Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlaryna sanlyja günler galdy. Demokratik hukuk döwleti üçin her bir raýatyň ses bermegi wajypdyr. Döwlet we jemgyýetçilik ulgamlarynyň durnuklylygyny kepil geçýän Türkmenistanyň halkynyň arzuw-islegi jebisleşdirýän güýç bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary boýunça häzirki saýlaw möwsümi kanunçylyk binaýdynyň düýpli özgertmeleri esasynda geçirilýär: Türkmenistanyň Mejlisi 2013-nji ýylyň maý aýynda Saýlaw kodeksini kabul etdi. Mundan hem başga, deputatlaryň mandatlary üçin ilkinji sapar syýasy partiýalaryň ikisi bäsleşik alyp barýarlar. Bu bolsa saýlaw möwsümine alternawligi we bäsdeşligi berýär.
Saýaw toparlarynyň ähli derejeleri - Merkezi saýlaw toparyndan başlap uçastok saýlaw toparlaryna çenli saýlawlary erkin, demokratiki, açyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegi üçin ähli çäreleri gördüler. Saýlawçylaryň her biri Türkmeistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň terjimehaly we maksatnamasy bilen tanşyp bilýär, duşuşyklara gatnaşyp bilýär, dalaşgärlere soraglary berp bilýär. Saýlawçylar 15-nji dekabrda oýlanşykly saýlamak üçin gerek bolan maglumatlaryň ählisini aldylar.
Ýurt we halk üçin taryhy wakanyň saýlawlar gününiň öňisyrasynda saýlaw toparlary saýlawlar gününde işiň guramaçylyk meseleleri boýunça soňky maslahat beriş işlerini geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilýär. Saýlaw möwsüminiň Saýlaw kodeksine doly laýyklykda geçirilmelidigi aýratyn nygtalýar. Saýlawlar güni bu ýörelge saýlaw toparlary üçin aýgytlaýjy bolmalydyr. Şeýle hem maslahatlarda ses bermäge, saýlawçylaryň sesleriniň sanalamagyna degişli işleri düşündirmekde anyk düşündirişler ýene-de bir gezek geçirilýar.
Uçastok saýlaw toparlary ses bermegiň barşynda hiç-hili tötänlikleriň bolmazlygy üçin hemme taýýarlyklary görýärler. Saýlaw kodeksine laýyklykda, ses berýänler gutujyklaryň ýanyna barmazdan ozal hökman gizlin ses berilýän kabina barmalydyrlar. Saýlawlar güni saglyk ýagdaýyna görä ses berilýän ýere baryp bilmejekler üçin olaryň sanawy we ses berilýän gutylar taýýar edildi. Şeýleleik bilen, ses bermek üçin býulletenler olaryň öýlerine eltiler.
Şeýle hem saýlawlar güni uçastok saýlaw toparlary ilkinji sapar ses bermäge gatnaşýan ýaş saýlawçylara ýadigärlik sowgatlaryny gowşurmagy göz öňünde tutýarlar. Saýlawçylaryň ählisi eýýäm saýlawlara çakylyk aldylar. Saýlawlar toparlarynyň agzalarynyň garaşyşlary ýaly, saýlaw möwsüminiň giňden, açyk we işjeň geçirilmegi sebäpli saýlawçylaryň saýlawlara gatnaşygy ýokary bolar. Muny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan gelen synçylar hem tassyklaýarlar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň öňünde geljegi nazara almak bilen, öňde duran ýyllarda Türkmenistanyň kanun-hukuk binýadynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny çözmek meselelsi durýar. Türkmenistanlylar saýlawlara gatnaşmak bilen, raýatlyk borçlaryny we ýurduň ykbaly üçin ýokary jogapkärçiligi görkezerler.