Ï Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi

view-icon 2062
Şu gün bu ýerde, Dşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi geçirildi. Ol Türkmen döwletiniň berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüniň täze, möhüm wakasyny alamatlandyrdy. Uly baýramçylyk—eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän umumymilli maslahatynyň gün tertibine parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de bu ýolda her ýyl uly üstünlikleri we ajaýyp zähmet ýeňişlerini gazanýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.

Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda açylyp ulanmaga berilýän täze desgalar hem ýakynlaşyp gelýän şanly senä gabatlanyp, täze taryhy döwrüň we onuň uly üstünlikleriniň dabaralanmagynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şol desgalaryň hatarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 21-nji oktýabrda Daşoguzda gurlup ulanmaga berlen täze ajaýyp “Bagt köşgi” hem bar. Ol türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak maksatlaryna we medeni gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen Daşoguz şäheriniň Ruhyýet köşgüne geldi. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet Baştutanynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow döwlet Baştutanymyza sebitiň “ak altyn” ussatlarynyň pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Hormatly Prezidentimiz hoş habary kanagatlanma bilen diňläp, Mary welaýatynyň pagtaçy kärendeçilerini gazanylan zähmet ýeňşi bilen gutlady.

Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan wekilleriň ýygnanan ýeri bolan ajaýyp Ruhyýet köşgünde ählumumy birleşme we ruhubelentlik ýagdaýy äşgär duýulýar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda hormatly ýaşulular, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, paýtagtymyzyň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ylym we medeniýet işgärleri, ýaşlar bar. Maslahata şeýle hem biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahata gatnaşyjylar uzakmöhletleýin geljegi nazarlamak bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hem-de halkara giňişliginde ýurdumyzyň belent abraýyny şertlendiren oňyn özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Ruhyýet köşgüniň sahnasyna barýar hem-de döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, milletiň öz gadymdan gelýän demokratik däplerine we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýan maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary bilen salamlaşýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymzy Ýaşulular maslahatynyň prezidiumynyň agzalaryny öz ýerlerine geçmäge çagyrýar.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň eýýäm maslahatyň gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçiliginiň bolandygyny belledi. Bu ýere ýygnananlaryň biragyzdan goldamagy we makullamagy bilen milli Liderimiz eziz Watanymyzy has-da ösdürmek, ähli türkmenistanlylaryň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin möhüm ähmiýeti bolan döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini öz içine alýan Ýaşulularyň maslahatynyň gün tertibiniň tassyklanylýandygyny yglan edýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti maslahata gatnaşyjylaryň öňünde uly maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, nobatdaky ählihalk maslahatynda 2014-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan güýçli depginler bilen ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen gönüden-göni bagly meseleleriň girizilýändigini belledi

Ýaşulularyň maslahatynyň şanly wakanyň  berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýändigini belläp, milli Liderimiz ýurdumyzda giňden bellenýän bu baýramyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Garaşsyzlyk özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy bolsa, beýik dabaradyr! Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, bu baýram ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, beýik pederlerimiziň özygtyýarly döwlet we jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.

Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Berkarar Watanymyz häzirki döwürde has çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu bolsa, biziň gazanan, ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp üstünliklerimizdir. Raýat agzybirliginiň we jebisliginiň, jemgyýetçilik durnuklylygynyň höküm sürmegi, jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi biziň gazanan guwandyryjy netijelerimizdir. Häzirki döwürde Türkmenistan öz saýlap alan özboluşly döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu ýere ýygnananlara Türkmenbaşy şäherinde Ýaşulularyň geçen ýyldaky maslahatynda edilen sargytlaryň ýerine ýetirilişi barada gysgaça habar berdi.

Bu maslahatda geljek bäş ýyl üçin ýurdumyzy ösdürmegiň esasy maksatnamalaýyn ugurlaryny öz içine alýan Prezident maksatnamasy esasynda, bar bolan ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerimizi nazara alyp, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmegiň ilkinji nobatdaky we örän möhüm wezipesi kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl öňümizde goýlan wezipeleriň köpüsi üstünlikli durmuşa geçirildi. Gazanylan şol üstünlikleriň, amala aşyrylan işleriň hatarynda Aşgabat şäheriniň çäkleriniň ep-esli giňeldilip, paýtagtymyzda täze etraplaryň döredilmegini, «Galkynyş» gaz käninde gaz arassalaýjy desgalar toplumynyň, dürli desgalaryň, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş toplumlarynyň birnäçesiniň, şeýle hem senagat we durmuş maksatly desgalaryň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegini görkezmek bolar.

Şular bilen bir hatarda, şu ýyl häzirki zaman ýol-ulag düzümini döretmek, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň desgalaryny gurmak boýunça taslamalara badalga berildi.

Amala aşyrylýan bu tutumly işler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ykdysadyýetimiziň gazananlaryny belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagynyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň düzüminde senagat önümleriniň paýyny 51,5 göterime çenli artdyrmagyň başardandygyny aýtdy. Jemi içerki önümiň möçberinde gurluşyk pudagynyň paýy hem köpelip, onuň ösüşi 14,3 göterime barabar boldy. Şu ýyl senagatyň ösüş depgini 7 göterime, gurluşykdaky ösüş bolsa 17,4 göterime ýetdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda 1888 desganyň gurluşygy alnyp barylýar we 42 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlary özleşdirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda biziň möhüm tapgyra gadam basandygymyzy aňladýar.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hünärmenlerimiziň güýji bilen örän gysga wagtyň içinde ýokary derejeli gurluşykçylar taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan 13 milliard 300 million amerikan dollary möçberdäki maýa goýum serişdeleri öz milli gurluşyk kärhanalarymyz tarapyndan özleşdirilýär.

Milli Liderimiz döwletimiziň maýa goýum syýasaty barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň maýa goýumlary babatda özüneçekiji döwlete öwrülendigini aýratyn belledi. Maýa goýumlaryny çekmek babatda ýöredilýän syýasatyň üstünligini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň soňky bäş ýylda 8 esse, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň 8,6 esse artandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu maýa goýumlary, esasan, durmuş ulgamyny ösdürmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň girdejisini artdyrmaga we pudaklaryň bäsdeşlige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmaga, ýokary tehnologiýalara esaslanýan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge gönükdirildi.

Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň esasy ugrunyň ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerin mundan beýläk-de gowulandyrmakdan we durmuş taýdan goragly bolmagyny ýokarlandyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem şu ýylyň 1-nji sentýabryndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň zähmet haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak baradaky Permanlaryň ähmiýetini belledi. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň yzygiderli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Abraýly halkara maliýe edaralarynyň berýän ýokary bahalary, oňyn çaklamalary, şeýle hem Türkmenistanyň 20132015-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini aýdyň tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda şeýle hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak esasynda özgertmeleri amala aşyrmakda uly netijeleriň gazanylandygy kanagatlanmak bilen bellenildi. Bu bolsa, ýurdumyzyň oba hojalygyna esaslanýan ýurt bolanlygyndan senagat taýdan ösüşiň täze tapgyryna aýgytly gadam basandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Watanymyzyň öz ykdysadyýetiniň düzüminde iň häzirki zaman, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen, ösen senagat pudagy bolan döwlete öwrülýändigini görkezýär.

Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň çäklerinde umumy möçberi 3 milliard 500 million manatdan gowrak maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilendigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz geljekde hem bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli dowam eder.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil, ýaşlar, ýaşulular, zenanlar we olaryň maşgalalary barada döwlet tarapyndan aýratyn alada edilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň ýaşaýyş jaýyna bolan konstitusion hukugynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň we ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekde raýatlarymyza döwletiň hemmetaraplaýyn goldaw bermeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işlere has uly gerim bermek bilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy höweslendirmegiň we goldamagyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň usullaryna täzeden düýpli seretmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti gürrüňiň, hususan-da, ilkinji nobatda, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna we olaryň buýurmalary esasynda amala aşyryp biljek hususy telekeçilere ynanmak barada barýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem möhüm senagat desgalaryny telekeçileriň öz serişdeleriniň hasabyna gurmak üçin ýer böleklerini bermegiň tertibini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namasyny taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ünsüni esasy gorlara düýpli maýa goýumlary goýlanda salgyt ýeňilliklerini we beýleki usullary ulanmagyň tejribesine täzeden seretmegiň hem-de olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň möhümdigine çekdi.

Eziz Watanymyzyň durnukly we çalt depginler bilen ösmegini üpjün etmekde, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň sebitlerine örän möhüm ornuň degişlidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş-çäk bölünişigi ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň meseleleriniň üstünde durup geçdi. Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň käbir etraplarynyň çäklerinde täze şäherçeleriň düýbi tutuldy. Gurluşygyna eýýäm başlanan şol şäherçeleriň her birinde adamlaryň gowy ýaşamagy üçin zerur bolan ähli şertleri üpjün etmäge niýetlenen edaralary öz içine alýan binagärlik toplumlary dörediler.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny giň gerim bilen ösdürmäge niýetlenen energetika syýasatymyzy amala aşyrmak bilen bagly meseläni gozgamak bilen, döwlet Baştutanymyz ýylyň başyndan bäri geçen döwürde nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň, nebit önümlerini öndürmegiň möçberleriniň köpelendigini kanagatlanma bilen belledi.

Ykdysadyýetiň degişli ulgamyny ösdürmegiň geljegi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, bu toplumyň senagat kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini geçiriş üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän energiýa serişdelerini eksporta ibermegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyryljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, nebitgaz çig malyny ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçli depginler bilen dowam etmegiň, sintetiki polimerleri öndürmegiň, şeýle hem himiýa önümleriniň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýola goýmagyň möhümdigini belledi.

Häzirki döwürde döwletimiziň deňiz, demir ýol, howa we awtomobil üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berilýändigine ünçi çekip, milli Liderimiz Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň düýbüniň tutulmagynyň ähmiýetini belledi. Bu ugurda gazanylan üstünlikleriň hatarynda «Demirgazyk-Günorta» transmilli demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylmagy, «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygyna girişilmegi, Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünden geçýän «Atamyrat–Kerkiçi» demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Seýdi şäheriniň golaýynda awtomobil köprüsiniň, şeýle hem howa menzilleriniň, awtomobil ýollarynyň we köprüleriniň, estakadalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi mysal getirildi.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwrüň telekeçiligiň iş ýüzünde dikeldilýän, işewür adamlara öz ukyplaryny doly açmak üçin ähli şertleriň döredilýän wagtydygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, degişli ugurda kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem hususy telekeçiligi ösdürmegiň pudaklaýyn ugurlarynyň geriminiň giňeldilmegi şu günüň möhüm wezipeleri bolup durýar. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyna has köp möçberde maýa goýumlaryny çekmäge we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döreder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Oba hojalyk pudagyna degişli meselelere geçmek bilen, milli Liderimiz oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmekde, diňe bir içerki bazar üçin däl-de, eýsem, halkara bazarlaryna eksport etmek üçin niýetlenen önümleri öndürýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmekde uly mümkinçiliklerimiziň bardygyny belledi. Döwletimiz oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň, daýhanlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döreder we olaryň zähmetine mynasyp baha berer, daýhanlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu ýyl Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak gallanyň tabşyrylandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň öz topragynda öndürilen galla bilen doly üpjün edilýändigini aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, häzirki döwürde ýurdumyzda pagta ýygymynyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny hem-de şu ýyl “ak altynyň” bereketli hasylynyň alynjakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Balkan we Mary welaýatlarynyň pagtaçy daýhanlarynyň eýýäm pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan Prezident maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zaman şertlerinde dürli taslamalary durmuşa geçirmek üçin hususy telekeçileri oba hojalyk önümlerini öndürmäge, bu pudagy güýçli depginler bilen ösdürmäge çekmek bilen bagly ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna bu ugurda geçirilmeli işleri anyk kesgitlemegi tabşyrdy.

Maldarçylyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz hususy hojalyklarda mallary köpeltmek, tohum mallary ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk önümleriniň möçberini artdyrmak, mallaryň ýüňüni we derisini erkin ýerlemek bilen bagly işlere döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli tagallalary etmek bilen jemgyýetiň we döwletiň ösüşini utgaşdyrmak esasy wezipe bolup durýar. Tebigaty goramak, onuň biologiki dürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklary netijeli ulanmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli döwlet edaralarynyň geljekde suw serişdelerini netijeli ulanmagyň usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen bagly anyk çäreleri işläp taýýarlamagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Biziň sebitimizde suwy tygşytly ulanmak häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm meseleleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda Orta Aziýada durnukly ösüş meselelerini Birleşen Milletler Guramasynyň Aral boýunça Ýörite maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işiň anyk ugry hökmünde amala aşyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem türkmen döwleti tarapyndan Aral deňzine golaý ýerleşýän welaýatyň çäklerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ep-esli serişdeleriň gönükdirilýändigini aýtdy. Merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz ruhy-medeni ulgamda hem uly üstünlikleri gazanýar. Biziň medeniýetimiziň milli ideýalarymyzy beýan edýändigini, gazanan ähli üstünliklerimizi, raýatlarymyzyň abadan durmuşyny, parahatçylygy we durnuklylygy wasp edýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda guralýan we halkymyzyň baý milli mirasyny, milli aýratynlyklaryny görkezýän baýramçylyk çäreleriniň, şeýle hem Diýarymyzda we daşary döwletlerde guralýan halkara medeni maslahatlarynyň, ylmy maslahatlaryň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Öz baý taryhy-medeni mirasymyza biz örän aýawly garamalydyrys. Biziň maddy we ruhy gymmatlyklarymyz diňe bir türkmen halkyna degişli bolman, eýsem, halkara bileleşigi, bütin adamzat üçin hem özboluşly baýlykdyr. Bu bolsa, iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň örän möhüm wezipeleriniň ýene-de biri bolup durýandygyny aňladýar.

Neşirýat işini ösdürmegiň geljegi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz çykarylýan gazet-žurnallaryň sanyny artdyrmak, neşirleriň hilini gowulandyrmak, neşirýat hyzmatlarynyň möçberini köpeltmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze Metbugat öýi toplumynyň gurluşygyna başlanandygyny belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, geljek ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaralaryň ähmiýetini nygtady.

Häzirki döwrüň medeniýet, sungat, edebiýat işgärleriniň, žurnalistleriň mähriban halkymyzyň zehinli ogullarynyň döredijilik ýoluny dowam edijiler bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz olaryň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Dünýäde meşhurlyga eýe bolan, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermäge ukyply işgärleri ýetişdirmek jemgyýetimiziň ýene-de bir möhüm talabydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym - bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak we ony has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw-önümçilik binýady düýpli täzelendi, mekdeplerde okatmagyň usullary has-da kämilleşdirilýär. Umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň üç dili: türkmen, iňlis we rus dillerini bilmegi, bilim alandan soň, durmuşda zerur bolan belli bir hünärlere eýe bolmagy ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şonuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri tölegli esasda taýýarlamaga girişmegiň, bäsleşik esasynda we hususy başlangyçlara laýyklykda tölegli bilim edaralaryny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda halkara derejeli uniwersitetleriň işini goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek boýunça geçirilýän işlere döredijilikli garamagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bilim ulgamyny düýpli özgertmäge, ylmy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny saýlap almaga mümkinçilik berdi diýip belledi. Ykdysadyýeti, nebitgaz toplumyny, seýsmologiýany, gurluşyk we binagärlik, energetika pudaklaryny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, tebigaty goramak we gumanitar ulgamlaryny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan ylmy taslamalar aýdylanlara mysal bolup biler.

Bu ugurda ýaşlary ylmy işe çekmäge uly ünsüň berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň ahyrynda döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Tehnologiýalar merkeziniň alymlarymyza, ýaş aspirantlara we doktorantlara netijeli ylmy işleri geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigi bellenildi. Onuň gurluşygyny geljek ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek bilen birlikde, biz birnäçe ýylyň dowamynda öz emeli hemramyzy döretmek, hemra aragatnaşygyny ýola goýmak boýunça köp tagalla edýäris. Bu ugurda kosmos giňişligini özleşdirmek bilen bagly ylmy barlaglary geçirmek, aragatnaşyk we Internet, telewideniýe we beýleki ulgamlary ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek boýunça uly işleri amala aşyrýarys.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Ol döwlet syýasatanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýörite sport-sagaldyş toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri döredildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatda XXI asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny belledi.

Biz ak mermerli binalary we ajaýyp binagärlik toplumlary üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyz Aşgabada Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baýdagynyň gowşurylmagyna taryhy waka hökmünde örän ýokary baha berýäris.

Ýene-de sanlyja ýyldan biziň myhmansöýer we sahawatly topragymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça sportuň dürli görnüşlerinden V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, döwlet Baştutanymyz biziň sport ussatlarymyzyň geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem atçylyk sportuny ösdürmek barada edýän tagallalarymyz hem özüniň oňat netijelerini berýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Moskwa şäherinde geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň uly üstünlik gazanyp, altyn we bürünç baýraklara mynasyp bolandygyny hem-de Monte-Karloda geçiriljek 15-nji festiwala gatnaşmak üçin çakylyk alandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp nesli terbiýelemek bilen bagly hemmeler üçin wajyp bolan meselä olaryň ünsüni çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgini ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Biziň çagalarymyz, agtyk-çowluklarymyz ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir.

Jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olar barada alada etmäge ýurdumyzyň Hökümetiniň uly üns berýändigini aýdyp, milli Liderimiz Gurbangubly Berdimuhamedow şu maksat bilen, şu ýylyň awgust aýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini belledi.

Bu Kanundan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ministrler Kabinetine döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlaryny kesgitlemegi we bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Hökümetine, häkimliklere, Gurluşyk ministrligine we beýleki edaralara ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilmeli işleriň ugurlaryny kesgitlemek tabşyryldy. Hususan-da, oba ýerlerine işe iberilen ýaş mugallymlaryň, inženerleriň, lukmanlaryň, harby gullukçylaryň maşgalalaryny we beýleki ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri işläp düzmegiň gerekdigi bellenildi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanjak bölümi döretmek barada karara gelendigini aýtdy. Bu bölüm ygtyýarlygynyň çäklerinde ýaşlar syýasaty boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrar.

