Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylar toparynyň ştabynda jemleýji metbugat maslahaty boldy, şonda Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyş deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmäge we ony geçirmäge syn edilişiniň netijeleri barada aýdyldy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekillerinden başga hem metbugat maslahatyna Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, welaýat hem-de paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň agzalary, ÝHHG-dan synçylar toparynyň agzalary we beýlekiler gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlaryň öňünde toparyň baştutany, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew çykyş etdi. Ol ilkinji nobatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşmaga çakylyk üçin, şeýle hem toparyň işlemegine döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.
Bellenip geçilişi ýaly, toparyň ştaby şu ýylyň noýabrynda öz işine başlady. Toparyň agzalary ýurdumyzyň paýtagtyndaky we ähli welaýatlaryndaky saýlaw okruglaryna erkin baryp görmegiň barşynda saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň nähili geçendigi hakynda anyk düşünje almaga, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň taýýarlyk derejesine baha bermäge, dalaşgärler bilen pikir alyşmaga, türkmen halkynyň agzybirligine we jebisligine göz ýetirmäge doly mümkinçilik aldylar, toparyň düzüminde 9 ýurtdan synçylaryň 68-si resmi taýdan bellenildi.
Toparyň agzalary öz işinde içerki işlere gatyşmazlyk, bolýan ýurdunyň kanunlaryny berjaý etmek, saýlawlaryň öňýanyndaky çärelere, saýlawlaryň guralyşyna we barşyna baha berlen mahaly dogruçyllyk ýörelgelerini goldandylar.
Ses berlen gün barada aýdylanda bolsa, Synçylar toparynyň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda parlament saýlawlary saýlawçylaryň ýokary işjeňliginde guramaçylykly, giň bäsleşik esasynda we açyklyk ýagdaýynda geçirildi.
Toparyň baştutany Türkmenistanyň milli saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmäge üns berip, 2008-nji ýyldaky parlament saýlawlaryndan bäri onuň iri halkara guramalaryndan synçalaryň, şol sanda Arkalaşygyň ýurtlaryndan birnäçe maslahatlaryny özünde jemlemek bilen has demokratiýalaşdyrmaga tarap düýpli özgerişliklere eýe bolandygyny belledi.
Şeýle hem saýlawlaryň barşyny beýan etmekde milli habar beriş serişdeleriniň orny nygtalyp geçildi. Saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň başlanandygy hakynda yglan edilen pursadyndan başlap, metbugat we elektron habar beriş serişdelerinde, şeýle hem milli teleradio ýaýlymlarda Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek, bellige almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary bilen baglanyşykly wakalar, Merkezi saýlaw topary tarapyndan alnyp barylýan guramaçylyk işleri yzygiderli beýan edildi.
S.Lebedewiň GDA-dan bolan synçylaryň umumy pikirini beýan edip aýdyşy ýaly, “Topar saýlaw möwsüminiň guramaçylykly, asuda ýagdaýda geçendigini nygtaýar. Döwlet häkimiýet edaralary, saýlaw toparlary ses berilýän güni saýlawçylaryň erk-islegini erkin beýan etmäge bolan hukugyny üpjün etmäge gönükdirilen iş ýüzündäki çäreleri amala aşyrdylar. Şeýlelikde, 2013-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi. Saýlawlar umumylykda ykrar edilen demokratik kadalara laýyk geldi, açyk, aýan boldy we ýurduň raýatlarynyň öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün etdi”.