Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 665
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi üçünji mejlisi geçirildi. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlary birnäçe täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garadylar. Mejlise degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň işi milli kanunçylygy ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň jähtinde kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipelerden ugur alnyp guralýar. Türkmen parlamentiniň kanunçykaryjylyk işinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça esasy çäreler kesgitlenip, deputatlar bilen geçirilýän her ýylky duşuşygyndaky maksatnamalaýyn çykyşy esasy çelgi bolup hyzmat edýär.

Umuman, Mejlisiň işi jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň has möhüm ulgamlaryny ösdürmegiň, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň, şeýle-de adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlygyny goramagyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirlendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işde deputatlaryň döwlet häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ysnyşykly özara gatnaşygyna uly ähmiýet berilýär. Täze kanunlar işlenip taýýarlananda hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende, milli parlamentiň deputatlary kadalaşdyryjy hukuk resminamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine hem-de umumy kabul edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berýärler.

Gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda kärhanalary we döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklap, Karara gol çekdi. Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşinde hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmak, önümçilikleri hususylaşdyrmagyň döwrebap usullaryny netijeli peýdalanmak hem-de milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Bu maksatnamanyň düzgünnamalarynyň berjaý edilmeginiň çäklerinde Mejlisiň deputatlary degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýokarda ady agzalan Kanunyň taslamasyny işläp taýýarladylar. Onda hususylaşdyrmak işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary kesgitlendi. Durmuş ugruna gönükdirilen netijeli bazar ykdysadyýetini ösdürmek, hususyýetçiligiň dürli görnüşleri üçin şertleriň döredilmegi bu resminamanyň baş maksatlary bolup durýar.

Kanunçylyk namasynyň ähmiýeti barada aýdyp, deputatlar onuň kabul edilmeginiň döwrebaplaşdyrmak we milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirmek hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagy nukdaýnazarynda ösdürmegiň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini bellediler. Umuman, hususylaşdyrmagy amala aşyrmak Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Watanymyzyň hususyýetçiligini depginli ösdürmäge ýardam etmegine gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ösüşine örän oňat täsirini ýetirer.

Mejlise gatnaşyjylar indiki kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda tebigy baýlyklary netijeli hem-de aýawly ulanmaga, öndürilýän önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler. Milli ykdysadyýetiň hemme pudaklaryna ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy sertifikatlaşdyrmak ulgamynda hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmegi, ulgamda kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagy hem-de ony halkara ülňülerine laýyk getirmegi talap edýär.

Bu “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat etdi. Onda Türkmenistanda önümleri, hil we önümçilik ulgamlaryny, işleri we hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň hukuk esaslary kesgitlendi. Önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň adamlaryň durmuşy we saglygy üçin howpsuzlygyny, raýatlaryň we daşky gurşawyň goraglylygyny, önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hilini sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelmegi meselelerinde şahsy we hukuk taraplaryň bähbitlerini goramagy üpjün etmek bu resminamanyň maksatlary bolup durýar. Bellenilşi ýaly, täze kanunçylyk namasynyň herekete girizilmegi önümleri, işleri, hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri döwlet derejesinde çözmäge ýardam berer.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Ol türkmen döwletiniň syýasatynyň örän wajyp taraplaryndan – adam hakyndaky, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladadan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyndan ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Kanunyň taslamasy bu ulgamda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini ýola goýýar hem-de raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak ulgamynda ýüze çykýan gatnaşyklary sazlaýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde geçirilen Ýewropa ministrler maslahatynda eden çykyşynda adamlaryň saglygynyň we abadançylygynyň dünýä derejesinde üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýan Türkmenistanyň halkara durmuşyna işjeň gatnajyjy bolup, döwrüň möhüm meselelerine degişli wajyp başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürýändigini nygtady. Şunda ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine gabat gelýän möhüm başlangyçlary diňe bir öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň anyk durmuşa geçirilmegi üçin hem çäreleri görýär.

Ýokarda ady agzalan Kanunyň taslamasynyň işlenip taýýarlanmagy we Türkmenistanyň Mejlisiniň häzirki maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň adamzadyň ynsanperwer maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşand goşýan, sagdyn durmuş ýörelgelerini we pikirlerini giňden wagyz edýän ýurt bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi mazmuny milli Liderimiziň “Döwlet adam üçin!” diýen şygarynda jemlenen durmuş ugruna gönükdirilen syýasatyny amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrüler.

Mejlisiň barşynda “Harby ýagdaý hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini ulanmagyň tertibi hakynda”, “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi üçünji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan goldap we kabul edip, milli parlamentiň deputatlary olaryň herekete girizilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgertmeler ýolunda türkmen döwletini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.