Biziň ýurdumyzyň syýahatçylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döredýän medeni ýadygärliklere we tebigatyň gözel ýerlerine örän baýdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny 2014-nji ýylda dünýä derejesine çykarmagyň örän möhüm mesele bolup durýandygy bellenildi. Bu meseläni çözmegiň uly jogapkärçiligi, oýlanyşykly çemeleşmeleri, döredijilikli gözlegleri we hünär kämilligini talap edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ozaly bilen bu ulgamy degişli taýýarlygy bolan hünärmenler bilen üpjün etmek meselesine täzeden we hemmetaraplaýyn seretmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz strategik maksatnamalaryň hatarynda «Awaza» taslamasynyň örän möhüm orny eýeleýändigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýtdy. Hususan-da, bu ugurda degişli ulgamy ýokary hilli enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün etmek, lukmançylyk işine sebit we dünýä lukmançylygynda gazanylan täze usullary ornaşdyrmak boýunça anyk ädimler ädilýär. Örän gysga wagtyň içinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän, gözümiziň alnynda güýçli depginler bilen ösýän we özgerýän milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň toplan tejribesi Birleşen Milletler Guramasynyň täsirli edaralary bolup durýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy we beýleki halkara guramalary tarapyndan doly ykrar edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikler barada aýtmak bilen, adamyň saglygyny goramak, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ähli halkymyzyň abadançylygyny gazanmak döwlet syýasatymyzyň baş wezipesi bolmagynda galýar diýip belledi.

Milli Liderimiziň maksatnamalaýyn sözünde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň hatyrasyna dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen döwletimiziň amala aşyrýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň Ýakyn, Orta we Uzak Gündogar ýurtlary, Ýewropa we Amerika ýurtlary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, Yslam Konferensiýasy Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy örän giňelýär we täze mazmun bilen baýlaşýar.

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesiniň hemişelik esasda işleýändigini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz bu dünýäde asylly ideýalaryň we medeni ösüşleriň ýoly bilen öňe gitmegiň hatyrasyna sebit we dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türkmenistanyň öz öňünde maksat edip goýýandygyny tassyklaýar diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň energetika, ekologiýa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlyga ýardam bermek boýunça toplan tejribesiniň dünýäde örän uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde syýasy, ykdysady, ekologiýa we gumanitar ugurlar boýunça Türkmenistanyň öňe süren teklipleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döredendigini we uly goldaw tapandygyny aýratyn nygtady. Bu bolsa, öz nobatynda, dünýäde ynsanperwerlik we parahatçylyk ýörelgelerini dabarlandyrmaga itergi berip, dünýä milletler bileleşiginiň edýän tagallalaryna ýardam bermekde ynamly öňe gitmäge mümkinçilik döredýär, Ýer ýüzünde döwletimiziň we milletimiziň at-abraýyny artdyrýar, şan-şöhratyny we mertebesini has-da belende göterýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň täze saýlawlary barada durup geçdi.

Parlament saýlawlary ýurdumyzda demokratiýanyň ösüş derejesini görkezýän möhüm syýasy waka bolar. Bu saýlawlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bütinleý täze eýýama ynamly gadam basandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Jemgyýetimizi ösdürmek boýunça biziň öňe süren maksatlarymyz, esasan, demokratiýany ösdürmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz demokratiýany ösdürmek, raýat jemgyýetiniň hereket etmeginiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň we hukuk taýdan goramagyň, öz-özüňi dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň, syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlygydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda raýatlaryň kanunçylyga laýyklykda syýasy partiýalary döretmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilendigini, köp partiýaly syýasy ulgamy kemala getirmekde taryhy ädimleriň ädilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, syýasy partiýalary döretmekde biziň raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, «Syýasy partiýalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şu maslahatynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu wakany döwletimiziň taryhynda uly waka hasaplap bileris diýip belledi. Sebäbi şu maslahatda Türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň örän möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemlemek bilen, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de döwrebap we demokratiýa ýoly bilen ösdürmegiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşinde täze tapgyr, geljek üçin esasy wezipelerimiz bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalarymyz häzirki zaman demokratik we hukuk döwleti hökmünde Türkmenistanyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmaga, eziz Diýarymyzy ösdürmäge, ýurdumyzda we sebitde pugta durnuklylygy, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üpjün etmäge, çig mal serişdelerine esaslanmaýan pudaklary ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, täze tehnologiýalaryň binýadynda ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmäge, bilimi we durmuş ulgamyny ösdürmäge, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürmäge, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, türkmen halkynyň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmaga gönükdiriler.

“Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan – söýgimizdir!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen birnäçe gezek arasy bölündi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyşarnyksyz ýöredýän oňyn özgertmeler syýasatyna berilýän doly we biragyzdan goldawyň aýdyň subutnamasy boldy.

Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, umumymilli maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmegi teklip edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Ilkinji bolup çykyş eden Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň medeniýet bölüminiň drama, folklýor we tans toparynyň baş režissýory Sähet Durdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň uly üstünlikleri, zähmet ýeňişlerini gazanyp, toý-baýramlaryň mekanyna öwrülendigini belledi. Biziň ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyza, medeni mirasymyza giň ýol açyldy. Mähriban Watanymyzda halkara maslahatlaryny, dostluk-doganlyk festiwallaryny geçirmek, amaly-haşam sungatynyň sergilerini guramak, dünýä döwletleriniň Medeniýet günlerini geçirmek hem däbe öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda medeni ulgamy ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet Maksatanmasy tassyklandy, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän teatrlaryň kaşaň binalary, muzeýler, kitaphanalar, sport toplumlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, medeniýet öýleri we medeniýet köşkleri muňa mysal bolup biler. Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri bilen duşuşyp durmagy bu ulgamy ösdürmek meselelerine uly üns berilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Umumymilli maslahata gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” atly kitabyny sowgat alandygyny belläp, S.Durdyýew türkmen döwletiniň Baştutanynyň pederi Mälikguly aganyň çagalyk döwri, onuň ýaş başynda ene-ata goýan sylag-hormaty, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi barada giňden gürrüň berýän bu ajaýyp eseriň ýokary çeperçilik gymmatyny we uly terbiýeçilik ähmiýetini belledi.

S.Durdyýew Ahal welaýatynyň ähli medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, ähli ilatynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa milli medeniýetimizi kämilleşdirmek we ösdürmek barada edýän aladasy we berýän uly goldawy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, öz çykyşyny joşgunly şygyr setirleri bilen tamamlady.

