Ï “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary – sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynyň ýeňijisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary – sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynyň ýeňijisi

view-icon 4886
Şu gün paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde Moskwada geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalyna gatnaşyp, örän uly ýeňiş bilen dolanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynynyň dabaraly garşylanylyşy boldy. Türkmen jigitlerini gazanan üstünlikleri bilen gatlamak üçin bu ýere atçynaslar, seýisler, çapyksuwarlar, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, döredijilik işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular we talyp ýaşlar ýygnandylar.


Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň atçylarynyň bu festiwalda dünýä derejeli ýyldyzlar diýlip ykrar edilmegine çäksiz buýsançlaryny beýan etdiler, çünki jemleýji dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda olara bäsleşigiň ähli görnüşleri boýunça diýen ýaly baş baýraklar -- festiwalyň ýörite eminleriniň baş baýragy “Altyn idol” Kubogy; Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynyň ýörite baýragy -- “Galkynyş” toparyna Monte-Karlodo geçiriljek 15-nji festiwala çakylyk; Werona şäheriniň (Italiýa) Sirk sungaty merkezinden ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýörite baýrak we Diplom; Halkara žurnalistler eminlerinden “Bürünç manež” Kubogy gowşuryldy.

Bu baýraklar gowşurylan pursaty hem, Aşgabada dolanylyp gelnende hem türkmen atçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa guwanç we buýsanç bilen türkmen jigitlerine berýän uly goldawy, türkmen atçylygyny ösdürmek baradaky hemişelik aladasy hem-de ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny artdyrmakdaky işleri üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Häzirki ýeňişlerini olar ýurdumyzyň ýakynlaşyp gelýän baş baýramyna – Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe bagyşlaýandyklaryny nygtaýarlar.

Haçan-da indi sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynyň baş baýragy türkmen paýtagtyna getirilenden soň, hemme zadyň adaty we kanunalaýyk ýaly bolup görünýändigini bellemek gerek. Emma Russiýanyň paýtagtynda badalga alan “Idol” halkara sirk forumynda festiwalyň açylyşynyň öň ýanynda ýörite uçar bilen Aşgabatdan Moskwa baran ahalteke bedewleriniň 10-synyň we “Galkynyş” toparynyň 16 agzadan ybarat bolan atçylarynyň neneňsi derejede şowhunly üstünlik döretjekdiklerini bäsleşigiň halkara bilermenleri we synçylary pikir hem etmediler.

Şeýle çaklamany öňünden aýtmak kyndy, çünki, sirk sungatynyň iň abraýly bäsleşikleriniň biri bolan bu festiwal Moskwanyň Uly döwlet sirkine dünýäniň 16 ýurdundan: ABŞ, Kanada, Hytaý, Ispaniýa, Germaniýa, Ekwador, Gana, Wýetnam, Wengriýa we beýleki ýurtlardan zehinleri ýygnady. Rus ýerine ýetirijileri ýer eýeleriniň hukugy esasynda bäsleşigiň maksatnamasynda has doly görnüşde çykyş etdiler. Dünýä sirkiniň ýyldyzlary festiwalyň eminleriniň agzalarynyň hem-de hormatly myhmanlaryň hataryna girdiler. Diňe käbir başarjaň hünärmenler Türkmenistandan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň bardygyny eýýäm bilýärdiler. Hemme beýlekiler, şol sanda köpsanly tomaşaçylar hem türkmen atlylary bu abraýly dünýä bäsleşiginde öwrenjedir öýdýärdiler.

-“Idol” sirk sungatynyň dünýä festiwalynyň esasy maksady täze zehinleri ýüze çykarmak bolup durýar--diýip, festiwalyň ýerine ýetiriji direktory Ýuliýa Melnikowa gürrüň berýär. --Türkmen jigitleri şeýle wekilçilikli dünýä forumyna ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan, dünýä sirk sungatynyň iň saýlamalarynyň hataryna bedew bady bilen goşuldylar, olar örän täsir galdyryjy täze atly çykyşlary görkezdiler.


Bäsleşigiň bijesi boýunça türkmen atlylary festiwalyň ikinji bäsleşik gününiň “B” maksatnamasyna düşdiler we bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesiniň içinde iň soňunda çykyş etdiler. Eger sirkiň gümmeziniň astynda feýerwerkiň gulaklary gamaşdyryjy uly gümmürdisi döredilen hem bolsa, onuň şeýle şowhunly täsiri türkmen atlylarynyň joşgunly çykyşlarynyň netijesinde dörän şowhundan pes görnerdi.

“Milli türkmen at üstündäki oýunlary” diýen çykyş ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Ajaýyp syratly ahalteke bedewleri, artistleriň ýagty, owadan lybaslary, atlylaryň takyk we sazlaşykly hereketleri, bedewleriň aýlaw boýunça hereketiniň görlüp-eşidilmedik tizligi, iň çylşyrymly tilsimleriň ýerine ýetirilişiniň ýokary gujurlylygy – bularyň hemmesi tomaşaçylary haýran galdyrdy. Eýýäm çykyşyň ikinji minutynda atyň seýkin basyp ýöreýşine sazlaşykly goşulyp, tomaşaçylar ellerini çarpyp başladylar, çykyşyň ahyrynda bolsa, tomaşaçylaryň el çarpyşmalarynyň yzy üzülmedi.

