Şu gün Halkara atçylyk-sport toplumynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.
Biziň ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklary özboluşly aýdyňlygy hem-de belent dabaralary bilen şanly senelerimize aýratyn ösüşgin çaýýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşret eýesi bolan türkmen halkynyň milli dessurlara hem-de baýramçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Köp asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, at çapyşyklary häzirki döwürde hem türkmen toýlarynyň baş bezegi bolup durýar. Şeýle dabaralar çapyksuwarlaryň ussatlyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem onda bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň gözelligi, çeýeligi äşgär edilýär.
Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumynda ir säherden baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, biziň ýurdumyzda işleýn diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, Hisdistanyň parlamentiniň wekiliýetiniň agazalary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVI maslahatyna gatnaşyjylar bar.
Toplumyň çägi baýramçylyk äheňinde bezelipdir, hemme ýerde ýurdumyzyň ýaşyl baýdaklary belentde parlaýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Döwrebap toplumyň girelgesinde ýaş türkmen suratkeşleri, hekeltaraşlary, zergärleri we ýurdumyzyň çeperçilik okuw mekdepleriniň okuwçylary öz döreden eserleriniň sergilerini guradylar. Olar bu günki dabara gatnaşyjylaryň gözüniň alnynda dürli görnüşli çeper eserleri döredýärler.
Şeýle hem bu ýerde paýtagtymyzyň muzeýleriniň wekilleri muzeý gymmatlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Toplumda guralan sergilerde atçylyk bilen baglanyşykly ugurlar esasy orun eýeleýär. Çeper eserlerde dünýä belli bolan we ynsan bilen tebigatyň baglanyşygyny emele getirýän ahalteke bedewleriniň gözelligi beýan edilýär.
Türkmen bedewlerine niýetlenip taýýarlanylan şaý-sepler özleriniň owadanlygy we gaýtalanmajak görnüşi bilen haýran galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde eli hünärli zenanlaryň zehininden dörän halylyar we haly önümleri, at şaý-sepleri we esbaplary görkezilýär. Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýörite gurnalan ýerde güýç synanyşýan pälwanlaryň bäsleşikleri has-da täsirli boldy.
Ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň ösdürilmegi, türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgäniň täzeden dikeldilmegi “behişdi bedewlere” aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde türkmen atşynaslyk ulgamy halkara derejesine çykdy. Mälim bolşy ýaly, millli Liderimiz ensiklopedik eser bolan “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly dünýä belli kitaby döretdi.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň atşynaslygy döwlet ähmiýetli işe öwrüldi. Milletiň bahasyz baýlygy bolan gadymy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, türkmen atçylyk sportunyň dünýä derejesine çykmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzyň atşynaslarynyň halkara derejesinde bäsleşiklere yzygiderli gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi häzirki döwrüň baş wezipeleriniň biri boup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.
Milli Liderimiziň ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryna laýykdykda, şol serişdäniň hasabyna Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda dürli ýaryşlary geçirmek üçin ýapyk manež we okuw merkezini gurmak barada çözgüt kabul edildi. Soňky ýyllarda türkmen atşynaslary, çapyksuwarlary, seýisleri we beýleki hünärmenler halkara derejesinde geçirilýän dürli çärelere gatnaşdylar. At üstünde çykyş edýän türkmen türgenleri köp sanly baýrakly halkara ýaryşlarynda ýeňijiler bolmagy başardylar.
Biziň atşynaslarymyzyň halkara derejesinde geçirilýän festiwallara gatnaşmagy ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegini şertlendirýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ahalteke bedewlerini wagyz etmek bilen bir hatarda, milli at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, dünýäniň dürli ýurtlarynyň tomaşaçylarynyň alkyşlaryna mynasyp bolmagy başardylar. Bu toparyň agzalarynyň şu aýda Moskwada geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda uly ýeňişler gazanyp gelen pursatynda olaryň garşylanyş dabarasynyň bolandygyny bellemeli. Şol festiwalda toparyň agzalary bäsleşigiň ähli görnüşleri boýunça diýen ýaly baş baýraklary, şol sanda festiwalyň eminleriniň kubogy bolan “Altyn idol”, Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynyň ýörite baýragy bolan Monte-Karloda geçiriljek 15-nji festiwalyna çakylyga, Italiýanyň Werone şäherindäki sirk sungaty merkeziniň ýerine ýetirijilik ussatlygy diýen ýörite baýraga we diplomyna, halkara žurnalistleri topary tarapyndan “Bürünç manež” Kubogyna mynasyp boldular. Ýeri gelende aýtsak, türkmen atlylary özboluşly we çylşyrylmy at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek bilen, dünýä sirk sungatynyň ýokary derejesine düşmegi başardylar.
Ine, gu gün hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdylar. Hut olaryň çykyşlary bilen at çapyşyklaryna badalga berildi. “Behişdi bedewlere” atlanan ýigitleriň çalasynlygy, olaryň ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri we ýigitler bilen bedewleriň ugurdaş sazlaşygy dabara gatnaşyjylarda örän uly täsirler galdyrdy.
Soňra asylly däbe görä, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna guralan toý çapyşyklaryna badalga berildi. Onda 61 bedewiň gatnaşmagynda ýedi çapyşyk boldy.