Soňra Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň “Dostluk” geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Hezretguly Öwlüýägulyýewe söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň barha gülläp ösýändigini belledi. Milli Liderimiziň her bir başyny başlan işi rowaç alýar, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy birsyhly ýokarlanýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy, ruhlarynyň galkynmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maksadaokgunly durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijesi bolup durýar. Türkmen halkynyň öz Prezidentine -- Gahryman Arkadagyna guwanjynyň-buýsanjynyň çägi ýokdur diýip, çykyş edýän belledi.

H.Öwliýagulyýewiň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýakynda Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyran wagtynda dünýä belli “Galkynyş” gaz käninde häzirki zaman zawodlarynyň üçüsiniň, un öndürmäge niýetlenen un kärhanasynyň, “Bagt köşgüniň” açylyp ulanmaga berilmegi welaýatyň ilatynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Halkyň durmuşyna degişli hiç bir mesele milli Liderimiziň ýiti duýguly nazaryndan synmaýar.

Ýaşulular maslahatynyň şu mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy çykyşynyň ähmiýetini belläp, H.Öwlüýagulyýew milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň gyşarynyksyz we yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi. Türkmenistanlylaryň deňi-taýy bolmadyk durmuş ýeňilliklerinden peýdalanmagy, şol sanda gazyň, suwuň, toguň, duzuň, benziniň halkymyza mugt berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr

Türkmen halkynyň eşretli ýaşamagyny ugur edinen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýandygygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirmek bilen, H.Öwlüýagulyýew türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiziň bagtly we nurana geljegimize gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgelerini tüýs ýürekden makullaýandygyny belledi. Ol geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, bilimli, hünärli, zähmetsöýer, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi üçin bimöçber alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize ýaşuly nesliň wekilleriniň adyndan alkyş sözlerini aýtdy. H.Öwlüýagulyýewiň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri geljekde hem sagdyn durmuş ýörelgelerini welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde wagyz-nesihat etmäge, durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşarlar. Bu işde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” diýen kitabynyň uly ähmiýetini belläp, çykyş eden bu ajaýyp eseriň çap edilmegi bilen döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Soňra “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Abadangözel Meredowa çykyş etdi, ol ýurdumyzyň ähli halyçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini we maslahata gatnaşyjylaryň ählisini şanly sene bolan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

A.Meredowa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň zähmetkeşleriniň giň alada bilen gurşalandygy üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň öňdebaryjy ösüş ýolunda öňe ynamly gadam urýandygyny nygtady. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli üns bermegi netijesinde türkmen halkynyň taryhyny özünde beýan edýän halyçylyk sungaty ykdysadyýetimiziň beýleki ähli pudaklary bilen bir hatarda, görlüp-eşidilmedik belentlige ýetdi. Häzirki wagtda hakyky sungat eseri bolup durýan türkmen halylarynda mähriban Watanymyzyň gözelligi, täze taryhy eýýamyň bagtly pursatlary öz beýanyny tapýar.Bütin dünýäde türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň elleri bilen dokalan kaşaň halylar ägirt uly meşhurlyga hem-de islege eýedir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýyl Türkmen halysynyň baýramçylygy bellenip geçilýär. Iň gowy halyçy gelin-gyzlar bolsa döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolýarlar. Türkmen milli halyçylyk sungatyna sarpa goýýanlaryň Bütindünýä jemgyýetiniň döredilmegi ussat halyçy gelin-gyzlary amaly bezeg sungatynyň täze eserlerini döretmäge ruhlandyrdy.

Çykyşda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Janly rowaýat” atly kitaby ýurdumyzyň halyçylarynyň ýankitabyna öwrüldi. Ol milletimiziň gymmatly baýlygy we buýsanjy bolan türkmen halylaryny bütin dünýäde wagyz etmek, milli halyçylyk sungatyny we onuň şöhratly däplerini öwrenmek üçin gymmatly taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.

A.Meredowa döwlet Baştutanymyzyň uly alada etmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze haly kärhanalarynyň sanynyň artýandygyny, şol ýerlerde halyçy gelin-gyzlaryň işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtap, öz ähli kärdeşleriniň adyndan olaryň halylarda milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda gazanylan üstünlikleri beýan edip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Ussat halyçy ýurdumyzyň halyçy gelin – gyzlarynyň Ýaşulularyň häzirki maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çuň mazmunly çykyşynda öz beýanyny tapan öňdebaryjy maksatnamalary we başlangyçlary biragyzdan makullaýandygyny we goldaýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Tebigaty goramak ministrliginiň “Gaplaňgyr” döwlet goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Arazmyrat Amanowa söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, tebigaty goramak ulgamynda hem uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiziň aladalary bilen Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, degişli möhüm kanunlar, kararlar kabul edilýär, halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän halkara maslahatlarynda, duşuşyklarda ekologiýa meselesini hemişe öňe sürýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen “Rio+20” halkara maslahatynda eden çuň manyly çykyşynda dünýä halkaryny tolgundyrýan birnäçe meseleler, şol sanda Aral deňziniň ekologiýa edýän täsiri hem-de Orta Aziýada, Hazar deňzi sebitinde toplanan ekologiýa meseleleriniň giň toparyny çözmekde ähli ýurtlaryň tagallaryny birleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Bu başlangyçlar tutuş dünýäde uly seslenmä eýe bolup, iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşyl zolaklar döredilýär, her ýyl agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Daşoguz şäherinde “Aralyň ekologiýasy-- durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Mähriban Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda Daşoguz şäheriniň eteginde uly seýilgähiň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy, şeýle hem gadymy Bötendagyň golaýynda 20 müň gektardan ybarat tokaý zolagynyň döredilmegine gönükdirilen umumadamzat bähbitli işlere ak pata berdi. Bu wakalar welaýatyň we tutuş ýurdumyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.

