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz edaranyň ýolbaşçysyna ykdysady ulgamda döwrebaplaşdyrmak işlerini has-da höweslendirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Toplumyň merkezi zolagynda birinji gatda ýene-de zerur maslahatlar üçin 20 we 30 adamlyk zallaryň ikisi bar. Mundan başga-da her bir ministrligiň duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin goşmaça enjamlaşdyrylan zallary bar, olaryň biri 40 adam üçin halkara derejesindäki çäreleri geçirmäge niýetlenendir, munuň üçin sinhron terjimäniň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutuldy.
Tälim berýän okuwlary we türgenleşikleri, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan zal hem bar. Bu zal degişli programma üpjünçiligi bilen we interaktiw tagta birikdirilen soňky nusgadaky şahsy kompýuterler bilen üpjün edilendir. Bu ýerde tanyşdyryş çäreleri, şol sanda internet-tehnologiýalary ulanmak bilen, şeýle hem häzirki zaman telekommunikasion ulgamlaryň kömegi arkaly belli bir aralykdan okuw sapaklaryny, ähli üç ministrligiň işgärleri üçin on–laýyn düzgüninde okuw-usulyýet seminarlaryny geçirmek hem bolar.
Kitaphanasy bolan okalga zaly hem bar, şonda ykdysady we tehniki edebiýat, kadalaşdyryjy – hukuk resminamalary, gazetler we žurnallar, ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen edebiýat, şol sanda daşary ýurt dillerindäki edebiýat bilen tanyşmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ylmy işlerine aýratyn orun berlipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň çykyşlarynyň, milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan Döwlet maksatnamalarynyň tekstleri goýlupdyr.
Ministrlikleriň işiniň kärhanalaryň we guramalaryň işi bilen, şol sanda olaryň işgärleri bilen baglanyşyklydygyny üns merkezine alyp ykdysady toplumyň dolandyryş binasynyň merkezi zolagynda garaşylýan zallar göz öňünde tutuldy, olar her gün aýry-aýry müdirliklere we bölümlere gelerler.
Häzirki zaman enjamlary iş wagtynda hasaba almak we ministrlikleriň işgärleriniň ony netijeli peýdalanyşyna gözegçilik etmek üçin täze tehniki çözgütleri ulanmaga mümkinçilik berýär. Ministrlikleriň her biri üçin işgärleri bina goýbermek üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän elektron ulgam oturdyldy. Işgärleriň elektron kartoçkalary olaryň iş wagtyny bellige alar.
Işgärlere amatly bolmagy üçin göwnejaý enjamlaşdyrylan aşhanasy bolan 340 adamlyk naharhana, türgenleşdiriji giň toplumy bilen fitnes-merkez we çykmak we girmek üçin amatly bolan 400 ulag üçin goýulýan ýer göz öňünde tutuldy.
Kompýuter, yşyklandyryş, ýyladyş, howany şemalladyş ulgamlaryny iş ýagdaýynda saklamak üçin niýetlenilen tehnologik enjamlaryň iň soňky kysymlary bilen üpjün edilen tehniki jaýlar, özbaşdak telefon aragatnaşygy we başgalar topluma girýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, ykdysady edaralaryň ýolbaşçylaryny we işgärlerini jaý toýy bilen ýene-de bir gezek gutlady we olara netijeli işlmegi arzuw edip, toplumdan çykdy hem-de Adalat ministrliginiň binasyna tarap ugrady.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy çagalar döredijilik topary garşylaýar. Ýaş artistler saz gurlallary toparynyň sazandarlyk etmeginde ýokary watançylyk äheňindäki aýdym-sazly we tansly çykyşy ýerine ýetirýär. Esasynda Türkmen döwlet gurulýan we ösýän adalatlylyk taglymlary onuň baş şygary boldy.
Adalat ministrliginiň täze dolandyryş binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan bu çykyş adamyň ömrüniň we mertebesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň göýa janly beýany boldy, onuň goragynda bolsa ýurdumyzyň adalat ulgamy durýar. Binanyň binagärlik çözgüdinde hem adalatlylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapypdyr, onuň keşbi terezini ýada salýar. Merkezi bina 5 gatdan ybaratdyr, ondan 4 gatly gapdal binalar çykýar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa desganyň ulanmaga taýýarlygy hakynda Adalat ministri B.Muhammedow hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz binanyň baş girelgesine alyp barýan esasy basgançak bilen ýokaryk çykýar we toý bagyny kesýär. Binanyň eýwanynda adalat ulgamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda adyl kazyýetlik edaralarynyň ösüşi, edaranyň düzüm birlikleri barada aýdyň we özüne çekiji gürrüň berýän wedeorolik görkezilýär.
Milli Liderimiz binanyň sag ganatyna geçýär, şol ýerde 190 orunlyk mejlisler zalyna baryp görýär. Türkmenistanyň Prezidenti dürli çäreleri geçirmek üçin zalda döredilen şertleri gözden geçirip, ulanmaga berilýän we gurulýan häzirki zaman desgalary diňe hili bilen däl-de, eýsem dünýä derejesine gabat gelýän wezipesi bilen tapawutlanmalydyr diýip belledi. Biziň ýurdumyz, milli ykdysadyýetimiz sazlaşykly ösýär. Şunda döwür bilen aýakdaş gitmegi üpjün etmek, diňe täze daşary ýurt işläp taýýarlamalaryny däl-de, eýsem öňe gitmek üçin baş binýat bolup durýan öz toplan tejribäňi hem ulanmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Moskwada geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda türkmen jigitleriniň gazanan uly üstünligini mysal getirdi. Türkmen sirkini täzeden dikeltmek işleri bolsa bary-ýogy birnäçe ýyl mundan öň başlandy.
