Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Engin Grup” konsorsiumynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Engin Grup” konsorsiumynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 878
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň belli “Engin Grup” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Engin Kaleni kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz söhbetdeşlik üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhman öňi bilen döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň we türkmen topragynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň belli kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Bu kompaniýa bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik düzüminiň ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini belledi.

Duşuşygyň barşynda işewüp döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi we özüniň ýolbaşçylyk edýän konsorsiumynyň Türkmenistan bilen alnyp barylýan köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, jenap Engin Kale özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň mundan beýläk-de türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän we Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň, gülläp ösmeginiň artmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga meýillidigini hem-de oňa hemmetaraplaýyn taýýardygyny mälim etdi.