Çykyşda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň täsin tebigatyny, daşky gurşawyny, tebigy baýlyklaryny goramak, ekologiýa ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hemişe döwlet Baştutanymyzyň birjik-de ünsünden düşürmeýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz boýunça iş saparlary aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, şu ýylyň awgust aýynda milli Liderimiz “Altyn asyr” Türkmen kölüne, sentýabr aýynda Hazar deňziniň Ogurjaly adasyna bardy. Bu wakalaryň hemmesiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlarda ekologiýa meselesiniň we daşky gurşawy goramagyň ýyly diýlip yglan edilen 2013-nji ýylda bolup geçmegi biziň ýurdumyzyň bu ugurda halkara derejesindäki borçnamalaryna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

A.Amanow Daşoguz welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine halkyň saglygy, adamlaryň abadan durmuşy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin ägirt uly hoşallyk bildirdi, şeýle hem milli Liderimiziň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny oýlanyşykly, netijeli ulanmak maksady bilen edilen teklipleri doly goldaýandyklaryny aýtdy.

Soňra “Myradym” hususy kärhanasynyň direktory Döwran Hudaýberdiýew çykyş edip, ýurdumyzyň ähli telekeçileriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 22 ýyllyk şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz ähli babatlarda ösüşleriň täze belentliklerine çykdy diýip, ol nygtady. Ýurdumyzda gurulýan hem-de gurlup ulanmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly deçgalaryň sany barha köpelýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, D.Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi, ilkinji hususy neşir bolan “Rysgal” gazetiniň hem-de adybir Paýdarlar täjirçilik bankynyň açylmagy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi bu ugurda ädilen ilkinji ädimlerdir diýip belledi. Şunuň netijesinde Türkmenistanda hususy ulgam kuwwatly itergä eýe boldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen işewürleri sanlyja ýyllaryň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda, şol sanda gurluşyk ulgamynda baý iş tejribesine eýe boldular. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2009-njy ýyldan bäri ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli gurluşyklara ýakyndan gatnaşyp, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Ine, şonuň üçin hem, mähriban Prezidentimiziň ynam bildirmegi netijesinde türkmen işewürlerine ägirt uly döwlet buýurmalary tabşyrylýar.

Şu ýylyň 7-nji awgusty türkmen telekeçileri üçin ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Şol gün Gahryman Prezidentimiz Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 13-nji tapgyryna ak pata bermek bilen onuň gurluşygyny türkmen telekeçilerine ynandy.

Ýurdumyzda amal edilýän düýpli gurluşyklarda türkmen işewürleriniň öňünde geljekde has uly wezipeler durýar diýip, “Myradym” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy belledi. Şol wezipeler öňdebaryjy tilsimatlaryň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyndan, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekden, dürli binalaryň hem-de inženerçilik desgalaryň gurluşygyna ýakyndan gatnaşyp, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny has-da gowulandyrylmagyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden türkmen telekeçileriniň hormatly Prezidentimiziň bildiren bu ýokary ynamyny ödemek üçin Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyza ak ýürekden wepaly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň telekeçileri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan asylly, içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän maksatnamalaryny, maslahatda kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütleri tüýs ýürekden goldaýarlar.

D.Hudaýberdiýew çykyşynyň ahyrynda türkmen telekeçileriniň adyndan hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş inženeriniň önümçilik boýunça orunbasary Durdymyrat Atadurdyýew öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Türkmenistan döwletimiziň bu gün dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna ymykly goşulyp, täze sepgitlerde uly abraý-mertebä, şan-şöhrata eýe bolýandygyny belledi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan durmuş-ykdysady, medeni, önümçilik maksatly binalaryň sany barha artýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ýurdumyzda energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, çykarylyşyny artdyrmakda, olary senagat taýdan özleşdirmekde hem-de gaýtadan işlemekde alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiziň täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak barada edýän tagallalary netijesinde TNGIZT-de hem iň kämil täze tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işleýän täze desgalaryň gurluşygyna başlandy. Şeýle hem gelejekde Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde täze zawod gurmak meýilleşdirilýär.

Munuň özi nebitgaz-himiýa pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyndan ugur alyp, uglewodorod serişdelerini rejeli ulanyp, nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak arkaly olaryň hilini dünýä ülňülerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa nebit önümlerini öndürmäge, şeýle hem olary daşary bazarlara çykarmagyň ýollarynyň giňelmegine uly mümkinçilikler döreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara guramalary, dünýäniň köpsanly ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmen Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky teklipleri, şeýle hem ýakynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – ÝHHG-niň geljegi” atly halkara maslahatynda öňe süren başlangyçlary, Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberindäki adamzady tolgundyrýan meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýandygy Türkmenistan döwletimiziň barha artýan halkara abraýyny dünýä äşgär edýär.

D.Atadurdyýew milli Liderimize ynsanperwer syýasaty üçin Balkan welaýatynyň ähli ilatynyň adyndan, şeýle hem nebitgaz pudagynyň işgärleriniň adyndan alkyş sözlerini ýetirmek bilen, Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge hem-de bagtyýar Watanymyzy şöhratlandyrmaga, abraý-mertebesini belende galdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra çykyş eden Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gurban Gurbanow Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şu günki maslahatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki taryhyna ýatdan çykmajak şanly waka bolup girjedigine, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda, jebisligini berkitmekde, möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýandygyny aýtdy. Ýaşulularyň döwletli maslahatynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllygyna utgaşyp, baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň özboluşly manysy bar diýip, çykyş edýän sözüni dowam etdi. Munuň özi halkymyzyň belent döredijilik maksatlaryna, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

G.Gurbanowyň belleýşi ýaly, milli goşunymyzy yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň söweşjeň we ynsanperwer taýýarlygyny ýokarlandyrmak meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Döwrebap harby şäherçeleri, harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň Watan goragçylaryna bolan synmaz ynamyndan hem-de hormatyndan nyşandyr. Çykyş eden Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşynyň sarsmaz galasy, polat galkany bolan milli Ýaragly Güýçlerimiz hem-de olaryň harby gullugy bilen baglanyşykly meselelere döwlet işiniň möhüm ugry hökmünde garaýandygy üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan köp sagbolsun aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şöhratly taryhymza öz atlaryny edermenlikleri bilen ebedilik ýazan merdana pederlerimiziň söweş ýollary, görkezen gahrymançylyklary milli Ýaragly Güýçlerimiziň bagtyýar ýurt goragçylary üçin watansöýüjilik, mertlik, ruhubelentlik mekdebine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görülýän günlerinde harby gululkçylaryň sowgat alan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Döwlet guşy” atly kitabynyň uly ähmiýeti bellenildi.

