Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 875
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň direktory jenap Erwe Baržony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Jenap Erwe Baržo hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüni kabul edýändiginiň uly hormat sarpadygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň Watany bolan biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglary we mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklar, şol sanda atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Biziň ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ahalteke bedewleri milletiň hakyky buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr, onuň taryhynyň aýrylmaz bölegidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki döwürde hem behişdi bedewleriň türkmenleriň wepaly ýoldaşydygyny nygtady.

Duşuşygyň baryşda hormatly Prezidentimiz we myhman atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar we özara peýdaly tejribe alyşmagyň hem-de işewür gatnaşyklary berkitmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şol gatnaşyklar bolsa milli we dünýä medeniýetiniň ajaýyp gymmatlygy, owadanlygyň we ýygdamlygyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder. “Regasus Farms Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, arassa ganly ganatly bedewleri gaýtadan dikeltmäge, aýawly saklamaga we olary köpeltmegiň gadymy milli däplerini dowam etdirmäge, atlaryň bu täsin tohumyny bütindünýäde giňden wagyz etmäge, atçylyk sportuny höweslendirmäge we ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işlere ýokary baha berdi.

Hoşlaşan mahaly myhman döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän şanly sene bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi.