Ï Paýtagtymyzda pagta önümleriniň sergi-ýarmarkasy we halkara maslahaty öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda pagta önümleriniň sergi-ýarmarkasy we halkara maslahaty öz işine başlady

view-icon 684
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň III halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu iri çäräni “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

Sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sergi ýarmarkasynyň we halkara maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň oba hojalygynyň, pagtany gaýtadan işleýän senagatyň ösüşinde, pagtaçylykda ylmy-barlaglaryň giňeldilmeginde, şeýle hem bu pudakda halkara guramalary bilen ýygjam hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýeti bardyr. Bu forum öňdebaryjy haryt öndürijiler bilen tejribe alyşmak, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we kärhanalar bilen bilelikdäki işiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Iki günluk forumyň işine dünýäniň 20-den gowrak döwletinden, şol sanda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň bölümlerinden wekilleri, şeýle hem pagtaçylyk pudagynyň işgärleri, daşary ýurtlaryň 40-a golaý kompaniýasyna wekilçilik edýän myhmanlar gatnaşdylar. Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Singapurdan, Şweýsariýadan, Polşadan, Hindistandan, Bangladeşden, Latwiýadan, Eýrandan, Turkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen wekiller öz önümlerini görkezdiler.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatynyň we onuň eksport mümkinçilikleriniň artmagy, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetimiziň halkara giňişligine utgaşdyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasat ugry bu gezekki foruma uly gyzyklanma bildirilmegini şertlendirdi.

Serginiň bölümleriniň giň mazmunly bolmagy netijesinde sergi- ýarmarkasynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar önümleriň täze görnüşleri, önümçiligiň oňyn usullary bilen tanyşmaga, tehniki we azyklyk ekinleriň görnüşleriniň dürlüligine, tohumlyk materiallaryň we gaýtadan işlenen çig malyň hiline baha bermäge, şeýle hem oba hojalyk pudagy boýunça köptaraply tejribe alyşmaga mümikinçilik aldylar.

Sergi merkeziniň bölümlerinde pagtany gaýtadan işleýän, dokma, azyk senagaty, söwda ýaly pudagyň öňdebaryjy edaralary we kärhanalary öz önümlerini, mümkinçiliklerini görkezdiler. Onlarça ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, hojalyk jemgyýetleriniň we telekeçileriň bölümleri hem göwnejaý we örän bezegli guralypdyr. “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Ak altyn” söwda kärhanasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, ýurdumyzyň birnäçe önüm öndürýän we gaýtadan işleýän düzümleriniň diwarlyklary sergä gatnaşyjylarda we köpsanly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň taýýarlan mowzuklaýyn sergileri hem bu ýere gelýänler üçin örän ähmiýetli boldy. Olaryň hatarynda diňe bir oba hojalyk pudagy bilen meşgullanýan daşary ýurt kompaniýalary we kärhanalary däl, eýsem, himiýa, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, senagat ulgamy ýaly garyşyk pudaklaryň önümleri hem bar. Şeýlelikde, örän bezegli bölümlerde “Сalik Сotton” (Türkiýe), “Olam International LTD” (Singapur), “Nanyang red сotton” (Hytaý), “Kotton Torg” (Russiýa), “Сlaas” (Germaniýa), “Zeppelin” (Germaniýa), “Ýaraw” (Belarus), “John Deer” (ABŞ) ýaly kompaniýalar öz önümlerini giňden ýaýbaňlandyrdylar.

Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşlary bolan öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öndürijiler hem-de ony biziň ýurdumyza getirijiler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän we tehnikalara ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirýän hyzmat merkezleri sergide görnükli orun eýeleýärler.

Ýurdumyzyň welaýatlary hem sergi-ýarmarkasynda öz önümlerini görkezdiler. Olaryň bölümlerinde topragymyzda bitýän bereketli önümleri, şol sanda “ak altyn” we ondan öndürilýän önümler görkezilýär. Sergä gatnaşyjylar we myhmanlar milli ykdysadyýetimiziň eksport ugrunda nazarlaýan möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň wekilleriniň önümleri bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň oba hojalyk pudagynda gazanýan üstünliklerini beýan edýän bölümler has-da köp adamly boldy.

Serginiň oba hojalyk ýylynyň jemlerini jemlemek we türkmen ekerançylarynyň gazanan üstünlikerini we şol sanda 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetiren ýurdumyzyň pagtaçylarynyň eýelän sepgitlerini dabaralandyrmak boýunça ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda açylmagynda özboluşly many bardyr.

Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty açyldy. Ylmy maslahata oba hojalyk pudagynyň ugurdaş edaralarynyň hünärmenleri, kompaniýalaryň wekilleri, pagta önümlerini dünýä möçberinde ulanyjylar, biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlary, oba hojalyk tehnikalary boýunça kärhanalaryň wekilleri, alym-agronomlar we bilermenler gatnaşdylar.

Maslahatlarda edilen çykyşlarda pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işleýän pudaklaryň sazlaşykly ösýän mümkinçiliklerine, olaryň geljekki ugurlaryna, daşarky bazarlarda pagta önümçiliginiň eksportunyň ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we obanyň durmuş hem-de ykdysady taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen özgertmeleriniň çäklerinde oba hojalyk önümçiliginiň hemmetaraplaýyn ösüşini hem-de onuň derejesini beýan edýän maglumatlar bilen içgin tanyşdylar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilmegine gönükdirilen maliýe-ykdysady usullar, oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döredilen ýeňillikli şertler, obalaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, pudakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem maslahatda pagtaçylyk we pagtany gaýtalan işleýän senagatynyň häzirki döwürde ýeten derejeleri we geljekki ugurlary, dünýäniň pagtaçylyk bazarynyň meýilleri we onda pagta önümleriniň ýerlenişi baradaky maglumatlar has-da gyzyklanma döretdi. Şu jähetden Türkmenistanyň dünýä ýüzünde uly isleg bildirilýän dokma pudagynyň önümlerini eksport etmekde beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle hem maslahatyň barşynda önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, öňdebaryjy enjamlaryny getirmegiň möçberlerini artdyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň özara peýdaly we ynanyşmak esasynda, ykdysady taýdan durnukly binýatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de artdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Paýtagtymyzda geçirilen halkara maslahatynda ählumumy azyk önümçiligi bazarynyň, obasenagat pudagynyň netijeliliginiň we önümçiliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meselelere seredildi. Şeýle hem biziň ýurdumyzda öndürilýän “ak altyny” eksport edijileriň wen ony alyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Ertir sergi-ýarmarkasy we maslahat öz işini dowam eder.