Ï Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda “Bagt köşgüniň” açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1381
Şu gün Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze gurlan Bagt köşgüniň açylyş dabarasy boldy.

Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary Daşoguz şäheriniň howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem ähli welaýatlardan hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler mähirli garşylaýarlar.

Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşurylýar. Hormatly ýaşulular düz-çörek hödür-kerem edýärler. Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynda üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň gülläp ösmegi arzuw edilýär.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, il sylagly ýaşulular bilen söhbetdeş boldy, olaryň durmuşy, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Söhbetdeşlikde Ýaşulular maslahaty bilen bagly meseläni gozgap, milli Liderimiz döwelet syýasatynyň möhüm meselelerini ýaşulular bilen maslahatlaşmak halk demokratiýasynyň we däpleriniň esasy ýörelgeleriniň biridir diýip belledi. Bu däp türkmenlerde gadymy döwürlerden bäri dowam edip, ol täze taryhy döwürde hem öz ösüşine eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary şanly wakalar hem-de ýetip gelýän baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýaşlaryň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen aýdym-sazlary ýaňlanýar, millil tanslar ýerine ýetirilýär. Ýaş akkordeonçylar bu çykyşlara öz sazly sowgadyny goşýarlar.

Milli Liderimiz döredijilik toparlaryna ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, akkordeonçylaryň çagalar toparynyň sazandalarynyň ýanyna barýar we olara zehinlerini we ukyplaryny ösdürmegi arzuw edip, täze akkordeonlary sowgat gowşurdy. Oglanlar döwlet Baştutanymyza berýän goldawy, ünsi we ajaýyp sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra milli Liderimiz ýaş sazandalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy howa menzilinden şäheriň gözel künjeginde, Ruhnama köçesi bilen Bitarpalyk şaýolunyň arasynda gurlan Bagt köşgüniň täze binasyna tarap ugraýar. Köşgüň belent binasy şu etrapda döredilýän häzirki zaman binagärlik toplumynyň üstüni ýetirdi. Bu toplumyň içine täze aýlaw, on müň tomaşaçy orunlyk stadionly sport toplumy, Türkmen oba hojalyk institutynyň binalar toplumy, şeýle hem gurluşygy dowam edýän 7 gatly myhmanhana girýär.

Şu günler Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylary we myhmanlary kabul edýän Daşoguz aýratyn öwüşgüne eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerwenini ýol ugrunda köp sanly ýaşlar, welaýatyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary mähirli mübärekleýärler.

Bagt köşgüniň öňündäki meýdançada uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere milli Liderimiziň awtoulagy gelip saklanýar, döwlet Baştutanymyzy dabaraly çärä gatnaşyjylar – Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaşry, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, şeýle hem welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlar mähirli garşylaýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Ýaşulular maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bar. Elbetde, olaryň arasynda bu şanly günde täze Bagt köşgünde ilkinji bolup nika baglaşmak bagty miýesser eden ýaş çatynjalar hem bar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Toý tansyny ýerine ýetirýän döredijilik toparlarynyň çykyşy uly we aýdyň dabara öwüşgün çaýýar. Onuň tolgundyryjy owazy, gyzlaryň ajaýyp lybaslary we oglanlar bilen bilelikde ýerine ýetirýän hereketleri, tansyň dürli öwüşgüni wakanyň dabarysyny artdyrýar. Bu ýere ýygnananlar ýaş çatynjalaryň gelmegine garaşýarlar.

Dabaranyň barşynda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň nyşany hökmünde dürli reňkli toý baglary, baýdaklar we toý nyşanlary bilen bezelen Köşgüň ýokarsynda ak howa şarlarynyň müňlerçesi asmana galýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara üçin ýörite taýýarlanan münbere barýar. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu ýere ýygnananlary şu günki şanly waka – Daşoguzda täze häzirki zaman Bagt köşgüniň açylmagy bilen gutlady. Täze desga şäheriň görküni artdyryp, özboluşly medeni usulyýet merkezine öwrüler, milli medeniýeti wagyz etmekde we ösüdrmekde uly ähmiýete eýe bolar.


Häzirki döwrüň ösen binagärlik sungatynyň iň kämil usullary ulanylyp gurlan bu ajaýyp köşgüň ýurdumyzyň ýaşulularynyň Daşoguzda geçiriljek nobatdaky maslahatyna gelen parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň we arzyly myhmanlarymyzyň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berilýändigi geçirilýän dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyz asyrlara ýaň saljak beýik işleri amala aşyrýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu gün gözel Diýarymyzda ägirt uly gurluşyklar giň gerim bilen alnyp barylýar. Ilatymyzyň ýaşaýyş -durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, milli däp-dessurlarymyzy we adatlarymyzy has-da ösdürmäge uly itergi berjek, eziz halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmat etjek medeni-durmuş maksatly häzirki zaman binalar toplumlary we köşkler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Ak şäherimiz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde täze Bagt köşkleriniň bina edilmegi mähriban halkymyzyň toý tutmak däbini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk, kämil derejede guramaga ýardam berýär. Şu ajaýyp köşk hem bize ata-babalarymyzdan miras galan gadymy däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, toý dabaralaryny milli äheňde, ýokary derejede geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Häzirki döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp gurlan köşkde gözellik we sazlaşyk – öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikiriň üstünlikleri, dünýä binagärlik sungatynyň gazananlary hem-de türkmen binagärliginiň gadymdan gelýän nusgawy däpleri bilen utgaşyp gidýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda günsaýyn özgerýän welaýat merkeziniň gözelligine görk goşan bu ajaýyp binada diňe toý dabaralaryny guramaçylykly geçirmek üçin däl-de, eýsem, onda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnälenip gelnen däp-dessurlaryna degişli materiallary toplamak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça geçiriljek işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin ähli şertler döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde ýaşlaryň durmuş toýlaryny dabaraly geçirmek üçin guramaçylyk-usulyýet işlerini göwnejaý ýola goýmaga hem doly mümkinçilikler bar. Köşkde milli lybaslaryň we şaý-sepleriň, haly önümleriniň, dürli görnüşli sowgatlaryň dükanlary, gözellik salony, fotostudiýa bu ýere gelýän adamlara ösen talaplara laýyk hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, halkyň abadan we bagtly durmuşy hakynda alada türkmen döwletiniň esasy wezipesi bolup, şähergurluşyk syýasatyny amala aşyrmakda esasy ugur bolup durýar diýip belledi. Şonuň üçin hem Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlar hakynda, olaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi we alan hünäri boýunça işlemegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, maşgalanyň esaslarynyň pugta bolmagy barada uly alada edilýär. “Sebäbi, her bir maşgalada agzybirligiň, jebisligiň, birek-birege çäksiz hormatyň höküm sürmegi döwletimiziň mizemez binýadynyň girewidir!” diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýyşy ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygynda ýaşlar üçin köp sanly ýeňillikler we goldawlar göz öňünde tutulýar. Toý tutýan ýaş çatynjalara hem-de olaryň her biriniň ene-atasyna tölegli goşmaça rugsatlar berilýär. Şeýle hem, zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny, ýaşaýyş jaýyny ýa-da öý satyn almak üçin ýeňillikli karz serişdeleri, özleri jaý gurmak isleýän ýaşlara bolsa, mellek ýerleri berilýär.

Döwletimiz tarapyndan berilýän bu goldawlar ýaşlar üçin durmuşda giň ýol açýar, mukaddes maşgala ojaklarynyň berk bolmagyna ýardam berýär. Şu ajaýyp Bagt köşgüniň gurlup, ulanmaga berilmegi hem döwletimiz tarapyndan ýaşlar barada, mukaddes maşgala barada edilýän aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Mähriban ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegine biz hemişe uly umyt baglaýarys. Sebäbi, ýaşlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegidir!

Biz geljekde hem ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly bolup ýetişmekleri, durmuşda öz mynasyp ornuny tapyp, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere öz saldamly goşantlaryny goşmaklary üçin ähli zerur şertleri dörederis! Maşgala ojaklarynyň binýadynyň berk bolmagy üçin ähli tagallalary ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda bu ýere ýygnananlary, ähli türkmen halkyny berkarar Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlik, öz ykballaryny birikdirip, toý tutýan ýaş çatynjalara bolsa maşgala abadançylygyny, agzybirlik we egsilmez bagt arzuw etdi.

