Şu gün ýurdumyzyň baş sport toplumy bolan “Aşgabat” köpugurly stadionynda Türkmenstanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan uly möçberli baýramçyylyk çäresi ýaýbaňlandyryldy. 20 müň tomaşaçy orunlyk stadiona gelen adamlar, türkmen halkynyň bitewüligini, onuň belent ruhuny, taryhy döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan çykyşlaryň şaýady boldular. Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň dabaralanmagy köpçülikleýin çykyşlaryň esasyny düzdi.
Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň bir bitewi kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakyndaky köp asyrlyk arzuwlarynyň amala aşýandygyny alamatlandyrýan baýramdyr. Bu şanly sene 22 ýyl mundan ozal 27-nji oktýabrda dünýäniň syýasy kartasynda emele geldi. Şondan bäri ol ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, taryhy döredijiligiň beýik gazananlaryny we üstünliklerini äşgär etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni aýratyn ähmiýeti bolan üstünlikleriň, döwletimiziň we jemgyýetiň ähli ugurlaryndaky oňyn özgertmeleriň sazlaşykly ösüşleriniň şöhratly ýylýazgysyny emele getirdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde Garagum sährasyna täze ömür beren “Altyn asyr” Türkmen köli çägelikleriň içi bilen geçip, sähranyň jümmüşine tarap ýol saldy. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy kemala geldi. Bu ýere dünýäniň çar künjeklerinden syýahatçylar gelýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýokary we orta okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň täze binalary, sport toplumlary guruldy.
22 ýylyň dowamynda Türkmenistan döwür bilen aýaýdaş gadam urmak bilen düýpli ösgerişlikleri başyndan geçirdi. Şol bir wagtyň özünde biz medeni-taryhy mirasymyzy birjik-de ýatdan çykarmaýarys, gaýtam oňuň ruhy-medeni ulgamlardan başlap jemgyýetçilik syýasy durmuşumyza çenli ähli ugurdarda täze döredijilik güýjüne eýe bolýandygyny görýäris. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň ýakynda geçen maslahatynda kabul edilen çözgütler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabat şäheri türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyny mynasyp derejede garşylýar. Paýtagtymyzyň bezeg aýratynlyklarynda milli ýörelgeler has-da aýdyň duýulýar. “Aşgabat” sport toplumy baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Bu ýere dabara gatnaşyjylaryň köpsanlysy ýygnandy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary, zähmetkeşler toparlary, köp sanly aşgabatlylar we myhmanlar bar. Şu gün bu ýerde baýramçylyk mynasybetli medeni maksatnama ýaýbaňlandyryldy.
Dabara gatnaşyjylaryň ellerinde Döwlet baýdaklary, dürli reňkdäki şarlar, çagyryşlar we şygarlar bar. Hemmeler baýramçylyk dabaralarynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Mähriban Watanymyza bolan söýginiň nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet senasynyň dabaraly ýaňlanmagy bu ýerde guralan baýramçylyk çäreleriniň başlanýandygyny äşgär edýär.
Soňra dabarany alypbaryjy ähli türkmenistanlylary we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygyň nurana baýramçylygy bilen gutlaýar.
Soňra baýramçylyk hyjuwy bilen joşýan stadionda “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym ýaňlanýar. Aýdym wagtynda stadionyň ýaşyl meýdançasynda edebi-sazly kompozisiýada “Oguzhan” suw çüwdürimler toplumynyň, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň keşbi we beýleki häzirki zaman binalary janlanýar. Mälim bolşy ýaly, bu desgalar Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Aýdym-sazly kompozisiýada binagärlik desgalarynyň taryhy hakydasy saklanyp, olar asyrlarda öz yzyny goýmak bilen çäklenmän, eýsem geljekki nesilleriň doly derejeli durmuşy üçin ajaýyp şertleri emele getirýändigi beýan edilýär. Bu babatda türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasyny aýratyn bellemeli.
Talyp ýaşlar özleriniň edebi-sazly çykyşlaryny tamamlamak bilen, stadionyň ylgaw ýodasynda dabaraly ýörüşi ýerine ýetirdiler. Şol pursatda “Arkadaga şöhrat! Gahrymana şöhrat!”diýen ganatly sözler belent ýaňlandy. Çünki hut milli Liderimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen talyplary halkara ülňülerine laýyk gelýän institutlarda we uniwersitetlerde ýokary hünärli mugallymlaryň yhlasy arkaly dünýä ylmyna çuňňur aralaşmak mümkinçiligine eýe boldular.
Soňra stadionda ahalteke bedewleriniň dabaraly ýörişi başlandy. Buýsançly başlaryny belent tutup gelýän, öz eýesine wepaly, ynsan gylykly owadan bedewleri dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
“Behişdi bedewleriň” türkmen halkynyň buýsanjydygy baradaky jümle dünýä ýüzünde ykrar edildi. Häzirki döwürde dünýäniň atşynaslary ahalteke bedewlerini edinmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Çünki bu tohumdaky atlar diňe bir gözelligi we ýyndamlygy bilen däl, eýsem, çydamlylygy we eýesine bolan belent wepasy bilen tapawutlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem ahalteke bedewlerine bolan sarpasynyň belentdigine hemmeler göz ýetirendirler. Hut milli Liderimiziň balşlangyjy boýunça Aşgabatda ştab-kwartirasy ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Häzirki döwürde bu guramanyň hatarynda arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň ençemesi bar.