Bu ajaýyp kitapda beýan edilenler harby tehnikalara we ýaraglara erk etmekde, ruhubelentlikde, şeýle-de sagdynlykda milli Liderimiziň görkezýän ajaýyp şahsy göreldesi, watançylyk sargytlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň her biri üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar diýip, çykyş eden belledi.

G.Gurbanow sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurt goragçylarynyň geljekde-de öz mukaddes harby borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, parahatçylygyň we ene topragyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň goragynda durjakdygyna ynandyrdy.

Biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hasan Abdulla Al-Adab çykyş etdi. Ilçi türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň öz gadymdan gelýän demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýän Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, şu möhüm wekilçilikli maslahata gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Ilçi pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän uly baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda zähmetsöýer türkmen halkynyň ägirt uly üstünlikler gazanandygyny belläp, jenap Hasan Abdulla Al-Adab döwletara gatnaşyklaryny berkitmegiň hem-de Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň bähbidine işlemek mümkinçiliginiň bardygyna buýsanýandygyny belledi.

Ilçiniň nygtalyşy ýaly, ol Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň, “Aziýanyň göwher gaşy” diýlip atlandyrylýan Aşgabat şäheriniň günsaýyn ösüşine buýsanç bilen garaýar. Türkmen halky baý taryhy medeni mirasa eýe bolup, türkmen topragy—gadymy siwilizasiýalaryň watany—Zemin gözelliginiň nusgasy bolup durýar we beýik alymlaryň, akyldarlaryň ajaýyp eserlerinde öz beýanyny tapýar. Biz ýurduň dürli künjeklerinlde bolup, Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň hem-de türkmen halkynyň asuda we bagtýar durmuşda ýaşaýandygynyň şaýatlary bolup durýarys diýip, ilçi belledi. Bu ýerde agzybirlik we jebislik höküm sürýär. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň belent münberlerinden öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Beýik Biribaryň eçilen baýlyklaryny tutuş adamzadyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Ýurtda durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, senagaty, ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk ulgamyny, himiýa senagatyny, gurluşyk pudagyny, oba hojalygyny ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly daşary syýasy strategiýa türkmen bazaryny daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekiji bazara öwürýär. Bu baha dünýä belli halkara bilermenleri tarapyndan berildi. Halky durmuş taýdan goldamaga gönükdirilen türkmen döwletiniň Baştutanynyň alyp barýan syýasatynyň deňi-taýy ýokdur, şunda Türkmenistanyň tejribesi düýpli öwrenilmäge mynasypdyr diýip, ilçi belledi.

Türkmenistan---röwşen geljegi bolan ýurt diýip, jenap Hasan Abdulla Al-Adab aýratyn nygtady. Türkmen halkynyň bu günki durmuşy, geljek nesiller üçin döredilýän şertler, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda başyny başlan düýpli özgertmeleri munuň subutnamasy bolup durýar.

Çykyşynyň ahyrynda ilçi Türkmenistanyň Prezidentine uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli we jogapkärli işinde ägirt uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýunus Aşyrowa hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk we weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Selbi Sähedowa söz berildi.

Ýurdumyzyň talyplary şeýle belent derejeli maslahata gatnaşyp, bu beýik münberden ähli türkmen ýaşlarynyň adyndan çykyş etmäge döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşulularynyň bu günki maslahatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki taryhyna ýatdan çykmajak şanly waka bolup girjekdigine, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda, jebisligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdgyna tüýs ýürekden ynanýarlar. “Şeýle ajaýyp we buýsançly döwürde biz, Gahryman Prezidentimiz, Siziň bilen bir jan, bir ten bolup, belent maksatly menzillere tarap ynamly barýarys” diýip, talyplar bellediler. Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň ylym, bilim, sport ulgamyny ösdürmek, olary dünýä ülňülerine laýyk getirmek, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmek, kompýuter tilsimatlaryny çuňlaşdyrmak üçin döreden şertleri ýurdumyzyň ýaş neslini hemişe ruhlandyryp gelýär. Biziň ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty, umumydöwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda täze Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaşlaryny çäksiz begendirdi.

Ýurdumyzyň ýaşlary türkmen döwletiniň Baştutanynyň amala aşyrýan bimöçber ägirt uly işlerine tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip, Ý.Aşyrow we S.Sähedowa aýtdylar. Adam hakyndaky aladalar şol işleriň esasy maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary ýaş türkmenistanlylar üçin görüm-görelde, nusgalyk mekdebidir. Milli Liderimiziň “Döwlet guşy” atly nobatdaky ajaýyp kitaby şanly Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda külli türkmen halky üçin gymmatly sowgat boldy.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän, çuň ylmy esaslara daýanýan giň möçberli maksatnamalarynyň möhüm ugry ýurdumyzyň bilim ulgamyny ýokary derejelere çykarmakdan, täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyk bilim-terbiýe üçin ähli şertleri döretmekden, bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmekden ybaratdyr. Orta mekdeplerde okuwyň möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak hakynda kabul edilen oňyn çözgüt, dünýä ölçeglerine laýyk orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň yzygiderli açylmagy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň nesilleriň ruhy we beden sagdynlygy baradaky bimöçber aladalary, sportuň dünýä derejesine çykarylmagy ugrundaky tagallalary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanmyzyň ýaşlaryň öňünde goýan belent wezipeleri gözleri guwançdan doly ýaşlary täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýaşlaryň geljekde öz saýlap alan hünärlerini düýpli öwrenip, ussat hünärmenler hökmünde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly boljakdygyna ynandyrdylar. Olar Türkmenistanyň talyp ýaşlarynyň döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, şu maslahatda öňe süren tekliplerini tüýs ýürekden goldaýandyklaryny aýtdylar.

Ýurdumyzyň talyplary hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür arzuw edip, döwlet Baştutanymyzy, şeýle hem hormatly ýaşululary, ählihalk maslahaiyna gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 22 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemläp, umumymilli maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça çykyş edenlere minnetdarlyk bildirdi we şu gün orta atylan teklipleriň hökman nazara alynjakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň garamagyna hödürlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň arasynda biziň özygtyýarly Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmäge, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, milli däplerimizi aýawly saklamaga, ýaşlary mynasyp terbiýelemäge we bilim bermäge saldamly goşant goşan hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti üçin ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Perman bar. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Soňra umumymilli maslahat Türkmenistanyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak dabarasy bilen dowam etdi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanlaryny okaýar.