Bu ýerde oturdylan uly monitorlarda çapyşyk tamamlanansoň, onuň netijeleri, bedewleri çapan çapyksuwarlar baradaky maglumatlar aýan edilýär.
Birinji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 2400 metr aralyga goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda B.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gumman diýen atda birinji gelmegi başardy. Ol bu aralygy 3 minut 05,1 sekuntda geçmegi başardy. Şonda Y.Saparow M.Rahymowyň hojalygyna degişli Ýyldyzhan diýen bedewde ikinji gelip, bu aralyga 3 minut 09,4 sekunt sarp etdi. Üçünji baýrakly orny bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Asudalyk diýen bedewi bilen A.Ataýew eýeledi. Onuň görkezen wagty 3 minut 09,7 sekunda deň boldy.
Ýaryşyň ikinji çapyşygy hem örän gyzykly boldy. Onda 2400 metr aralyga goşulan dört we uly ýaşar bedewleriň 9-sy öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çapyşykda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Garamaşal ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 3 minut 11,6 sekuntda geçmegi başardy. Ikinji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan Gündogar geldi. Ol bu aralyga 3 minut 13,8 sekunt sarp etdi. Üçünji baýrakly orna Türkmenistanyň Söwda we dokma toplumyna degişli Kerem mynasyp boldy. Keremiň görkezen wagty 3 minut 15,9 sekunda deň boldy.
Üçýaşar bedewleriň 9-sy üçünji çapyşykda 2400 aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Onda A.Baýramgeldiýewiň çapan Gujurly diýen bedewi ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 3 minut 13,8 sekuntda geçmegi başardy. K.Ataýewiň çapan Garaşmaz diýen bedewi bu aralygy 3 minut 17,1 sekuntda geçip, ikinji orna mynasyp boldy. Garaşmaz Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna degişli. Çapyşykda bellenen aralygy 3 minut 17,4 sekuntda geçen Ülke üçünji orny eýeledi. Ony A.Kiçigulow çapdy.
Dördünji çapyşykda üçýaşar bedewleriň 9-sy 2800 aralykda güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Gudraty çapan Ö.Ýalkabow bu aralygy 3 minut 42,2 sekuntda geçip, birinji geldi. Ussat çapyksuwar T.Babaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan Kemer atly bedew bilen ikinji gelmegi başardy. Ol bu aralyga 3 minut 45,4 sekunt sarp etdi. Ç.Nurmuhammedowyň hojalygyna degişli Owadangelin atly bedew bu aralygy 3 minut 45,7 sekuntda geçip, üçünji orna mynasyp boldy. Ony B.Babalyýew çapdy.
Bäşinji çapyşykda aralyk 2400 metr boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Kesearkaç atly bedewe atlanan ussat çapyksuwar T.Babaýew ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 3 minut 12,1 sekuntda geçdi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Ýelsaraý ikinji orna düşdi. Bu aralyga 3 minut 13,2 sekunt wagt görkezen Ýelsaraýy B.Berdimuhammedow çapdy. K.Nogaýewiň çapan Gökdepe etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň Garadumany bu aralyga 3 minut 15,1 sekuntda geçip, üçünji orna mynasyp boldy.
Altynjy çapyşykda iki ýaşar bedewler 1400 metr aralyga goşuldylar. Onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Garlawaç birinji geldi. Ö.Ýalkabowyň çapan bedewi bu aralygy 1 minut 44,6 sekuntda geçdi. Ussat çapyksuwar G.Agamyradowyň çapan we D.Gurbanowyň hojalygyna degişli bolan Abraý atly bedew bu aralygy 1 minut 44,9 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi. Üçünji orna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň bedewi Perhat düşdi. A.Muhammedowyň çapan bu bedewi bellenen aralygy 1 minut 45,4 sekuntda geçdi.
Jemleýji ýedinji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewleriň 8-si 3200 metr aralyga goşuldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrunda geçirilen çekeleşikli geçen bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dalbedew birinji geldi. Bu aralyga 4 minut 15,7 sekunt wagt görkezen Dalbedewi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bahreýn ýaryşyň ikinji ornuna düşmegi başardy. Bu arylygy 4 minut 19,1 sekuntda geçen Bahreýni M.Hojamuhammedow çapdy. Ussat çapyksuwar E.Babalyýew Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gindiguş bilen üçünji baýraly orny eýeledi. Ol bu aralyga 4 minut 22,9 sekunt wagt sarp etdi. Ýeňiji bolana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.
Halkara atçylyk-sport toplumynda geçirilen bäsleşik belent dabaralara beslendi. Oňa gatnaşyjjylar ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň ösdürilmegine, atçylyk sportunyň belent derejelere çykmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine we “behişdi bedewleriň” dünýä derejesindäki abraýynyň belende galmagyna aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Juwanlygy, kuwwaty we gözelligi alamatlandyrýan nurana baýramçylyk oňa gatnaşyjylarda şatlyk, mähriban Watanymyza, onuň häzirki parahatçylykly we geljekki nurana durmuşyna bolan buýsanç duýgularyny döretdi.
Bu günki Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýurdumyzyň ähli atçylyk sport toplumlarynda bolandygyny bellemeli.