Ýeri gelende aýtsak, ahalteke bedewleri özüniň esasy aýratynlygy bilen bir hatarda, sirk sungatynda hem meşhurlyk gazandy. Ýakynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Atlylaryň ýokary hormata mynasyp bolmagy türkmen halkynyň buýsanjyny artdyrdy. Toparyň agzalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar we pul baýraklary gowşuryldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryna bu toparyň agzalary hem gatnaşdylar.
Ahalteke bedewleriniň dabaraly ýörişinden soň ýurdumyzyň körpe nesillerine öz ussatlyklaryny görkezmek mümkinçiligi berildi. “Bagtyýar nesil” çagalar tans toparynyň wekilleri özboluşly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olar baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde dürli milli oýunlary we tanslary ýerine ýetirdiler, aýdymlar aýtdylar. Olaryň çykyşlarynda häzirki döwrüň bagtyýarlygy, şadyýan çagalyk döwri has-da äşgär duýuldy. Bu şeýle-de bolmaly, çünki Türkmenistanda körpe nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň ýurdumyzda her ýylda körpeleriň arasynda umumymilli bäsleşikleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra meýdançada ýurdumyzyň türgenleri sportuň dürli görnüşlerini - basketbol, futbol, gimnastika, söweş sungaty we beýleki görnüşlerini alamatlandyrýan aýdym-sazly, şowhunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şonda “Aşgabat” tans toparynyň wekilleri dürli reňkdäki halkalary emele getirip, özboluşly şekilleri döretdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde her ýylda häzirki zaman sport toplumlarynyň we sport mekdepleriniň gurluşygy yzygiderli dowam edýär. Gurlup ulanmaga berlen sport desgalarynyň hataryna ýene-de häzirki zaman sport toplumy we sport mekdebi goşuldy.
Şeýlelikde, düýn ýurdumyzda bar bolan sport desgalarynyň ýene-de ikisi artdy. Olaryň ikisi-de Balkan welaýatynda gurlup, ulanmaga berildi.
Türkmenbaşy şäherinde 1500 tomaşaçy orunlyk münberi bolan häzirki zaman sport toplumynyň, Gumdag şäherinde bolsa 360 okuwçy orunlyk sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Bu desgalaryň ikisi-de sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri hem-de okuwlary geçmek üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edildi.
Baýramçylyk çäresine dolanyp gelmek bilen, “Aşgabat” sport toplumynda türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlarynyň bu ýerde gurnalan uly monitorlardaky wideoşekiller bilen utgaşdyrylandygyny bellemeli. Olarda şu ýylyň tomsunda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda we Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen Bütindünýä tomusky uniwersiadada türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary beýan edilýär. Şol ýaryşlaryň jemleri boýunça türkmen türgenleri medallaryň 21-sine eýe boldular. Olaryň dördüsi altyn, ýedisi kümüş we onusy bürünç medallardyr.
Soňra meýdança ýurdumyzyň belli tans toparlary çykdylar. Olar özleriniň ajaýyp hereketleri bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tapgyrlaryny görkezýän görnüşleri janlandyrdylar. Gaz geçirijiniň geçýän ýurtlary bolan türkmen, özbek, gazak we hytaý milli tanslarynyň ýerine ýetirilmegi, şol ýurtlaryň medeni däplerini alamatlandyrýan çykyşlar medeni çärä özboluşly öwüşgün çaýdy.
Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk konsertiniň jemine öwrüldi. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň hersi öz sebitlerine mahsus pursatlary we şekilleri beýan etdiler. Ahally sungat ussatlary “behişdi bedewleriň” mekany hökmünde bu ajaýyp bedewleri wasp etdiler. Gadymy hazaryň kenarynda ýerleşýän we mineral çeşmelere baý bolan Balkan welaýatynyň özboluşly aýratynlygy boldy. Mary welaýaty bolsa gadymy gündogaryň Marguş medeniýetiniň dörän ýeri hasaplanýar. Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň ilaty myhmansöýerlik däplerini alamatlandyrdylar. Dessançy bagşylaryň mekany hasaplanýan Daşogzuň sungat ussatlarynyň çykyşy hem juda täsirli boldy. Welaýatlardan gelen artistler diňe bir aýdym-sazlary ýerine etirmek bilen çäklenmän, eýsem olar tomaşaçylara köp sanly şatlyk-şowhun eçildiler.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda dabara gatnaşyjylaryň birleşiginden XXII sanyň emele gelmegi dabaranyň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny alamatlandyrdy.
Bu gün türkmenistanlylar bir agzybir maşgala bolup, bitarap Watanymyzyň 22 ýyllyk şanly toýuny belleýär. Milli taryhymyzda döwletiň we jemgyýetçiň ähli ugurlarynda ägirt uly özgerişleriň eýýamy bolan täze tapgyr emele geldi. Biziň üçin bu günki baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň düýpli özgerişler, gülläp ösüş we rowaçlyk ýolundaky aýdyň sahypany äşgär etdi.
Bu şanly sene ähli türkmenistanlylar üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalara beslendi. Çünki ol ykbal çözüji birnäçe taryhy wakalara baý boldy. Biz her bir ädimde ägirt uly we okgunly özgerişleri görýäris we bu üstünlikleriň diňe bir şaýady bolman, eýsem giň möçberli özgertmeler maksatnamasyna gatnaşýandygymyza buýsanýarys.
Şunuň ýaly uly üstünliklere ýetilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir” diýen täze eýýamyň baş şygarynyň ýörelgelerine daýanýan oňyn syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.