Döwlet Baştutanymyz päk ýürekli çeken zähmeti üçin şu hormata mynasyp bolan türkmenistanlylara, şeýle hem “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakylan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglary gowşurýar.

Biziň watandaşlarymyz Türkmenistanyň Prezidentinden döwlet sylaglaryny kabul edip, milli Liderimize öz çeken zähmetine berlen ýokary baha, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy we bagtyýarlygy hakynda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabara tamamlanandan soň döwlet Bştutanymyz umumymilli maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny Lebap welaýatynda geçirmegiň teklip edilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda degişli Permana gol çekip, Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynyň geçiriljek anyk senesiniň soň yglan ediljekdigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak hakynda meselä geçdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, Lebap welaýatynyň ýaşululary tarapyndan il çinde abraýly ýaşulularyň biri, Atamyrat etrabynda doglan Ýaraşgeldi Myradowy şu wezipä saýlamak üçin teklip berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Kapara gol çekip, Ý.Myradowy şu hormatly wezipä saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Geçen ýyl Ýaşulularyň Balkan welaýatynda geçirilen maslahatynda ýokarda görkezilen wezipä Daşoguz welaýatyndan Hally Nazarowyň saýlanandygyny ýatladyp, döwlet Baştutanymyz onuň bir ýylyň dowamynda Ýaşulularyň maslahatynyň edarasynda abraý bilen zähmet çekendigini aýdyp, oňa çeken yhlasly zähmeti, alyp baran wagyz-nesihat işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra umumymilli maslahatda döwlet durmuşyna degişli ilkinji nobatdaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň garamagyna gelip gowşan teklipler esasynda taýýarlanan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň türkmen halkyna we ýurdumyzyň ähli ilatyna Ýüzlenmesiniň taslamasyny hödürledi.

Bu resminama biragyzdan kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna jemleýji söz bilen ýüzlendi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda örän möhüm meseleler milli demokratiýanyň ýörelgeleri esasynda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde gazanan üstünliklermiz esasynda, şeýle hem amala aşyrylýan Prezident maksatnamasyna laýyklykda, öňde durýan wezipeler anyk kesgitlendi. Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň ählisine seredilendigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti olary ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşandyklary üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biz garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha ösdürmek bilen, berkarar Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwrürmek boýunça öz öňümizde belent maksatlary goýduk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň amala aşyrýan ähli işlerimiz eziz halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine amala aşyrylýan bu giň gerimli we tutumly işlere Türkmenistanyň her bir raýatynyň mundan beýläk hem işjeň gatnaşyp, geljekde öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek üçin biziň öňümizde entek etmeli işlerimiz köp. Men bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde we jebislikde üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn!” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny Daşoguz welaýatynda guramaçylykly geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çeken jogapkär adamlara, şeýle hem görkezen myhmansöýerligi üçin Daşoguz welaýatynyň ähli ilatyna minnetdarlygyny beýan edip, milli Liderimiz: “Nesip bolsa, biz indiki ýyl Lebap welaýatynda hem Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçireris” diýdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Lebap welaýatynda geçiriljek maslahatynda seredilmäge degişli meseleler boýunça teklipler bilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasyna islendik wagt ýüz tutup boljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ýene-de birnäçe günden biz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramyny uly dabaralar bilen giňden belläp geçeris diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny baýramçylyga bagyşlanyp bu çärelere uly buýsanç bilen işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara we ähli türkmenistanlylara berk jan saglyk, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi.

Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olar milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýetip gelýän şanly sene bilen ýene bir gezek gutlady we Ruhyýet köşgünden ugrady.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda Ruhyýet Köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Medeni we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Bu ýere hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen diplomatlary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň baştutanlary, ýaşulular, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, hormatly Prezidentimiziň özüniň köptaraply işinde ýurdumyzyň döredijilik işgärlerini Berokarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talap edilýän, halkymyzyň ruhy-estetiki durmuşyny baýlaşdyrýan eserleri döretmäge gönükdirip, hem-de ruhlandyryp, medeniýeti, milli sungatymyzy ösdürmek meselelerine üýtgewsiz ileri tutup üns berýär.

Konsertiň maksatnamasyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Watanymyza we mähriban Arkadagymyza bagyşlanan watançylyk eserleri, şeýle hem milli nusgawy aýdym-saz eserler, liriki halk aýdymlary we häzirki zaman öwüşginde özüne çekiji tanslar meşhur estrada özboluşly aýdym-saz-horeografiki hem-de edebi-sazly çykyşlar düzdi. Gahrymançylykly dessanlardan parçalaryň ýerine ýetirilmegi olara ajaýyp öwüşgin we özboluşly äheň berdi.

Ýerine ýetirijileriň hatarynda ussat aýdymçylar, “Serpaý”, “Dokmaçylar” atly meşhur folklor toparlary, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik toparlary bar.

Bu ajaýyp döredijilik çykyşynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý gory, ýordumlarynyň giň gerimi, döredijilik däpleriniň dowam edýändigi beýan edildi.

Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Şöhrat saňa, Arkadag!” atly dabaraly aýdym bilen tamamlandy. Ol mähriban Watanymyz üçin tomaşaçylaryň kalbyny tüýs ýürekden buýsanç, Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk duýgusy bilen dolduryp, Garaşsyz Türkmenistana, onuň agzybir halkyna, täze taryha eýýama hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy astynda ýurdumyzyň ösüşiň hil taýdan täze sepgitlerine çykmak bilen öňe okgunly hereketiniň bagyşlanan hakyky waspnama boldy.

Agşamky asmana lowurdaýan köp öwüşginli gül desselerini we lowurdaýan ýyldyzjyklary pytradan baýramçylyk feýerwerki Daşoguz şäherinde bolan şu günki wakalaryň özüneçekiji jemleýji çäresine öwrüldi.

Bu ýere ýygnananlaryň hemmesi rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly hereket etmegiň örän gujurly depginlerini alan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň başlangyjyna öwrülen bu täsin yşykly çykyşy haýran galyp synladylar!

Şol gün türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabada gaýdyp geldi.