“Goý, bu köşkde hemişe dabaraly toýlar giňden tutulyp, bagtyýarlyk mukamy belentden ýaňlanyp dursun!” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Milli Liderimiziň çykyşy dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Bagt köşgüniň öňüne gelinalyjy gelýär we tomaşaçylaryň öňünde milli toý däp-dessurlary esasynda teatrlaşdyrylan çykyş ýaýbaňlanýar.

Uzak döwrüň dowamynda türkmen toýy dürli däpleriň we dabaralaryň köp sanlysyny öz içine alyp, olar wagtyň geçmegi bilen simwoliki ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki döwürde gudaçylykdan, gelniň yzyndan gitmekden, ony atasy öýünden alyp çykmakdan we ýigidiň öýüne getirmäge çenli hereketleri öz içine alýan toý däbi medeni dessurlaryň, halk däpleriniň ajaýyp bölegine öwrüldi.

Türkmen toýy häzire çenli gadymy däpleriň gaýtalanmajak öwüşgününi saklap, bu ony diň ýaş çatynjalar üçin däl-de, eýsem, ähli myhmanlar üçin ýatdan çykmajak täsin, aýdyň we üýtgeşik waka öwürýär. Maşgalanyň we durumşyň jemgyýetçilik gurluşynyň, dünýä garaýşyň we taryhy kökleriň dürli taraplary öz beýanyny tapdy. Bu gün ýaşlar Mendelsonyň owazy astynda nika baglaşýarlar. Häzirki zaman toý däpleriniň aýrylmaz nyşany bolan nika ýüzükleri olaryň söýgüsiniň we wepalylygynyň nyşany bolup durýarlar. Resmi dabaralary geçirmek üçin Bagt köşgi diýlip atlandyrylan ajaýyp köşkler gurulýar. Häzirki zamanyň ýaşlary toý çäresine gadymy däpleriň alamatlaryny hormat we joşgun bilen goşup, olara täze mazmun çaýýarlar. Indi gelin alyja düýeli we atly däl-de, ýeňil awtoulagly gidilýän bolsa-da, eýsasy zat – türkmen toýy özünde has täsirli hereketleri, edähetleri, ýaşaýyş-durmuş häsiýetli däpleri, parasatlylygy, durmuşy berkarar edýän häsiýeti saklap galdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asmana galan we ak mermere beslenen ägirt uly çüwdürime meňzeýän Bagt köşgüniň esasy girelgesine barýar. Binanyň adaty bolmadyk kompozisiýasy täzelik duýgusyny güýçlendirip, terlik we hrustal päkligi bilen utgaşýar. Bu görnüş ýaşlyk gujuryny, ösüş, bagta we söýgä ymtylyş duýgularyny döredýär. Gyzyl çaýylan nagyşlar bilen bezelen gabaraly girelge bu ýerde baglaşylýan nikalaryň berkligini alamatlandyrýar.

Köşgüň 4 gektary eýeleýän çägi gözüň dokundyrýan bagy bossanlyga we ajaýyp güllere beslenipdir. Bu ýerde gurlan ajaýyp seýilgähde çüwdürimler, üýtgeşik yşyklandyryş sütünleri oturdylyp, şäher ilatynyň höwes bilen dynç alýan ýerleriniň biirne öwrüljekdigi şübhesizdir. Meýdany 4 müň 250 inedördül metre deň bolan toplumyň esasy binasy gözellik we amatlylyk, häzirki zaman inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary we türkmen binagärliginiň gadymdan gelýän däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de dürli gatly binalaryň dördüsini öz içine alýar. Onuň merkezi, 4 gatly diňiniň beýikligi 37 metre barabardyr.

Dabaraly pursat gelip ýetýär – döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we bu ýerde duran ýaş çatynjalaryň bäşisini Bagt köşgüne ilkinji bolup girmäge çagyrýar, bu gün ýaşlar üçin olaryň durmuşynda iň tolgundyryjy we şanly günleriň biri bolup durýar. Soňra esasy eýwana hormatly Prezidentimiz girýär.