Bu mysal, göräýmäge ykdysady ulgamdan daş ýaly bolup durýar. Ýöne döwlet Baştutanymyz onuň manysyna ünsi çekmek isledi: belli bir işde iň gowy däpleri, milli tejribäni esas hökmünde alyp hem-de öz ukyplaryňa we tagallalaryňa berk ynanmak bilen, biz beýik işlere ukyplydyrys. Çünki biziň ýolumyz—taryhy döredijiligiň özboluşly ýoludyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz elektron maglumatlar binýadyny peýdalanmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşýar, olaryň kömegi bilen zerur maglumatlary almak bolar, olar ýörite monitora girizilýär. Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň merkezi arhiwi binany gözden geçirmegiň ýene-de bir nokady boldy. Hormatly Prezidentimize bu bölümiň işi hakynda hünärmen jikme-jik gürrüň berdi. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň merkezi arhiwi raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny hemişelik saklaýan, toplaýan we döwlet tarapyndan bellige alýan hem-de peýdalanýan, şeýle hem ýerli edaralaryň arhiwleri tarapyndan şol namalaryň ýazgylarynyň dogry ýöredilişine gözegçilik edýän edara bolup durýar. Dolandyryş binasynda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen arhiw otaglarynyň 12-si ýerleşýär. Bu dogluşy, nika baglaşmagy, nikany bozmagy bellige almak hakyndaky, ölüm hakyndaky, ogullyga-gyzlyga almak baradaky, atalygy bellemek baradaky, familiýany, ady, atasynyň adyny üýtgetmek baradaky namalaryň ýazgylarynyň ikinji nusgalary saklanylýan iri ýerdir. Şol nusgalar boýunça raýatlar ýüz tutan mahaly olaryň zaýalanan we könelen şahadatnamalary dikeldilýär, gaýtadan berilýän resminamalar, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny tassyklaýan şahadatnamalar we delil hatlary berilýär.
Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň dogluş hakyndaky namasynyň täzeden dikeldilen ýazgysy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dogluş hakyndaky namasynyň ýazgysy ministrligiň arhiwiniň görnükli ýerinde goýlandygyny bellemeli.
Arhiw otaglary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň jiltler görnüşinde toplanan ýazgylaryny ygtybarly saklamagy üpjün edýän ýörite tekjeler, şkaflar –tekjeler bilen üpjün edilendir. Bu ýerde howanyň ýylylygyny we çyglylygy saklamak üçin ýörite enjamlar oturdyldy. Şeýle hem arhiw ýazgylarynyň zaýalanmagynyň we ýitirilmeginiň öňüni alýan ultramelewşe yşyklandyryşyň düzgüni döredildi.
17 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän Adalat ministrliginiň binasynda işgärler üçin iş otaglaryndan başga hem göwnejaý enjamlaşdyrylan okuw sapaklary üçin otaglar, kitaphana, giň sport zaly we fitnes-merkez, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanasy bolan uly naharhana, VIP-restoran we kiçi mejlisler zaly bar.
Döwlet Baştutanymyz olaryň birine baryp görmek bilen Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy we Adalat ministrliginiň işgärlerine üstünlikli işlemegi arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy hem-de beýleki täze desga tarap ugrady.
Döwlet gümrük gullugynyň binasy hakykatda öňki desga bilen doly çalymdaşdyr, munuň özi döwletimiziň ykdysady bähbitlerini üpjün etmek işinde möhüm orny eýeleýän edaranyň aýratyn hukuk derejesini aňladýar.
Bu ýere ýygnanan köpsanly dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar. Saz gurallary topary bu waka bagyşlanan dabaraly aýdym-saz bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly çäräni başlamaga taýýarlyk hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda däp bolan toý bagyny kesýär we bina girýär. Täze binada gullugyň işgärleri üçin ähli şertler döredilipdir, ählumumy eşretiň bähbidine netijlei hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny we daşary ykdysady işini ösdürmekde jogapkärli wezipeler olaryň üstüne ýüklendi.
Oňyn gatnaşyklary, giň söwda-ykdysady we medeni-gumanitar aragatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edip, Türkmenistan öz Döwlet serhedini dostluk we hyzmatdaşlyk serhedine öwürdi. Munuň özi milli bähbitlerimize hem, ähli halkara birleşiginiň bähbitlerine hem laýyk gelýär. Ýük gatnawlarynyň we biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurt myhmanlarynyň sanynyň gyşarnyksyz artmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bina bilen tanşyp, Döwlet gümrük gullugynyň tehniki üpjünçilik hem-de awtomatlaşdyryş bölüminiň gözegçilik merkezine baryp görýär, onuň işi hakynda gullugyň hünärmeni, ýagny uly gözegçi gürrüň berýär.
Bu bölüm Türkmenistanyň gümrük edaralarynda gullugyň düzümleriniň özara gatnaşyklaryny güýçlendirmek we gözegçilik etmek, barlag amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem serhetden geçýän ulag serişdeleriniň we raýatlaryň hereketlerini bellige almak, statistiki maglumatlary seljermek üçin niýetlenilen wideoaragatnaşyk ulgamy bolan maglumat seljeriş merkezinden ybaratdyr.
