Şu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş—Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň /ÝYT/ Ýerine ýetiriji sekretary jenap Swen Alkalaýy kabul etdi.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän şanly sene—ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy bilen mähirli gutlady, türkmen döwletiniň Baştutanyna we ähli türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözleri üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň ÝYT-niň Ýerine ýetiriji sekretaryna minnetdarlyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. BMG-niň Ýewropa ykdysady topary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň uly mümkinçiliklere eýe bolan däp bolan özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we ýokary derejeli myhman biziň ýurdumyz bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda BMG-niň ÝYT-niň şu ýyldaky 65-nji maslahatynyň 5-nji mejlisinde Türkmenistanyň iki ýyl möhlet bilen bu toparyň wise-başlyklygyna saýlanandygyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag-aragatnaşyk pudagy, daşky gurşawy goramak we birnäçe beýleki ugurlar agzaldy.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň ÝYT-niň Ýerine ýetiriji sekretary sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam bermäge gönükdirilen Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny beýan etdi. Şunda dünýä möçberinde energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öňe ilerledilmeginde bilelikdäki tagallalaryň aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.
Türkmenistanyň BMG-niň ÝYT-niň işinde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, jenap Swen Alkalaý energetika meselelerine we halkara energetika gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli bolan meseleleriň BMG-niň ÝYT-niň durnukly energetika boýunça Komitetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şol mejlisi şu ýylyň noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň ÝYT-niň Ýerine ýetiriji sekretary ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna gabat gelýän Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.