Bagt köşgüniň içki bezelişi öz gözelligi bilen uly täsir galdyrýar. Ak mermeriň ýüzündäki altyn çaýylan göller we nagyşlar onuň köp sanly otaglarynyň görküni ardyrýar. Olaryň gözelliginiň üstüni türkmen suratkeşleriniň toý mowzugyna degişli işleri, liriki peýzažlary we natýurmortlary ýetirýär.

Köp ugurly merkeziň düzüminde nika baglaşmak hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin zallaryň birnäçesi, zerur bolan toý hyzmatlaryny ýerine ýetirýän bölümler, şol sanda toý lybaslarynyň salonlary, awtoulaglar bezelýän we beýleki bölümler girýär. Çünki, toý tutmak – bu diňe bir ýaş çatynjalaryň baýramçylygy däl-de, eýsem, ykjam guramaçylygy we taýýarlygy talap edýän jogapkärli çäre bolup durýar, şunda bu ýerde hünärine ussat adamlar kömek ederler.

Döwlet Baştutanymyz binanyň birinji gatynda ýerleşen ýöriteleşdirilen dükanlary gözden geçirýär. Olarda dürli toý lybaslary, toý şaý-sepleri, haly we haly önümleri, dürli sowgatlyklar we toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen enjamlar, şeýle hem toý süýjülikleri hödürlenýär.

Bu ýerde häzirki zaman ýa-da milli nusgadaky toý lybasyny: gelniň ak köýnegini ýa-da keteniden tikilen gadymy toý lybasyny, şeýle hem nika ýüzüklerini hem-de gymmat bahaly metallardan we daşlardan ýasalan bezeg şaý-seplerini almak bolýar. Milli Lidperimiz owadan lybaslary synlap, häzirki döwrüň modasynda milli lybaslaryň döredijilik taýdan özgermegi bilen aýratyn gyzyklandy. Gelniň gadymy lybaslarynyň ýörelgeleri boýunça döredilen, nagyşlanan egin-eşikleri hormatly Prezidentimiziň ünsüni özüne çekdi.

Bu toplumda her haýsy öz ornuny eýeleýän aýry-aýry elementleriň ähmiýeti bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz dürli öwüşgünli türkmen lybaslarynyň halkyň dünýä garaýşyny we düşünjesini şöhlenendirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp däpleri biziň medeni mirasymyzyň möhüm bölegi hökmünde aýawly saklamagyň zururdygyny aýtdy.

Bagt köşgüniň dükanynda şeýle hem nika ýüzüklerini we gymmat bahaly metallardan we daşlardan ýasalan şaý-sepleri saýlap almak bolýar. Hemişe bolşy ýaly, gelniň lybaslarynda milli şaý-seplerine aýratyn üns berilýär, olaryň dürli görnüşleri dükanyň tekjelerinde hödürlenýär. Owadan lybaslary, şeýle hem ajaýyp şaý-sepleri diňe satyn almak däl-de, eýsem, olary kireýine almak bolýar. Mahlasy, bu ýerde toý hyzmatlary üçin mümkinçilikler: toýa taýýarlyk görmekden başlap, nika baglaşylmagy mynasybetli dabaralary guramaga, baýramçylyk çykyşlaryny, gyzykly maksatnamany taýýarlamaga çenli hyzmatlar hödürlenýär.

Häzirki zaman toý dabarasynyň ýene-de bir aýrylmaz bölegi, onuň nyşany we baýramçylyk saçagynyň esasy bezegi – toý tortudyr. Gadymyýetde beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmenlerde hem “çörek döwmek” däbi bolup, onuň çuňňur mazmuny taraplaryň arasynda ylalaşyk baglaşmakda, biziň düşünjämizde “dostluk” gazanmakda öz beýanyny tapýar. Wagtyň geçmegi bilen bu däp özgerýär, emma hut şu dessur ahyrynda häzirki zaman toý tortunyň mysalyna öwrülýär. Bu mowzuga bu ýerde aýratyn “süýjülik galereýasy” bagyşlanyp, bu ýerde tortlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär, olary hem şahsy islegleri nazara almak bilen sargyt etmek bolýar.