Bu ýerde oturdylan uly monitorlarda işe girizilen ýokary tehnologiki telekommunikasion enjamlaryň kömegi bilen ýurdumyzdaky ähli möhüm gümrük nokatlaryny görmek mümkindir. Mysal üçin, Hazaryň kenar ýakasyndaky iki sany, ýagny “Kenar” we “Beýik Türkmenbaşy” gümrük nokatlary, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen döwlet serhedinde ýerleşen “Ymamnazar” we”Serhetabat” gümrük nokatlary, Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetdäki “Altyn asyr” we “Howdan” gümrük nokatlary, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen döwlet serhedinde ýerleşen 4 sany gümrük nokady, ýagny “Farap awtoýollary”, “Farap demirýollary”, “Gazojak” we “Daşoguz awtoýollary” gümrük nokatlary, şeýle hem paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde ýerleşen “Aşgabat howa menzili” gümrük nokady bu ulgama birikdirildi. Bu ulgama beýleki gümrük edaralaryny hem birleşdirmek meýilleşdirilýär.
Milli Liderimize anyk wagt düzgüninde şekilleri berýän monitorda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen döwlet serhedinde ýerleşen “Serhetabat” gümrük nokadynda onuň ýagdaýy we hereketi görkezilýär. Bu gümrük nokadynda gümrük gözegçiligini ygtybarly we çalt amala aşyrmak üçin iň kämil tehniki serişdeler ornaşdyryldy.
Mysal üçin, bu ýerde awtoulagda daşalýan ýükleri barlaýan “Rapisсan Eagle Gantry G60” rentgen-telewizion enjamy oturdyldy. Bu enjam harytlary awtoulagdan düşürmezden barlamaga mümkinçilik berýär. Ýükli awtoulag ýörite jaýa girýär, şol bina üç minudyň dowamynda skanirlenýär we harytlaryň şekili monitorda peýda bolýar. Şeýle enjam “Farap awtoýollary” we “Altyn asyr” gümrük nokatlarynda hem oturdyldy.
“Ymamnazar” gümrük nokadynda hem şeýle enjamy oturtmak üçin bäsleşik esasynda “Sminthys Heimann” german kompaniýasy seçilip alyndy. Şol ýerde şeýle enjam basym işläp başlar. Bu kompaniýadan enjamlaryň ýene-de bir görnüşi, ýagny adamy barlamak üçin niýetlenen “Body sсanner BS 16 HR DV” kysymdaky enjam getirildi. Munuň özi gümrük gözegçiliginiň iň netijeli tehniki enjamlarynyň biridir. Serhet ýakasyndaky gümrük nokadynda geçen ýyldan bäri şeýle enjamlaryň 7-si işleýär. Olaryň kömegi bilen şu wagtyň içinde gulluk tarapyndan hukuk düzgüniniň bozulmalarynyň birnäçesi ýüze çykaryldy, gümrük serhediniň üsti bilen gizlin ýagdaýda neşe serişdeleriniň bikanun getirilmeginiň öňi alyndy.
“Smitihs Heimann German” kompaniýasyndan alnan “Ionsan 500 DT” kysymyndaky enjam neşe serişdeleri, psihotrop, güýçli täsir edýän, zäherleýji, awuly, partlaýjy maddalar ýüze çykarylan mahaly gümrük gözegçiligi üçin iň netijeli tehniki enjamlaryň biri hökmünde mälimdir. Şeýle enjam bilen geçen ýylda serhet gümrük nokatlarynyň dördüsi üpjün edildi. Onuň kömegi bilen hukuk düzgüniniň bozulmalary ýüze çykaryldy, neşe serişdesiniň bikanun geçirilmeginiň öňi alyndy.
Maglumatlar binýadynda toplanan statistiki maglumatlary seljermek üçin niýetlenen, gümrük gullugynyň merkezi edarasynda oturdylan monitorda maglumatlary işläp geçmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň kömegi bilen ähli görkezijileri we zerur maglumatlary görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň daşarky haryt dolanyşygy, dürli ýurtlar üçin söwda gatnaşyklary, import we eksport boýunça iri möçberli deklalirlenýän harytlar boýunça maglumatlar hödürlendi. Şeýlelikde, gümrük edaralary boýunça jikme-jik maglumatlary (mysal üçin, her bir harby gullukçynyň näçe sany ýük gümrük jarnamalaryny bellige alandygy) almak mümkindir.
Döwlet Baştutanymyz habary üns bilen diňläp, indi şunuň ýaly operatiw—seljeriş merkezleri ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň köpüsinde hereket edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tertibiň we kanunçylygyň, Türkmenistanyň raýatlarynyň asuda durmuşynyň goragynda durýan düzümleriň has ysnyşykly özara gatnaşyklary, olary bir umumy ulgama birleşdirmek üçin degişli ugurda toplumlaýyn işleri geçirmek hakynda aýtdy.
Döwlet gümrük gullugynyň dolandyryş binasynda iş otaglarynyň 133-si, arhiw üçin iş otaglarynyň 5-si, kitaphana, Galkynyş otagy, 200 orunlyk mejlisler zaly, 50 orunlyk maslahatlar zaly we iş duşuşyklary hem-de beýleki çäreler üçin 20 orunlyk kiçeňräk zallaryň ýene-de 3-si bar. Saýhally görnüşde bezelen interýerleri owadan bezelen jaýlardaky milli nagyşlar, türkmen halkynyň meşhur taryhy şahsyýetleri, ahalteke bedewleri, gadymy galalar we beýleki ýadygärlikler şekillendirilen ajaýyp suratlar bezeýär.
