Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşysyny kabul etdi

view-icon 820
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň belli “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşysy jenap Erol Tabanjany kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, işewür döwlet Baştutanymyzy ýurt Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Häzirki döwürde tutuş dünýäde durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşe eýe bolan Türkmenistana ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigini bellemek bilen, türkiýeli işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, halkyň bagtyýarlygynyň, türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Türkiýäniň kompaniýalary, şol sanda türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda önjeýli işleýän we giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan “Polimeks” kompaniýasy bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda Erol Tabanja döwlet Baştutanymyza kompaniýasyna ynanylan gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi we “Polimeksiň” Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de şu maksatlar üçin ähli kuwwatlyklaryny ýola goýmaga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.