Milli Liderimiz süýjülik önmleriň görnüşlerini synlap, olaryň taýýarlanyşy bilen gyzyklandy we önümleriň talap edilýän kadalara gabat gelmelidigini belläp, torty toý saçagyna bermek we ony kesmek dabarasynyň guralyşy, ýaş çatynjalaryň dogan-garyndaşlarynyň, dostlarynyň, hossarlarynyň we kärdeşleriniň gatnaşýan bu simwoliki dabarasynyň däpleri bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanşyp, biziň milli däp-dessurlarymyzyň öz içine alýan ýokary ruhy maksady we parasatlylygy, halkyň ahlak gymmatlyklaryny häzirki zaman dabaralaryna çaýmak onuň esasy wezipesi bolup durýar diýip belledi. Bu ýerde geçiriljek köpçülikleýin çäreler, toý baýramlar türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna, onuň özboluşly milli medeniýetine, gözelligine we biizň ajaýyp däp-dessurlarymyzyň çuňňur many mazmunyna laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz 500 orunlyk dabaralar zalyna barýar. Toý lybasyna beslenen, hrustal çyralaryň şuglasy ýalkym saçýan bu giň zalda toý dabarasyna gatnaşyjylar üçin amatly şertler döredilipdir. Häzir bu ýerde eýýäm täze binada tutuljak ilkinji toýa taýýarlyk görülýär, sazandalar öz saz gurallaryny sazlaýar, döwlet Baştutanymyz olar bilen söhbetdeşlikde aýdym-sazly maksatnamalary düzmegiň ýörelegleri bilen gyzyklandy. Sazandalar mysal hökmünde liriki owazy ýerine ýetirdiler, onuň joşgunly ýaňy toý dabarasyna ajaýyp gabat gelýär. Milli Liderimiz sazandalaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny taryplap, olara adamlara şatlyk paýlaýan sungatda täze üstünliklekri arzuw etdi.

Sazandalar hormatly Pezidentimize döredijilikli işlemek üçin mynasyp şertleriň döredilmegine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdirjekdiklerine we toý dabaralarynda joşgunly ýagdaýy döretmek üçin öz tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Bu gatda şeýle hem her biri 50 orunlyk nika baglaşmak dabaralaryny geçirmäge niýetlenen iki sany zal we surata düşüýlän studiýa ýerleşip, döwlet Baştutanymyz olar bilen hem içgin tanyşdy.

Bu ýerde toý suratlaryny, durmuşdaky ýatdan çykmajak waka hakynda albomlar üçin ýadygärlik suratlaryny sargyt etmek bolýar. Fotostudiýanyň ygtyýarynda döwrebap enjamlar we yşyklandyryş abzallary bar. Bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşmak bilen, milli Liderimiz hyzmatlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy hem-de ýaş çatynjalaryň ykbalynda möhüm pursatyň ähli gözelligini şekillendirmegiň näderejede möhümdigini belledi. Ýaş suratçy ähli sowallara jogap berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa toý dabaralarynyň ajaýyp merkezini açyp belenligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bagt köşgüniň ikinji we üçünji gatlarynda gözellik salonlary, parfýumeriýa we toý sowgatlary dükanlary, öňdebarajy tehnika hem-de binanyň tutuş inženerçilik-dolandyryş düzüminiň bökdençsiz işini üpjün edýän dolandyryş we iş otaglary ýerleşendir.

Soňra hormatly Prezidentimiz dördünji gata çykýar, bu ýerde nikalar baglaşylýan 100 orunlyk “Altyn zala” baryp görýär.

Bu ýerde aýratyn joşgunly ýagdaýy döredýän fotepiýano sazy ýaňlanýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýaş çatynjalaryň – şu gün bu ajaýyp zalda nika baglaşýan jübütleriň bäşisi garşylaýar. Olaryň toý lybaslarynda milli däpleriň, şeýle hem toý modasynyň häzirki zaman nusgalarynyň öz beýanyny tapandygy bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalary gutlap, olaryň her biri bilen söhbetdeş boldy we olaryň durmuşy, geljek üçin meýilnamalary bilen gyzyklandy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan mlili däplerimize laýyklykda milli Liderimiz olara bagtly durmuşa ak pata berýär, täze döreýän ýaş maşgalalara durmuşda söýgi, abadançylyk we uzak ömür arzuw edýär.

Soňra ýaş çatynjalar emele gelen asylly däbe görä dabaraly ýagdaýda nika baglaşmak bilen, öz nikalaryny gol çekmek we ýüzük alyşmak bilen berkitdiler.