Mundan başga hem binada çaphana, harby emlägiň, enjamlaryň ammarlary, tikinçilik ussahanasy ýerleşdirilipdir. Naharhana, lukmançylyk nokady, sport, fitnes we tennis zallary bar. Dolandyryş binasynyň töweregi abadanlaşdyrylypdyr we 38 müň inedördül metrden gowrak bolan gür baglyga öwrülen çäklerde harby tälim alyş okuwlary üçin meýdança, ýeňil awtomobilleriň 112-si üçin üsti ýapyk awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gumrük gullugynyň işgärleri bilen söhbetdeşlikde özleriniň gulluk borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan, gullugyň öňünde goýlan gaýragoýulmasyz wezipeler hakynda söz açyp, işgärler bilen terbiýeçilik işlerini geçirmegiň hem-de ýurdumyzda gümrük edaralarynyň işinde halkara hukugynyň talaplarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz täze ajaýyp binanyň ulanmaga berilmegi bilen bu edaranyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini gutlap, olaryň jogapkärli hem-de möhüm işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Muňa jogap edip, ministrligiň ýolbaşçylary we işgärleri Türkmenistanyň Prezidentine işlemäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge has jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdylar.
Belent Serkrdebaşymyz bu wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, Arçabil şaýolunyň ugrunda gurlan nobatdaky bina tarap ugrady, onda ýurdumyzyň senagat toplumynyň ministrlikleri we pudak edaralary ýerleşýär.
Mili LIderimiz ýol ýugrunda bu ýerde ýerleşen ýer asty geçelgäniň ýanynda saklanyp, bu ýerde ýüze çykayran kemçiliklerini düzetmek boýunça beren tabşyryklarynyň berjaý edilendigine göz ýetirmek üçin gymmatly wagtyny sarp etdi. Ýeri gelende aýtsak, şu aýyň başynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda hormatly Prezidentimiz beýleki desgalaryň hatarynda Arçabil şaýolunyň ugrunda gurlan ýerasty geçelgäni we awtobus duralgalarynyň birini gözden geçirdi. Şonda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara şol desgalarda işleriň hili, olaryň bezelişine hem-de bu ýerde ýolagçylar we pyýadalar üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly tankydy belliklerini aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça amala aşyrýan her bir iş sapary esasy gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy bilen jikme-jik tanyşmak bilen bagly bolýar. Şonda hormatly Prezidentimiz gurluşyk işlerinde hemme zada aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny artdyrmak, olaryň daşarky bezelişi bilen bagly oýlanyşykly maslahatlary taslamaçylar, binagärler, gurluşykçylar we dizaýnlar üçin işde gollanma öwrülýär. Şeýle teklipleriň ýa-da bellikleriň her birinde oýlanyşykly pikirler jemlenýär, adam hakynda ýadawsyz alada, ony ähli ugurlarda estetiki şäher gurşawynyň hem-de bu zatlary üpjün etmekde öz borjuňa düşünmek duýgularynyň gurşap almalydygy baradaky ynam durýar.
... Soňra milli Liderimiz ýoluny dowam etdi. Senagat toplumynyň binasynyň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy döredijilik toparlary öz çykyşlary bilen garşylaýar. Dürli öwüşginli tansda türkmen halysyny döretmek işi janlandyrylýar, soňra çykyşlary ýurdumyzyň senagatynyň, şol sanda täze dolandyryş binanyň täze eýeleri boljak esasy edaralarynyň işiniň esasy ugurlaryny şöhlelendirýän simwoliki keşpler dowam edýär. Onuň belent binasynda Senagat ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de Balyk hojalygy döwlet komiteti ýerleşerler.
Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda däbe öwrülen toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.
Binanyň zalynda türkmen senagatynyň ýerli çig mal esasynda öndürýän gurluşyk materiallarynyň sergisi ýaýbaňlandy. Bu ýerde şeýle hem milli Liderimize türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagynyň ösüşi hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezilýär. Senagaty ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Milli ykdysadyýetiň bu ulgamyny doly döwrebaplaşdyrmak we ähli bölümlerini ösdürmek, ony senagatlaşdyrmak biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan, kärhanalary döwrebap tehnikalar we täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň ösüşini we pudaklaýyn ylmy höweslendirmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy göz öňünde tutýan düýpli özgertmeler üpjün etmelidir.
16 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän täze binanyň 14-nji gatynda ministrligiň işgärleriniň zähmet çekmegi ähli şertler döredildi. Ýurduň himiýa pudagyny we balyk hojalygyny dolandyryş döwlet edaralarynyň senagat syýasatyny amala aşyrmak boýunça möhüm wezipeler şu ministrligiň üstüne ýüklenildi.
Işgärler üçin iş otaglary zerur bolan enjamlar, şol sanda döwrebap kompýuterler bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, bu ýerde maslahatlary geçirmek üçin zallar, aşhanasy bolan 150 orunlyk naharhana, türgenleşik zaly göz öňünde tutuldy. Ähli otaglar zerur bolan kommunikasiýalar we durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi. Meýdany 4,3 gektara deň bolan ýanaşyk ýerlerde üsti ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Ak mermerli binanyň ýanaşyk ýerlerinde telärleri we suw çüwdürimleri guruldy.
Türkmenistanyň Prezidenti binany synlap, ikinji gata çykýar we maslahat zalyna barýar. Bu ýerde maslahatlary we forumlary geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar.
Hormatly Prezidentimiz pudaklaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine ýüzlenip, senagat toplumyny has-da ösdürmek we netijeliligini artdyrmak, ony öňdebaryjy sepgitlere çykarmak boýunça görülýän çäreleriň möhümdigini belledi we milli ykdysadyýetiň bu esasy ulgamynda ähli özgertmeler meýilnamalaryny yzygiderli amala aşyrmak bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Bu ulgamyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmekde ägirt uly orun eýeleýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyryp, çykarylýan önümleriň ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply bolmagyna, olaryň halkara standartlaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berdi.
Senagat toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri öz gezeginde hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde hem öz tagallalaryny gaýgyrman, eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Bu ýere ýygnananlary täze gurlan binanyň açylmagy bilen gutlap, milli Liderimiz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrliginiň täze binasyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini dabaraly çärä gatnaşyjylar, şol sanda degişli ulgamyň ýolbaşçylary we işgärleri mähirli mübärekleýärler. Şu gün açylan täze desgalarda bolşy ýaly, bu ýerde hem aýdymdyr sazlar ýaňlanýar, döredijilik toparlary öz ussatlygyny görkezýärler. Ýaş artistler dürli öwüşginli sahnada awtobusyň ýolagçylary hökmünde çykyş etdiler. Awtobus olary Arçabil şaýoluna, Awtomobil ulaglary ministrliginiň täze binasynyň öňüne alyp gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ajaýyp çykyşlary üçin ýaş artistlere minnetdarlyk bildirip, dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.
15 gatly binada ministrligiň, onuň düzüm bölümleriniň, şol sanda “Türkmenulaginspeksiýa” DK-niň, “Türkmenawtohyzmatsöwda” ÖB-niň işgärleriniň iş otaglary ýerleşdirildi. Dürli maslahatlary geçirmek üçin bu ýerde ajaýyp mejlisler zallary enjamlaşdyryldy, kitaphana, işgärleriň tälim almagy üçin otaglar, bu ýere gelýänler üçin garaşylýan zallar, 100 orunlyk naharhana, fitnes-merkez we beýlekiler guruldy. Binanyň 14-nji gatynda VIP-myhmanlar üçin dynç alyş zolagy ýerleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz binanyň gurluşy, onuň tehniki üpjünçiligi bilen içgin tanşyp, 7-nji gata çykýar. Bu ýerde türkmen paýtagtynda awtobuslaryň hereketine gözegçilik edýän GPS merkezi ýerleşýär.
Merkeziň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanan işleri, onuň mümkinçilikleri barada hünärmen jikme-jik gürrüň berýär.
Şeýlelikde, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ornaşdyrylýan “Glonass-GPS” ulgamy-Aşgabat şäherinde hereket edýän awtobuslaryň 700-sine gözegçilik etmek üçin niýetlenen ulgam – bu şäherde ýolagçylary gatnatmak işini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy bolup durýar. Ol şäher ugurlarynda gatnaw işlerini merkezleşdirilen operatiw dispetçerçilik dolandyryş, operatiw meýilleşdirmegi, gözegçilik etmegi, kadalaşdyrmagy, hasaba almagy we hasabatlylyk üçin innowasion çözgüt bolup durýar. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy ýolagçylary gatnatmagyň dolandyryş derejesini hil taýdan ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Ulgamy dolandyrmagyň merkezi dispetçerçilik nokadynda şäherde aýlanyp ýören awtobuslar bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň tutuş ulag ulgamyny şekillendirýän diwaryň ýüzi ýaly ägirt uly monitor oturdyldy. Şunda ekranyň ýüzüne hereket edýän 68 sany şäher ugurlaryndan islendik ugry çykaryp bolýar. Ulgam awtobuslaryň takyk ýerleşýän ýerini, sürüjiniň indeksini, awtobusyň tizligini we hereket edýän ugruny, ugur boýunça hereketiň bellenilen tertibini berjaý etmegiň düzgünini kesgitleýär.
Merkezi monitoryň panelleriniň birinde ugruň grafiki çyzgysy ýüze çykýar, bu bolsa dispetçere dessine hereketdäki awtobuslaryň aralygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Tertibiň gapdalynda ugry geçmegiň wagtlaýyn tertibinden awtobusyň sowulmagy, hereketiň tizliginiň ýokarlanmagy, şeýle hem ulagyň garaşylmadyk näsazlygy hakynda goşmaça maglumatlar ýüze çykýar.
Munuň özi dispetçere telefon aragatnaşygy ýa-da SMS arkaly sürüjä ýüze çykan bozulmany aradan aýyrmak ýa-da hereketi üýtgetmek boýunça görkezmeleri bermäge mümkinçilik berýär. Şu maksatlar üçin awtobusyň kabinasynda planşet-ekran oturdylýar, onuň ýüzünde dispetçeriň iberýän habarlary ýazýlýar. Sürüji 30 sekundyň dowamynda dispetçere görlen çäreler hakynda bellenilen tertipde jogap bermäge borçludyr.
Awtobuslaryň hereketine operatiw we öz wagtynda gözegçilik etmek üçin dispetçerleriň 6-syndan birine bir iş tapgyrynda diňe 10-12 anyk ugurlar berkidilýär. Bu bolsa ähli ugurlara, awtobuslaryň hereketine takyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Paýtagtymyzyň esasy duralga meýdançalarynda oturdylýan habar beriş ekran-tablolar şäher awtobuslaryň ýolagçylary üçin täzelik bolar. Mysal üçin, belli bir ugurly awtobusa garaşýan ýolagçylar nobatdaky awtobusyň degişli duralga gelmegine näçe minut wagtyň galandygyny görüp biler.
