Ï Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygy – parahatçylyk döredijilik baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygy – parahatçylyk döredijilik baýramy

view-icon 1176
Şu gün Türkmenistanda milli senenamanyň şöhratly senesi — Bitaraplyk güni giňden bellenilýär. Dabaralar mähriban Watanymyzyň we ýurdumyzyň paýtagtynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.

Ýola goýlan oňat däbe görä, ir ertirden Aşgabatda türkmen halkynyň esasyny emele getirýän belent ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we ynsanperwerligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmen paýtagtynda Köpetdagyň eteginde täsin künjekde bina edilen belent bina Bitaraplyk gününiň 18 ýyllygyna bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, biziň ýurdumyzda resmi taýdan işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly aşgabatlylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Olar Bitaraplyk binasynyň etegine ter gül desselerini goýdular.


18 ýyl mundan ozal --1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň şanly 50-nji mejlisinde kabul edilen BMG-niň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” ýörite Rezolýusiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi tarapyndan ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Bu waka Garaşsyz türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň giň halkara toparlary tarapyndan berilen ýokary bahasyna aýdyň tassyklanma bolup durýar. Mundan başga-da, şol günden diňe bir biziň ýurdumyzyň durmuşynda däl, eýsem-de bütin halkara jemgyýetçiliginiň durmuşynda täze eýýamyň başy başlanýar. Çünki munuň özi dünýä diplomatiýasynyň taryhynda täze düşünjä öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu täsin halkara hukuk derejesi-- hemişelik Bitaraplyk – diňe bir iri möçberli milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçiirlmegi üçin däl, eýsem ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hemme döwletler we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şöhratly baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna Ýüzlenmesinde nygtalyşy ýaly, “Biz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň Bitaraplygymyza buýsanjyny artdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Bitaraplyk sözüniň aňyrsynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürýän, özara ynanyşmagy pugtalandyrýan, parahatçylygy söýýän halkymyzyň dünýä nusgalyk derejedäki diplomatiýasy, hukuk medeniýeti we ynsanperwer düşünjeleri durýar”.

Milletlerr Bileleşigi tarapyndan Türkmenistana berlen bitaraplyk derejesi biziň ýurdumyza Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki belent abraýa eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilip, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän netijeli parahatçylyk döredijikili başlangyçlar giň goldawa we dünýä jemgyýetçiligiň ykrar etmegine eýe bolýar, netijeli halkara özara gatnaşyklar üçin ygtybarly köpri bolup çykyş edýär.

Bitaraplyk derejesi häzirki wagtda dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň özara gatnaşyklary ýola goýmakda, köptaraply daşary strategiýasyny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orna eýe bolýar. Çünki Bitaraplyk—üçünji müňýyllygyň wajyp maksatlaryna ýetmäge: ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna göükdirilen Türkmen döwletiniň syýasatynyň esasydyr.

Parahatçylyk söýüjilik, bitaraplygyň binýatlyk alamatlary bolup durýan beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna, dini-ygtykadyna hormat goýmak, Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdy. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bitaraplygyň türkmen nusgasynyň BMG-niň belent maksatlaryna laýyklygyny, sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalaryny utgaşdyrmakda onuň netijeliligini iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistan bitaraplyk derejesine daýanyp, özüniň geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam kuwwatyny ösüşi we durmuş derejesi ýokary döwletleriň hataryna tiz goşulmagy üçin peýdalanyp, halkara aragatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

Häzirki döwürde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylar ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk döredijilik we özgerdijilik ugruna gyşarnyksyz ygrarlylygynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk gününi ägirt uly galkynyş bilen belleýärler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan oňyn bitaraplyk syýasatyny aýgytly we yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde mynasyp goşandyny goşýar.

Dowamlylyk hem-de adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däpleriniň dabaralandyrylmagy—parahatçylyk, özara düşünişmek we dostluk başangyçlaryna çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň üýtgewsiz ýörelgesidir. Şoňa görä-de, şu gün, 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemme künjeklerinde Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri dabaraly we ýokary ruhubelentlikde geçdi. Bu baýramçylygy türkmenistanlylar milli baýramçylyklaryň esasylarynyň biri diýip hasaplaýarlar. Agzybir türkmen halky bu senäni giňden we şatlykly, çäksiz buýsanç duýgulary bilen baýram edýär.