Olar milli Liderimize ajaýyp sowgat – Bagt köşgüniň täze binasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki günüň olaryk hakydasynda hemişelik galjakdygyny, waka baradaky gürrüňiň olaryň maşgalalarynda nesilden nesle geşjekdigini bellediler. Ähli jübütleriň adyndan öýlenýän ýigitleriň biri öz maşgalasynyň adyndan hormatly Prezidentimizi, şeýle hem dabaraly çärä gatnaşyjylary öz toýuna çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki waka hakynda ýadygärlik hökmünde bagtly ýaşlar bilen surata düşdi.

Döwlet Baştutanymyz binanyň birinji gatyna düşüp, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Milli Liderimiz bu ýerde duran ýolbaşçylara ýüzlenip, welaýatlaryň häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara paýtagtymyzyň Bagt köşgüniň binýadynda welaýatlaryň Bagt köşkleriniň hünärmenlerini okuw usylyýet taýdan taýýarlamak ugruny giňeltmek bilen bagly tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz bu ulgamda kämil hyzmatlary ösdürmäge we olaryň üsti bilen milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Toý dabaralarynyň täze merkezi bolan Bagt köşgüniň häzirki zaman türkmen jemgyýetinde maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ýaş nesli milletiň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemek işine öz goşandygyny goşjakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu ýerde geçirilýän toý dabaralarynyň ýaş çatynjalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmegi, ähli edilýän hyzmatlaryň bolsa degişli derejede ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, olary ajaýyp waka bilen ýene bir gezek gutlady hem-de ýaş çatynjalara söýgi, özara düşünşmegi, bagtly durmuşy arzuw etdi. Bagt köşgüniň açylyş dabarasynyň ahyrynda milli Liderimiz toý dabaralarynyň täze merkezine bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda täze awtoulagyň açaryny gowşurdy.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.

* * *

Agşam Daşoguz şäheriniň Bagt köşgüniň dabaralar zalynda bu şanly günde öz ykballaryny baglan ýaş çatynjalaryň hormatyna uly toý tutuldy.

Ýaşulular maslahatynyň mejlisiniň we Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda täze nikalar köşgüni açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün täze maşgalalaryň bäşisiniň döremegine ak pata berdi. Bu şanly wakalaryň üsüsiniň utgaşmagynda ýaş çatynjalaryň durmuşyndaky ajaýyp başlangyç üçin asylly alamat öz beýanyny tapýar. Türkmen jemgyýetiniň maşgala gymmatlyklary, ýaşlar hakynda alada, ýaşuly nesli hormatlamak we mukaddes Garaşsyzlyk ýaly sütünleriniň bitewiligi onuň çuňňur many mazmuny bolup durýar.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ähli welaýatlardan bolan Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar, biziň ýurdumyzyň daşary ýurt döwletlerdäki ilçileri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleri Bagt köşgünde şu gün tutulan toýuň, şatlykly dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Bu ýerde edilen çykyşlarda ýaşlar üçin iň gowy şertleri döretmekde, watandaşlarymyzyň göwnejaý zähmet çekmekleri we dynç almaklary, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, türkmen halkynyň baky gymmatlyklarynyň esasynda dabara gatnaşyjylary birleşdirýän şunuň ýaly röwşen toýlary tutmakda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň orny aýratyn bellenildi.

Gadymy däpleriň gözelligini, hoşniýetli gutlaglary we arzuwlary özünde jemlän aýdym-sazly toý dabarasy oňa gatnaşyjylara we myhmanlara ajaýyp duýgulary peşgeş berip, olaryň kalplaryny ebedi hakykatlaryň, parasatly däpleriň röwşen şuglasy bilen doldurdy.

Biziň däp-dessurlarymyzda nesilleriň ruhy maksatlary, ynsanyň ruhy ahlak güýjüne çuňňur ynamynyň filosofiýasy, döredijilige, ruhy päklige we ynsanperwerlige bolan çagyryş öz beýanyny tapýar. Hut ahlak, medeniýet, ruhy mirasy aýawly saklamak meseleleri bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň ösüşiniň esasy meseleleri hökmünde öňe sürüldi.