Bulardan başga-da, GPS—gözegçilik ulgamy awtomobil kärhanasynyň dürli gulluklarynyň işgärlerine zerur bolan beýleki maglumatlary, şol sanda awtobusyň kilometrlerde geçen ýoly, sarp edilen ýangyç, tizlik we hereket tertibiniň berjaý pedilmegi, hat-da sürüjilere ýazylan aýlyk hakynyň möçberi we beýlekiler barada zerur bolan operatiw maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Munuň özi maglumatlaryň köpugurly habarlar binýadyny, ulanylýan maglumatnamalary ýöretmäge, belli bir ugra salnan hereketiň bozulmalaryna we onuň operatiw kadalaşdyrylmagyna gözegçilik etmäge, şeýle hem ulag toplumyny netijeli dolandyrmaga bagly bolan beýleki işleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Geljekde Aşgabat şäherinde hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslary üçin “Glonass-GPS” – gözegçilik ulgamyny ýol hakyny tölemegiň elektron görnüşini /elektron petek/ ornaşdyrmak, gatnadylan ýolagçylaryň sanyny hasaba almak we şäheriň duralgalarynyň aralygyna gözegçilik etmek, hereket howpsuzlyk we wideogözegçilik ulgamyny ornaşdyrmak, jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek üçin giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Ulgamyň işi bilen tanyşdyrmak maksadynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şäher ugurlarynyň biri boýunça awtobusyň hereketi elektron kartada görkezildi.
Ýolagçylaryň gatnawyny amala aşyrýan kärhanalaryň esasy wezipeleriniň ilatyň olara bolan islegini doly kanagatlandyrmak we ýolagçylara hyzmat etmek, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bolup durýandygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şunuň ýaly öňdebaryjy ulgamlary we işleri guramagyň usullaryny mundan beýläk-de ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, Ýolagçy ulaglarynyň Merkezi garažynyň döredilmegi bu möhüm işi täze derejä çykarmaga ýardam edip bilerdi diýip belledi. Onda ähli tehniki, abatlaýyş, dispetçerçilik we beýleki gulluklar birleşdirilip, GPS ulgamynda biri-biri bilen bagly bolup bilerdi. Munuň özi ýüze çykýan ähli ýagdaýlara tiz täsir edilmegini we ýolagçy ulaglarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün eder.
Milli Liderimiz biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň düzüm bölegi hökmünde döwletimiziň şu meselä hemişe aýratyn üns berjekdigini aýdyp, şol syýasatyň türkmenistanlylaryň durmuşynyň hil taýdan täze ýokary standartlaryny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.
Pudagyň ýolbaşçylary we işgärleri hormatly Prezidentimize awtoulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şol sanda parky dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alynýan täze serişdeler bilen üpjün etmegiň hasabyna pugtalandyrmak meselelerine berilýän yzygilderli üns üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrliginiň täze binasy bilen tanyşmagynyň barşynda Demir ýol ulaglary ministrliginiň binasyny gurmak bilen bir hatarda şu taslamany amala aşyran “Renaissanсe” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny “Renaissanсe Сonstraсtion” kompaniýasynyň prezidenti Huseýn Awni Akwardary we bu kompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Koraý Gurmany kabul etdi.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildiren myhmanlar pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni we Gurban baýramy, şeýle hem täze desgalaryň açylmagy bilen gutladylar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “Renaissanсe Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga uly goşant goşýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň netijeleri, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy gazananlaryň we innowasion tehnologiýalaryň çekilmegine aýratyn üns berildi.
Myhmanlar geljekde hem öz üstlerine alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny jogapkärli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar hem-de türkmen Lideriniň başyny başlan özgertmelerini amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga umyt-arzuwlaryny beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyz şu günki waka mynasybetli Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Pudagyň işgärlerine işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, milli Liderimiz binadan çykdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, özüne garaşýan awtoulaga tarap ugrady we ulagynda şu gün açylýan desgalaryň iň soňkysyna – bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasyna bardy. Bu myhmanhana barýan ýol hem täze guruldy we bu desga-da şu gün ulanmaga berilýär.
Uzynlygy 2743 metre barabar bolan bu awtomobil ýoluny biziň russiýaly hyzmatdaşlarymyz – “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary gurdy. Ol üç bölekden ybaratdyr. Olaryň ikisi – ýoluň “Bagt köşgünden” we Oguzhan köçesinden täze myhmanhana barýan bölekleri her ugry boýunça üç zolakdan ybaratdyr. Ýoluň iki tarapyndan ini üç metre barabar bolan, granit bilen örtülen ýanýodalar guruldy. Ýoluň üçünji bölegi bolsa 6 zolakly awtomobil ýol halkasyndan ybaratdyr. “Ýyldyz” myhmanhanasynyň töwereginden aýlanýan bu halkanyň uzynlygy bir kilometrden gowrakdyr. Bu ýola sekiz gat “düşek” düşeldi, ondaky işleriň ählisi hil babatda ýokary dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirildi.
Bu ýoluň taslamasy işlenip düzülende, onuň myhmanhananyň özüniň keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretmelidigi, täze binanyň örän täsindigini görkezmelidigi göz öňünde tutuldy. Ýoluň ähli bezeg işlerinde – daşky yşyklandyryş sütünlerinden, döwrebap awtobus duralgalaryndan başlap ýol belgileriniň täsin sütünlerine çenli ähli zatda döredijilikli çemeleşme duýulýar. Bu ýerde bezegiň her bir elementinde özboluşlylyk we ýokary estetiki ýörelgeler duýulýar. Ýoluň bezegleri “Ýyldyz” myhmanhanasynyň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döredýär.
