Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň häzirki başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň häzirki başlygyny kabul etdi

view-icon 767
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen Lideriniň başlangyjy bilen geçirilýän “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş — Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝHHG-nyň häzirki başlygy, Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožarany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin çäksiz hoşallyk bildirip, Türkmen döwletiniň Baştutanyna ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we durnuklylyk arzuw eden Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň mähirli gutlag sözlerini ýetirdi. Nygtalyp geçilişi ýaly, 2013-nji ýylda ÝHHG başlyklyk edýän Ukraina depginli ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ägirt uly ähmiýet berýär, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we ýokary derejedäki oňyn daşary syýasaty bütin dünýä jemgyýetçiliginde makullanma hem-de goldawa eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň baştutanyna mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Bu ýurt bilen Türkmenistan geljekde-de ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn esasda hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝHHG-niň ugry boýunça köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmegi maksat edinýär, olaryň işi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

“Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan giň möçberli gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça, şol sanda bütin dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm başlangyçlaryň birnäçesini hödürleýär” diýip, Ukrainanyň DIM-niň baştutany nygtady. Ol türkmen paýtagtyna ýurtlaryň 60-a golaý wekillerini türkmen paýtagtyna ýygnan wekilçilikli halkara maslahatyna ykjam taýýarlyk görlendigi ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Maslahat häzirki günde örän möhüm meselelere, ýagny energetika howpsuzlygyna bagyşlanandyr, şonuň üçin hem energiýa döwletiň ösüşini üpjün etmegi esasy girewidir” diýip, ÝHHG-niň häzirki başlygy L.Kožar nygtamak bilen, wekilçilikli maslahatyň ÝHHG gatnaşyjy ähli döwletleriň hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny, energiýa serişdelerine bolan islegini üpjün etmegiň ýollaryny we usullaryny kesgitlejekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we ÝHHG-niň häzirki başlygy, Ukrainanyň daşary işler ministri duşuşygyň ahyrynda ýene-de bir gezek birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtmak bilen, dostluk, ynanyşmak we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýew gatnaşdy.