Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 706
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Baş sekretary jenap Lamberto Zanniýeri kabul etdi. Ol “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş—Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdşlyk guramasynyň geljegi” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi we özara duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, mertebeli myhman öz ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, jenap Lamberto Zanniýer energetika pudagy ýaly möhüm ugurda netijeli halkara gatnaşyklaryny höweslendirmäge we işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen Aşgabat forumynyň ähmiýetini belledi. Pursatdan peýdalanyp, ÝHHG-niň Baş sekretary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gurban baýramy, şeýle hem ýetip gelýän uly baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi hem-de ähli türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň ÝHHG bilen netijeli özara gatnaşyklara ygrarly bolup durýandygyny tassyklady. Bu gatnaşyklara soňky ýyllarda hil taýdan täze itergi berildi. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde howpsuzlygyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşleriň has işjeňleşdirilmegine gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada özara pikir alşyldy. Onuň esasynda bolsa dürli ugurlarda netijeli özara hereket etmegiň toplanan uly tejribesi durýar. Ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygynyň we energiýa serişdeleriniň durnukly ugradylmagynyň üpjün edilmegi söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy. Şu babatdaky meseleler şu gün Aşgabatda açylýan halkara maslahatynyň gün tertibine girizildi. Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman ileri tutulýan ugurlaryň beýleki birnäçe ugurda, şol sanda durmuş-ykdysady pudagynda we medeni-gumanitar ulgamda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler taraplaryň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanniýer özara hormat goýmak, netijelilik hem-de uzakmöhletleýinlik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Iwo Petrow gatnaşdy.