Awtomobil ýolunyň ugrunda innowasion tehnologiýalar nazara alnyp taslanylan yşyklandyryş sütünleriniň 110-sy oturdyldy. Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin ýoluň käbir böleklerinde ýol gurluşygy ulgamynda dünýäniň bilermenleri tarapyndan iň ygtybarlylaryň biri diýlip ykrar edilen “Outimex” nemes germewleri gurnaldy.
Bu düzümleýin desganyň tehnologik taýdan oýlanyşykly bezeginiň üsti ýoluň ýanaşyk ýerlerinde oturdylan agaç nahallarynyň 7 müňden gowragy bilen ýetirilýär. Şeýlelikde, täze awtomobil ýolunyň ýerli landşaftyň özboluşly bezegine öwrülendigini ynamly aýtmak bolar. Onuň gözelliginiň “Ýyldyz” myhmanhanasyna gelýän daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrjakdygy şübhesizdir.
Täze kaşaň myhmanhana barylýan ýerde parad arkasy görünşinde simwoliki derweze guruldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy baýramçylyk aýdym-saz, tans kompozisiýasyny ýerine ýetirýän çagalar döredijilik toparlary şatlyk-şagalaň bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň awtomobili badalga almaga taýýar bolup duran ägirt uly kosmiki gämisi kimin belent we kaşaň myhmanhananyň binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, häkimler, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, hormatly ýaşulular we din wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri we ýaşlar mübärekleýärler.
Köp öwüşgünli aýdym-sazly dabara ýaýbaňlandyrylýar, oňa ýurdumyzyň meşhur tans toparlary, belli aýdymçylar gatnaşýarlar. Milli sazlar ýaňlanýar, baýdaklar belentde parlaýar, howa şarlary özboluşly gözellik döredýär.
Paýtagtymyzda ýene-de bir ýokary derejeli myhmanhananyň açylmagynyň Türkmenistanda Gurban baýramynyň ilkinji gününe gabat gelmeginiň simwoliki manysy bardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu baýramyň däpleri täze many-mazmun bilen paýlaşdyryldy. Ol dostluga sarpa goýýanlygy, açyklygy, kalbynyň giňligi hem-de myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralaýandygynyň beýanyna öwrüldi.
Myhman kabul etmegiň häzirki zaman ulgamynyň düzümine girjek täze myhmanhana paýtagtymyzyň iň ajaýyp ýerleriniň birine öwrüler. Munuň özi türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän we biziň döwletimiziň bütin dünýäde abarýyny has-da artdyran “açyk gapylar” syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň özboluşly nyşanydyr. Örän uly desgada häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy gazanananlary öz beýanyny tapyp, onuň ertirki gününe nazara aýlamaga mümkinçilik berýär.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz esasy girelgäniň haly düşülen basganjaklary bilen ýokaryk galýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär: milli Liderimiz toý bagyny kesýär, munuň özi “Ýyldyz” myhmanhanasynyň resmi taýdan açylandygyny alamatlandyrýar. Bu kaşaň myhmanhananyň ýokary derejesi we wekilçilikli myhmanlary kabul etmegiň giň mümkinçilikleri iri syýasy, diplomatik, ykdysady we işewür merkez hökmünde Aşgabadyň halkara derejesini äşgär etmelidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz hökümet agzalary, daşary ýurtly diplomatlar we beýleki dabara gatnaşýanlar bilen binanyň içine girýär.
Mermerleriň aklygyndan we nagyşlaryň göziňi gamyşdyryjy bezeginden öwşün atýan kaşaň merkezi holunda diwarlaryň bezegi bada-bat ünsüni çekýär.
Bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça “Bouygies” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan we enjamlaşdyrylan iň häzirki zaman we täsin myhmanhana toplumydyr. Diňe bir göwrümi bilen däl, eýsem, ilkinji nobatda, “kosmiki” bezegi bilen haýran galdyrýan myhmanhananyň belent diňiniň gurluşygynda damja görnüşindäki täsin belent binany döretmek üçin 7 müň tonna golaý polat hem-de 14 müň inedördül metrden tonnadan gowrak aýna ulanyldy.
Myhmanhananyň umumy meýdany 50 620 inedördül metrdir. Oňa ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylan meýdany 85 müň inedördül metre golaýdyr. 24 gatly binanyň belentligi 107 metre golaýdyr. Şunda ähli desganyň ýokary seýsmodurnuklylygyň ýokary derejesine eýedigini bellemelidiris. Myhmanhana özüne 155 otagy, şol sanda Prezident otagyny, luks derejeli hem-de standart otaglary birleşdirýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň 18-nji gatyna galýar we bu ýerde ýerleşen 600 orunlyk panoramaly restorana syn edýär. Bu ýerden türkmen paýtagtyna hem-de Köpetdagyň etegindäki ýerlere ajaýyp görnüş açylýar.
Soňra milli Liderimiz 14-nji gatda ýerleşen VIP-- apartamentlerini gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz 5-13-nji gatlary eýeleýän 7-nji gatdaky standart otaglara baryp gördi. Myhmanhanada standart otaglaryň 146-sy bar, olar meýdany hem-de bezegi boýunça tapawutlanýarlar: olaryň käbirinde dizaýnerler nusgawy usullary, beýlekilerinde bolsa häzirki zaman usullaryny ulandylar.