Festiwalyň tomaşaçylarynyň arasynda Russiýanyň gahrymany, uçarman-kosmonawt Oleg Kononenko hem bardy. Ol özünde galan täsirleri paýlaşyp, şeýle diýdi:

-Şu ýylyň ýazynda maňa Aşgabatda ýatdan çykmajak waka—Türkmen bedewiniň baýramyna gatnaşmak miýesser etdi. Men türkmen atçylarynyň ýokary hünär ussatlygyna göz ýetirdim. Şonuň üçin hem Aşgabatdan bolan jigitleriň festiwala gatnaşýandyklaryny eşidip, sirke gelmäge howlukdym. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyndan özüňde galan hemme ajaýyp täsirleri beýan etmäge söz tapmak kyn. Olaryň çykyşyny men türkmenleriň bedewe gadymy halk söýgüsiniň özeni we tizlikde, gaýduwsyzlykda we ruhy ýokary göterilişde öz beýanyny tapýan milli häsiýetiň nyşany diýip atlandyrardym. Ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylygy we atçylyk sportuny galkyndyrmak boýunça maksada gönükdirilen syýasatynyň eýýäm özüniň saldamly miwelerini berýändigini men örän oňat bilýärin. Muňa türkmen atlylarynyň Moskwa sirkinde eden üstünlikli çykyşlary hem şaýatlyk edýär.


Türkmenistanly çykyş edenleriň janköýerleriniň arasynda wagtyndan öň öz ýürek telwaslaryny we pikirlerini ýüze çykarmaga hukugy bolmadyklar hem bardy. Ýörite emin agzalary—baş direktor, Swetnoý Bulwardaky Moskwa sirkiniň çeper ýolbaşçysy Maksim Nikulin we Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynyň Wise-prezidenti Urs Pils türkmen jigitleriniň çykyşlaryny örän halandyklaryny gizläp durmadylar.

-Meniň pikirimçe, atçylyk sporty sirk sungatynyň häzirki zaman dünýä ulgamynda Türkmenistandan bolan wekiller uzak wagtlap ýetmezçilik etdi – diýip, Maksim Nikulin gürrüň berýär. Men birnäçe ýyl mundan ozal milli sirkiň galkynýandygy barada Aşgabatdan habarlary uly şatlyk bilen garşyladym, hyzmatdaşlyk baradaky ilkinji teklipleri oňat taýýarlyk bilen garşyladym hem-de türkmen artistleriniň haýran galdyrjak wagtynyň uzakda däldigine ynanýardym. Ine, şol pursat hem gelip ýetdi. Men ajaýyp atçylara baş baýragy – sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynyň “Altyn idolyny” gowşurmak mümkinçiliginiň döredilmegini özüne berlen baýrak hökmünde kabul etdim.

Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynyň Wise-prezidenti Urs Pils “Galkynyş” toparynyň artistleriniň çykyşlarynyň çuňňur milli häsiýetini aýratyn belledi:

-Häzirki zaman çirk çykyşlarynda hakyky ýerine ýetirijilk ussatlygynyň şeýle dürs we özüne çekiji ýagdaýda ýüze çykmagyna seýrek duşulýar. Halkyň at bilen gatnaşygynyň köp asyrlyk tejribesini umumylaşdyran türkmen atçylary at bilen onuň eýesiniň şeýle ysnyşykly we sazlaşykly birleşip bilýändigini aýdyň beýan edýärler. Munuň özi ussatlygyň hem-de artistligiň hakyky kämilligidir. Men “Galkynyş” toparyna Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynyň ýörite baýragyny we biziň geljekde geçiriljek festiwalymyza gatnaşmaga çakylygy uly kanagatlanma bilen gowşurdym.

“Idol” festiwalynyň esasy guramaçysy we alyp baryjysy - Moskwanyň uly döwlet sirkiniň direktory, Russiýanyň halk artisti Edgar Zapaşnyý tomaşaçylaryň we festiwala gatnaşyjylaryň öňünde türkmen artistleriniň çykyşlarynyň netijesini jemläp, Russiýanyň we Türkmenistanyň sirk sungatynyň işgärleriniň arasyndaky özara baýlaşdyrýan gatnaşyklary goldamaga we ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.


-Türkmen atlylarynyň üstünligine men tüýs ýürekden guwanýaryn - diýip, Edgar Zapaşnyý aýtdy. Bu üstünlik kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmen jigitleri köpsanly tomaşaçylara bedew badynyň ajaýyp pursatlary bilen ýatdan çykmajak duşuşyklary bagyş etdi. Men olara sirk sungatynyň täze belentliklerine ýetmekde hem şunuň ýaly okgunly uçuşlary arzuw edýärin.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri Watanymyzda özleriniň dabaraly garşylanyşlaryndan has-da ruhlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny ellerinde belentde we buýsançly tutup, halkara howa menzilinden ýeňişli atly ýöriş bilen geçip gitdiler.