Ï Tebigatdan rejeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigatdan rejeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi

view-icon 1071
>"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Ekologik ulgama degişli hyzmatlary kesgitlemek we olara baha bermek” atly okuw maslahaty öz işini tamamlady, bu maslahat Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy Ekologik Gaznanyň BMG-niň “Biologik dürli-dürlülik hakyndaky” Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça Milli strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň işlenip düzülmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuw maslahatyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 20-ä golaýynyň, akademiki we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler we geňeşçiler gatnaşdylar.

On günlük okuw maslahatynyň maksatnamasyna dünýä ykdysadyýetiniň döwletleriň ykdysady ösüşini adamlaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň dürmuşa we ekologiýa degişli jähetleri bilen utgaşdyrmaga gönükdirilen täze modelini döretmek boýunça halkara derejesinde ileri tutulýan möhüm ugra degişli meseleleriň giň toplumy goşuldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda bu möhüm ähmiýetli meselä dünýä bileleşigi tarapyndan içgin üns berilýär. Üçünji müňýyllygyň iri forumlarynyň biri, ýagny BMG-niň durnukly ösüşiň meseleleri boýunça geçen ýylda Braziliýada geçirilen “Rio+20” Maslahaty hut şol meselä bagyşlandy.

Türkmenistanda daşky gurşawyň goralmagyna degişli meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda tebigaty goramak, suwdan, ýerlerden we biologik gorlardan rejeli peýdalanmak, biologik taýdan dürli-dürliligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak, atmosferadaky howanyň hapalanyşynyň derejesini peseltmek, çölleşmäge we tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak boýunça täze kanunlaryň toplumy kabul edildi. “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem-de “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy”, ekologiýa degişli beýleki uly möçberli maksatnamalary tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Aýratyn goralýan tebigy çäkleriň – goraghanalaryň ulgamynyň döredilmegine, senagatda we oba hojalygynda ylmyň soňky gazananlarynyň, ekologik taýdan arassa, serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna içgin üns berilýär. Geljekde ýurdumyzyň syýahatçylyga degişli we rekreasion mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna berk bil baglanýar.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny tassyklap, şu ugurda halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologik Gazna we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, ýurdumyzda we sebit derejesinde ekologiýa degişli maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Bütindünýä “Rio+20” sammitinde we beýleki uly halkara forumlarynda öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanyldy. Şol başlangyçlaryň arasynda Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny aýawly saklamak ýaly teklipler bar.

Biologik taýdan dürli-dürliligi saklamak we tebigatdan rejeli peýdalanmak boýunça milli mümkinçilikleriň artdyrylmagyna gönükdirilen şu maslahatyň barşynda bu başlangyçlar barada jikme-jik pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar tebigy we medeni ýadygärlikler, Türkmenistanyň baý landşaftynyň we biologik taýdan dürli-dürlüliginiň elementleri ýaly ugurlaryň ykdysady gymmatyny kesgitlemegiň usulyýeti, şeýle hem tebigy ulgamlar arkaly, halk hojalygy hem-de ilatyň ýaşaýşy we işi üçin hödürlenýän “ekologik hyzmatlaryň” giň toplumy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, munuň özi suw we beýleki tebigy gorlar bilen üpjün edilmegine degişlidir.

Medeni-estetiki taýdan we maliýe bilen baglylykda, tebigy baýlyklaryň gymmatyny bilmek ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda strategiki çözgütleri kabul etmek, uly möçberdäki maýa goýumly durmuş-ykdysady taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, bularyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha bermek üçin zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatynda ekologiýa degişli hyzmatlara baha bermek hem-de şonuň netijelerini dünýäniň beýleki ýurtlarynda, şol sanda ykdysady ösüşiň modelleri we tebigy şertleri boýunça meňzeş ýagdaýly döwletlerde ulanmak boýunça toplanan tejribe bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanda şunuň ýaly görnüşde baha berilmegini guramak boýunça jikme-jik düzülen meýilnama babatda ylalaşyldy, şol meýilnama BMG-niň “Biologik dürli-dürlülik hakyndaky” Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça Milli strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasyny işläp düzmek boýunça ýakynda döredilen pudagara topar tarapyndan utgaşdyrylyp amala aşyrylar.