Myhmanhananyň adynda we onuň daşky keşbinde öz beýanyny tapan “ýyldyz” mowzugy binanyň içki bezeginde hem ussatlyk bilen şöhlelendirilipdir. Ajaýyp bezeg usullary çyralarda we beýleki zatlar hem öz beýanyny tapypdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz 4-nji gatda ýerleşýän 120 orunlyk restorany synlady. Milli Liderimiz myhmanhananyň ikinji gatyndaky spa – salona hem baryp gördi. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz sagaldyş çäreleri üçin iň häzirki zaman tehniki serişdeler we ajaýyp şertler bilen tanyşdy. Daşary ýurtly hünärmen dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen iň täze enjamlaryň mümkiniçilikleri barada döwlet Baştutanymyza gürrüň berdi.
Bu ýokary tehnologiýaly SPA– merkezi owkalaýyş, balneologiki we kosmetiki çärelerden başlap, aromateropiýany, audioterapiýany we beýleki çäreleri kabul etmäge çenli hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýärler. Bu görnüşleriň köpüsi howany howa ionizatorly SPA – kapsulalary bilen bilelikde ulanylan biliner. Özi-de, elektron dolandyryş pulty arkaly girizilýän, içkin seçilip alnan bejeriş çäreleriniň görkezijileri soňra ulanmak üçin niýetlenilen taýýar programmalar hökmünde SPA – kapsulanyň ýadynda saklanyp bilner. Şeýle hem jakuzili suwa düşülýän howuz, Wişi duşlary, gar duşy, infragyzyl şöhleli sawuna bar. Täsin gimalaý duzunyň “kerpiçjiklerinden” emele getirilen duz “gowagy” hem ünsüňi çekýär. Duzuň bugy bedene melhemlik täsirini ýetirýär. Myhmanhananyň sagaldyş düzümine trenažýor zaly, howuzlar hem girýär. Döwlet Baştutanymyz olary hem gözden geçirdi.
Mundan başga-da, myhmanhananyň açyk meýdançasynda ýylyň dowamynda işleýän we suwy gyzdyrylýan ýene-de bir howuz, iki sany tennis korty we woleýbol meýdançasy, şeýle hem çagalar üçin enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy bar. Ýanaşyk ýerlerde myhmanlaryň hyzmatynda şeýle hem söwda dükanlary, diskoteka, bar, restoran we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji gata düşýär we dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde 1000 orunlyk banket zalyny gözden geçirýär. Zerur bolan halatynda bu ägirt uly zaly germewleriň kömegi bilen birnäçe zala bölmek bolýar.
Myhmanhanada maslahatlar zallarynyň birnäçesi, gepleşikleri geçirmek üçin oňaýly otaglar hem göz öňünde tutulypdyr. Olar dürli derejedäki çäreleri geçirmek üçin zerur bolan tehniki enjamlary bilen üpjün edilipdir.
Döwlet Baştutanymyz waka hakynda ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýazgy galdyrdy.
...Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşyjylaryň ählisi myhmanhananyň syn ediş meýdançasyna barýarlar. Başyny göge diräp duran “Ýyldyz” myhmanhanasynyň ýokarsyndaky agşamky asmany dürli öwüşginler bilen ýagtylandyryan ägirt uly feýerwerk şu günki dabaralara bagyşlandy.
Feýerwerk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň prezidenti Marten Buigi kabul etdi.
Fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän uly baýramçylyk, ýagny, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy bilen mähirli gutlady. Myhmanyň belleýşi ýaly, “Buig” kompaniýasy ykdysady ösüşiň haýran galmaly depginlerini görkezýän we özüniň öňdebaryjy döredijilik syýasaty bilen bütndünýä meşhur bolan Türkmenistanyň uzak möhletli hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyna buýsanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli pudaklarda we şol sanda şähergurluşyk ulgamynda ýöriteleşýän esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm taraplarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, millii Liderimiz “Buig” bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi, üstünlikli durmuşa geçirilýän biirnäçe bilelikdäki taslamalar muňa şaýatdyk edýär, olaryň arasynda şu gün ulanmaga berlen desgalar hem bar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine degişli oňyn häsiýetdäki pikir alyşmak boldy. Fransuz işewüri kompaniýa ynanylan desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi, şýele hem mundan beýläkki hyzmatdaşlyga degişli teklipleri aýtdy. Bu babatda fransuz kompaniýasynyň täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda myhman Türkmenistanyň Prezidentini baş döwlet baýramy, ýagny Garaşsyzlyk güni bilen, şeýle hem ýurdumyzda şu günler giňden bellenilýän Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp we awtoulagyna münüp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu gün täze desgalaryň ençemesini ulanmaga bermek dabaralary mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyny garşylaýan Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy. Olar bütin dünýäni Türkmenistana başgaça garamaga mejbur edýän ägirt uly özgertmeleriň nobatdaky mysalyna öwrüldi. Bu özgerişlikleriň çürbaşynda bolsa hemişe biziň gözel paýtagtymyz durýar.
Bu ýerde, ýurdumyzyň baş şäherinde diňe örän wajyp çözgütler kabul edilmek we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalar bolup geçmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş ýurdumyzyň iş depginini kesgitleýän gündelik işler hem dowam edýär. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýan döredijilik ösüşi we özgerişlikler birjik-de gowşamaýar. Onuň daşarky gözelliginiň esasy gymmatlygy – içerki mazmun bilen sazlaşygy bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsusdyr.