Ï Ak bugdaý: zähmetkeşleriň, sahy hasyllaryň ýurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ak bugdaý: zähmetkeşleriň, sahy hasyllaryň ýurdy

view-icon 867
Ak bugdaýyň ähli halky üçin olaryň etrabynyň 2013-nji ýylyň jemi esasynda durmuş-ykdysady görkezijiler boýunça ýurduň iň gowy etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi uly şatlykly waka boldy. Şonuň üçin bu etraba ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde baýrak gowşuryldy.

…Belli taryhçy G. Pugaçenkowanyň çaklamasyna görä, Änew Isidor Harakskiniň ýol ýazgylaryndaky ýatlamalarynda ýatlan parfiýanyň Gatar düşelgesidi. Bu galaly şäherçe IX-X asyrda feodal döwründe gülläp ösdi we diňe XIII asyrda Çingiz hanyň ordasynyň çozuşy esasynda galanyň diwarlary synandan soň bu ýeriň ösüşi pese düşdi. Bir asyr geçenden soň bu ýerde durmuş täzeden dikelip başlaýar. XVIII asyryň ortarasynda ýurdy gurşap alan çökgünlikden soň, bu ýerde Änew diýen oba döreýär. Bu obanyň ady «Abu-nau» - «Nowodsk» sözden emele gelipdir.


Ýüzlerçe ýyllar geçip, ine şu günki günde Ak bugdaý Türkmenistanda administratiw –terrotorial birlik hökmünde möhüm strategiki geografiki orny bar. Onuň ykdysady kuwwaty hem ähmiýetli. Şu günki günde öz gerimi boýunça görlüp-eşidilmedik özgertmeler sebitiň ähli künjeklerini gurşap aldy. Bu özgertmeler oba ýerleriniň durmuşyna täze öwüşgin çaýyp, oba ilatynyň ölçeglerine medeniýet derejesiniň ýokarlanmagy we maddy hal ýagdaýynyň ösmegine hemme şertleri döredýär.

Häzirki zaman infrakstrukturaly täze nusgalyk oba gurulýar. Soňky ýyllarda etrabyň ýaşaýyş gaznasy ep-esli ösdi. 2008-2013-nji ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna laýyklykda ak bugdaýyň ilaty 128 müň kwadrat metr ýaşaýyş jaýyny aldy. Olaryň 46 müň kwadrat metri döwlet maýa goýumlaryň hasabyna we 8,57 müň kwadrat metri 30 ýyllyk ipoteka karzyň hasabyna gurlup ulanmaga berildi.

Bu hasylly mes Köpetdag etekleri ak bugdaýyň gadymy ýurdydyr. Geçen asyrda Rafael Pampelliniň ylmy sözlleýşe goşan „Änew medeniýeti“, „Änewiň ak bugdaýy“ düşünjeleri türkmen halkynyň gazananlarynyň taryhy subutnamasy boldy. Hut şu ýerde Änewiň administratiw merkezinde dünýäde ýeke-täk ak bugdaýyň muzeýi bar.


Türkmenistanyň Milli „Ak bugdaý“ muzeýi türkmen halkynyň zähmetsöýerliginiň, zehininiň, taryhy kökleriniň müňýyllyklaryň çuňlugyna aralaşýan mukaddes däplerine bolan üýtgewsiz wepadarlygynyň görnetin nysgasy boldy. Ilkinji daýhanlaryň nesli bolan şu döwrüň gallaçylary öz ata-babalarynyň şöhratly däp-dessurlaryny dowam edýärler.

Ak bugdaýçylar 2013-nji ýylyň hökümet buýurmasy esasynda 60,4 müň tonna derek 70,5 müň tonna bugdaý ýetişdirip, tabşyrygy 116,8 göterim ýerine ýetirdiler. Ahally gallaçylaryň gazanan üstünlikleri hem bellärliklidir.


Etrabyň gazanan üstünliklerinde senagat edaralarynyň goşandyny hem aýdyp geçmeli. Ahal welaýatynyň gazturbina elektrobekedi etrap senagat industriýasynyň iň naýbaşysydyr. Geçen ýylyň ahyrynda elektrobeketde 141,7 megawatt kuwwaty bolan 3 sany täze energoblok işe girizildi. Şeýlelik-de, elektrobekediň umumy kuwwaty 400 megawatta barabar boldy. Bu beket diňe bir etraby däl , eýsem paýtagty, şeýle-de ýurduň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Etrabyň saglygy goraýyş ulgamy hem ep-esli kämilleşdi. 2013-nji ylda etrapda 3252 sany bäbek doguldy. Geçen ýyl bilen deňeşdireniňde üç ýüz çaga köp doguldy.

Etrapda 6 sany medeniýet öýleri, merkezi kitaphana we ýerlerde onuň şahamçalary, iki sany çagalar sungat mekdebi hereket edýär.


2013-nji ýylda etrapda sport we bedenterbiýe hereketi giňden ýaýbaňlandy. Änew şäherçesinde 3 müň adamlyk stadionly häzirki zaman ülňülerinedoly gabat gelýän sport toplumy gurulýar. Geçen ýyl bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikleri we şertleri blan täze sport toplumy guruldy.

Etrap durmuşynyň hemme durmuş-ykdysady ösüşleri Ak bugdaý etrabynyň 2013-nji ýylyň jemi esasynda durmuş-ykdysady görkezijiler boýunça ýurduň iň gowy etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmeginiň esasyny düzdi.